22:33

Ene / hekaýa

ENE

Ýok, aslynda ýer ýumrulyp, zamanaňam ahyry gelenok. Tersine, töweregiňe seretseň-ä, öňegidişliklerem bar. Hon-ha ezenegi agyp otyran gök hüjre dükanjyga derek, daşy mermerli- zatly kaşaň kiçi bazar emele geldi. Ýollaryň ýyrtygy ýamaldy, hakyt ýuwup ütüklendi diýseňem boljak. Garasaý, gowy diýmäge esas ýok däl. Aýjemal üçin bolsa beýle däl. Onuň üçin dünýe ýumurlyp, zamanaňam ahyry geldi. Ol häzir özini bu zamana degişli bolmadyk ejirlerdir ezýetleriň içinde duýýar. Ärden aýrylan-a aýyrylany, çagajygynam elinden alyp galdylar görgüliň. Olardan ymykly aýrylany bäri Aýjemalyňky oňmady, her işe baş ursa bir bada gowy bolan ýaly bolsa-da, soňy bulaşdy durdy. Soňam ejizläp, aýallygyny etdi. Hatda gün görmeklik meselesinem aýallygynyň üstine atdy otyryberdi. Ýeňil eklenjiň üstesine keýpiňi sazlaýjy meýlisler ýaş gelni has-da meýmiretdi. Soň-a Aýjemal ol durmuşa bendi boldy gidäýdi. Ymykly ýoluny urduryp, asy-la şony bilen eklenç çeşmesi edindi oturyberdi. Takdyra ymykly ten berdi. Ýöne ýoluňy urduran zenan bolsaň, işigaýdan teniň takdyrdan başga-da eýesi kän. Aýjemal bolsa, şolaryň hemmesini bilelikde ,, takdyr'' diýip kabul etdi. Dagy näme etsin, ol özüne her ýanaşan erkekden degişli hakyny almagy bilýär, kimsinden bir gijäniň nyrhy, kimsiniň gujagyna bagyş edilen sagadyň bahasy. Hatda üstinde sygyr ýaly agynap birje gezek hyrsyny gandyryp degişlije puljagazy goýup gidýänlerem bar. Olar Aýjemalyň gözlüje çeşmesi. Indi onuň ýörite gezim edýän ýerleri , müşderi çekmekde ulanýan tilsimjikleri bar. Günleriň geçýänem belli däl, gatbar-gatbar bolyp Aýjemalyň ýüregine çökýänem…
Indi iki gün bäri ol başga bir dowla düşdi. Ýüreginiň bir ýerinde ýaşaýyşa bolan umyt uçgunjyklaryny dörän ýaly. Hyýalyna goýy dumanyň aňyrsyndan, nähilidir bir ýagty yşk oňa jyklaýar. Ýöne teý uç tapyp, dumany syryp bilenok. Häzir ol öňküsinden hem beter elewreýär. Dagy ne alaç etsin, hakyt bagryndan önen perzendini, heniz alty aýlyk bäbek wagty goýyp gaýdan Umydyny gördi. Özem ony edil golaýjygyndaky mekdebe okuwa beripdirler. Bolýan zada sered-ä, ýogsa Umydyň kakasy welaýatyňam bir obasyndan ahyry.
− A gyz, seň äriňi bärik işe çeken bolaýmasalar, şol-a heleýinem alyp näçe wagt bärdemiş.
Eneşiň bu sözleri Aýjemal serpmeden gaýdan ýaly etse-de ,,Hmm" diýip syr bildirmedikden boldy.
Umyt hakda ilki eşdip, Aýjemala buşlap gelenem jigisi Eneş. Olam bu uly şäherde Aýjemal ýaly kireýne ýaşaýar, ýöne onuň ýanynda äri bar. Özem ilen- çalanlarynyň içinden Aýjemalyň edýän pişesini bir Eneş bilýär. Ýöne gerek ýerinde arkalaşýanam ýene şol görgüli. Bu ýoldan gaýtarjak bolup çydalaşýanam şol. Her näme-de bolsa sen-ä yrsgyňy astyňa çaldyň diýäge-de ýüz öwrüp gidäýenok.

* * *

Aýjemal "Daň agarmanka gitmeli" diýip gürleşen müşderisini, sagat altydan işlände yralap başlasa-da, myhman ýigit daň agaryp daşarda hereket ýygjamlaberende ýerinden gobsundy. Dik oturyp ýüzüni kürşertdi-de, daş töweregine seretdi. Aýna bakyp ýüzüne timar berip oturan Aýjemaly görüp birbada geň galdy
−Eý blä-ä eýýam geýindiňmi-eý, tüwelem-eý sen.
−Näme geýinmän, agşamsy bilen-ä, eşik geýere el degmedi.
Aýjemalyň tasanjyran bolmasyny ýigit öziniň erkekligine goýulýan uly baha diýip ýoran bolmaga çemeli. Heniz ukudan doly açylmadyk ýüzünde, özünden göwnühoş ýylgyryş peýda boldy.
−Çüýşäň düýbinde zat galmandyrm-aý, janam?
−Galdy−diýip Aýjemal, tasap ýerinden turup gitdi. Birazdanam eli ýarty çüýşe arakly we el ýaly kesilen kolbasaly geldi.
−Şu zat ýaman gowy zad-eý.
Doly badany başyna çeken erkek kişiň bu sözi oýunmy ýa çyn. Aýjemalyň bu wagt ony bilesi gelenok. Eger başga wagt bolsa onuň hörpünden gopup, çalýanja sazyna tans etse ederdem welin, häzir öz gyssagy özünde.
−Senem bir ýere şaýlanýaň-maý?
Aýjemala bu soragam ýokuş degdi.
− Hawa, howlukmaç men, seni ugratdygym, barmaly ýerim bar.
−Nirä?
−Oglumy görmäge.
−Nirede,nädip görýäň ony?
−Bolýa-la jan, basymyrak boljak bolaýaly-da, men howlukýan-a…
Aýjemalyň bolşuna nebsi agyrdymy, ýa gahary geldimi, ýigit turup geýnip ugrady, gidip pişik ýuwnuşyny edip geldi.
−Bile çykyp gidelimi, ýa soň çykjakmy, Nasiba?
−Ýok, puly goý-da, gidiber, menem birazdan çykaryn.
Ýigit jübülerini sermeläp, birinden biraz, birinden ýene azajyk goşuşdyryp Nasibaň nyrhyny doldy. Müşderisiniň ondan soňam nämüçindir sag tarap yzky kisesine elini sokup, kellesini saga gyşardyp bir zatlar çykarjak bolmasy hemme zady ilik-düwme synlap duran Aýjemal üçin ullakan wagt gidirmek ýaly bolup duýuldy.
−Bolaý-da janym, men kwartirant-a. Goňşylar görse, ,,Erkek getirýär" diýip hozýaýka aýdarlar-da, çykyp gidäý çaltrak.
Oglan yzky jübüsinden gapjygyny çykaryp, içine bir göz gezdirdi-de:
−Dawaý onda, gitdim. Jaňlaşarys, Nasiba− diýdi-de çykyp gitdi. ,,Nasibada" onuň özi bilen bile çykyp gitdi. Bir gatly öýde Aýjemaly, bir çak öçüp, ýüzüniň zenan perdesi ýyrtylan Aýjemal galdy. Ol üsti-başyna timar berdi-de, aşak düşdi.
Iki günlük terjiribesinden belli, ýene on-on bäş minutlardan soň bir ak maşyn geler-de mekdebiň deňinde Umydy düşürer. Çaga hem arkasyndaky torbajygy düzedişdiren bolar-da, moýmadaklap mekdebe girip gider. "Onuň özüne ejesiniň seredip duranyndan habary bir barmyka?" diýip, Aýjemal oýlanar…
Ilkinji gezek Eneş bilen bile baryp görenlerinde Umyt edil öňjagazyndan geçip gitdi, Aýjemalyň gözi dumanlap, çaga äpet salgymyň aňyrsynda ýaly göründi, soňam heniz mekdebiň uly gapysyndan girmänkä salgyma siňdi. Ertesi Eneş gelmedi. Onuň wezipesi diňe täzeligi Aýjemala ýetirmek ekeni. Gaýtyb-a ol Aýjemala-da barmazlygy ündedi.
− A gyz, men häki bir aýdaýdym, çöpçä gatnan ýaly günde göreniň bilen näme şah çykýarmy?
−Oglum-a, Eneş
−Käşge saňa ,,Eje" diýýän bolsa, seni bilenog-a ol.
−Onda-da çagaň-çagaň bor-da.
− "Çegäň-çegäň bördä" . Eneş uýasynyň agzyna ýaňsyly öýkündi. −Aý loly, çaga gerek bolsa dekje gezmeli ekeniň-da
−Güm bolsana jelep, akylyňy pişigiňe dograp ber. Men-ä oglumy günde görjek, tä kowýançalar
−Wiý bi masgarany, nä ýüzüňe, hmm? −Eneş içýakgyç ýylgyrdy.
Şondan soň Aýjemalam dymdy, ýöne jigisinden göwni galdy…

* * *

Düýnem ol ogluna habar gatmagy ýüregine düwüp gelipdi, Ýöne ýene duman ara düşdi, Aýjemal oňa düşündi. Gözi ýaşdan dolýan eken. Bu ýagdaýda ogluny gorkuzmakdan çekindi, ýene-de ony daşyndan synlamak bilen oňmaly boldy.
Bu gün bolsa onuň ogluny gujaklajagy, bagryna basyp mährinden ganjagy çyny. Göwnüne bolmasa, özem adatdan daşary dogumlanan ýaly boldy. Ak maşyndan düşen Umudy görüp welin, ýene-de süňňi gowşady, ýaňky dogumlar Umydy düşüren ak maşyna atlanyp nirädir bir ýerlere gaýyp boldular. Ol duran ýerinden butnamaga-da ysgyn tapmady, näçe jan etse-de, çaga deňine gelýänçä gozganyp bilmedi. Ine ol oglunyä deňine-de ýetdi, zatdan habarsyz çaga mekdebiň haýatyndan içeri ätledi. Çaga deňinden geçensoň onuň yzyndan garap galan Aýjemal, diňe:
-Umyt, Umyt jan- diýip çala seslenip bildi. Çaga öz adynyň tutulanyny aňşyrmadyk borly, gaty ýuwaş çykan sese bir yzyna sereden ýaly etdi-de, ýene ýoluny dowam etdi.
Aýjemalyň bar ysgyny şol iki sany söz aldy, ol eli bilen mekdebiň haýatyny söýget edindi, eýýam ara açyp ugran oguljygyna seretdi, onuň dumana siňip gitmesinden heder edip yzyndan ýöredi. Ýene-de bir ýerden dogum gelen ýaly boldy, ädimleri ýygjamlady, emma Umyt eýýam mekdebiň girelgesine ýetipdi, ol ylgap diýen ýaly mekdebe girip gitdi.
Aýjemal ysgyndan gaçan göwresini mekdebiň haýatyndan süýräp çykardy. Onuň öýüne baryp näçe ýatany belli däl, emma ol ýene mekdebiň golaýynda köw-söwläp başlady. Yzyny üzmän gelýän jaňlara-da jogap beresi gelmedi. Irdenki gazanjyndan ogly üçin aýryp goýan puluny , köýneginiň "Içki jübisinden" çykaryp ýantorbasynyň aýratyn gözüne saldy.
"Oglum üçin"diýibem, öz ýanyndan begendi. Ýöne näçe jan etse-de Umydyň çykanyny görüp bilmedi. Belki ol Aýjemal daşlaşan wagty çykyp gidendir. Bu gijede onuň "söwdasy" oňdy. Orta ýaşdan agan gyzyl dişli adam gelen wagtam biraz içgili eken, ol bar zatdan ilki Nasiba giden bir taryhy gürriň berdi, aýalyndan zeýrendi. Sögündi. Durmuşyň agyp-dönüp duran tolkunlarynda gaty kän kösenişi, ondan başyny alyp çykyşy hakda pelsepe otarany bilenem kanagat etmän, Nasibanyňam geçmişini sorady. Derdinişesi gelip durany belli. Nasiba-da oňa bir giden taryh gürrüň berdi. Ömrinde el galdyrmadyk ärini günde içip gelip urýan etdi. Özüni urup-ýenjilip öýüne eltip gaýdylan edip görkezdi. Umydyň kakasy Çaryberdini gylyjyndan gan damyp duran zalym edip görkezdi. Gyzyl dişli kişiniň Çaryberdä gahary geldi, oňa gaýybana haýbatam atdy:
− Haý gadyr bilmez bigaýrat, gül ýaly naçaryň gadryny bilmedik eşek diýsänim, swoloç.
Ol Nasibany bagryna basyp, ýarym ýaş naçaryň ýaňagyndan ogşap, saçlaryny sypady. Nasiba-da gyzyl dişliň kükregine kellesini goýup sojap-sojap aglady. Heziller edindi. Ol häzir hemme zat üçin aglady. Aýalyny keseki erkek bilen tutansoňam bar ejiri bagry bilen çekip, hiç kime zat diýmezden heleýini öýünden çykaryp goýberip, soňam hemme soraglardyr gybatlara täk özi çydap ýören Çaryberdä gynanyp agladymy, ýa-da bagryndan önen çagasynyň ýanynda iki sözden aňry uzap bilmedik kelte diline gynanyp zarynladymy, ony özem bilenok. Asyl hiç zady biljegem bolanok. Häzir onuň gözýaşlara erki ýok.
Gyzyl dişli adamam bozuldy:
−Nasiba, gel ikimiz birigeli, ýöne sen maňa bir ikilik etme bolýamy? Goý, geçen zatlaryň baryny unudaly, bolýamy janym?
Nasiba bu teklibe has erbet boldy.
−Ýok janym ýok, indi giç. Indi meniň hiç zada erkim ýok. Indi menden adama heleý bolup, hözir beren ýok. Görýäň-ä men ne agzyma, ne gözýaşyma, ne-de bir çermegime erk edip bilýän. Sen meni ýygnajak bolýaň, akylym. Gyz wagtym ýygnana näme abraý getiripmişim men, indi ýygnaryňyz ýaly. Ol görgülem içinde dogmaz ogul göterip ýör.
Gyzyl dişli oň sözleriniň soňuna ähmiýetem bermedi, Nasibany bagryna basdy, Aglap ýadan zenan erkegiň boýnundan aslyşyp düşege çekdi…
Bu gezek "myhman" Nasibaň özündenem ir turupdyr, ýuwunypdyr, geýinipdir. Özi çaýjagaz içipdir. Garaz, Nasiba turanda ol eýýam gitmäge taýýar eken. Nasiba hasaplaşyp, myhmanyny ugratdy. Otagda ýene çagasyny görmäge howlugýan Aýjemal peýda boldy. "Şu gün-ä bererin" diýip, indi eslije bolan pulunam ýan torbasyna saldy. Bir ýandan heniz birinji synpdaky ogluňa onça pul berseň birhili bolar diýen pikirem kellesine geldi…
Ak maşyn ýene Aýjemalyň Umydyny mekdebiň deňinde düşürdi-de, özi ýoluň uly akymyna goşulyp gözden ýitdi. Aýal aýgyt edip ogluna tarap ýöräp başlapdam welin, Aýjemalyň yzyndan ýöräp gelýän bir gelniň ýanyndaka aýdan sözi, onuň ýoldaşynyň gulagyna ýetmezinden öňinçä Aýjemalyň ýüregine ok bolyp sünjüldi.
−Umyt jan gyz şü, biziň Näzigimiziň uluja ogly, ho-ol jigimiň ärini bärik işe çekdiler diýdim-ä, şoň oguljygy-da.
−Wiý tüweleme, hakyt saňa meňzäp dur-la gyz, daýzasyna çekipdir.
Gelinler aýallara mahsus süýjülik bilen Umydy saklap erkelediler, çaga uýaljyrap daýzasynyň deminden sypandan ok ýaly atylyp mekdebine sümüldi.
Aýjemalyň iki geline gahary geldi. "Ýok,ol meň çagam, öz bagrymdan önen perzendim" diýip gygyrasy geldi. "Häzir baraga-da saçlaryny ütüm-ütüm edemde hem, menden kim nämäni geň görsün?" diýen pikirem birbada kellesine gelmän duranok. Gaharyna tasap öýüne gaýtdy, yzyly-yzyna gelýän jaňlara jogap bermezden, tä daşary ymykly garalýança aglady ýatdy. Näzigiň doganyna gahary geldi, "Uýalman ,,jigimiň oglam" diýýär gyz, Hudaýam ýokdur şo heleýiň, ýogsa içi bilipjik durandyr-la şo çagany Näzigiň dogurmadygyny" diýip, daşyndan pyşyrda-dy. Öz ýanyndan ol ýalançy kezzaba haýbat atdy. ,,Ýalançy hiç wagt baýnamaz" diýip, özüni köşeşdirdi. Ýöne şol güniň ertesem,ondan soňky günem Aýjemal ogluna golaýlap bilmedi. Ony gorkuzmakdan gorkdymy, ýa özünden uýaldymy, belli däl, Umydy daşyndan synlap, hatda garama-gara mekdebiň girelgesine çenli ýöräp gidýän wagtlaram bolýardy. Hyýalynda oňa "Oglum, gowja oka, bolýamy?" diýip öwüdem berýär. Kä gün bolsa, günde beýdip ýörsem çaga yzarlanýanyny aňyp gorkaýmasyn diýip, gizlinlikde synlaýar.
Bir günem onuň ogluna nämedir bir zat iýdiresi geldi-de, aladaňdan turup köke bişirdi, gyzgynjagy bilenem saçaga dolap, eňdi mekdebe. Bir özüne paýlamagy birhili görip, Umyt maşyndan düşip bärik ýöräberende, çagalara paýlan bolup başlady. Ol gitdigiçe çagasyna tarap süýşýär. Ine iki-üç çaga, soň Umyt jan ejesiniň deňine ýetmeli we köke almaly. Bu bolaýmaly zatdy welin, bolmady. Nireden geleni belli däl, bir geýnüwli erkek adam:
−Haýt çagalar, hany beriň eliňizdäki kökeleri yzyna−diýdi.
