20:47

Erkek ruhly jenaýatkär

ERKEK RUHLY JENAÝATKÄR

Taryhda esasan erkekler iň agyr jenaýatlary edýär diýip düşünýän bolsaňyz gaty ýalňyşýarsyñyz. Sizi ABŞ-nyň erkek ruhly zenan jenaýatkäri bilen tanyşdyrmakçy.

1956-nji ýylyň fewral aýynyň 29-ynda Miçigan ştatynyñ Roçester şäherçesinde doguldy. Ejesi heniz 15 yaşyndaka bir oguldan soň, köp wagt geçmänkä Aileenı dünýä indirdi. Özi häli çaga bolan ejesi adamsyndan mydama horluk jebir-sütüm görýäni üçin Aileene gowrelikä adamsyndan aýrylýar. Aileeniň kakasy bolsa maşgalasyndan aýrylanyndan kän wagt geçmän ýedi ýaşyndaky çagany üorlap öldüreni üçin ilki türmä soňra bolsa ruhy taýdan zeperli diýilip hassahana ýatyrylýar. Pedofil kaka ömrüniň soňuna çenli bir otagda galmaly karary berilenden soň kän wagt geçmän ozüni asyp öldürýär.
Aileeniň ejesi 18 ýaşyna ýetenden durmuşyny täzeden başlamak üçin Aileen we ogluny babasyna we mamasyna taşlap öýüni terk edýär.
Alkogolsyz güni geçmeýän iki garry çagalary umuman öz ugruna göýberýär. Olary kemer bilen saýgylamak öýüň içinde bolmalysy ýaly zat hasaplanýar. Aileen 12 ýaşynda çilim, arak, neşe umuman hemme erbetlikleriň tagamyny dadyp görýär. Ol 14 ýaşyna gelende ýakyn bir babasynyň dosty tarapyndan zorlanyp göwreli galýar. 1971-nji ýylda bir ogul dünýä indirýär. Çaga dogulan wagtynda bir gün geçmän başga maşgala perzentlik berilýär.
Soňra ejesi hökmünde görýän mamasy aradan çykýar. Aileen 21 ýaşyna gelende onuñ agasy rak (düwnük) zerarly aradan çykýar. Babasy tarapynda köçä kowulan Aileen köne ulaglaryň ýada taşlanan külbelerin içinde ýaşap başlaýar. Satyjy bolup biraz wagt işleýär. Ýöne gödekligi dawa meýilli bolanlygy üçin hiç ýerde özüne ýer tapmaýar.
Özüniň bedenini satyp pul tapmak onuň üçin bir işe öwrülýär, dowamly bu iş bilen meşgullanýar.
1976-njy ýylda ýene gije öňüne çykan müşderi oňa bütin ömri boýunça birje gezek berlen belki ykbalyny üýtgedip biljek isleg bildirdi. 69 ýaşly Lewis Gratz Fell Aileene ozüne durmuşa çykmagy teklip edýär. Bu Aileen üçin ýaly seks işçileri üçin ýetip bolmajak bir bagtdy aslynda. Aileen durmuşa çykansoňam üýtgemeýär. Wagtynyň köp bölegini barlarda, meýhanalarda geçirýär. Köplenç dawa-jenjel tapyp polisiýa gözegçiliginede düşýär. Adamsy bilen ýaşan maşgala durmuşunda adamsyny kiçeldip onuň garrylygyny ýüzüne urup ýaşaýar, 9 hepdä galman Gratz Aileen bilen aýrylyşýar.
Aileen bolsa ýene öňki nejis durmuşuna dolanyp barýar.
10ýyl boýunça ýaşaýyşy ogurluk, zorlanmak, alkogol, neşe we umytsyzlyk içinde geçýär.

■ TYRIA MOORE WE ÖZGERMEK

Aileen 1986-njy ýylda Floridanyň Daýton säherçesindäki bir meýhanada 24 ýaşly Tyria Moore atly ozi ýaly bir gyz bilen tanyşdy. Umytsyz we ýalňyz Aileen bu gyza aşyk bolýar. Tyria hem oňa garşylyk berenson iki zenan arasynda bagly bir gatnaşyk başlaýar. Tyria o wagt bir otelde işleýän eken. Ýöne Aileeniň erkek ýaly gysgançlygy zerarly ol işden çykmaly bolýar.
Onuň islegi üçin işini taşlamagy Aileeni Tyria beter baglaýar we ol hiç wagt onuň ozüne garşy hyýanat etmejegine beter ynanýar. Işsizlik bu iki zenany gaty kyn şertlerde ýaşamaga mejbur edýär. Olar günlik otellerde, harabalyklarda ýa-da mezarlyklarda ýaşap başlaýarlar. Tyriany bagtlyk etmek ugruna Aileen her işi edýär. Ýöne ýyllar onuň gözelligine hyýanat edýär ol indi 5-10 manatlyk bir jelepden başga zat däldi.
Tyria bolsa bu şertlerde ýaşamak islemeýänligi sebäpli Aileenden aýrylmak isleýändigini aýtdy. Ilkinji gezek soýülmek , we mähir gören ynsanyndan aýrylmak onuň üçin gaty agyrdy. Durmuşuny özgertjek pikirleri we 22 kalibrlyk ýaragy onuň ilkinji gezek şol wagt ýadyna düşdi. Tyria üçin elini gana bulady.

