21:12 Dynç güni | |
DYNÇ GÜNI
Oýanarsyň bu gün öňküleňden ir, Başyň ýaş, janyň sag, ökünerden ir, Ýöne çaýyr basyp ýatan mellegňi, Piliň al-da, derrew bir çetinden gir. Ýeterlikdir gyzyň, aýalyň işem, Ýuwulmaly zatlar üýşüp durandyr. Tutularam, ýassyklaryň daşlaram “Bizem-ä ýuwmaly” diýşip durandyr. Düşmez çygly esgi gyzyň elinden, Ýuwwar, süpir penjireleň aýnasyn Hem diýer ol: “Oturgyjy oňatja Sakla jigim, birden ýykylaýmasyn.” Çaň basan keçeler, haly-palaslar Çykar öýden synlaryny süýreşip. Diýer paçak dograp oturan ogluň: “Kaka, barýar gawunlarmyz çüýreşip.” Diýersiň aýylyp başlansoň essiň: “Gyzym, bar, sen birazajyk et üwe!” Guran zatlar bolsa garaşar ýatar Çygly hasa bilen gyzgyn ütüge. Çaňjaryp durandyr polam, polka-da, Onam gije ýuwup, ýygnap oturarsyň. Dynç güni surnugyp, süýnüp sütüniň, Iş gününe zordan özüň atarsyň. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |