19:19

Edep-paýhas dürleri

EDEP-PAÝHAS DÜRLERI

Geçmiş mirasymyza nazar aýlasaň, türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasynyň bardygyna göz ýetirmek bolýar.
Ata-babalarymyzyň arzuw edip gelen Garaşsyzlygyny alanymyzdan soň, geçmiş mirasymyzy - dilimizi, medeniýetimizi, däp-dessurymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy altyna barabar baý edebi mirasymyzy täzeden dikeltmäge we olary halka ýetirmäge giňden ýol açyldy. Hut Saparmyrat Türkmenbaşynyň özi sagdyn jemgyýetiň we ruhubelent adamlaryň kemala gelmeginiň asyl köküni ata-babalarymyzyň baý ruhy we medeni mirasyndan agtardy. Şonuň üçinem ol bu barada «Edebi mirasymyza ýygy-ýygydan ýüzleneliň! Olar size hakykata göz ýetirmegi, halaly haramdan saýgarmagy, ata Watany, ene topragy, halkyňy, ata-eneňi söýmegi öwreder» diýýär. Bu hakykaty biz Beýik Serdarymyzyň ylham-zehininden dörän Ruhnamasynda hem görüp bilýäris. Şonuň üçinem bu kitap biziň mundan beýläkki ylmy işlerimizde ýol-ýörelge bolup hyzmat eder. Sebäbi bu kitapda türkmeniň bäş müň ýyllyk eýýamynyň şöhratly ýollary, şöhratly şahsyýetleri, danalary we akyldarlary hakynda gymmatly maglumatlar ýatyr. Muny bize Beýik Serdarymyzyň hut özi gaýtaryp berdi.
Ol türkmen milletiniň ýoluny gadymy ata-babalarymyzdan – Oguz han atamyzdan, Gorkut atadan, Görogludan, Magtymgulydan we beýleki şöhratly soltanlarymyzdan, akyldarlarymyzdan we danalarymyzdan gözledi. Şonuň üçinem bu kitabyň her gatyndaky sözler altyna barabardyr. Biz Ruhnamanyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ata-babalarymyzyň miras goýan altyn sahypalaryny öwrenip, ony düşnükli dilde ýene-de halkyň özüne gaýtaryp bermeli. Diňe biz şeýle eden ýagdaýymyzda, Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýaş nesli terbiýelemekdäki taglymatyna belli bir derejede ýardam berdigimiz bolar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyna türkmeniň ýolunyň şamçyragydyr diýip ýöne ýere aýdylanok. Sebäbi munda türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy bolan geçmişdäki mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz ýatyr. Bize şol däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize dolanyp gelmäge diňe Garaşsyzlykdan soň giň ýol açyldy. Şonuň üçinem şu ýerde bir zady aýratyn nygtap geçmek gerek. Biziň halkymyz ençeme asyrlar garaşyp, diňe öz ogly Saparmyrat Türkmenbaşynyň başda durmagy netijesinde milli Garaşsyzlygyna ýetdi. Bu türkmeniň taryhynda iňňän özgerdiji pursatdyr. Sebäbi biz diňe Garaşsyzlykdan soň dilimizi, dinimizi, däbimizi, dessurymyzy gaýtaryp aldyk. Biz indi milli mirasymyza degişli ähli kitaplary öwrenip, halk köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik tapdyk. Sebäbi ol kitaplaryň gatlarynda ata-babalarymyzdan miras galan halallyk, päklik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk ýaly ajaýyp däp-dessurlarymyz bar. Hut Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň özi hem ruhubelentlige, halallyga, päklige, dogruçyllyga we gaýduwsyzlyga belent sarpa goýýar. Ol türkmene mahsus bolan şeýle ajaýyp häsiýetleriň bardygyny, onuň biziň aslymyz bolan Nuh pygamberden gaýdýandygyny beýan edip: «Nuh pygamber neberelerine–ýigitlere gaýratlylyk, ruhubelentlik, mertebelilik, birsözlülik, işewürlik öwretdi. Şolara çirk ýetirilmegini namys hasaplady» diýýär. Diýmek, biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri halallyga, rehimdarlyga, gaýduwsyzlyga, sahylyga, jomartlyga we şunuň ýaly ynsanperwerligiň ajaýyp nusgalaryna ýokary baha berip gelipdir. Şonuň üçin hem Saparmyrat Türkmenbaşy halallyk baradaky iňňän ajaýyp häsiýetleriň şu günler hem her bir türkmen üçin terbiýe mekdebi bolýandygyny aýratyn nygtaýar. Ol: «Arassa, halal adam öz-özüniň halallygyndan ruh hem gujur alýar. Onuň dogry hereketleri oňa öz-özi bilen sazlaşykly ýaşamaga mümkinçilik berýär. Näçe kynçylykly ýagdaýa düşse-de, öz öňündäki, Allanyň hem milletiň öňündäki päkligi, arassalygy oňa beýik güýç-kuwwat, gaýratlylyk berýär» diýýär. Şonuň üçinem Beýik Serdarymyz halallyk barada «Halalyň hemaýatkäri içinde, haramynyň ýagysy ýanyndadyr» diýen pähimi ýöne ýere aýdanok. Bu sözleriň aňyrsynda umman ýaly many-mazmun ýatyr. Beýik Serdarymyzyň bu sözleri onuň ýüreginiň jümmüşinden syzylyp çykan pähim-paýhas sözleridir. Geçmişde ýaşap geçen ylymly-bilimli, pähimli-paýhasly ata-babalarymyz hem durmuşyň kada-kanynlaryna we ahlak düzgünlerine berk üns beripdirler. Şonuň üçin hem bu ruhy baýlyklarymyz asyrlardan asyrlara geçip, biziň şu günki günlerimize gelip ýetipdir.
Ine, şeýle gymmatly ruhy baýlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýän eserleriň biri hem «Ajaýyplyklaryň düri» («Dürr-ül ajaýyp») atly eserdir. Bu eseriň onlarça nusgasy Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýar. Olardan 870, 1033, 1143, 2034, 3365, 5492, 6411, 6524, 7063, 7550-nji we beýleki birnäçe bukjalardaky nusgalary mysal getirmek bolar. Biz bu kitaby neşire taýýarlamak üçin 3365-nji hem-de 7063-nji bukjalardaky nusgalary esas edip aldyk.
«Ajaýyplaryklaryň düri» altmyş ýedi bapdan ybarat bolup, onda esasan durmuşyň dürli ugurlary boýunça edep kadalary, ýagşy öwüt-ündewler, wesýetler beýan edilipdir. Diýmek, bu kitap ähli döwürlerde hem durmuşyň düzgünlerini, edep kadalaryny öwredýän kitap bolupdyr. Dogry, durmuşyň kada-kanunlaryny öwredýän kitaplar başga-da köp. Olardan «Kowusnamany», Wepaýynyň «Rownakyl yslam» eserini, Sopy Allaýaryň «Sebatyl ajyzyn» eserini we ş. m. birnäçe eserleri mysal getirmek bolar. Ýöne bu kitapda duş gelýän maglumatlar olardan tapawutly bolup, onda diňe şerigatyň kada-kanunlary barada gürrüň edilmän, eýsem durmuşyň dürli ugurlary barada giňişleýin gürrüň edilýär.
Biziň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri halallyga belent sarpa goýup, haramlygy ýazgarandygy we oňa iňňän bir erbet zat hökmünde garandygy barada «Ajaýyplyklaryň düri» atly bu kitapda hem örän jaýdar bir rowaýat getirilipdir. Irki döwürlerde Hoja Termizi atly bir takwa adamyň ogly bozuk we azgyn bolup ýetişipdir. Bu barada müritleri ondan: «Eý, Hoja, biz perzendiň bozuk bolmagy ata-enäniň haram lukma iýmeginden diýip eşidipdik. Bu haldan şyhymyz örän arassadyr, hatyny hem şonuň ýalydyr. Bu oglan näme sebäpden beýle boldy?» diýip sorapdyrlar. Onda Hoja Termizi:
— Eý ýaranlar, bir wagtlar ýurduň häkimi raýatlaryna köp pul salgyt salardy. Olar meniň ýanyma gelip: «Eý, Hoja, bizi bu beladan halas et» diýdiler. Ol wagt men bialaç bolup, häkimiň ýanyna bardym. Oňa aýtdym: «Eý, häkim, bu işiňi goýgul» diýdim. Onda ol: «Siz meniň tagamymy iýseňiz, men bu puly almaryn» diýdi. Men zerur bolup häkim bilen ylalaşdym. Olar maňa şol wagt desterhan getirip ýazdylar. Owwal men bir lukma tagamy agzyma saldym we ençeme wagtlap ony ýuwutman agzymda saklap oturdym. Emma häkim menden gözüni aýyrmady. Ahyrynda men ol çöregi ýuwutmaly boldum. Ine, şol bir lukma çöregiň kuwwatyndan hem şu oglan kemala geldi – diýýär.
Görşümiz ýaly, ynsap arassalygy, kalby päklik türkmeniň kalbyna gan bilen giripdir. Hakyky türkmen Nuh pygamberiň öýde öz gazanan, der saçan zadyny saklamak hakynda aýdan: «Kişi zadyny göterme hem öýüňe getirme, öz hasabyňa geçirme!» diýen pähim- paýhasyndan ugur alypdyr.
Türkmen halky dürli taryhy döwürleri başdan geçirse-de, her döwürde hem öz ahlak gymmatlyklaryny ýitirmändir. Ony gözüniň göreji ýaly gorap, ezizäläp saklapdyr. Sebäbi onuň hiç bir halka meňzemeýän ýokary ahlakly edep düzgünleri bolupdyr. Şolaryň biri hem ene-atanyň perzendiň öňündäki, perzendiň ene-atanyň öňündäki borçlarydyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem ata-babalarymyzyň şol ajaýyp ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Ol pähimli, paýhasly türkmen atasynyň öz çagalaryna terbiýe bermek üçin ilki bilen onuň özüniň şahsy görelde görkezmelidigini, çagalar bilen mähirli bolmalydygyny, sadalyk, pähimlilik, güler ýüzlülik, söýgi, üns-alada bilen çagalary gurşap almalydygyny elmydama nygtap gelýär. Şonuň üçinem ol: «Perzent edep görmese, edep görkezmez» diýýär. Diýmek, perzendiň edepli bolmagy üçin ilki bilen ena-atanyň özi edep görkezmeli. Sebäbi seniň halallygyň, seniň ahlaklylygyň çaga üçin görüm- görelde bolup durýar.
Ine, «Ajaýyplyklaryň düri» atly bu kitapda hem ene- atanyň perzendiň öňündäki borçlary barada şeýle diýilýär: «Owwal ata ýagşy ýerden öýlenmeli. Eger ata ýaman ýerden öýlense, perzendiň ýüzi aşak bolar. Ikinjiden, perzende ýagşy at goýmak gerek, üçünjiden, perzendi okatmak gerek, dördünjiden, perzendi öýli-işikli etmek gerek». Şonuň ýaly-da perzendiň ene-atanyň öňündäki borçlary barada hem ajaýyp pikirler aýdylýar. Onda her bir perzendiň ene-atasyny sylamagy, hormat goýmagy hökmanydyr. Eger ene-ata perzendinden närazy bolsa, şol perzent Hak tarapyndanam, halk tarapyndanam ýazgarylypdyr. Şonuň üçünem ene-ata öz perzendinden razy bolmasa, şol perzent ene-atanyň öňündäki borçlaryny ödäp bilmändigidir. Perzent ene-atanyň özüni dünýä inderendigi üçin, ösdürip kemala getirendigi üçin, il hataryna goşandygy üçin elmydama olara borçly bolup durýandyr. Şonuň üçin hem perzent ene-atany razy etmelidir. Bu barada «Ajaýyplyklaryň düri» atly kitapda şeýle rowaýat getirilipdir.
Bir gün bir kişi Resul alaýhyssalamdan sorapdyr:
— Eý, Resulalla! Men atamy ýetmiş mertebe Käbä alyp bardym we getirdim. Ýene-de atamyň mende haky barmydyr? – diýýär. Onda Resulalla:
— Sen bir gije turup alada edeniniň hakyny ödäpsiň – diýýär.
Ýene-de bir mysal:
Bir gün bir kişi Resulalladan:
— Eý, Resulalla! Men nepil namazyny okap durkam atam-enem meni çagyrsa, men näme etmeli? – diýýär. Onda Resulalla:
— Ene çagyrsa nepil namazyny okaman bar, ata çagyrsa okap bar – diýipdir.
Ine, ata-babalarymyz ene-atany sylamak barada şeýle ajaýyp öwüt-nesihatlary bize miras goýupdyrlar.
Geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyz diňe bir şerigatyň kada-kanunlary, ahlak düzgünleri barada gürrüň etmän, eýsem gadymy döwürlerden bäri ylma-bilme hem ýokary baha beripdirler. Ylymly- bilimli adamlary bar zatdan ýokary hasaplapdyrlar. «Ajaýyplyklaryň düri» atly bu kitapda-da hut Haktagalanyň özüniň ylma sarpa goýuşy barada şeýle bir rowaýat bar.
Bir gün Dawut pygamber Haktagala mynajat edipdir:
— Eý, bar Hudaýa, ýer ýüzündäki ähli patyşalaryň hazynasy bar. Hany seniň hazynaň? – diýipdir.
Onda ýokardan Haktagaladan owaz gelipdir: «Eý, Dawut, meniň hazynamyň biri ylymdyr, biri bilimdir. Meniň ol hazynamyň dört işigi bar. Biri–pikirlenmek, biri–ýukaýüreklilik, biri–sabyr etmek, ýene biri kaýyl bolmakdyr. Men ol hazynama hemişe nazar salýaryn. Meniň bendämiň köňli şonuň ýaly uludyr. Eger ýedi gat asmany, ýedi gat ýeri, arşy-kürsi köňle salsalar, bir dänäni bir öýe salan dek bolarsyň» diýýär.
Diýmek, ylym-bilim pikirlenmegi, ýukaýürekligi ündeýän bolsa, ol adamzat jemgyýetine peýdaly ylymdyr. Şonuň üçinem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem özüniň Mukaddes Ruhnamasynda: «Iň oňat ylym–jemgyýete peýda getirýän ylymdyr. Jemgyýete peýda bermeýän ylmyň hakyky ylymdygy şübhelidir. Adamzadyň islendik işiniň manysy haýyr görmekdir. Çünki nep, haýyr görmek jemgyýetçilik ýaşaýşyny üpjün etmegiň usulydyr» diýýär. Diýmek, munuň aňyrsynda umman ýaly pikirler ýatyr. Dogrudan hem ylym jemgyýete peýda bermese, ony ösdürmese, kämilleşdirmese, halkyň aň-düşünjesine täsir etmese, ruhyny baýlaşdyrmasa, onuň nämä geregi bar?! Şonuň üçinem Beýik Serdarymyz öňdengörüjilik bilen «Jemagatsyz ylym gury owazdyr», «Alym–ylym eýesi, jemgyýet–alym eýesidir» diýýär. Şonuň üçinem jemgyýeti ösdürmekde, kämilleşdirmekde alymlaryň orny uly bolupdyr. Olar Hak tarapyndan hem, halk tarapyndan hem sylanypdyr, hormatlanypdyr, olara uly sarpa goýlupdyr. Bu barada-da «Ajaýyplyklaryň düri» atly kitapda birnäçe rowaýatlar bar. Şol rowaýatlaryň birine görä, kyýamatda Haktagala adamlardan hasap soranmyşyn. Şonda bir bendäniň günäsi sogapdan agyr gelipdir. Haktagala şonda Jebraýyldan sorapdyr:
— Eý Jebraýyl, ol bende ýalançy dünýäde alym bilen oturmanmydyr? Eger ol alym bilen oturyp, hezzet-hormat eden bolsa, men ony ýalkardym – diýipdir.
Jebraýyl hem ol bendeden sorapdyr. Onda ol bende:
— Ýok, men alym bilen ýolda hem ýoldaş bolmadym – diýipdir. Jebraýyl ondan ýene sorapdyr:
— Sen alymyň oturan jaýynda hem oturup görmediňmi?
Onda ol mömin:
— Ýok – diýip, jogap beripdir.
Onda Jebraýyl ýene sorapdyr:
— Sen alymy dost tutan bilen hem ýoldaş bolup görmediňmi? – diýipdir.
Onda ol mömin:
— Hawa, bir sapar alymy dost tutan adam bilen ýoldaş bolupdym – diýipdir.
Şol wagt Haktagala ony eşidip:
— «Men onda ol bendäni ýalkadym. Sen ony golundan tutup behişde elt» diýipdir.
Şu rowaýat ýöne ýere getirilmedi. Sebäbi, şu rowaýat biziň nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekileriniň eserlerine hem gönüden-göni täsir edipdir. Döwletmämmet Azady özüniň «Wagzy-azat» eseriniň üçünji babynda hem şu rowaýat barada durup geçmek bilen alymlara ulamylara hemişe belent sarpa goýulmalydygyny nygtamak isläpdir. Ol:

Dünýäde alym bilen mejlis gurup,
Olturypdyr bular halka gurup.

Mejlis olduňyzmy alym birle,
Soragaý anlarny Jebraýyl gelip.

Ýa-da:

Sorasa diýgeý olar: «Olturmadyk,
Alym oturgan ýere biz barmadyk» –

diýip, ýokarky rowaýaty şygyr setirlerine salypdyr.
Diýmek, alymlaryň sarpasy halkyn ýanynda-da, Haktagalanyň dergähinde hem belent bolupdyr. Şonuň üçinem Resul Huda ýa-da Hudaýyň ýerdäki ilçileri alymlara we halymlara (mylaýym) uly sarpa goýupdyrlar. Bu barada «Ajaýyplyklaryň düri» atly kitapda Muhammet pygamber şeýle diýýär: «Alymlar meniň mirasdüşerlerimdir. Meniň ymmatymyň arasynda iň ynamdarlarydyr. Olar meniň ymmatymy dogry ýola salyjylardyr, howply ýoldan gaýtaryjylarydyr». Diýmek, alymlar irki döwürlerden bäri halkyň arasynda iň ynamdar adamlar bolupdyrlar. Şonuň üçinem Muhammet pygamber: «Alymy dost tutmak yhlasdandyr, duşmany dost tutmak ikiýüzlülikdendir» diýýär. Diýmek, pygamberimiz alymy dost tutsaň, yhlas
etmek gerek, oňa ýürek bilen hyzmat etmek gerek. Alymda her näme hajat bolsa, ony bitirmek gerek diýen pikiri öňe sürýär. Bu barada «Ajaýyplyklaryň düri» atly kitapda hem şeýle rowaýat getirlipdir:
Kyýamat güni bir bölek halklar Arşy azymyň üstünde oturupdyrlar. Olaryň ýüzi on dördi gijede dogan aý dek bolupdyr. Bu jemagatlar hiç bir azap görmändirler.
Şol wagt Jebraýyl sowal sorar:
— Eý bar Hudaýa, bu jemagatlar kimler?
Şonda Haktagaladan: «Eý Jebraýyl, bu jemagatlar dünýäde Haktagalanyň alym bendeleridir. Hudaýtagala olary dost tutandyr» diýen owaz geler.
Diýmek, Muhammet pygamber diňe bir şerigatyň kada-kanunlaryny ündemän, eýsem, alymlar we ylym adamlary babatda-da gymmatly maglumatlar aýdypdyr. Bu barada ol: «Jahyl (nadan) ymmatlarymyň namaz okanyndan, ylym ymmatlarymyň uklap ýatany ýagşydyr» diýýär. Ýa-da: «Müň sapar ybydat edeniňden, alymlaryň ýanynda bir gün oturanyň ýagşydyr» diýip, alymlara şeýle ýokary derejede sarpa goýýar.
Ol dünýäniň bozulman durmagynyň dört sebäbi bar diýip şu aşakdakylary görkezýär:

1. Alymlaryň ylmy sebäpli.
2. Adyl patyşalaryň adyllygy sebäpli.
3. Sahylaryň haýyr-sahawaty sebäpli.
4. Mömin bendeleriň dogalary sebäpli – diýýär.

Şonuň üçinem Resulalla: «Meniň ymmatlarymyň iň ýagşysy halymlar we ylym ymmatlarymdyr. Jahyl (nadan) ymmatlarym bir gezek ýalan sözlese, Haktagala günäsini geçmez, emma ylym we halym ymmatlarym kyrk sapar ýalan sözlese hem günäsini geçer» diýipdir. Halymlar hem Hudaýtagala tarapyndan oňat görülýän adamlaryň biri bolupdyr. Sebäbi pygamberler hem pygamberlige halymlyk bilen ýetipdirler. Pygamberimiziň özi hem örän mylaýym, sada we ylymly adam bolupdyr. Diýmek, ýokarky mysallardan görnüşi ýaly, geçmiş mirasymyza näçe çuň aralaşdygyňça hem ylma, ylymly adamlara belent sarpa goýulýandygyna has-da anyk göz ýetirmek bolýar.
Şeýle hem bu kitapda adamlara ýagşylyk etmek, ýagşy zatlary ündemek, sahylyk etmek, sadaka bermek we ş. m. barada-da gymmatly maglumatlar bar.
Eserde halk döredijiliginiň çeperçilik serişdeleri hem ýerlikli ulanylypdyr. Onda uzak asyrlaryň dowamynda halk tarapyndan döredilen baý mirasyň uly toplumy bar. Eseriň dili babatda aýdylanda, onda diliň taryhyny, gadymy türkmen dilini öwrenmek üçin gymmatly maglumatlar bar. Şonuň üçinem bu eseri giň okyjylar köpçüligine ýetirmek diňe bir ata-babalarymyzyň edep-terbiýe mekdebini öwretmän, eýsem durmuşyň dürli ugurlary boýunça giňişleýin maglumatlary almaga belli derejede ýardam berer.
Kitap giň okyjylar köpçüligine ilkinji gezek hödürlenýär. Onda käbir ýetmezçilikleriň, säwlikleriň bolmagy tebigydyr. Şonuň üçinem kitaby çapa taýýarlaýjy hormatly okyjylardan bu babatda ötünç soraýar.

Gurbangül GUZUÇYÝEWA,
Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 174 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbangül Guzuçyýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]