■ JENAÝATLAR

Aileen bütin durmuşyna seredende erkeklerden diňe azap we kiçeldilme gördi, olary ýigrenýärdi.
1989-njy ýylyñ dekabr aýynda 51 ýaşyndaky Riçard Mallor deňiz kenarynda özüniň ulagynda öli halda tapyldy. Maşynyň içinde boş gapjyk, prezerwatiw boş wodka çüýşelerden başga hiç zat ýokdy. Eldäki delil diňe 22 kalibralyk ýaragdan çykan oklardy.
1990-njy ýylyň maý aýynym 19-na 43 ýaşyndaky Dawid Spears ýene öz ulagynda öli halda tapyldy ýene boş alkagol çüýşereli we 3 ok yzyndan başga delil ýokdy.
Şeýle ýagdaýda bir ýylyň dowamynda resmi 17 erkegi öldürip,gapjyklaryny, gymmatly zatlaryny ogurlap bir topar jenaýat etdi.

■ SOŇA GIDEN ÝOL...

Aileen öldüren gurbanlaryndan ogurlanan zatlary ulanylan zatlary satýan dükana satýan eken. Bu dükanyň zatlary almagy üçin şahsy anyklaýan resminamadan başga barmak yzyny bermeli ekeni, Aileen özüni ele düşmejegine göeni ýetip barmak yzyny basypdyr.
Şäherçäniň çäginde yzly-yzyna ýüz berýän jenaýatlaryň gurbanlarynyň jesediniň ýanynda mydama prezerwatiw we jesetleriň ýarym ýalaňaç bolmagy jenaýatkäriň bir zenandygyna (jelepdigine) detektiwler we jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri gazet we habar beriş serisdelerine bildiriş berdiler.
Iň soňky jenaýatda fermer aýalyň gören iki zenanyň düşündirişi bilen jenaýatkäriň robot suraty çekildi.
Ähli zat gün ýüzüne çykyp başlapdy diňe jenaýatkäriň ýaşaýan ýerini tapmak we ele salmak galypdy.
1991-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda polisiýa işgärleriň ikisi müşteri keşbine girip Aileeni bir meýhanada ýasama pasport ulanmakdan ele saldylar. Çünki jenaýatda ulanylan ýarag ele salynmandy we ortada hiç hilli delil ýokdy Tyria Moore bolsa heniz näbelli ýagdaýda ýitirim bolupdy.
Iki gün soňra Tyria doganynyň öýünde ele salynýar. Polisiýa işgärleri Tyria eger jenaýatlary gizlese munuň soňy gowluga barmajagyny aýdyp gorkuzýarlar we ähli bilýän zadyny anyklaýarlar.
Aileeniň ilkinji jenaýatyny bilýändigini beýleki jenaýatlarda diňe pul we sowgatlary kabul edendigini boýun alýar.
Hiç bir jenaýaty kabul etmedik Aileen sud zalynda Tyrianyň bu görkezmesini eşdip däliräpdir. Soňra bolsa polisiýanyň bilmeýän iki jenaýatyny hem boýun alýar.
Psihiki ýagdaýda baglanan ähli zady ugruna pida eden söýgülisi oňa hyýanat edenden soň ol özüne ölüm jezasyny berilmegini sorapdyr.
"Eger maňa ölüm jezasyny bermeseňiz men türmeden çykaýsam ýene öldürmegimi dowam ederin ýöne bu gezek erkekleri däl zenanlary hem öldürerin"diýipdir.
Ölüm jezasy berilmegi üçin eden etmedik ähli jenaýatyny boýun alan Aileen 10 ýyl soňra 2002-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda zäher berilip öldürilipdir. Iň soňky islegi soralanda bolsa "ajy kofe" isläpdir. Jesediniň ýakylyp tokaýa zyňylmagyny islädir.
2003-nji ýylda durmuş ýoly Monster filimine hekaýa bolupdyr.
Bu wakany okanymdan soňra mende bir sorag ýüze çykdy aslynda kim esasy jenaýatkär? Aileenmi ýogsam höwesleri ugruna çagalaryny terk eden ejemi? Ýa-da aýalyny horlan çagalaryny har eden kakamy?
ÝA-DA gije durmuşundaky aýallara "aý ol jelep.." diýip ýeri gelse, şo "jelebe" pul töläp etjegini edýän erkeklermi?!
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 487 | Добавил: Raziýe_Soltan | Теги: Gülälek Begjanowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Zenan şahsyýetler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]