Çagalar kökeleri alyşlary ýaly yzyna berdiler. Umyt bolsa, heniz eline-de alyp ýetişmändi
−Aý dogan, Hudaýýoly aýtdym, çagalaň eline alanyny bir yzyna gaytarma-da−diýen Aýjemal, kemiş-kemiş etdi.
−Dogan, bular çaga, dogry düşüniň. Mekdebiň öňüne gelip çagalara herkim her zat paýlap ýörse bolmaz-a, kim bilýär näme zat ol. Şoň üçin, senem bize degme, bizem saňa, Hudaýýoluňam kabul bolsun. Iş ýeriňe ýa goňşy-golamyňa paýlaý.
−Maňa gezek gelende sizem çesni bolarsyňyz asyl.
Içinden batly çyksa-da, Aýjemal bu sözleri ysgynsyz aýtdy.
−Bor-la dogan, hökman mekdepmi. Goňşularňa paýlay−diýip, geýnüwli adam meseläni çözen ýaly edip aýala parahat seretdi.
Aýjemal bu bakyşdan "Indi nämä dursuň, git-dä" diýen manyny okady. Ol:
−Haramzadalar! −diýdi-de, göni yzyna öwrüldi. Görgüliň geýnüwli kişä gargynyşy, Näzigiň jigisiniňkiň çaky dagam däl :
−Meýdi ýanan, meýdiň yransyn seniň! Görüňde dik oturgaýsyň, Hudaýym! Haçandan bäri beýle çesni işleýän bolduňyz. Güýjüňiz maňa ýetýär-dä, men ýaly ejize gezek gelende her zat taparsyňyz.Oguljygyma birje köke iýdirmegem maňa rowa görmediň, nejis daşbagyr. Hudaý jan ýeriňde-ýurduňda bar bolsaň, şo haramzada göz görkezmeseň yrza däldirin! –diýip ol, zeýrene-zeýrene ýarym ýaş bolup ýatyp galdy..
Güýz geçip howa sowap başlasa-da, Aýjemal Umyda golaýlap bilmedi. Göýä aralykdaky şol ilkinji dumanlar durlanyp bir aýna, ýa-da göze ilmez diwara öwrülen ýaly.El çekip gidere güýjem tapanok. Kä gijeler içi-içine sygman mekdebiň öňüne gelip aglap gidýän wagtlaram bolýar. Özüne sertmesem peseldi. Şonluk bilen erkekleriň oňa seretmesem peseldi. Ilki-ilkiler kiçiräk ýarawsuzlyk tapyndy. Soň ymykly ýaraman başlady. Kireýne ýaşaýan öýini tabşyryp, Eneşi öňüne tutup atasy öýüne bardy.
… Sowuk howa, sowuk günler, sowuk garaýyşlar we nirden, kimden tapynany belli bolmadyk kesel aýaly ymykly düşege daňdy. Onuň bilenem kanagat etmän, bendäni gara ýere-de duwlady.
Ejesi ärine ajysyny pürkdi:
− "Ölüp dynan bolsa gowy bolardy"diýer ýörerdiň, ana öldi, hezil et indi!
Agyr ýuwdunan erkek dymdy, ýöne onuň bir çak sowap daşa dönen ýüreginde gynanç bara meňzeş däldig-ä çyn. Hezil etmek diýen duýgudan bolsa, bu maşgala baryp-ha Umyt alty aýlyk wagty hoşlaşan…
… Nasiba indi ýok, telefonam öçük. Ony ideýän jahyllar az däl. Ýöne bu gyzyl dişli adamyň ideýşi welin, bir başga. Onuň çyny bilen Nasibany göresi gelýär, oňa derdini dökesi gelýär. Şol gün ony haýyna-waýyna garaman ýygnamanyna ökünýär. Indi ol Nasibanyň gapysyny kaksa, düýbünden başga adamlar açar. Goňşularam Nasibaň göçenligini aýdar. Gyzyl dişliň gahary geler, ýene içesi geler, içer, ýykylar-sürçer. Ony biz bilen baglap duran ýekeje gyzyl dişem hiç kimiň bilmeýän bir ýerinde gaçyp galar-da, ýitip gider…
Umydyň okaýan mekdebem öz durkuny täzelär. Aýjemalyň torç eden ýollarynam ýykan-ýumrran edip sökerler. Soň ony gaýtadan biri-birini kesmeýän görnüşde gurarlar. Bir ýol beýleki ýoluň hol guşuçar ýokarsyndan seredip geçse, ýene biri onuň aşagyndan sümülip geçer. Umydam kem-kem ulalar. Synpdan- synpa geçer, gözjagazy has köp we täsin zatlary görüp başlar. Şonda ol mekdebiň agzyna gün sypdyrman gelýän we özüni mähir bilen synlaýan aýaly görer…

