22:30 Bag bilen galdym | |
BAG BILEN GALDYM Bag içinde söhbet etdim ýar bilen, Ýarym ýalňyzgoýdy,bag bilengaldym. Dagda söweş gurdum namys-ar bilen , Dostlam ýeňse döndi,dag bilengaldym. Diwana deý urup çykdym hatardan, Gijelem juda çuň daňym atardan, Çöl börüsin tüpeň bilen apardym, Ökündim, huş göçdi, aw bilen galdym. Ýoldan başlap, ýodalary ýitirdim, Müň pişä baş goşdum, bir iş bitirdim Ýarym daşda galdy, sesim ýeterden Gamdyr gussa, goşa tar bilen galdym. Gül diýip ýapyşdym, tikeni tutdum, Humara baş goşdum, özümi utdum, Damja deý arzuwlaň deňzinde ýitdim, Hiç kimse gerekmez jan bilen galdym. Dõwlet ORAZSÄHEDOW. | |
|
√ Отцветшая краса / Goşgular - 01.02.2023 |
√ «За окном гудит метелица…» / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Преосуществление / Goşgular - 18.01.2023 |
√ Aşygyň haty / Goşgular - 06.02.2023 |
√ Başym saňa sadaga / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Над Феодосией угас…» / Goşgular - 14.02.2023 |
√ Şygyr ekeni / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Чудный мир волшебной сказки!..» / Goşgular - 09.01.2023 |
√ Nämeler sensiz / Goşgular - 21.01.2023 |
√ Ýaşlygymyzyň şaýady / Goşgular - 06.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |