22:44 Eje | |
EJE
Sen saçymy daramadyň ýel bolup, Sen saçymy özüň bolup daradyň. Emma bu gün şemaljagaz sen bolup, Saçlaryma saldy soňsuz daragyn. Sen hiç haçan ýylatmadyň Gün bolup, Emma Gün sen bolup ýylatdy şumat. Senli ýatlamalar, senli pikirler, Ähli yzalarmy eýledi sumat. Tutýamyka gijeleriň ukusy, Günler indi nädip daňlaryn aty:r. Meni äkidenine ökünip ýollar Ýaraly ýylan deý towlanyp ýatyr. Ýagyş damjalary gussaly dünýäň Hem-de meň gussaly gözlerme gaýdýar. Birdenem ýalpyldap Gün çykdy, Eje, Ýylgyrdyň öýdýän. Seýran SEÝITMÄMMEDOW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |