21:01

Ejemogullar

EJEMOGULLAR

Size gözüm gidýär ejemogullar, 
Ejeň ogly bolsaň armanyň näme? 
Ejeden ir galdym, ir galdym juda, 
Köp aglapdym, berip arkamy tama. 

Ýeri aglaňda nä, ejeň gelýämi? 
"Goýaý" diýip, ýoga başyň sypaýan. 
Size gözüm gidýär ejemogullar, 
Bendesi siz Beýik Taňryň apalan. 

Ýaşaberiň. Bar bolşuňyz şu bolsun! 
Baş galdyrmaň, ýaňsylaýan, gülýäne. 
Goý, size, diýsinler "ejemogullar", 
Siz şonda-da iň bagtly dünýäde. 

Siz unutmaň, ejemogluna, 
Diňe akmak ýa-da tentek gülýändir, 
Siz unutmaň, ejemogly dünýäde, 
Diňe ejeň barka bolup bolýandyr. 

Bagtsyzlygyň çür depesi şu bolar, 
Ejesiz geçirilen buz ýaly günler. 
Ejeň ogly bolmak uly bagtdyr. 
Siz şony unutmaň ejemogullar!

Myrat GURBANOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 510 | Добавил: Нawеran | Теги: Myrat Gurbanow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Там, в полусумраке собора…» / Goşgular - 14.01.2023
Gar ýaganda / Goşgular - 09.01.2023
Şygyr ekeni / Goşgular - 06.01.2023
«Вскрыла жилы: неостановимо…» / Goşgular - 06.01.2023
Ymtylyş... / Goşgular - 13.01.2023
«Я прежде боролся, скорбел…» / Goşgular - 11.01.2023
Talyplyk / Goşgular - 08.01.2023
«Не колесо громовое…» / Goşgular - 16.01.2023
"Şaglawuk saçlaryñ ýaýyp goýberdiñ..." / Goşgular - 14.02.2023
Моабит дәфтәрләре / Goşgular - 09.02.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 jumagylyjovao  
88
Ejemogly bolmagyň bagtdygyny, diňe bagtsyzlygyň çür depesindäkiler bilýärler.
Gowy goşgy.

0
2 Елена_Прекрасная  
462
Aý, ýoklaý

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]