13:29

Fransiýa täsirleri

FRANSIÝA TÄSIRLERI

▶ SAG BOL, ARKADAG!

Ýörän ýollarymyz rowan eýlediñ,
Müşgil işlerimiz eýlediñ asan.
Şu gün bagtly duýdum şeýle men,
Çünki öñümizde açylýar jahan,
Ýewropa açylýar,
Açylýar dünýä,
Türkmene ýene-de gujagyn gerýär,
Bimahal Gyratyñ owazy gelen,
Gadym Pereñistan ~
Gözel Fransiýa.
Taryhda atalañ ädimläp geçen
Ýürek ýolun biz bir demde geçýäris.
Arkadag!
Hut siziñ yhlasyñyzdan
Bu beýik bagtyýar zamanymyzda
Älem içre ganat ençe oba-şährini,
Ýap-ýañy tamdyrdan çykan çörek deý,
Gyzgyn ýüregmiziñ ýyly mährini
Paýlaşýarys dost hem dogan halklara,
Girýäs, şeýdip, köñüllere, kalplara.
Türkmenistan!
Bu söz ençeme dilde
Ýañlanýar şeýlebir şirin, zyýada,
Ýaşyl Tugumyzyñ galyp belende,
Ýewropada, al-asmanda, howada
Pasyrdal durşuny görmegem içgin,
Bagt biz üçin.
Türkmen bolup çykýarys biz jahana,
Buýsanjymyz, dessur-däbimiz bilen.
Añzak gyşam öwürýäris bahara,
Açyk göwün, ýagşy pälimiz bilen.
Dünýä bize bakýar, biz hem äleme.
Paýlaýarys parahatlyk güllerin.
Şeýdip tutuş millet bile, il bile,
Görýäs hözirini ýagşy günleriñ.
Sag bol aladaña, Arkadagymyz,
Hak öz penasynda gorasyn Sizi!
Ýer ýüzüne ýaýyp şöhrat-şanymyz,
Göterdiñiz arşa mertebämizi!

▶ OWADAN PARIŽ

Arzuwlar mekany ~ owadan Pariž,
Görmek nesibämde bar eken seni.
Goýduñ ýüregimde öçmejek bir yz,
Unutman hiç haçan ezizligiñi,
Ah, owadan Pariž, owadan Pariž!

Algyr laçyn deýin düşende gökden,
Görmäge göz gerek türkmen uçaryn.
"Bonjur-bonjur" * diýip, gör, çyn ýürekden,
Dostlar bize giñden açýar gujagyn,
Ýazyp üsti naz-nygmatly saçagyn.

Ýañlanýar Aziýañ deprek-tüýdügi,
Ýewropa türkmeni basýar bagryna.
Pariž ~ külli ynsanýetiñ söýdügi,
Nepisligiñ bilen girdiñ şygryma,
Döredip kalbymda täze aýdymy.

Göz öñünde gözelligiñ güwäsi,
Eýfeliñ birgeñsi ýalbyrap durşy.
Bezäp san-sajaksyz belent binany,
Gijeki yşyklañ ýaldyrap durşy,
Senada gämileñ ýaýkanyp barşy.

Birden-ä gar ýagýar, 
Gün çykýar birden,
Ylham, yşk, söýgi çogup dur serden.
Luwr muzeýine aýlanyp men-de,
Jokondanyñ suratynyñ öñünde,
Doñup durun duýgy bilen heserden.

Ýeliseý durşuna märeke, millet,
Mähelle. Bir pursat oýlan, pikir et.
Hindi, hytaý, hebeş, arapdyr ajam,
Sungata sežd edýär tutuş jemagat,
Elinde kamera, kagyz hem galam.

Notre Dame de Pariže ** bakamda,
Eşidýärin mährem ene hüwdüsin.
Eziz balasyny bagra basanda,
Diñleýşim deý näzik kalbynyñ sesin,
Oýlandym men zenan bagty hakynda.

Eý, jahanda moda merkezi Pariž,
Müşk-anbar ysly Pereñistanym!
Nurana keşbiñiz unutman hergiz,
Galleri La-faýet, Prentan, Riž! ***
Gözellik mesgeni, bagy-bossanym,
Ah, owadan Pariž, owadan Pariž!

___________________________________
* Bonjur - salam.
** Notre Dame de Pariže - Merýem enäniñ ybadathanasy.
*** Galleri La-faýet Prentan, Riž - Parižiñ belli restorany we myhmanhanalary.

Bäşim ATAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 589 | Добавил: Нawеran | Теги: Bäşim Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]