16:34

Duýgy

DUÝGY

Özbaşyna ýaşap ýören dünýedim
Dogrydym men.
Hem kejirdim.
Keçjaldym
Gurşap durka daşym - imi-salalyk,
Öz içimi ýonup ýören neçjardym

Mynçgalap durka ýüregimi ünji,
Şadyhorram gezip ýören ýalydym
Göýäki men, Ýer şarynda ýeketäk,
Ýalňyzlygyň aýrylmajak ýarydym

Meýin içip yşgyň, sermest halatym
Başarmadym ötenleri saýpallap
Wagtlaýyn hyýalda kosmasa uçdum,
Hakykatda gezdim-ýördim pelpelläp

Sabyra atlandym, umytdan düşmän
Ähli zady ynam bilen sözledim
Durmuş gizlenpeçek oýny ýalydy,
Duýgy bilen söýgi, şatlyk gözledim

Ömrümi mydama duýga bagladym,
Netijesin gören ýaly gurradan
Duýgy - maňa baky ýaşlygy beren,
Duýgy - meni juwanlykda garradan...

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.12
Категория: Goşgular | Просмотров: 236 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]