09:42

Durmuşy ýatlamam / hekaýa

DURMUŞY ÝATLAMAM

Öz durmuş ýolunda dürli kynçylyklaryň synyndan asylmagyna berdaş beren Ahmet Jumaýewiň işleri bilen ýakyndan gyzyklanyp, ondan interwýu almak üçin onuň iş binasyna gelen ýaşyrak žurnalist gyz Ahmet Jumaýew bilen tanyşyp onuň kabinetinde myhman boldy. Onuň işi bilen gyzyklanyp gelenini bilen Ahmet pikire batdy. Ol göz öňünde şu işinden has öňäk başyndan geçiren wakasyny janlandyrdy. We şeýle diýenini özi hem duýman galdy. "Durmuşy ýatlamam" Ahmet soň gazetden gelen žurnalisti kabinetiniň içindäki diwanda hoşamaýlyk bilen ýer görkezip oturtdy. Onuň durmuş hakyndaky aýdan kelam agyz düşnüksiz sözüne onuň ýanyna gelen žurnalist myhman, haýran galmak bilen onuň ýüzüne seretdi. We şol bada oňa şeýle diýdi.
- Düşünmedim. Durmuş ýatlamam diýdiňizmi?
- Howwa, ýatlamalarym hakda gürledim. Siz oňat ornaşyp oturduňyzmy jigim? Men häzir size we özüme kofe getiredeýin - diýip, sekretary Ogulsapar ýeňňä trubkany galdyryp kofe getirmegini Ahmet haýyş etdi. Soňam - Siz jigim bu gün meniň alyp barýan işim bilen gyzyklanyp gazetadan ýörüte gelipsiňiz, munuň üçin öňi bilen-ä size ullakan minnetdarlyk bildirýärin, o diýen gazetda tanalar ýaly edýän işimizem ýokdur welin şonda-da sylap gelipsiňiz - diýip, gazetden gelen ýaş gyzyň gapdalyndaky kürsä özüniň iş kürsisinden turup baryp Ahmet oturdy. - Men häzir işim babatynda gürrüň bermän durmuşda başdan geçiren wakalarym barada biraz gürrüň bersem nähili bolar? - diýip, žurnalist gyza Ahmet sowal berdi.
- Dogrusy, şahsyň özi öz durmuşy barada gürrüň bermek islese onda muny höwes bilen diňlärdim - diýip, žurnalist gyz Ahmede jogap berdi. Soňam:
- Aga, siz bu gürrüň hem gazetde beýan edilmegini isleýäňizmi? - diýip, žurnalist gyz Ahmetden sorady.
- Howwa, howwa, hut şeýle meniň islegim şu, käşgä şu meniň söýgülimi gaýtarmaga ýardam etse?

- Häää, gürrüň söýgüliňiz hakdamy?

- Howwa, men häzir şol hakynda aýdasym gelýän zatlary aýdaýyn. Soň bolsa men öz kärim we häzirki alyp barýan işlerim barada gürrüň beräýerin.

- Baş üstüne! Diňleýän iki gulagym sizde!

- Ana kofelerem geldi. - Ogulsapar genje şu ýerde goýaýyň, - diýip, Ahmet getirilen kofelere stolyň üstündäki iş kagyzlary gapdala süýşürüp, ýer açdy. - Biraz içeli ilki, gürrüňe soň başlaýarys.

Olar ara üç minut ýaly wagt düşenden soň gürrüňdeşlige girişip ugradylar.

- Howwa ýaňky diýşim ýaly, sözlän sözüm söýgülim ýagny aljak gelinim baradady. Türkmen gyzy-da, biz Peterburgda-dyk. Okaýardyk şo taýda, men 4-nji kursdym ol bolsa 1-nji kursdy.

- Ol diýýäniňiz kim?

- Bagyşlaň ady Humaý.

- Yhm aýdyweriň!

- 4-nji kursy gutaryp gelýärkäm aprel aýynda tanyşdym oň bilen. Ony göremden derrew oňa göwnümi beripdim. Ol daşky keşbi owadan, salyhatly gyzdy. Men oň bilen tanyşasym gelip oň ýarragyna bardym. Soň ýanyna has golaýlap oň bilen salamlaşdyk, biraz gürleşip başladyk. Ilki-ä köpüräjik gürleşdik emma rus dilinde. Diňe adyny soran wagtym onuň öz türkmen gyzymyzdygyny bildim. Olam men adymy aýdanymdan soň meniň türkmendigimi tanady.

- Siz ilki tanyşan wagtyňyz bir-biriňiziň türkmenlerdiňizi tanaňyzokmydyňyz - diýip, Ahmediň gürrüňini žurnalist gyz sowal bermek bilen böldi.

- Howwa hut şeýle. Biz ilki başda türkmendigimizi bilmeýärdik - diýip, aşak - stolyň üstüne seredip oturan Ahmet gazetden gelen žurnalista jogap berdi.

- Bir-biriňizi tananyňyzdan soň näme boldy?

- Tananymyzdan soň geň galdyk. Şeýdip içgin tanyşdyk, bir-birimize ençe ýakyn hem bolup galdyk. Biz her haýsymyz şol ýyly öz kurslarymyzy üstünlikli gutaryp bäri - Türkmenistana gaýtdyk. Ol Lebaply, menem şu ýerden Balkandandym. Öýde wagtlarymyz hem görüşüp bilmesek hem sms, jaň arkaly tiz-tiz habarlaşyp durardyk. Soň bäşinji kursa golaýlan wagtymyz men oňa durmuş gurmagy teklip etdim, jaň arkaly. Ol bir zatlar diýse derrew Dädemi garyndaşlarym bilen bile sawçylyga goýberjekdim. Ejem pahyr-a ir ötüp gidipdi. Ýöne ol muny islemedi. Ret etdi durmuş gurmany.

- Onuň bilen dessine durmuş gurmagy meýilleşdiren ekeniňiz-dä? Bu zat elbetde birden oňlanylmaýan ýagdaý-a agamjan - diýip, žurnalist gyz Ahmede haýran galmak bilen seretdi.- Howwa emma muny edip biljekdik. Edip bolardy muny. Sebäbi bir-birimizi ýeterlik derejede tanapdyk, häsiýetlerimizi öwrenipdik diýsem ýalňyş bolmaz - diýip, Ahmet kabinetiň töründäki gutynyň içine ekilen güllere tarap nazaryny gönükdirdi. We ýerinden turup assa ýuwaş şol güllere tarap ýöräp bardy.

- A soň näme boldy? - diýip, žurnalist gyz Ahmetden wakanyň dowamyny sorady.

Pikirini bir ýere jemläp soňky ýagdaýlary doly hyýalynda janlandyrmaga çalyşýan Ahmet gepini şeýle diýip dowam etdi.

- Soňmy? Soň bizler okuw möwsümi ýakynlansoň Sankt-Peterburga gaýdyp gitdik. Ol ýerde hem oňa ýene şol durmuş gurmak teklibini aýtdym. Emma ol ýerde-de ol muny kabul etmedi.

- Näme sebäpden?

- Näme sebäpden diýýäňizmi? Ol maňa "muňa taýýar däl men" diýip jogap beripdi,

- Howwa söýgüliňiz dogry aýdypdyr. Muňa asylly gyzlar derrew razy diýip jogap bermezdiler. Muňa wagt gerek. 6-7 ýyl gerek kemi bilen!

- Bilýäňizmi näme jigim, eger biri bilen ymykly tanyşsaň, oň bilen sözüň alyşsa, onda şol gyz bilen durmuş gurmaklyga hijem ir bolup bilmez. Sebäbi durmuş söýgüden, aşyk-magşuk bolşup süýrenşip gezmekden ybarat däl. Ýok, umuman beýle däl. Şonuň üçin özüňe makul ýanýoldaş sataşdymy? Derrew onuň bilen durmuş gurmaly we durmuşy dowam etmeli. Hiç hili eglenmek bolmaýar. Eglenmeli däl, başga işler ýagny: kär, saýlanylyp alnan ýol-ýörelge mundan möhümdir. Şolara gadam goýmaly. Süýrenip gezseň durmuşda nep tapmarsyň.

- Onsoň ol gyza näm boldy?

-'Soň ol gyza men gatyrganmaly boldum!

- Nädip? Näme üçin? Size durmuşa çykmadygy üçinmi?

- Şeýle diýsemem bolýar. Şeýlelikde onuň bilen sözümiz azaşyp gitdi. Ýöne men ony gaýtarmak isläpdim. Emma bu başartmady. Men ony gaýtarjak bolup hereket etdim. Ýöne ol gaýtmady. Soň men 6-njy kursa başlansoň, bar ünsümi okuwuma berdim. Şu zat meni Humaýyň yzynda boşdan-boş gezmegimden halas etdi. Elbetde bolmalysy hem şu. Çünki okuwymy we eýelemekçi bolýan kärimi men gowy görýärdim oňa birjikde yhlasymyň gaçmagyny islemezdim.

- Ahhh agamjaneý... näme üçin bisabyr bolduňuz? Eger sähel salym ol gyzy gystamany oňa garaşanyňyzda onda şol ýylyň özünde sizler durmuş gurardyňyz.

- Howwa, menden ýalňyşlyk boldy. Men durmuşda ýaňky diýşim ýaly süýrenip gezmekligi halamaýan. Eger amala aşjak zat bolsa onda derrew ony amala aşyrmaga synanşyp görýärin. Emma soňky ýyllarda Humaýyň ýüz döndürip gidenine gaty ahmyr etdim oňa gödek terzde çemeleşenime puşman edýärin. - diýip, kabinetiň içindäki penjireden daşary seredip duran Ahmet žurnalist gyza özüniň häsiýetleri barada aýdyp berdi.

Onuň gürrüňlerine gahary geldimi? ýa ony goldadymy? Anyk belli däl. Garaz žurnalist gyz howlukmaçlyk bilen onuň aýdan sözlerini özüniň blaknodyna geçirmäge başlady. Soňam:

- Aga häzir siz nähili pikirde? Ýaňy ol gyzy häzirem küýseýän diýen äheňde gürlediňiz indi ony ýene gaýtarjak bolýaňyzmy ýa muny isläňizokmy? - diýip, ýaşajyk žurnalist gyz Ahmede sowal berdi.

- Hä? Gaýtarjak bolýan howwa. Ýöne eýýäm aradan on dört ýyl ötüp gitdi. Az wagtam däl. Şeýle bolsada ony gaýtaryp bilermikäm - diýip, Ahmet žurnaliste jogap gaýtardy.

- Eger durmuşa çykmadyk bolsa gaýtaryp bilersiňiz. "Gaýtarjak bolýan diýýäňiz" welin. Sizem entek öýlenmänsiňiz öýdýän?

- Howwa men şu wagta çenli öýlenmedim. Ýaşymam otuz altyda kyrka golaýlap gelýän. Emma men ata, meniň bir oglum birem gyzym bar.

- O nähili? Siziň çynyňyzmy?

- Howwa şeýle. Men okuwymy gutaryp şoýanda telekeçilik bilen iş salyşyp başladym. Üç-dört Orsiýetde işledim, tejribe topladym, soňam kärhanamy Türkmenistana göçürdüm. Şu ýere Bakanabada. Soňam Allah hasam rysgalymy artdyryp goýberdi. Men onsoň Allahymyň rehmetinden başgalarada bermelidigime düşündim. Şeýdip az-azdan ýetimler öýüne çagalar üçin zatlar geçirip ugradym. Şol ýerde çagalara gaty ýakyn bolup galypdym. Şeýdip bir gyzjagaz bilen bir oglanjygy özüm atalyk etmek üçin ol ýerden çykaryp aldym. Hem ejemiň hatyrasy üçin oňat iş etdigim bolar diýip pikir etdim.

- Hmm beýle etdim diýseňizläň. Gaty gowy iş edipsiňiz. Ýöne bu size agyr düşmedimi? Ýagny ýeke özüňiz olary kemala getirmek? Ýeke bolana bu ýeňil işä däl?

- Dogrusy başda kyn bolar diýip oýlardym ýöne soňra hemme zat gowy boldy Hudaýa şükür. Bilseňiz Meret bilen Sülgün gaty akylly çagalar. Olar başdan özlerini oňarýan çagalar bolan. Häzir Meret oglum Hindistanta - medinstitutda okap ýör. Sülgünem özüm ýaly hukukçy. Özümizde, Aşgabatda okaýar. Olaň ikisi aslynda bir eneden doglandyrlar. Näme diýseňizläň şu ýerde, men däl-de gaýtam olar meni kemala getirdiler diýsem ýerlikli bolar. Sebäbi olar dünýäme girip meniň durmuşum, işlerim ugrugyp başlady. Perzentleri bolan adam durmuşda ähli zada gaýratly, maksada okgunly bolýan ekeni. Olary alan wagtym Meret üçinji synp, Sülgün bolsa birinji synpda-dy.

- Agam siz söýen gyzyňyz bilen durmuş gurup bilmedik bolsaňyz hem örän bagtly adamlardan ekeniňiz. Sebäbi Ynsan üçin durmuşynyň manysy bolan PERZENT sizde bar ekeni. Sizi men gutlaýan. Siz durmuşda öz isleýşiňiz ýaly süýrenip gezmäni öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmäni başarypsyňyz. Indi maňa şol gyzy gaýtarmak hakyndaky pikirleriňizi aýdaýsaňyz? Şu wagt nähili duýgylary başdan geçirýäňiz.

- Men ol gyza gatyrganyp, onuň göwnüne degdim. Muňa ökünýärdim şu wagtam ökünç duýgysy menden gidenok. Ýöne maňa bagt gülüp bakdy Hudaýa şükür! Ine häzirem men şu derejä ýetip geldim. Ýöne kynçylyklaryň garşysynda berk durmak hem ýeňil bolmady Allah maňa şol kynçylykly günlerimde kömek etdi. Munuň üçin men Allaha şükürler, we Pygamberimize salawatlar diýýärin. - diýip, kreslosynda oturan Ahmet ellerini ýüzüne ýetirdi.

- Agamjan, siz özüňiz ýaly aralary sowaşan ýaşlara näme diýip biljeksiňiz? Olaryň ilki ysnyşyp soň bolsa bir-birinden daşlaşyp gitmezlikleri üçin? - diýip, Ahmetden interwýu almaga gelen žurnalist gyz Ähmede sowal berdi.

Oturan kürsisinde žurnalistiň ýüzüne seredip, soňam ýere seredip biraz pikirlenen Ahmet şeyle diýip, jogap berdi.

- Şeýle ýaşlar bar bolsa, onda men olara hiç zat diýmezdim. Çünki meniň özüm akylly hereket etmändim. Şeýle bolany üçin biriniň şahsy durmuşyna goşulup, oňa plan et diýip, maslahat has dogrysy akyl bermeklige mende hukuk ýok bolsa gerek.

- Ýok aga beýdimäň siz öz edeniňizden puşmanda ahyryn.

- Howwa puşmanda. Humaý bilen aramyz sowuklaşanyna gynanýan.

- Ahmet aga, siz her bir şeýle ýagdaýa duçar bolan ýaşlara özüňiziň durmuşyňyzdan netije çykaryp, maslahat berip bilersiňiz. Siz eger aýtmak isleýän zadyňyz bar bolsa onda muny arkaýyn aýdyň!

- Bermeli bolsa onda men şeýle diýerdim. Gadyrly Ýigitler we Eziz Gyzlar eger siziň göwün beren ýaryňyz bilen araňyzda sözüňiz azaşyp, araňyz uzaklaşyp giden bolsa, onda kän wagt geçirmäni bir-biriňiz bilen düşünişjek boluň! Bagyşlaň bir-biriňizi! Durmuşyň manysy öýkeleşip, bir-biriňize jeza berip gezmekde däl. Eger siz birine ilki özüňizi ymykly öwrenişipdirip soňam ony taşlap gitmegiňiz gowy iş bolmaz muňa berdaş berip bilýän adam azdyr. Eger siz ondan ýüz dönderip başga birine duşup, şol duşuranyňyz bilen bagtly bolup bilmersiňiz-ää diýmekçi däl. Bagtly bolarsyňyz Inşallah. Ýöne ilkinjiňizden ýüz dönderip duşuran soňky ynsanyňyz onuňça bolmaz! Boldy jigim mundan buýana ötmedigim makul onsuzam köpräk maslahat berdim - diýip, kastýumynyň çep synyny dyzynyň üstüne çeken Ahmet žurnalistiň sözlerine jogap berdi. - Şemşat jigim siz bilen edil dogan ýaly bolup gidäýdim menä - diýip, Ahmet žurnaliste ýylgyryp ýüzlendi.

- Howwa aga, siziň bilen söhbetdeşlik etmek maňa hem ýakymly boldy.

- Ohoow sagat hem on birden ötüpdir siz bilen häzir çaý içeli, soňra bolsa sizi gyzyklandyrýan işlerim baradaky söhbetdeşlige geçeris.

- Bolýar agam onda gürrüňimiziň dowamyny soňra dowam etdiräýeris.

Ylýas Hallyýew.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1204 | Добавил: Durdyyewа | Теги: Ylýas Hallyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Molla aganyň tosty / hekaýa - 24.02.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023
Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023
Ýüregimi yzyna beriñ! / hekaýa - 16.02.2023
Derwaýys sapak - 07.01.2023
Ýer yranmasy / hekaýa - 20.02.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Tost - 20.01.2023
Satlyk düýeguşlar / hekaýa - 06.01.2023
Meledor / hekaýa - 08.01.2023
Basgançakda / nowella - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]