00:35 Dynç güni | |
DYNÇ GÜNI
Oýanarsyñ bu gün öñküleñden ir, Başyñ ýaş, janyñ sag, ökünerden ir. Ýöne çaýyr basyp barýar mellegñi, Piliñ al-da, derrew bir çetinden gir. Ýeterlikdir gyzyñ, aýalyñ işem, Ýuwulmaly zatlar üýşüp durandyr. Tutularam, ýassyklaryñ daşlaram "Bizem-ä ýuwmaly" diýşip durandyr. Düşmez çygly esgi gyzyñ elinden, Ýuwar, süpir penjireleñ aýnasyn Hem diýer ol: "Oturgyjy oñatja Sakla jigim, birden ýykylaýmasyn." Çañ basan keçeler, haly-palaslar Çykar öýden synlaryny süýreşip. Diýer paçak dograp oturan ogluñ: "Kaka, barýar gawunlarmyz çüýreşip." Diýersiñ aýylyp başlansoñ essiñ: "Gyzym, bar, sen birazajyk et üwe!" Guran zatlar bolsa garaşar ýatar Çygly hasa bilen gyzgyn ütüge. Çañjaryp durandyr polam, polka-da, Onam gije ýuwup, ýygnap ýatarsyñ. Dynç güni surnugyp, süýnüp sütüniñ, Iş gününe zordan özüñ atarsyñ. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |