17:06

Erkekleri tozanyna garan zenanlar -2: Sesiliýa Helena Peýn-Gapoşkina

• Açyşy ogurlanan astrofizik: Sesiliýa Helena Peýn-Gapoşkina

XX asyryñ başlarynda alymlar Günüñ agyr elementlerden ybaratdygyna ynanyp ýörkäler, 25 ýaşly ýaş talyp birkemsiz we täzelikçi doktorlyk dissertasiýasy bilen orta çykdy.
XX asyryñ iñ uly astronomlaryndan biri ýyldyzlaryñ himiki bileşimini açmagy başardy.
Peýn-Gapoşkina Garward uniwersitetiniñ obserwatoriýasynda hindi fizigi Megnad Sahanyñ ionizasiýa gönükmesinden peýdalanyp, ýyldyzlaryñ gyzgynlygyny we himiki konsentrasiýalaryny kesgitledi.
Onuñ bu batyrgaý çemeleşmesi arkaly geliniñ we aýratynam gidrogeniñ ýyldyzlaryñ esasy komponentleridigini açdy.
Gidrogeniñ diñe ýyldyzlary däl, bütin älemi emele getirýän esasy bileşik olduğunu görkezdi.
1924-nji ýylda Peýn-Gapoşkina ýyldyzlaryñ esasan gidrogenden dörändigini aýdanda, onuñ bu pikiri gülkünç hasaplandy. Şol döwrüñ meşhur astrofizigi Genri Norris Rassell Peýn-Gapoşkinanyñ çemeleşmesine "Bu hiç mümkin däl" diýip ýazdy.
Rassell bu pikire gazaply garşy çykyp, Peýn-Gapoşkinany çykaran netijesini mälim etmezlige yrdy. Peýn-Gapoşkina pikirine hiç kim kimden goldaw almaýşy ýaly, barlag geçirmek üçin kredit pul hem alyp bilmedi.
Çünki Rasselliñ pikiriçe Sesiliýanyñ gelen netijesi umumy kabul edilen kadalara goldanýardy wagtyñ akymyna tersdi. Şonuñ üçinem onuñ makalasyny çap etdirmedi. Emma Rassell has soñra karz pul alyp, Peýn-Gapoşkinanyñ açyşyny öz adyndan çykartdy.

Peýn-Gapoşkina has soñra gipotezasyny astronomlaryñ hormat bilen agzaýan "Stellar Atmospheres" kitaba jemledi. Birküç ýylyñ içinde gelen netijeleriniñ hem-de düýpli we dogry işdigini hemmeler ykrar etdi.
Sesiliýa Peýn-Gapoşkina islendik ýyldyzyñ gyzgynlygyny spektrinden bilip boljakdygyny ilkinji gezek görkezdi.
XX asyryñ iñ saýlama we döredijilikli astronomlaryndan biridigi biragyzdan ykrar edilen Sesiliýa Peýn-Gapoşkina ýaşan ömründe Döwlet Ylymlar Akademiýasyna kabul edilmedi.
Ylym dünýäsinde ady Galileo Galileý, Isaak Nýuton, Albert Eýnşteýn ýaly alymlar bilen deñ hatarda tutulmakdan geçen, ylmy guramalaryñ erkekleriñ agdyklyk edýän düzümi Peýn-Gapoşkinanyñ bitiren işleriniñ mynasyp bahasyny almagyna päsgelçilik döretdi.

(Dowamy bar)...

Müžgan HALIS.
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 271 | Добавил: Gökböri | Теги: Müžgan Halis | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Zenan şahsyýetler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]