11:20

Gar ýagýar

❄ GAR ÝAGÝAR ❄

1.

Gar ýagýar,
gar ýagýar,
tozgalap ýagýar…
Tapyşýar,
Öpüşýär asman — u - zemin.
Olaň arasynda bir teşnelik bar,
Uzak aýra düşen aşyklar kimin.
Gar zemin gonýar
täzeläp ruhy,
Ereýär köňülde gam - gussa, gubar.
Bu garda jem kalbyň şatlygy-ahy,
Bu adaty gar däl,
Üýtgeşik bu gar!

Özümi Ýer saýdym,
Seni hem — Asman,
Ara neneň uzak, pikir edip gör!
Bu gar ýüreklerde göymady arman,
Bu garda birleşdi Asman bilen Ýer.

Gar ýagýar…
Tebigat bolan dek humar,
Kä petdeläp,
Käte maýdalap ýagýar.
Bu garyň ýagyşy üýtgeşik,
bu gar
Ýigrim üç ýaşymy gaýtalap ýagýar!

2.

Zemin ýapynypdyr ak ýorganyny,
Agaçlar egnine atypdyr ak don.
Gar ýagýar…
Anda — Sen.
Aýlanyp ýörün,
Alnymda — ak agşam,
Ak düne,
Ak ýol.

Daş-töwerek duýgy bilen püre-pür,
Bu görnüşden doýmak barmyka heý - de?!
Ýöne men bir zada haýran:
şu mahal
Sen nädip oturyp bilýäkäň öýde?!

Sen neneňsi sygyp bilýärkäň öýe,!
(Bu duýgular söýmedige ýalandyr!)
Indi bir gel!
Öňem
Sensiz
bu garlar
Näçe gezek saçlaryma ýagandyr!

…Bu görnüşi synlamaga göz gerek,
Bar gözellik töwerekde boldy jem.
Gar ýagyp dur…
Diňe ony
leblerde
Eretmäge
Sen ýeteňok
Bir sen kem!

3.

Gar ýagýar…
Ýagyp dur penje-penje gar,
Biz ikimiz işden çykyp gelýäris.
Ýok dünýäde ikimizden bagtyýar,
Ertekiden,
Düýşden çykyp gelýäris!

Göwünler dur diýýär gökdäki guşa,
Şatlyk gelse, birden geljek ekeni.
Gar ýagyp dur…emma meňzänok gyşa,
Gyşyň ýaz günlerem boljak ekeni!

Bu ýagdaýa duşan däldirler köpler,
Ýürek telwas edýär,
Urunýar häzir.
Ýalaňaç şahalar,
Guran ot-çöpler
Gözüme gül bolup görünýär häzir.

…Sen meniň ýanyma ýylgyryp gelýäň,
Şol sebäp —
Şatlygym duranok çende.
Gyş gününi ýaza öwürip bilýän,
Gör, nähili gudrat bar eken sende!

Tirkeş SADYKOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 629 | Добавил: Gurban | Теги: Tirkeş Sadykow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Ajap goşgy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]