18:56

Enäniñ soltanlygy

ENÄNIŇ SOLTANLYGY

Yşkyň hazynasynda kemala gelen keşbiň,
Ýöriş etdi ynsanlaň kalbyna, soltan Ene.
Bir salymda gurşady arasyn arşyň-deştiň,
Öwrülip bir owadan aýdyma soltan Ene.

Şeýdip, rehim-söýgüden, gözel mähir-duýgudan,
Bir soltanlyk guruldy ynsan sözün beýik eden.
Gerb – söýgi, gimn – rehim, halallygy tug eden,
Soltanlygyň soltany merdana soltan Ene.

Çym-pytrak edildi şer-ýigrenjiň goşuny,
Soltan söweş jaýynda dik tutup ýör başyny,
Haýyr, Halal nökerler galdaşyp dur daşyny,
Söýgi bilen em edýär ynjana soltan Ene.

Dünýä döräp görmändi şeýle beýik soltany.
Soltanlykda serhet ýok! Ýok gyrasy kenary.
Illeri yşkdan doly, ýollary Haka sary,
Öňde kalba nur saçýan nurana soltan Ene!

Dokma-darak esbaby, gyňaç-haly lybasy,
Kanun-ýürek owazy, ballar ýaly zybany,
Halal çörek sogaby, müşkden doly howasy,
Arşyň gapysyn açýar ynsana soltan Ene!

Asly Arşdan – Alladan, tagty tämiz tylladan,
Gapyl galmaz hiç adam, baky gitmez dünýäden,
Hak howandar, Halk halan, Hakykaty hormatlan,
Baky bagt – baky bahar dünýäme soltan Ene!

Baýram AKATOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 338 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]