Merdan BAÝAT.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1707 | Добавил: Adalat19 | Теги: Merdan Baýаt | Рейтинг: 3.5/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024

Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Bagabat  
43
Bir kiçijik adamyň şahsy durmuşy tragediýasy juda ýiti hem täsirli edilip şekillendirilipdir. Bir-iki ýyl mundan ozal okanymda-da täsir edipdi. Merdan gowy ýazýar. Häzirki döwrüň kyssaçylarynyň iň täsirli ýazýanlarynyň biri. Özem gözlegde. Dünýä edebiýatynda öňem durmuşyň düýbüne düşüp ezýet çekýän, çagasyndan aýra düşüp ruhy jebri başyndan geçirýän zenanyň obrazy näçe köp bolsa-da, bu waka özboluşly beýan edilipdir. Lenji çykan jümleler, şekillendirmeler ýok. Elbetde, käbir "juda köpbilmiş tankytçylar" "Anna Kareninanyň belli bir epizodlaryny gaýtalaýan ýaly" diýmekleri mümkin. Emma, meniň pikirimç-ä, milli kolorit bilen durmuşy waka gowy işlenilipdir. Berekella. Üstünlik. Galamyň ýiti bolsun. Ýaşynyň näçedigin-ä bilmeýärin. Ýöne soňky ýyllar okaýandygym üçin "ýaş kyssaçy" diýäýýän. Ýazýan hekaýalaryny hezil edip okaýan. Şol sanda Umyt Külänem, Sapa Hommadam, Begli Gowşagam, Sungat Gurbangeldinem, Maksat Bäşimem, Sylapberdi Muhamowam, Seýran Otuzam, Eziz Akaýewem, Enwer Nyzamowam...Olaryň ýazýanlaryny halypalarymyz Kömek aga, Atajan Tagan aga, Agageldi aga, Ahmet Mele aga, Hydyr we Ylýas Amangeldi agalar, Ahmet Halmyrat aga, Orazguly aga, Osman aga, Juma Hudaýguly aga, Atageldi Garaýew, Gurbannazar Orazguly aga, Kakamyrat Ataýew... dagylaryň hem-de özüm bilen deň-duşrak ýazýanlar Maksat Hudaýgulyýew, Hemra Hudaýgulyýew, Şöhrat Mülkiýew dagylaryň eserleri bilen üznüksiz deňeşdirýän. Begendirýän zadam ýigitlerimizde gözleg bar, batyrgaýlyk bilen çemeleşme bar, hyruç bar, ymtylyşam, zehinem, zähmetsöýerligem, bilimem bar.

