08:00 "Düýşler" toplumyndan | |
"Düýşler" Toplumyndan ■ GAÇMAK Agyr bulutlar ýere degäýjek bolup dur. Çygly hem salkyn alagaraňkylyk. Birde garşydaş ýele ganatlaryny gerip, howada asylan ýaly bolup duran bürgüdiň ötgür garaklary bilen ýeri synlaýan, birde gaçgagyň howsalaly dideleri bilen sümelge gözleýän. Dem salymdan aç ýyrtyjynyň işdäsi açylan nazaryny oljanyň yzyndan ýollaýan. Awyň aljyraňňy atygsaýan, awçynyň howlukmaç gürsüldeýän ýürekleriniň deň çykýan sesi, aýaklarynyň astyndaky suwuň pagşyldysy, ownujak çagylyň gajyrdysy bilen utgaşyp, üýtgeşik owaz ýaňlanyp dur. Dyzyna çenli myžžyk bolan köýnegi agralyp, eginlerinden aslyşa-aslyşa badyny alyp barýar. Yzyndaky çal möjegiň salpy garny suwa batyp, bir çak süýt inmeden galan gury emzikleri öl boldy. Ine-de, gaçybatalga. Çaga emdirjek bolýan dek sag böwrüne ýaplanyp ýatan köne wagon. Zenan bir emelläp oň içine girdi. Möjek wagonyň daşyndan ters pyrlanyp, kelpeze atyp dur. Bolanok. Birdenem wagonyň içi garryja mekdebimiň giň-giň penjireli dälizine öwrüldi. Bir çetinde men, beýleki tarapda tanyş-u-nätanyş adamlar. Birem kursdaşym bar. Çal möjegiň boýuntyrygyndan saklap dur. Agzynyň bir çetinde gedem ýylgyrýar. – Seni hiç haçanam halamandym-diýip ýetişemden, ol boýuntyrygy goýberdi. * * * Olja gözleýän bürgüdiň ötgür nazary. Hol aşakda wagon. Maral towşanyň damagyndan gyýaklaryny geçiren çal möjek onuň içine girip gitdi. 19. 09. 2018. ■ TEATR Teatr kassasynyň öňünde durus. Iki adamlyk petek sargamda, ýanymdaky ýene birini goşmagymy sorady. Üçünjiň kimligini gözlerim bilen soranymda, biraz müýnli nazaryny menden alyp gaçdy. Oýnuň başlanmaly wagty golaýladygyça ynjalygy kemelip, köwşüne gor guýlana döndi. Megerem, üçünji petegiň eýesi bilen meniň duşuşygymyň nä rezde geçjegini alada edýän bolsa gerek. Ine-de ol. Ýüz-keşbini saýgaryp bilemok. Gyzyl köýnekli gyzdygyny bilýän, bolany. Çaga gabanjaňlygym möwjäp, gözlerime gan öýdi. Gyzyl baýdak görkezilen öküze döndüm. – Neme, bu – gyzym. – Näme? Gyzym? O nämäň gyzy? – Gyzym-da. Arzuw ady. Sesime bat berip ugradym. Agyr-agyr sögünýän. Ýöne hut näme diýýänim aýyl-saýyl däl. Aňyrdan gelýän uzyn boýly gyzyň deňinden geçip barýarkam (şonda-da oň ýüzüni görüp bilmedim) saklap, maňa atyrly çüýşäni uzatdy. Alman geçip barýan. – Saklan, men muny ýörite getirdim. Alaý şuny! Gitmekdenem gowy pikir kelläme gelen ýaly, sakga durdum-da, elindäkini aldym. Ony bar güýjüm bilen ýere şeýle bir pylçadym welin, beton plitalara degip çym pytrak bolmaýşyna haýran galdym. Çüýşe döwülmese-de, turşumtyk erkek atyrynyň ysy salkynjak güýz howasynyň ýüzüne serpilip gitdi. 19. 09. 2018. Umyt Küle. | |
|
√ Waý-faý ogrusy / henekli hekaýa - 13.05.2023 |
√ Gumrular / hekaýa - 12.08.2023 |
√ Çoça / hekaýa - 04.01.2023 |
√ Dawut / hekaýa - 13.07.2023 |
√ Gülgüne köýnekli gyz / gysga hekaýa - 29.04.2023 |
√ Çuňluga ymtylyş / hekaýa - 24.05.2023 |
√ Kim günäkär? / hekaýa - 21.06.2023 |
√ Bagtlylyk / hekaýa - 04.08.2023 |
√ Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň? / hekaýa - 06.01.2023 |
√ Öýüň ýaşaýjylary / mini-kyssajyk - 27.07.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |