GAÇGAK / metakyssa
Ol sözler dünýäsinde ýaşaýar. Howaýy bolmadyk sözler bilen dem alýar, aş ýaly süýri jümleler bilen iýmitlenýär, pikirleri içinde bişirip, ajaýyp sözlemleri daşyna çykarýar. Barybir şol sözlemleriň täleýine kanalizasiýa turbasyna akyp gidýän täret kibi ýitip gitmek ýazylan bolsa-da, munuň ähmiýeti ýok, olaram iru-giç kanala akyp barar, onsoň derýa, soňra deňze goşular, adamlaram baryp, oňa hezil edip çümerler, ondan şypa taparlar. Bu ajy hem süýji akymlary garyşdyran deňziň ýüzünde pikir gämisi ýelkenini galkan edinip ýüzer. Belki, kimdir biri şol gäminiň bogaldagyny gujaklap, gözýetime sereder, ajap arzuwlar eder. Çünki ummanlar-deňizler adamy mydama-da ham-hyýala imrindirýär.
Ol işeňňir, emma dek oturanda-da pelsepe otarýar. Käte ony gijelerine gülkünç oýlar oýarýar. Käte gamgyn oýlar beýnisin oýýar.
Çaga wagtam şeýledi. Başgalaryň güýmenjesi bilen seri ýokdy, diňe söz oýnadýardy. Iliň çagasy top tutup oýnasa, ol oýnuň özüni topa tutýardy. Çuň oýlar bilen oýulan beýnisi eýýäm şol uçurlar oýmaga döndi.
Ýöne bilýard şarlary ýaly çukura tarap togarlanyp barýan ýer togalagynda kislorod bilen wodoroddan başga-da ýaşaýyş üçin wajyp elementler bar eken. Olaryň biri Mendeleýewiň tablisasyna girizilmändir – Pul. Görkeziläýen ýagdaýynda, çakyma görä, ol tablisada atkelle «$» belgisi bilen aňladylardy, ýöne goşa dyrnaksyz, sebäbi ony dyrnaklabam, penjeläbem, ýumruklabam saklap bolmaýar.
Adamzat korporasiýasynda seni onuň mukdaryna görä sana goşýarlar, sanara zadyň ýok bolaýsa dagy, sanaglyň doldugy biläý. Duz gytçylygynda «duzumyz baýapdyr» diýilişi ýalydyr. «Sanagly» diýen wariantyna derek, «sanalgy» sözüni ulansagam boljak welin, bu ýerde algyň däl-de, bergiň gürrüňi gidýär.
Şonuň üçin sözleri terk edip, ol sanlaryň dünýäsinde ýaşamaga mejbur boldy. Ilkibada bialaçlygyndan ýaňa gama batsa-da, soňabaka onuň özüne gama batan, has dogrusy, erbet tyg sünjülen, göni ýüreginden sokulyp, towlanan ýaly boldy. Şol towlanýan açar bolanlygynda, belki, ol tow berlen dek has erjel işläp başlardy, açylyşardy, ýazardy, ýöne häzir ol klawiaturanyň diňe çaklaňja ýerini tutýan sag tarapyndan – sanly düwmejiklerinden peýdalanýar. Hem pikirlenýär:
– Haçana çenli men basa oturyp, bu düwmeleri basmalykam? Şu işden ýaňa düwmeleriň syrçasam, gabarçak barmaklarymyň yzam ýitip gitdi. Bu bolşuma menden yz galarmyka beri? Dogry, men başardygymdan pul çöpleýän. (Pula gezek gelende «çöplemekden» jaýdar söz ýok. Ony ýygnanyň tikenli çöp-çalam çöplän bilen deň, – aýagyňy ganjardýar, eliňe batyp, gysymyňdan dökülýär, özüňem dura-bara çöpe dönýäň). Ýöne men olaň sowulşynam duýman galýan, şatlyk-gaýgyly durmuş bolsa menden sowa geçýär. Şeýdip, bir gün çöpüňem tükenjek.
Käteler ol:
– Bu sanlaryň girdabynda halys boguldym-la! Biribar meni näme üçin şeýle synaga sezewar edýärkä? – diýen soragy iki abzasyň aralygyndaky boşluga atyp, iki jahan owarrasy bolup oturýar.
Emma sanlaryň dilinde aýdylşy ýaly, Biribara iki hasap bir otuz. Has tygşytlap aýtsak, Biribara barybir. Ol öz hekaýasyny düzmeli…
Bir probeljik goýarlyk bar eken-ow, sözler dünýäsiniň gahrymany geçen abzasyň soňundaky nokadyň yzýany aýak yzyny galdyryp, ony köp nokada öwrüpdir-de, öňünden meýilleşdirilen beýanatdan gaçyp gidipdir. Ýogsam awtoryň eradasy bilen ol edarasynda çüýremelidi ahyryn.
Galamdaşlarym maňa her babyň soňundan şeýdip «*» ýyldyzjyk goý diýip maslahat berýärdiler welin, emmasy bar eken-dä. Gahrymanlar birdenkä «Soňuna» garaşman garasyny saýlaberjek bolsalar, olaryň eşigi alty burçly şol ýyldyzjyga ilişip galýandyr-da, elbetde.
Üns beriň, ol ýyldyzam, «Soňunam» goşa dyrnaksyz ýazmalydyr. Men-ä ony grammatikanyň kadalaryna gaty ynjyklyk bilen esewan edýän okyjylar üçin goýaýdym.
Ýeri bolýar, men baş gahrymanyň gözlegine çykaýyn, bolmasa hekaýa warsaka ýazyp barýar.
Ahyryn tapdym… Kitaphanaly iş otagymda otyrkam, bir ýerlerden geň-taň sesler eşidildi. Diňşirgenip, onuň köne türkmen kitaplary seteram duran tekjeden gelýändigini anykladym. Görüp otursam, ol 1994-nji ýylda Magaryfyň çap eden «Gorkut ata» kitabynda syňsyraklap ýören eken. Neşiri boýdan-başa waraklap, ony 71-nji sahypada, Däli Domrul hakdaky boýda tapdym. Kitapda onuň ady «Dumrul» diýlip ýazylypdyr.
Uruşganlykda ýakasyny tanadan Däli bu ýerde bir çaýyň üstünden köpri aşyryp, şondan biznes gurap ýören eken, şol bir wagtyň özünde-de eliniň gijilewügini diňe bir zikge pul bilen däl, adamlaryň tumşugy bilen gazaýar. Garaz, Ezraýylyň şol köpriniň ýamajyndaky obada bir ýaş ýigidiň janyny alandygyny eşidip, Gurhany, Injili okap görmedik, teologiýadan asla başy çykmaýan Domrul Taňra ýüzlenip, öz düşünjesine görä ýaňky jenaýatkäri söweşe çagyrýar. Uruş sungatynda ilki garşydaşyňy tanap, gowy öwrenip, soňra ringe çagyrmalydygy baradaky düzgüninden Oguz iliniň tarhan batyrynyň bihabardygy mese-mälim. Ine, şu sözi eşidip, onuň men-menligini unamadyk Taňrydan Ezraýyla yrada gelýär:
– Bar, şol Däliniň gözüne görün, meňzini sarardyp, harladyp janyny algyl!
Edil şol sözlemiň yzyndan meň gaçgak gahrymanym peýda bolýar:
– Eý, gudraty güýçli Biribar, sözümi diňle, tagapyl eýle! Öz ýaradan däli ynsanyň birle deň bolma! Goý, agzy gurysyn, dili çüýrisin onuň! Nadanyň näme aýdyp, näme goýýanyndan habary ýokdur, diňe düşündiriş leksiýasy bilenem oňňut eýlär, toba kylar ol!
Bu ýerde Hak tagalla söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş:
– Ahow, Ezraýyl, aýtgyl oňa: «Sen kim bolar sen, aradan aýryl» diý, meniň bilen gönüden-göni habarlaşmak hukugyny iki-ýeke ýalawaç birle perişdelerimden özge mahluga bermes men.
– Eý, beýik Taňrym, bu etmişim üçin gaýtmyşym edýän, günämi geçewer. Meniň barça niýetim bu kitaby artykmaç ölümden gutarmakdy. Häzir Ezraýyl baryp, Domrulyň…
– Dumrul diýmeli!
– Bagyşlaň… Elgaraz, Ezraýyl baraga-da, onuň bogazyna penje urdugy, Dumrulyň özem toba kylyp, aman diläp, «daglarmyzda baglar bolar, ol baglaryň gara salkym üzümleri bolar, ol üzümi sykarlar – al şeraby bolar, ol şerapdan içen esrik bolar» diýu, etmişini alkogol serişdeleriniň üstüne atar. Serhoş adamdyr-da, günäsini geçiň. Bu zatlar soňabaka jan söwdasyna öwrülip gider-de, ahyrsoňy Däli Do…umrulam sag-salamat galar, gaýtam ýerine hiç zat ýok ýerden iki adamyň – enesi-atasynyň janyny aldygyňyz bolar.
– Bu aýdýanynyň jany ýogam däl (Taňrynyň bu kelamyny eşiden perişde bir gobsundy). Hä, ýadyma salany gowy bolaýdy. Ezraýyl, bar, Däli Dumrulyň atasynyň, enesiniň janyny al onda. Onsuzam ol iki halala ýüz kyrk ýyl ömür berdim…
– Ýene bir maslahat bar, eziz Allam. Şu Ezraýyla biraz dynç berseňiz näder? Bolmasa, gijäň ýary bir şahyrymyzyň tünegine baryplar, onuň birlen derdinşip ýör ol. Birneme ejizläp, aglaberdem öýdýän. Garaz, portugal illerinde bir ýazyjy bar, ismi-şeribi Saramago; şoň ýanyna gönderseňiz, özi nätmelidigini aýdar. Ýa bu jelegaýlarda Uçmah ýaýlasy bar… Edil akyl öwretdigim däldir, jümle älemi ýaradan Taňrym…
Şeýdip, gahrymanym ynsanperwerlik satan kişi bolup, kitapdaky ne gözel dartgynly wakalarynyň ýoguna ýanypdyr.
Indiki gezek men ony Çardagly Çandybildäki meýhanada ýanbaşlap, gök çaý süzüp ýatyrka gördüm. Ol, hamala, BMG tarapyndan üstüne parahatçylyk ilçisi wezipesi ýüklenen ýaly, bu ýerde-de akylyny Görogly begiň maňlaýyna çyrşap ýören eken.
– Sen, Görogly agam, bu pişäňi goý. Alamançylyk bilen, mugthorlyk bilen ömür ötürip, döwran sürüp bolmaz. Agaňam maly tükener, şonda näme etjek? Gowusy bir güýmenje tapyn, ile peýda getirjek işleriň başyny tut, ýurduňda reforma et. Sen dagy tüýs ýurt eýesi bolmaly gerçek ahyryn. Zehiniň bar. At çapyşyňam, dutar çalşyňam, ekspromt edip, goşgy düzüşiňem hiç neneň däl. Seň käbir gelşiksiz hereketleriň täze nesle ýaramaz täsir etmegi mümkin. Mysal üçin, ýal ýagysy bidöwletler, kölege söýen jalataýlar bilen meýlis gurap, keýpi-sapada oturşyň, ýa-da ol naçar Harmandäliň mämesinden tutup, onsuna-munsuna eliňi degrip, ony orgazma ýetirişiň…
– Bah-ow, han ogul, sen haýsy dilde gep urýarsyň? Özüň ýaşam bolsaň, başyňdan köp çarşenbäni geçiripsiň öýdýän, diliňe diňe aryp kişiler düşünäýmese? Aryg azanyň näme bolduk?
– Äý, gyz birden endamy byjyk-byjyk edip jümşüldäp, towsup honda düşýän bolsa, orgazm şol. Sen oňa pugta beletsiň-le, agam jan… Ýa-da ýene bir mysal. Öwez üçin Leke patyşaň gyzy Gülruhy alyp gaçaňda, ony görüp, bäş keleme söz aýdyşyň ýadyňdamy?
Gyrat mündüm aga-ýana,
Ýar lebinden gana-gana,
Towlanyp o ýan, bu ýana,
Tasar gara zülpüň seniň.
Dag başynda dursammykam,
Ýar köýünde ýörsemmikäm,
Ýa men özüm alsammykam,
Ýeser gara zülpüň seniň – diýipdiň şonda. Bu ýerde gürrüňiň zülp hakda barmaýandygy düşnükli ahyryn!
Muny eşiden Görogly murtuny towlap, lah-lah güldi:
– Hahaý, inim, men o wagt Hupnyşan periniň täsirindedim. Pah, zaňňaryň edil ýola düşen wagtym yzymdan näz edip, delminen bolşy bütin bedenimi gowşatdy…
Erkinligi duýarlyk bar eken, gahrymanym bir onda, bir munda selk-selk edip ýörşüne gözden düşüp ugrady. Ol bir kitapda gyz salgydy girizilenligi zerarly hywalylary baş götermäge çagyryp, başbozarlyk edip ýör, ýene birinde halaýyga «Eziz hany goldaň!» diýip, takal okaýar, şonuň tarapyna çekmek üçin hatda Artyga Aýnany birinji synanyşygyndan alyp gaçmaga-da kömek edipdir…
Dura-bara ol soňky döwürlerde ýazylan türkmen kitaplarynda-da görnüp başlady, «Gorky belasynda» ençeme adamy ölümden gutardy, beýleki eserlerde açlaryň tamşanjak aşy, naçaryň gözüniň ýaşy, ýalňyzyň syrdaşy boldy. Täze çykýan gazet-žurnallaryň edebiýat sahypalaryna barybam bir işler gaýyrjakdy welin, ol ýerlerden ýa-ha kowulyp çykaryldy, ýa-da ýüregi bulanyp, özi gaçyp gutuldy.
