18:00 Durnalar gelýär | |
DURNALAR GELÝÄR
Durnalar ir gelýär biziň illere, Olar, göýä baharlaryň buşlugy. Gök asmandan garap gelýär sillere, Toýnuk gurar, gözellige duşdugy. Synlaň olaň hatar gurap gelşini, Öwrüm edip, çemenzarlykda düşlär. Göge galksa, gök asmanyň gelşigi, Ýere gonsa, olar eserdeň, hüşgär. Bu ýaýlalar kalby salyp heýjana, Göwnüň ganatlanyp durmaly meýdan. Çykasyň ger ýap boýuna seýrana, Ýöne has gözeldir durnaly meýdan. Bilmen, gözbaş alýar haýsy asyrdan, Durnalaryň düşläp geçmek kadasy? Ýakasynda mele suwly takyrlaň, Bu görnüşler oýlandyrýar adamy. Ýene görke gelip sähra ýaýlasy, Bölek durna düşlemäge sowlupdyr. Olar buşlap gelýär bahar-ýazlary, Durnalaryň ir gelmesi gowlukdyr. Akmyra REJEBOW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |