20:36

Etsemim kän ýüregimde...

ETSEMIM KÄN ÝÜREGIMDE...

Etsemim kän ýüregimde,
Türkana hem sada bolsam.
Durmuşda bir gerekli ýol,
Iň bolmanda, ýoda bolsam.

Dag bolmasam kert gaýaly,
Iň bolmanda, depe bolsam.
Hüjüm etmän, hüjümleri
Serpikdirsem, depelesem.

Aňňat-aňňat gumly çölde
Akar suwly derýa bolsam.
Şat günlerde bir hoş owaz,
Gamly günde girýan bolsam.

Göwünleri ynjytmasam,
Ýakynlarym yrza bolsa.
Işlerimden monça bolup,
Ene-atamyň ýüzi gülse.

Men tarapdan zyýan görmän
Ýaşap ýörse duşmanymam.
Yza tarap ätmesem bor,
Goý, bir ädim aşmaýynam!

Ýarap bilsem il derdine,
Düşünsedi maňa ilem.
Taýym bilen bir ýük alsam,
Hiç wagt gypjynmasa bilim.

Galamymam kütelmese,
Ýazyp bilse derekliräk.
Bir maksada ugrugamda
Bolup bilsem ýürekliräk.

Haýyr işe köp ymtylsam,
Gaçyp bilsem gohdan, şerden...
Şu aýdanmyň, iň bolmanda,
Ýarysynda dursam merdem...

Sapa HOMMADOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 457 | Добавил: Нawеran | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Солдаты Дзержинского / Goşgular - 13.02.2023
«Как богат я в безумных стихах!..» / Goşgular - 01.02.2023
«У камина, у камина…» / Goşgular - 02.02.2023
Gorky / Goşgular - 06.02.2023
«Тихо вечерние тени…» / Goşgular - 02.02.2023
«Глотаю солёные слёзы…» / Goşgular - 11.01.2023
Отцветшая краса / Goşgular - 01.02.2023
П. И. Вейнбергу / Goşgular - 08.01.2023
Амалтея / Goşgular - 15.02.2023
«Над Феодосией угас…» / Goşgular - 14.02.2023

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Garaýolly  
27
Sapa Hommadowdan yene bir gowy goshgy. Shygyr sanawac shekilli bolsa-da, adamy Adam edip bezejek detallardan ybarat. Shahyryñ boyun alshy yaly, aydylyan zatlaryñ iñ bolmanda yarsyna amal edende-de, adam hakyky ynsanlyk gymmatyna eye boljak.

0
2 Garaýolly  
27
Sapanyñ kan goshgylary agras we saldamly okalyar. Munuñ ozi onuñ goshgylarynyñ gymmatyny kesgitleyan yaly.

0
3 Mergenowna  
28
Ajaýyp goşgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]