08:34 Düşnüksiz ahwal | |
DÜŞNÜKSIZ AHWAL
Ilkinji perzende, Ilkinji söýgüň, Enelige bolan, Ilkinji duýgyň, Bolup inenmizde, Ýagty Jahana, Biçak begenensiň, Mähriban Ejem! Alyp meni elňe, Söýgülän çagyň, Seniň päkligiňde, Mährem söýgüňden, Ganyp gezmelikäm, Çagalyk çagym, Gözýaşlarym bilen, Ýüzüm ýuwamda, Duýýamydyň meniň, Takdyrym hakda?!... Eger bagtly bolmak, Ýazylan bolsa, Gidermidi dünýeden, Meň ekiz taýym, Enaýyja Gülaýym?!... Agyp duran çarkandakly bu dünýäň, Aýlanyp-dolanyp, meniň ykbalda, Ýaşyrjagny, aýdyň dolan bu Aýym, Aňýamydyň maňlaýda, Ýazylan hatda?!... Duýansyň, elbetde.., Bilýärin, Käbäm! "Ykbalyň oýny..." diýp, ilki ejizläp, Ýagyş deý, damjalan düwmeleň sylyp, Soň aýaga galyp, mertlige salyp, Aňýaryn men... Ýüregňe dag eýlänsiň... Gussa, hasratlara döz gelip, şunça, Dost-duşmanlaryňa, syr beren dälsiň?! Gijeki ýitiren, ukularyňdan, Bimazalyk tapan ünjüleriňi, Saklajak bolup, bu ýürek syryňy, Aýtmajak bolup, ilki, Gizlänsiň belki ?! Duýulmaz ýaly, Ýürek ahwaly, Öz ýanyňdan, hyýalyňda, Dagdyr, daşlara, Gürrüň berensiň?!... Mertleriň merdany, mähriban, Käbäm ! Ýüregiňde saklap, bulaň baryny, Gizlediňmi menden ýürek zaryňy? "Ýok-la..." diýýäňmi?! Onda näme üçin, ruhdan düşýäň-de, Sen meni hemişe edip alada, Birden, geçenleri saldyň-da ýada, Ýan berdiň bada ? Düşnüksiz boldy maňa, Boldummy sada? Meniň dünýä inip, Şu mahala çen, Seniň ykbalyňda, Umytlan bagtyň, Şatlyk boldummy?! Ýa, seniň hasratdan doly dünýäňde, Heserlerden ýaňa, Dörän dertleriň, Boldummy saňa?! Aýtsana maňa!... Eý, mährem, Ene! Gel, derdinişeli, edil şu mahal, Bir ömür armanda bolmazym ýaly, Bolup galmasyn bu Düşnüksiz ahwal!... Şeýle bolan bolsam alaçsyzlykdan, Göreniň üçin hupbatly güni, Müň mertebe tagzym saňa, MÄHRIBAN! Bagyşla meni! Mylaýym. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |