17:06

Durşuñ bilen namys-arlygyñ üçin

Çagajykkak galanmyzda dökülip,
Eziz käbäm, şükür barlygyñ üçin.
Hor bolmadyk ýaşadyk biz bakylyp,
Käbäm, Seniñ juda zorlugyñ üçin.

Ejizlemän berk guşadyñ biliñi,
El işiñde gõrkezdiñ gol zoruñy
Zeýrenmediñ, añlatmadyñ halyñy,
Durşuñ bilen namys arlygyñ üçin.

Çagalar ýaş aljyransyñ ilki sen,
Ogryn ,ogryn aglandyrsyñ belki hem.
Käbäm, seni beýik Allam ýalkasyn
Ojagyña wepadarlygyñ üçin.

Ýyllar geçdi däl indi biz balaja,
Õñkidenem has kõpeldi alada.
Ilden-günden kem etmediñ
ýene-de,
Zähmetsöýer, jepakärligiñ üçin.

Gyzlarñy çykardyñ seplerni sepläp,
Gelinleñ gyzylyn, galyñyn toplap,
Toýlar tutduñ kyn günleri itekläp,
Balalarña pidakärligiñ üçin.

Şerigatdyr şere garşy ýaragyñ,
Balalaryñ saglygydyr dilegiñ.
Daş bolsañ-da suwlujadyr ýüregim ,
Käbäm, bu dünýäde barlygyñ üçin.

Merhum kişi gôrýän bolsa eger-de
Bar bolsa arada ýekeje perde .
Dädemjanam razydyr ol ýerde
Õzüne wepaly ýarlygyñ üçin.

Mährijemal AMANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 427 | Добавил: Nurdan | Теги: Mährijemal Amanowa | Рейтинг: 3.8/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«В последний раз зову Тебя: явись…» / Goşgular - 13.02.2023
«Если б в сердце тебя я не грел, не ласкал…» / Goşgular - 18.01.2023
Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023
«Разгадал я, какие цветы…» / Goşgular - 09.02.2023
Geň-enaýy Mary gyzlary / Goşgular - 04.02.2023
Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023
К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023
Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023
Первый шаг любви / Goşgular - 06.01.2023
По поводу сборников «Русские символисты» / Goşgular - 22.01.2023

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 jumagylyjovao  
88
Gowy goşgy.Şeýle bir köp duýgular gaplaýa welin,aýdara sözem tapamok.

Ejeň barka ýene-de ýüregiň suwly bolýan eken.

0
2 Nurdan  
100
"Zeýrenmediñ, añlatmadyñ halyñy,
Durşuñ bilen namys arlygyñ üçin. "
clover heart

Aýym, balym, ta:ýym, Mähegim!
Käbämiñ kõrpeýazy, ylhamyñ joşup dursun, gõrjegiñ gowulyk bolsun.

0
3 Nurdan  
100
Gõzüm açyp gõrenim sen dünýäde
Hiç kes seniñ ýaly sõýmeýär eje.
Bõwrimi diñlesem galýarsyñ oda
Senden õzge hiç kim duýmaýar eje.

Gõzýaş dõksem sõýgiñ bilen süpürýäñ
Begensegem paýlaşýarys bileje.
Süýji sõzler bilen gõwnüm gõterýäñ
Şol sõzleriñ şekermi ýa bal eje?!

Gark bolaýsam bir halasgär ada sen
Meniñ üçin õzüñ urjak oda sen
Käbäm ejem keramatmy ýa-da sen!?
Asla didaryña etme zar eje.
Mähriñ señ mähriñden doýmaýar eje.

Mähirjemal AMANOWA.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]