11:21

Ene ýüregi / hekaýa

Ogultäç Orazberdiýewa 1940-njy ýylda eneden dogulýar. Döredijilige höwesi ony 1959-njy ýylda Moskwanyň edebiýat institutynyň gapysyndan eltýär. Institutda okap ýören döwürleri Ogultäjiň «Boýdaşlarym» atly goşgular ýygyndysy neşir edilýär. 1967-nji ýylda çap edilen «Ömrümiň bahary» atly powesti bolsa türkmen edebiýatyna täze, döredijilikde öz ýüzi bolan ýazyjynyň gelendigini äşgär edýär. Şeýdip döredijiligiň uly dünýäsine ynamly aralaşan ýazyjy zenan «Ýetginjeklik», «Aknur», «Altynbaş», «Edenli aýal», «Gara gözler», «Boýdaşlarym» ýaly eserleri bilen okyjylaryň söýgüsini gazandy. Bu gün bizem gazetimiziň okyjylaryny halypa ýazyjynyň döredijilik dünýäsine bir pursat seýle çykarmagy makul bildik.

ENE ÝÜREGI

Hemmesi garpyzdan başlandy. Pagta ýygyp ýörkäk, Dursun ikimiziň öňümizden garpyz biýarasy çykdy. Biýarany sermeleşdirdik weli, gür ýapraklaryň arasyndan ullakan garpyz çykdy. Ony sapagyndan ýolduk. Ýardyk. Gaty ýere urlan garpyz çym-pytrak boldy, onuň çigidi bolsa seçme ýaly töwerege pytrady.
Garpyza güýmenip, eslije wagtymyzy ýitirdik. Şeýdip göni iki öňlük pagtamyza zyýan etdik. Şonuň üçinem hemişe geçiň öň aýagy ýaly, iliň öňünde haltasyny gapana goýýan halyma, bir çetde ýygrylyp durun.
Gurbansoltan birgadyň öwgüsi ýaly lezzetli zat ýok welin, käýinjiniň öňünde-de duran özüň bolma. Meni onuň ýagşy gysajyna gysjagyny bilýärdim. Synaga girjek okuwçy ýaly ýöwselläp durşuma, onuň berjek soraglaryna jogap taýýarlaýardym. Gapanyň aňyrsynda oturan birgadyň kä «Berekella», «Tüweleme» diýýän mylaýym sözleri, käte bolsa: «Atyzyň içine uklamaga barýarmyň ýa-da pagta ýygmaga?», «Beýtseg-ä planymyzy täze ýyla çenlem dolduryp bilmeris» diýen sözleri gulagyma gelende hasam howum basylýardy.
Öz ýanymdan näçe käýelsemem, «Ertir köp ýygaryn» diýip jogap bermegi ýüregime düwdüm. Gurbansoltan birgat ýüz gepiň başyna ýetip, ahyry meni goýberdi. Harmanda menden yzda ýetmiş ýaşlaryndaky ýaşuludan başga adam galmandy. Ol pagtaly gapanyň boşaryna sabyrlylyk bilen garaşyp otyrdy. Ol ýaş-ýeleňler nobat berjek bolsalaram: «Siz bir ýaş-ýeleňsiňiz, öýde iş-aladaňyz kändir, meniň nä, baryp nahar etme aladam bamy?» diýen ýaly jogap bererdi.
Men harmandan çykyşym ýaly öýe tarap okduryldym. Güýz agşamynyň salkyn şemalyna ýüzümi tutup barşyma, gaba syrkynlaryň içinden biri çykyp, «wäh» diýäýjek ýaly, üýşenmänem duramokdym. Öz köçämiziň başlanýan ýerinde öňümden çykan garryja aýal meniň badymy saklady. Täze etrapça, her kim bir ýerden göçüp gelen, şonuň üçinem tanaýanlarymdan tanamaýanlarym kändi. Iki elini arkasyna tutup duran garry birine garaşýana çalymdaşdy. Aňyrda, howlynyň içinde bolsa çyraň ýagtysyna çagalar oýnaşyp ýördüler. Ýaş gelin haýdap, bir işlere gümra bolup ýördi.
Deňine ýetip-ýetmänkäm garry maňa ýüzlendi:
— Owlagym, pagta çekdirip gelýärmiň?
— Hawa.
— Meniň oglum-a gören dälsiň?
— Ýok, göremok. Harmanda Welmät agadan başga adam galmady.
Göwnüme garrynyň ýygyrt-ýygyrt bolan ýüzi ýagtylanan ýaly boldy. Ol:
— Hä, onda çaýyny-nanyny taýynlaň diýeýin — diýdi-de, öýüne ýumlukdy.
Garrynyň yzyndan seredip, sähel salym duramsoň, ýolumy dowam etdirdim. Ejem köçä çykyp ýoluma garap duran ekeni. Men heniz öýe girmänkäk ejeme ýaňky, garryja kempir bilen bolan gürrüňi aýdyp berdim. Ejem ony derrew tanady-da, gülüp şeýle diýdi.
— Wah, ol Zeýnep daýzadyr. Onuň ýaşy togsandan aňyrda bolmaly. Welmät aganyň ejesi-dä ol...

1979 ý.

Çeşmesi: “Edebiýat we sungat” gazeti, 07.10.2022 ýyldaky sany. 3 sah.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 167 | Добавил: Bagabat | Теги: Ogultäç Orazberdiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]