09:21

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Pyşdyl

PYŞDYL

Segseninjileň ortasy.
Ylmy işini üstünlikli gorap geldi.
“Ýaş alym. Höweslendirmeli” diýip, oňa ýoluny hasap etmäňde, Wengriýa bir hepdelik syýahatçylyk ýollamasyny gowşurdylar.
Fakultetiň mugallym-talyp – ýerden ýöräni bar bolsa, hemmesiniň başy jem, umumy ýygnakda, dabaraly ýagdaýda.
Bir orkestr ýetenok. Onam getirerdiler welin, arman, şo gün depçi tapylan däl bolsa gerek. Öten agşam toýa gidip, indem “ýaraýan” däldir-dä.
Onsoň: “depçisizemmir orkestr boljakmy” diýip, oňan bolaýmasalar.
Zyýany ýok.
Garaz, gowşurdylar.
Bü-de begenjine öýe bara-barmaşa bikesine buşlady.
Olam hezil etdi.
Özem, hemmä mälim, hatynyň hezil edişi, erkegiň çeni däl.
Üýtgeşik.
Derrew bu hoş habaryň maşgala üçin amatly taraplaryny agtarmaga başlady.
-Pelanyň är-ä şüň ýaly “Fynlanda” diýilýän ýere gidipmiş-de, o taýdan “jeşski” diýilýän garnytur getirip ataýypmyş...-diýip, birzatlar, birzatlar ýaňzytjak bolup, ýüzüne soraglydan-matally bakýa.
Bü-de düşünip aňyrsyna geçýä.
Ýöne köpbilmişligini edip, düşünmediksireýä.
Gepi başga ýana sowmak üçinem – alymmyş-da – höwrüne düzediş beren bolýa.
-“Fynlanda” dä, “Finlýandiýa”.
-Zäher bolsun, gyz! Merez bolaýsyn! Esasy zat, honha, olaň öýündä-hä, edermen äriniň arkasyndan, şo “Fynlandaň” “jeşskisi” dur!-diýip aýalam, gara zalym, ünsüni sowduraýanok.
-Finlýandiýadan diňe “finski” getiriler. “Çeşski” bolsa, Çehoslowakiýadan!-diýip bü-de, mydama talyplaň eýleki-beýleki sammy-sümmülerini düzedip ýörmäge halys edähet edip gidensoň, ýene-de düşündirýär.
-Jähennemden “jähennemski” bolaýsyn, eger islese! Nämetseler özlerine. Ýene-de bir nobat gaýtalaýan, esasy zat, äriň atarman-çaparman bolup, öýüňe “çeşski” oljalasa, şondan başga alaman nämäňe derkar, hä?!
Bäh!
Ýeri, muňa näme diýip, näme aýtjak?
Ine, şu mahal Siseron ýa-da Demosfen bol-da, şuň aňyna salasyň gelýän gepiňi sal, göreli!
Nädeň ýöne, ol-a depäňden ýalaň gylyç sallap, owurdyňam ownuk daşdan dolduryp, sakaw sesiň bilen deňziň kenara urulýan gomlarynyň güwwüldisini herniçe basjak bolup, bagyryp dursaň-da, şuňa gep düşündirmekden geçen, gaýta süňňüňe zor salmakdan ýaňa babasiliň zompuldaýmasa!
Ol uludan dem aldy-da, tasanjyrap eýwandan çykyp giden aýalynyň yzyndan garady.
Elbetde, bi, fakultetde hudaýsyzlygy okatmyş, köpi gören halypalar, o zatlar “ýog-a” diýýä-le welin, onda-da, şuňa-ha şumat: “Wengriýa iberýäler” diýmän: “Ertir ölýän. Özümem Uçmaha düşäýmegim gaty ahmal diýdiler” diýseňem, birjikde aljyramazmyka diýýän.
Gaýta, ýaňkysy ýaly: “Onno, o taýy Jennet boljak bolýandan bolsa, gapçonny kalwasa bilen halwaly şekelad, tanyşsyz-beýlekisiz, arly günläp tüp yssyda oçurda çüýremesizje, näçe alsaň, arzanjak bahadan satylýan bolmaly. Şolaň her haýsyndan bäş-on kiläni alyp, bärligine elinjek pasylka edersiň-dä! Çagalaňňam gowy görüp iýýä şony!” diýäýmese.
Ýa-da behişde däl-de, şo, şoň ýaly “ýok” diýilýän dowzaha düşmegiň mümkindigini aýdaýaňda-da, jinnekçe-de tolgunman, neme diýäýmese:
“Kakasy, bü meň pelan daýzamyň gyzynyň äri, arada şo taýyk kamannyrowka baryp gaýdypmyş, bäş-üç günlük. Inelikge şo-da, şo taýyň magazzynlarynda gowrulan ýa-da kakadylan jylka arzan diýip aýdýamyş. Ol iki işigaýdanyň özler-ä ikisem aşgazanly. Şoň üçinem äri: “barywir berhizi bozup, iýip bilmiýäs” diýip alman gaýdypdyr. Sen ýöne bahasy şo aýdylyşy ýaly elýeter bolsa, ýüküňi tut-da, göterip bileniňi alyp gaýdywergin. Edenine şükür, ikimizde-de aşgazan ýok. Çagalaram şoň ýaly. Hudaýa şükür, allajy gurt ýaly näme berseň, huruş dannawymyz ýok”.
Ol öz pikirlerine kinaýaly gülümsiredi-de, keýwanysynyň yzyndan ýöneldi.
Her niçigem bolsa başdaşyň. Bar aladasy-derdem şu tünek. Eliňden geljek zat üçin göwnüne degmeseň ýagşy.
Ýanyna bardy. Ýumşatdy. Düşünişdi. Gerek-ýaragyny ýat bekledi.
Ýöne, bärde bir çylşyrymly mesele ýüze çykdy. Hatynyň isleg-ä ýarym küde. Ýurduň daşyna çykarmaga rugsat berilýän puluň möçberem çäkli. Oňa hetjikläp-hetjikläp ýat tutdurylan zatlaň bäşden birine-de ýetjek däl.
Nätmeli bor-aý?
-Ah-heý, seňem obaňdan daşaryk burnuňy uzadybam görmäniň bes-belli-dä!-diýip, “şäher” diýilýän närsäni, diňe şuňa durmuşa çykandan soň gören, häzirem iň aýakýeter uzak ýoly atasy öýi bolan hatyny, oň çetine degdi:-Uliliň edýänini ediber, oglan! O taýyk gitmek nesibesi çüwýänler, kän goş almyýalar-da, çumodanlaryny rugsat berlen agramyň içinde, aňryk baryp satar ýaly ojuk-bujukdan depme-dykyn doldurýalar. Aňyrda-da güzüledip goýberýäler, ep-esli bahadan. Ine-de saňa, näçe sowunsaň pul. Bü nä, “yspykulýan” diýilýän, bir ýeriňde tüýüň bolsa ütjek bolup ýatan ütüjiler, şo satýan gymmat-gymmat zatlaryny nirden alýandyr öýdýäň? Şeýdip getirilen zatlary iki esse bahasyna alýa-da, bäş-alty esse bahasyndanam biz ýaly özüni oňarman ýörene otlap äpberýä.
-Bäh, seňem hemme zatdan habaryň bar-aý!-diýip ol, oýurgandy. Iňkise gidendigi sebäpli, aýalynyň: “özüni oňarman ýören biz” hakdaky gyşyk gepine-de ähmiýet bermedi.
Birsellem pikirlenip duransoň, ýene-de kellesine suwytly bir zat gelmän, öýbikesine geňeş kyldy:
-Bi onsoň, näme äkitseň, geçginli hem gymmat borka?
-Gyýw, kelläňem agyrtma! Barybir tapyp bilmersiň. O sen, ýaňy bir sözüňde: “Madymatgaçy mollum dossum Pelanynam, meň bilen bile şo ýana gönderýäler. Olam Mesgewde gandyratlygyny ýakynda gorap gelli” diýdiň dämi?
-Howwa,-diýip ol, aýalynyň “mus-musunyň mustapasyny” bahymrak eşitmegiň hatyrasyna, düzediş bermek endiginiň irişmesinden dartdy.
-Ine, arada bir gün bazarda sataşamyzda, şoň aýaly aýtdy. Şo dossuň agasy ýakynda, şo siziň “Ýuwgoslabýa” diýýän ýuwurdyňyza alamana baryp-gaýdypmyş. Mas ýüklenibem gelipmiş. Soraň şonnan, şo ýuwurtda nämäň geçginlidigini...
Ol: “Äý, senem-aý, keýwany, biz-how “Ýugoslawiýa” dä-de, “Wengriýa” barýas-a-how!” diýip, aýalynyň al-petinden almakçy boldy...
Dessine-de dilini dişledi.
“Tapawudy näm-aý? Ikisem birew-birewe ýakyn ýurtdur-da!”.
Ýüzi ýagtyldy.
Dostunyňka eňdi.
Ýagdaýy düşündiribem oň agasynyňka gaýtdylar.
Haý, oljasy oňan zaňňaryň bolan bolşam, surat çekip, muzeýe tabşyrybermeli – güdri güpjegi goltuk asta tartyp, goşa gat çymylganam ten asta taşlap, derçiräp çaý süzüp ýatyr, telewizoryň öňünde. Keýwanysam daşynda hozanak.
Bärden baryp bu ikisi hal-ahwaldan soň matlaplaryny düşündirdiler.
-Pyşdyl äkidiň,-diýip, megerem şo “alamandan” getirenidir, üýtgeşik süýjüni agzyna oklap, gäwüş gaýtaryp ýatan dost agasy, maslahat berdi.
-Pyşdyl?
Iki ýaş alym birek-biregiň ýüzüne geňirgenip garady.
Oýun etjek bolýam-aý?
Ullakan adam-a-how!
Şumat, şuň ýaly jygba-jyg müddetde oýun nirden ýadyňa düşýä, diýsene?
Alym ýigitler dost agasynyň ýüzüne nägile nazar okladylar.
Oýun nirden?
Gara çyny.
Şo bir bolşy.
Düýe çöken deý, äwmän-alňasaman, eňegini eýlä-beýlä ýöredip, şo gäwüşäp ýatyşy.
-Howwa, pyşdyl. Adaty gum pyşbagasy.
-Ony nämetjeg-aý?-diýip, dost agasynyň inisi ilki dillendi.
-Nämedersiňiz? Satarsyňyz-da, pulunam gerek-ýaragyňyza çyrşarsyňyz-da. Honha, meňki ýaly...
-Nä, Wengriýada pyşdyllara gyran degip, indem şo taýynyň tapylmaz aşy pydylmyşmy?
“Häk, ýaş bolýaňyzza!” diýen terzde, dost agasy, olaň ikisinem birlaý ýazgaryjy nazaryndan geçirdi-de, başyny ýaýkady. Soňam sabyrlylyk bilen düşündirmäge başlady:
-O taýy-how, jijimjikler, bu taýy ýaly dä. O taýda adamlar gaty ösen, pyşdylyň etini dermanlyk diýip, çorba edinip iýýäler. Gapagyndanam müň derdiň melhemi diýip, şypalyk darak ýasanyp, saçlaryny diňe şoň bilen timarlaýalar. Özem diňe özüni oňarýan gurplylary şeýdýä. Başgalary öläýsin – azyndan on ýyl işläp, ibaly iýip-içmän toplaýmasalar, pyşdyl satyn alyp biljek gümanlary ýok.
Alym ýigitleň ikisem oýa batdy.
“Bih! Ýa nä, çypbakaý çynymyka-raý?”.
-Nä, olaň özünne pyşdyl gytmyşmy?-diýip, ýene-de dost agasynyň inisi, gowuşgynsyzragam bolsa dil ýardy.
-Elbetde ba. Ýöne siz-how, täzeje kandidat bolan oglanlar-a-how! Özüňiz bilýäňiz ahyry, biziňki ýaly, Günüň nuruna müňlerçe ýyllap eýlenen ýurtlarda ösümlikleňňem, haýwanlaňňam dermanlyk häsiýetleriniň beýleki jelegaýdakydan näderejede güýçli bolýandygyny. Türkmen pyşdyllarynyň üstüniň o ýanlarda gyzyl-ölşükligem belki şondandyr-da.
-Onda nä, o taýda biziň pyşdyllarymyz beýle arzyly bolsa, döwletimiz ony tutup, o jelegaýlara wagonlap daşanok? Ýa-da spekulýantlarymyz çemodan-çemodan edip äkidenok, hä?!-diýip, hälden bäri dostuna gezek berip, sesini çykarman oturan, bü-de gepe goşuldy.
-Häý, jijim jan...“horp”,-edip, käsesinden çaý hopurdadan dost agasy, mana düşmez gögelä nesihat beriji äheňde süýkdürdi:-entek bilenoklar. Aýdýan-a men birinji ýa ikinjidirin diýip. Ine görersiň, siz şo ýandan ýüklenip gelersiňiz welin, onnoň görersiňiz! Nädeň ýöne, Garagumda pyşbagany gyzyl kitaba salyb-a däl, her janaweriň gapdalynda özbaşyna bir garawul goýubam saklap bilseň...
Gaýtdylar.
Tirkeşip öýlerine gelýänçälerem, ikisi biri-birini gaýym ynandyrdy.
Şo sebäpdenem ikisem, ilk-ä uçarly, kiçi paýtagtdan baş paýtaga uçup, soňam mähellesi hümer demirýol menzilinden alys ýurda ugraýan, halkara otla münende, olaň her haýsynyň ýanynda, karton gutuda bir jübüt pyşbaga bardy.
Dogduk şäheriň eteginde şo dördüsini tutmak üçin gören görgülerem, özbaşyna bir dessan. Onam ýazmaga-düzmägä-hä, Andalyp lazym. Göwne makul aýdyp bermäge-de Gurt Ýakup bolaýmasa – eýgerjek ýok.
Garaz, otla ýüklendiler.
O garaňky gutyň içinde: “Nirä geldikkäk? Allajanlarym, bi işigaýdanlaň derdinden, bize ne ykbal garaşýarka?” diýip nalaýan dek, pyşbaga janawerlerem, gözlerini jüýjerdişip, takdyryna kaýyl, ýatyrlar.
Olara berilmeli ot-suwam ýanlarynda. Sebäbi dost agasy – beletlik bilen olara öwüt eýledi – birdenkä, ýolda, ýat ýurduň ot-suwy ol gymmatbahaly janawerlere ýaraman, olar heläk bolaýmasyn.
Otly ugransoňam, ýolboýy göwün ýüwürdişip barýarlar.
Aý, ynha bärden bararys. Gireris, “Wengriýa” diýilýän ajap ýurduň çetinden. “Kim ýokary” söwda, edibem, üstümiz depeşek, ýerläris bü janawerleri!
Hökmanam her haýsyny ýoňsuz bahadan.
Ol pula-da hatynlaň ähli müşgilini asan eýläris!
Haý, bi hezilligi diý-ä!...
...Ahyry az ýöräp, köp ýöräp, otly ýurduň çetki serhedine ýetdi.
Barlag.
Bu ikisi penjireden synlaşyp otyrlar.
Serhetçi esgerler.
Ýaraglarammyr gorkunç.
Ýanlaryndaky hüýt-gara itleri bolsa hasam aýylganç.
Özlerem bar-a, edil faşistli kinolardaky ýaly, adamlaň üstüne topulyp, dyzap, ýüplerini üzäýjek bolýa.
Demine dagy düşäýdigiň, müň janyň bolsa, birinem sypdyrman tary-mar etjekden...
Muň matematikaçy alym dostunyň ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi.
Dodagy titreýär.
Derrewem kellesinde bir zatlary hasaplaşdyryp, köpeltmek hasylynymy ýa goşmagyň jeminimi çykardy-da, muňa naýynjar bakdy:
-Dos, şü sen gowy bilmel-ä-how! Okan ugruňam, goran ugruňam şo dämi?! Şü biziň edýänimize, siziň diliňizze näme diýilýär-aý?
-Kontrabanda,-diýip, muň özem injiginiň saňňyldap durandygyna garamazdan, özünden ejiziň ýanynda naçarlamajak bolup, özüne zor salýar.
-Näçe berýäler-aý? Ýa, göni, uzaga çekdirip ýörmän, buýtar-suýtarsyz atýalarmy?
-Äý, edil ataýaslar-a ýok-laý! Ýöne...