0
2 Bagabat  
43
Merdan Baýadyň "Ene" hekaýasy.

0
3 MURGAP  
1401
Hezil edip içine girip okadym. Eden hereketi ün zenan hakda näçe erbet pikir etseñ-de, ýowuz darasañda onuñ ýüregniñ çuñynda ýaşaýşa, ez8z maşgalasyna bolan söýginiñ galýandygna göz ýetirdim.Gi de Mopassanyñ "Mapraç aýal" hekaýasy bar. Ilki zenany töwregindakiler ýòrite ýeñil herekete iterýärler, soñunda ondan ýüz öwrip öz abraýna şek ýetmezligniñ aladasyn edýäler. Özünde-de günäñ ulusy bardyr weli, zenany şol derejä eltýän töwedäkilerem deñ günäli.

0
4 Gurgencli  
324
Dädem pahyr, çagasyny ýetimler öýüne tabşyranyna 15 ýyl bolan bir aýaldan "çagaňy henizem ýatlaýaňmy" diýip sorapdyr, aýalam "wah nädip ýatlamaýyn çagajymy 20 gün emdiripdima" diýipdir, çagasyny näçe gün emdirenine çenlem ýadynda ekeni. Enäň perzendine bolan söýgüsi juda çäksiz bolýar.

0
5 Gurgencli  
324
Aýjemal kim hem bolsa, durmuşda nähili ýoly saýlan hem bolsa bary bir ene-da.

0
6 Gumlygelin  
8
Ene-ene bolýar. Ýöne, ak guş ýaly çagasyny bir gyra oklap haramlyk edýän, kowulanda şol çagany taşlap gidip bilýän, soñra-da alty ýyldan soñ gören wagty hem daşyndan synlap durup bilýänlere men-ä ene diýesim gelenok...

0
7 Ependi  
284
Birhili, birhili, birhili, birhili, herhili bolup düşnäýmeseň muňa, näme diýjegiňem bilip bolanok. Awtor dogry zady şekillendiripdir, ýalanmy eýse aýtýan zatlary? Göre-göre gelýäs, ýöne, görmezlige salan bolýas. Özümiz, asyllysyran bolup, ýene şol jelepleriň üstünden gülen bolýas. Ýene ýalanmy? Aýtmak üçin million mysal bar, ýatlatmak gerek däl. Ilki ýokarky hekaýaňy okaň, diýjek bolýanym.

Jelebem bolsa, çagasyny idemek tebigatyň kanuny, ol hatda haýwanada degişli. Merdan Baýadowyň ýazýan hekaýalaryny okasaň, soň pikirlendirýär, şol wagt okap geçseňde. Parh etmersiň, okalan ýalydyr. Ýöne, duýgyňda şol ýatlama emele gelip durandyr. Ýönekeýje mysaly alaýyn, Merdan Talyplar.kom-da bir ýazgy goýupdy, eser şundan ybarat, kopiýalap bilmesemde, ýadymda galanlaryny aýdyp galaýyn: "Biz nämüçin araçäk çekýäs, serhet çekýäs, dünýämiz bir dälmi eýse? Içýän suwumyz, sorýan howamyzam deň. Ýöne, biz ynsanlar deň däl. Älemiň million mikrobynda ýaşasagam öz dünýämizi paýlaşyp bilemzok. Iň bolmanda, goňşy-goňşy bilen araçägini paýlaşyp bilenok. Ynsanlar haçan bir ýere jemlenerkä?" diýen ýazgysy. Soň-soňlar seretsemde şol ýazga üns beren bolmady, özüm gyzyklanyp görsemde. Soňra bolsa, "halyk bilmese halk biler" diýlişi ýaly, gozgap tapdylar ol mowzugy. It dalan ýaly etdiler. Aýtmakçy bolýanym, Merdan öňdengörüjilik bilen ýazýar, özüm şaýat bolamsoň, ýokarda hem belläpdim.

Merdan Baýadowy göremok özümem, emma, agasy bilen bir sagatlyk oturyşmak nesip etdi. Mara gelipdir-de, etrabyň deňinden geçip barýarka jaň edipdi. Salamlaşyp geçip gitdi olam. Ýöne, Merdan bilen jaňlaşardyk öňler, ol Talyplar.com-a kän girerdi, kän zatlar ýazardy. Şonda tanşypdyk, jaňlaşardyk, pikir alyşardyk. Aşgabatda işleýärdi. Soňam ýitirdik aramyzy, mts nomeramyz bardy o wagt, olam ýapyldy. Gowy oglan ol, döredijilige iňňän üns berýärdi. Soňlugy bilenem galama doly ýapyşypdyr. Ýeneki ýyllarda hem görüşmek nesip etsin!

0
8 MURGAP  
1401
Gumlygelin siziñ pikirinizem dogry (öziñçe) ýöne serediñ erkek näm etsede geçirmelimiş sebäbi ol eşekmiş, onuñ edýänin yuregne sygdyryp bilmän birje gyşyran ZENANA kim düşiner

0
9 Atsyzatly  
1393
"Bir ýalňyşdan är ölmez" diýilýär welin bir ýalňyşdan aýal ölýär eken. Hekaýa oňat, real, janly, dilem süýji.

0
10 Garadag  
128
Gynandyrýan ýeri Merdan inimiz gaty seýrek ýazýar

0
11 Garadag  
128
Žurnalistika, onda-da sport žurnalistikasy Merdanyň ähli edebi potensialyny sorup alan ýaly.
Ýöne Merdany günäkärläbem bilemok. Ata kesbi ogla halal. Merdan ata kesbine wepaly.

0
12 Gumlygelin  
8
MURGAP, hekaýa barada gürrüñ etsek Aýjemalyñ ýüzüni ýuwmaga hiç hili esas ýok. Ýanýoldaşy hakda çala agzalyp geçilse-de onuñ oñat oglandygy görünip dur...
Durmuş barada gürrün etsek biwepalyk meselesi zenan üçinem, erkek kişi üçinem agyr duýgy.

0
13 MURGAP  
1401
Gumlygelin biwepalyk agyr duygy bolsa neçün erkek babatda hiç zat etmedik yaly kabul edýälerkä? Zenan naçaryñ göwin islegi, adamsyndan görýän görgüsi hakda biraz alada edilse.

0
14 mango  
651
hekaýaň başynda we soňunda agzalýan "durmuşy (ykdysady) özgerişlikler" baradaky jümlelere üns berdiňizmi? (teksti täzeden ýazmak kyn, ýogsam kopiýalapjyk görkezerdim welin...)
mende şeýle pikir oýandy.
adamlaryň hal ahwalyny ykdysady-material tarapdan çözeniň bolanok (ýollar, täzelenen mekdepler....)
edil şeýlede adamlara diňe ruhy taýdan galkyndyranyňam bolanok. (şanly geçmişimiz, bagtly geljegimiz....)
iksinem sazlap alyp gitmeli.
Aýjemal bilen ýeke ýerde ylalaşyp bolar.
Ene instinkti. Çagasyna bolan söýgüsi.
ýöne, Aýjemalyň ruhy güýçli gelen bolsa köçe aýalyna öwrülmänem bilerdi.
hekaýada Aýjemaly has gowy açsada bolardy....
onuň puşmanlygy, onuň gapma-garşylyg, onuň özüni we edýän pişesini ýigrenişini, şol batgalykda çykmak üçin edýän hereketleri....
aý, ýöne ýazyja öwredip dursaňam bolmaz-la.
göwnüme, Aýjemal ogluny görüp durmak üçin şol mekdebe tam süpüriji bolup işe girmelidir. Oglu bilen ýüzleşmäge gaýrat tapman, kösenmelidir. garaz....
ýöne hekaýaçy hekaýany gowy gürrüň berýär.
berekellalar Merdan dädä.

0
15 Okayjy_  
1500
Gowy hekaýa

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]