Bahym ol dünýä edebiýatyna göçdi. Anna Kareninany halas etdi. Munuň üçin maşiniste arak berip, otlyny togtatmaly boldy. (Dogrusy, arakly klişesini men-ä halamadym). Barybir, Anna etjegini etdi-le. Otlynyň aşagynda heläk bolup bilmänsoň, ol özüni geçip barýan paýtunyň aşagyna oklap, ömürlik maýyp galdy. Munuň üçin roman, dogrusyna dogry diýeliň, has täsirli bolupdyr.
Mankurtlary boşatjak bolub-a, tas şolaryň elinden heläk bolýardy, samsyk. Ele salaýan bolsalar dagy, onuň beýnisinden ýogurt ýasardylar.
Dikkensiň romanlaryndaky görgi baryny gören ýetim-ýesirlere goltgy berip, ne gözel eserleri ertekä öwren halatlaram boldy onuň.
Edebiýatda ölüm-ýitimi azaltmak üçin Raskolnikowyň paltasyny alyp gaçdy, Werteriňem sapançasyny. Borhesiň labirintlerinde azaşyp, esli wagt çykalga gözledi.
Bir sapar Kafkaň gündeligine girip, oňa maşgala gurmagy, öýli-işikli bolmagy maslahat berdi. Bilmezden Magtymgulyň «Öýlengin» atly goşgusynam okatdy. Olam tersine täsir etdi. «Ýigitlik bir gyzyl güldür, – Solaýyn diýseň öýlengin…» Hoşlaşmanka: «Birden eserleriň ýoguna ýanjak bolsaň, dostuň Maksa tabşyraýgyn!» diýdi…
Birden kelläme gowy pikir geldi. Şobada oňa ýapyşdym, ýogsam hyýalbent adamlaryň şeýle aýratynlygy bar – olaryň hyýallaryny hiç bir bent saklamaýar, pikirleri gelip-gitmeräkdir.
Gep salgy, ony ýene keseki biriniň eserine giren badyna şol kitaby beýleki neşirlerden daşlaşdyryp goýmagy ýüregime düwdüm.
Ine, bir gün otyrkam ynsanperwer dostumyň tutuk sesini eşitdim. Ol galyň sary daşly bir kitabyň içinde erk hakda, her gahrymanyň hem edebi keşbiň hak-hukugy hakda nutuk okap duran eken. Ol ýadawdy, bahym bu ýerden gitmäge mejbur boljakdygy, tutulsa pida ediljekdigi, her bir gahrymanyň öz ykbaly üçin özüniň göreşmelidigi barada aýdyp, hoşlaşyp duran pursaty (şondan birki sahypa yzrakda polisiýanyň sirenasy ýaňlandy), men kitaby tekjeden sogurdym-da, jildini gysyp, dört tarapyndan ýüp bilen çekdirip daňdym. Soňra daşyna paket geýdirip, agzyny düwdüm. Kitabyň ýüzünde «1984» diýlip ýazylgydy. Okap göremok, ýöne çap edilenine kän wagt bolmandyr öýdýän, häzirki zaman edebiýatydyr-da. Ýedi ýyljyk garaşsa, ýurdumyz garaşsyz bolýar, onsoň garaşyk eden tapylar-la. Hor bolasy ýok.
Daşary çykyp, öýümiň golaýyndaky gonamçylyga bardym. Ilki bilen çommalyp, şol ýerde jaýlanan neresseleriň ruhuna töwir galdyrdym, soňam öwlüýäniň daşyna aýlanan diwaryň düýbünde adamboýy çukur gazdym-da, kitaby ýere duladym.
Bir gün şol töwereklerde saý-sebäp bilen gazuw işleri geçirilse, onuň üstünden barylaýmagy mümkin. Kim bilýär, belki onýança kitap düýbünden başga bir esere öwrüler, sebäbi gömüleni bilenem onuň içinde ýaşaýyş tamam bolanok.
Indi alada etmeseňem bolýar, okyjy. Dünýä hem türkmen edebiýatyndaky gahrymanlaryň ejir çekjegi ejirini, gam çekjegi gamyny, neşe çekjegi neşesini, garaz, her kim öz keşigini özi arkaýyn çeker ýörer. Size mazalyja maza bermegiň şanyna!
Herhal, gahrymanym dagy-duwara aýaga galyp, ýagty jahana çykyp biläýse, bir zady unutmaň – ony döreden mendirin, şonuň üçin awtorlyk hukugam diňe maňa degişlidir!
Sözümiň ahyrynda ätiýaç üçin
***
Soňy
Maksat BÄŞIMOW.
|