-“Sylabam-a goýmazlar” diýjek bolýaňmy?-diýip, oň geplärine tagapyl etmän, dosty agzyndan sözüni kakyp alýar.
Ol sesini çykarman başyny atýar. Sebäbi muň elheder almakdan ýaňa elden-aýakdan çykyp oturyşyny görüp, özünem barha howsala basmarlaýar.
Onýança-da serhetçileň sesidir, elhenjem bolsa geň galaýmaly derejede dymma itleriň gybyrdysy, bulaň oturan wagonynyň dälizinden eşidilýär.
-Äý-ý! Täterimiň teýine gitsin-laý!-diýýär-de, matematikaçy alym, özüniň pyşdylly gutusyny, garbap alýar. Ýüzüniň ugruna-da, ony açyk penjireden daşyna tarap gaýdyryp goýberýär.
Muň haýrany hekgerýär.
“Eý-ý, nädädiň-ow? Ilk-ä olary tutmaga siňdiren güzabyň, soňam munça günläp olary idi-yssywat etjek bolup, sarp eden zähmetiň...Bar edeniňi, “gyzylbaşlaň” demine berip, reýgan eýlädiň-ä-how?!” diýjek boldy.
Şo pille-de, serhetçileň hümürdisi ýakynrakdan geldi welin, olam hasyr-husur öz gutusyny dartyp aldy. Säginmänem ony penjireden daşarylygyna uçurdy...
...Serhetçiler olaň kupesine kelläni uzatdylar. Resminamalaryny gördüler. Göwünli-göwünsiz ol-bi barlan bolubam, çykyp gitdiler. Olar gidensoň birneme ynjalan ikisiniňem göwnüne şeýtan şübhesi aralaşdy.
“Bäh! Ýa zyňmadygam bolsalar, bolaýjak ekenm-aýt, ýa?!”...
Nätjek?
Soňky tüýkülik sakgal ezýämi?
Otly ugrady.
Birki günden barmaly ýurtlaryna sag-aman gowuşdylar.
Ikisem keýpsiz.
Ýüzlerinden gar ýagýa.
Dynç bilen-de serleri ýok, aýlaň-çaýlaň gezendelik bilenem, özge ýurduň geň-enaýy täsinliklerine tomaşa kylmak bilenem...
Ikisem edil günüň-gününe duzsuz, ýuwan-ýelmik, şurruk çorba iýmäge mejbur edilýän horanlar ýaly – dünýe bir köpük.
Diňe, bolýan şäherleriniň uly bazaryna seýle eltenlerinde, matematikaçy dosty soramaga niýetlendi.
Bu: “Dos, nämetjeg-aý biljek bolup? Diňe täze ýaraňa duz basarsyň, içiň ýanar-da! Öňem-ä içimiz-bagrymyz tütäp dur!” diýse-de, dosty raýyndan gaýtmady. Terjimeçiň kömegi bilen bu ýurtda türkmen pyşdylynyň bahasynyň näçedigini sorady.
-Pyşdyl?-diýip, ýerli satyjy öz dilinde juda geň galdy.
-Howwa pyşdyl. Türkmen pyşdyly.
Satyjy ýigit birsellem oýurganyp durdy.
“Bäh, şoň ýaly gymmatdymyka-raý? Şeýdip, dessine bahasynam aýdyp bilenok welin...” diýşip, olar hasam beter tütemäge desbi-dähil, oň ýüzüne dikilip durlar.
Ol bolsa ýeňsesini gaşady-da, göwnaçyk ýylgyryp goýberdi. Soňam bir zatlar diýişdirdi.
-Näme diýýä?
Ikisem terjimeçä dikanlady.
Olaň bolşuna hälden bäri geňirgenýän terjimeçi egnini gysdy:
-“Sowet gardaşlaň gaty degişgen, alçak adamlardygyny öňem bilýärdim. Sag boluň, ýylgyrdyp bildiňiz!” diýdi.
Alym ýigitleň ikisiniňem ýüzüniň terzi üýtgäp gitdi.
“Häý seňemmir, dost agasy gurrumsak diýsäni! Ýagşammyr oýun edipsiň-o-o-w!”...
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 168 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]