13:15

Eksperiment

EKSPERIMENT

Ýel ugrunda iñläp ýatyr surnaýlar,
Hyllyk akan dodaklaryñ ýanynda.
Sogrulypdyr gil-gilleri kernaýlañ,
Des-derek galmandyr perde sanynda.

Gaharsyz galypdyr gaharly dünýe,
"Rahatlyk" alnypdyr goşa dyrnaga.
Mundan mejalsyzlyk ruhy görünýä,
Howsalalar ejir berýär durnyga.

Gar ýagypdyr çigildemleñ üstüne,
Mahirsiz ykballañ ýylylygy ýok.
Şer bilen nebisi düş:äp astyna,
Durmuş hiçem gamlanmagy bilenok.

***

Durmuş hiçem gamlanmagy bilenok,
Şer bilen nebisi düşäp astyna.
Mähirsiz ykballañ ýylylygy ýok,
Gar ýagypdyr çigildemleñ üstüne.

Howsalalar ejir berýär durnuga,
Mundan mejalsyzlyk ruhy görünýä.
"Rahatlyk" alnypdyr goşa dyrnaga,
Gaharsyz galypdyr gaharly dünýe.

Des-derek galmandyr perde sanynda,
Sogrulypdyr gil-gilleri kernaýlañ.
Hyllyk akan dodaklaryñ ýanynda,
Ýel ugruna iñlap ýatyr surnaýlar.

Laçyn ÖWEZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 518 | Добавил: Мylayym | Теги: Laçyn Öwezowa | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 mango  
651
gyzykly zat bolupdyr.
ýöne "surnaýlar" bilen "dodaklary" köplük sanda dälde (tersi näme diýilýär?) birlik sanda aýdyp bolsady.
ýogsa samsyk kelläme групповой dodaklar, групповой surnaýlar gelýär.

berekella.

0
2 mango  
651
ýel ugruna iňleýän surnaý, hyllygy akan dodak – bulara başam barmak ýokary!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]