07:17 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Gülnabat Hurşidowa | |
• Gülnabat Hurşidowa barada
Ýaş şahyr Gülnabat Hurşidowa 1994-nji ýylyñ 25-nji sentýabrynda Mary welaýatynyñ Ýolöten etrabynyñ Talhatanbaba obasynda dünýä inýär. 2001-nji ýylda oba mekdebine okuwa baran Gülnabat 2011-nji ýylda şol mekdebi üstünlikli tamamlaýar. Ol öz ýazýan goşgularynda çuññur lirizmi we täsirli romantizmasy bilen deñ-duş şahyrlaryndan mese-mälim tapawutlanmagy başardy. Gülnabat Hurşidowa 2016-njy ýylda Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymçylyk institutyna okuwa kabul edildi we häzir şol ýokary okuw jaýynyñ türkmen dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji kursunyñ talybydyr. ▶ GOŞGULAR ÇEMENI Bilýäñmi sen telbe gyzy söýenñi? Agşam Aýdan, gündiz Günden dilenip, Sarnaşdyryp setirlerniñ bilenñi Ýandyñ, howur aldyñ yşka elenip. Şyññyrdadyp şelpelerin ýyldyzlar Asmanyñ kükregne batan mahaly. Sen yşkyñ hakynda gürläsiñ geler, Ol başgaça, seniñ bilen däl haly. Näletläp dilberi duşuran güne, Lagnat atyp şol gündiziñ gursagna. Bir gün soñna sogan ekip umydyñ, Soñky sözleriñi aýdyp dursañ-da, Ol barybir duýmaz, göwnübir ýaly, Sebäp şahyr gyzyñ başgaça haly. * * * Sen meni dola dünýäme, Men dünýämden daşlaşaýdym. Kitap, şygyrdy hezilim, Indi söýgä baş goşaýdym. Dola meni, Tukat dünýäm Elenip galmasyn eñräp. Men diñe söýüp ýaşaman, Kalpda şatlyk-gussa deñräk. Dola! Şahyr dostlarymyñ Meýlisinde bagtly men. Özge dünýä küýsegim dãl, Öz dünýämde tagtly men. * * * Çagyr meni bir arzyly myhman deý, Gyrmyzy çakylyk ýolla öýüme. Bezenip-beslenip uzak menzilden Bararyn dañynyp şapak deý öýme. Gunçalan gül kimin leblerim boýap, Gözlerime çekip saçym reñk sürme. Gussamy gursagma gizläp bararyn, Gözlem ýylgyrmasa, meni geñ görme! Saýlap sözleñ süýjüsinden-süýjüsin Söz sözlejek. Haýran galsyn tamada. Toýuñda iñ gowy gutlagym bolar: "Men-ä bagtly, nesip etsin saña-da!" * * * Köýen çörek ýaly ne goýup bilýän, Ne-de ýoldaş edip bilýän ýanyma. Güne guran ýaprak deýin ýaldyrap duran "janym üflãp goýber janyña". Ýogsa tebil tapyp tebsirän janym Gyýym-gyýym etjek dostlañ hilesi. Eger duşurmasa dözümli ykbal, Sesiñ ýetdiginden gygyryp çagyr Çözülsin ýazgydyñ çolan pilesi. Çagyr, giñ şãheriñ köçelerinde Bizden bašga tanyş-biliş, dost-ýar kän. Goý, görsünler telwas edip barýanym, Ýöne çagyr gözleriñi ýummankañ. Birden menem ýetip bilmän ýanyña, Bulutlardan gözýaşymy ýollasam. Ýyldyrym ýetirse meniñ perýadym, Ýüregme sygdyryp bilmän aglasam, "Ejiz eken" diýip gama batma sen, Bu haýyrdyr, belki, saña ýetmesem 30.08.2017 ý, 1:20 * * * Kuýaşyñ şöhlesi terk eder şähri, Tümlük gaplar binalaryñ depesin. Baglary buz bürär, gunçalar gülmez Şäher kynlyk bilen alar nepesin. Zaryn bakar müñ monjukly asmana, Haraý bolmaz gözel görkli Aýdanam. Kuýaş şöhlesini gizlär şäherden, Ýylgyrmaz şähere ýaşmakly dañam. Göwni galar (gyýylmagam ãhtimal), Ömûr dowam eder tünüñ içinde. Şãher küýsâr Günüñ tylla şöhlesin, Kuýaš ýiter eken serden geçende. * * * "Maña bir damja gözýaşyñ suraty gerek" M.Hudaýberdiýew Maña bar gerek zat ýekeje damja, Dury damja, mañlaýym dek tagamy. Ýanyp öz ömrüni soñlan şem kimin, Alawlamak dertlerimiñ täk emi. Teselli bor körük bolan kalbyma, Heser beslär goşgularmyñ setirin. Ýanyp ýüregimiñ garalan çüñkün Melhemlejek şol damjany getiriñ. Ýeke damja ~ bary-ýogy bir damja, Garamyk gözlerden insin syrygyp. Siñip ýüregimiñ gyzyl törüne, Hasrat sumat bolsun bir ýan syrylyp. 06.07.2017 ý. * * * Meniñ bir ýerlere gidesim gelýãr, Gep-gybatyñ, şumlugyñ ýok ýerine. Pikirlem bir ýere atasym gelýãr, Ýogsa agram berýãr jahyl serime. Çekinji ýok ýazgytlary garalap, Il mañlaýy garalama mysaly. Goluñ tutup barsam eneñ gaşyna, Diýsem: "Rugsat bolsa, gaýta ýasaly". Gumy höwür bildi jan beren bende , Kepene däl, şum diliñe dolandy. Galjak tirsegine "häýt" diýmek üçin Arman, ýeriñ gursagyna duwlandy. Gara göze ašyk bolan ýigidiñ, Ýag damdyrdyñ peltesiniñ oduna. Yşk şährini talap geçdi hazanyñ, Ýykan dünýäñ hiç kim ýetmez dadyna. Gyl geçmez aradan sen geçdiñ şuwlap, Yranmaz ynamy eýlediñ weýran. Ini-boýy iki barmak şum diliñ Agramy put aşýar, eý, näkes, haýran! 14.07.2017 ý, 00:34 * * * Görjegem däl. Görmegiñem islämok. Bilsem boldy gelip-gidýän nepesiñ. Göwnüñ jylawyny elime berip, Synaga salýañmy bu päli pesiñ?! Bir umydym ýatlamalar ýeñlese, Kiparlasa wadalaryñ şemaly. Irde-giçde geçmişimi sermeläp, Boljak borun öñkim ýaly kemally. Geçse geçsin günlerimiñ kerweni, Ýazylmasyn ýazgydyma señ adyñ. Bagtly bolýan bolsañ, boluber mensiz, Menem sençe bagty borun bir ýadyñ. Ýogsa näme kofe bilen dertleşip, Şonuñ renkin çalaýynmy alnyma. Başardykça bagta bagty öwredip, Bataryn men "bal kölüniñ balyna". 15.07.2017 ý. * * * Başga-başga şäherlerde, Penjireden bakýas Aýa. Bir ýerlerden sesiñ gelýãr: "Ýyly geýin, özüñ aýa!". Egnimde ýyly possunym, Aýaz bilen görüşmäge. Güýzmeñizli, men biynjalyk, Hyýal bilen göreşmäge. Goja dûnýä niçik sowuk, Gowsy gursagym darsa ýar. Uzak Afrikanyñ zary Ýûregimde ot gorsaýar. Niçiksi possun ýyladar, Ýüreklere aýaz gelýâr. Güýzmeñizli, uzaklarda Adamlar açlykdan ölýär. * * * Agla, gardaş, dök gözýaşyñ, Ykbal berdi bize gussa. Gel ýene-de derdiñ egis, Irde-giçde ýürek gyssa. Paýlaşaly gussalarñy Ýeke çekmek, bilýän, agyr. Dertli ýürek aram tapman , Ejizlese meni çagyr. Ýogsa-da, gel, aglama:ly Aglap gelen dünýämizde. Sowulmajak bahar bolup, Ýylgyryşlar galsyn ýüzde. 27.05.2017 ý. * * * Degmäñ ynjyk göwnüme, Onda ýene men otyr! Ýylgyrmasa bägüller, Berermi gülap atyr?! Ýyldyzlar göz gyrpmasa, Gije bolarmy gije?! Bagšy aýdym aýtmasa, Durmuş çykmazmy hije?! Çakmasa ak ýyldyrym Bahar berermi ýagyş?! Ašyk göwnün tapmasa, Magśuk be:rmi ýylgyryş?! Göwnüm şa pyýalasy, Göwnümi döwmäñ meniñ! Göwnümde men otyryn, Ugruna bermäñ ýeliñ! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |