00:23 Gar arabasy / hekaýa | |
GAR ARABASY
Arada Hemra atalaryna baranda enesi oňa gar arabasyny görkezip, ol barada şeýle gürrüň beripdi: − Köşegim, bu gar arabasyny heniz kakaň sen ýaly wagty oňa ataň äberipdi. Ol wagtlar Töre kakaň hem ýaňy aýaklanan oglanjykdy. Bir gezek kakaň jigisini gar arabasyna mündürip, uzaklara äkitdi. Yzyndan gygyryp galdym. Ine, bir salymdanam Töre kakaň geldi, ony gar arabasyndan ýykan ekenler. Elbetde, atanlykda bolandyr, ýöne men şondan soň gar arabasyny bukdum. Indiki ýyl kakaň şol gar arabany soraýar welin, teý tapamok-da. Nirede ýygnanym bolsa ýadyma düşmedi. Ynha, gel-gel, hol gün Töre kakaň täzeden gurluşyk etmek üçin köne samankepbäni sökdi welin, goşlaryň arasyndan çykaýdy. Asyl, men onuň daşyna gat-gat mata dolap, goşlaryň aşagyna oklan bolsam nätjek?! Daşynyň dolagy çüýräp gidipdir. Nesibäňdir, balam, indi bu seniňki! Hemranyň kakasy çagaka oýnap bilmedik gar arabasyna täzeden reňk çalyp, ony başky durkuna getirdi. Hemra ony daşarda däl-de, öýüň töründe goýdy. Ol gar ýagan güni arabasyny daşaryk çykaryp, dostlaryna ol barada ilki enesiniň beren gürrüňini aýdyp bermekçidi, soň olar bilen bile hezil edip oýnamakçydy. Ol şonda gar arabasyny hemme kişiniň gowy görjekdigine ynanýardy. Gyş höküm sürýärdi. Howa sowuk bolsa-da, heniz ýere gar güpläp düşüberenokdy. Bu ýyl alty ýaşyny ýaňy dolduran oglanjygyň gar ýagaryna garaşyşyny diýip-aýdar ýaly däldi. Otursa-tursa, girse-çyksa, hatda ýarym ukuda wagty-da onuň ejesine berýän sowaly gar hakdady. Soňky günler-ä sanly ulgamdyr teleýaýlym arkaly ýetirilýän howa maglumaty babatdaky habarlara-da düşünipdir. Ine, bir gün garaşylan habar mawy ýaýlym arkaly köpçülige ýetirildi. Hemra-da begense begenendir welin, ejesiniň şatlygy oglunyňkydan pes bolmady. Giç agşam Hemra haşlap içeri girdi: — Eje, Ahmet gar ýagmaz diýdi! — Ol näme üçin beýle diýdikä?! — Gar arabamy görkezmedigim üçin. — Görkezäýmeli ekeniň. — Ýok. Gar ýagmasa ony dostlaryma-da, hiç kime-de görkezjek däl. «Gar arabamy görjek bolsaň, garyň ýagmagyny dile!» diýdim. Ol maňa indi dost däl. «Gar arabaňy görkezmeseň, garyň ýagmagyny-da dilejek däl!» diýip gitdi — diýdi. Ejesi oglunyň hereketini goldamady, oňa dostundan ötünç soramagy tabşyrdy. Ol ýüzüni çytyp, yzyna ýöneldi. Garaşylan günüň daňy ataňkyrlapdy. Hemranyň ejesi, ilki bilen, çykyp daşaryny synlady. «Näbileýin-dä, gar ýagaýarmyka?!» diýip, içini gepletdi. Ol çagalaryny oýarmak üçin içeri girdi. – Oglum, okuwa gitmeli, tur indi – diýeninden, dessine: – Daşarda gar ýagýarmy?! – diýip, ejesine sowal berdi. – Waý, oglum, gar alagaraňkyda nädip ýagsyn?! Olam ýagjak ýerini görmeli ahyry! Hemra lapykeç halda ýerinden turdy. Äpişgäniň öňüne baryp, daşaryny synlady, yzyna öwrülende onuň garaýşynda umyt uçgunlary bardy. Ýöne ol doganlary bilen mekdebe gidip, tä yzyna dolanyp gelýänçä-de gar ýagmady. Ilki Hemranyň hereketini unamadyk agalary indi jigileriniň halyna gynanyp başladylar. Ulusy: – Jigim, arkaýyn bol, Ahmediň diýeni bolmaz, ynha, gör-de dur, gar ýagar – diýse, ortanjysy: – Jigim, gün heniz ýaşanog-a, agşama çenli garaşaly! – diýip, jigisine göwünlik berdi. Hemra bolsa töweregindäki gürrüňleriň özüne degişlidigine ähmiýet hem bermän, äpişgäniň öňünden aýrylman durdy. Asmanyň ýüzündäki bulutlar çalaryp duran hem bolsa, heniz-de daşarda Hemrany begendirjek täzelik ýokdy. Hanha, Ahmet hem geçip barýar. Ol dostunyň seredip duran äpişgesine gözi düşeninden ýylgyrdy. Ahmet säginjek ýaly etse-de, elini çalaja galgadyp, howlukmaçlyk bilen äpişgäniň deňinden geçip gitdi. Ikindi golaý geldigiçe, Hemranyň ejesiniň aladasy artyp başlady. Birden hem, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol pikirini uly ogullaryna duýdurdy. Hemranyň ejesi agşam naharyny öňkülere görä irräk ýetişdirdi. Kakalary işden gelen dessine maşgala agzalary saçagyň başyna jem boldular. Hemranyň nahar bilen mazasy ýokdy. Ahyry kakasy oňa: – Naharyňy iýseň, ataňlara äkitjek! – diýensoň, biraz ýüzi açyldy. Nahardan soň Hemra äpişgäniň öňüne bardy, dessine-de dulda duran gar arabasyna seretdi. Ol az salymyň içinde daşarda kän özgerişme bolandygyny, ynamynyň synmandygyny çaga begenji bilen iki söze sygdyryp buşlady: – Gar ýagýar! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |