02:11 Gara goh / hekaýa | |
GARA GOH
Goý, Günüň tylla temenleri lemmer-lemmer bulutlaryň içinden geçip, ýer ýüzüni zer bilen keşdelesin. Goý, çaga eli pöwrize reňkli akwarel bilen biri-biriniň üstüne münderlenen baýyrdyr depeleri, giň sonarlygy çeksin. Suratda ol senem, belki, menem şekillendirer, aramyzda-da özi elimizden tutup durar. Bolsa bolsun gyşyk-çaýşyk göwreler, topa meňzeş tes-tegelek kelleler. Saça derek meň kellämde iküç çyzyjak dikgertsin, seniňem başyňa geň-taň reňkli burma saç oturtsyn. El-aýagymyzam galamyň ujuna görä inçejik bolsun. Şeýle suraty uzakly gün synlar oturaryn. Sen geleňde eýýäm garaňky düşüpdi. Henizem boýy ýetmedik jaýymyzdadym. Dogrusy, ony gurup gutararynam öýdemok. Giň, goýy gök köýnekdediň. Men bolsa düňderilen demir bedräň üstünde otyryn, kirli çal balagymda, bilimden ýokarymam ýalaňaç. Geleniňi duýmandyryn. Öli nazarym hatar goýlan kerambloklara dikilgi. Sessiz girdiň. Kakara gapy ýok. Eliňde şem ýanyp dur… Geň. Näme üçin fonar däl? Ýa sen telefonyň çyrasyny ýakypdyňdanym, hyýalymda şemi göz öňüne getirýänmikäm? Hernä, geldiň-de, öýüň için ýagtyltdyň. Ilki bilen gatap ugran sementli legene, demir merdiwana, soňam ýokarda iki diwaryň birleşýän ýerindäki ullakan gara boşluga gözüň düşendir. Ol ýerden ümmülmez garaňky asman görünýär. Bu opugy kän petiklejek boldum, emma her gezek şol ýeri jaýryk atyp başlaýar. Ahyrsoňy derden ýaňa ýalpyldaýan arkama, gaba süňkli oňurgama gözüň düşendir. Gelip, garşymda çommalyp oturaňda, linzasy ýaldyran gara didäni tanadym. – Öýe ýygnanjak dälmi? – diýip soradyň. Şu ýeri öýüm diýip jogap berjekdim, emma dilimi dişledim. Gözüň girdabyna garadym oturdym. Onuň ýaldyrawugy doňaklyga meňzedi. Öz ýanymdan bar zadyň beýle samsyklaç hem bolgusyz bolubilşine haýranlar galdym. Tanşan günümiz ýadyma düşýär. Gapylarynyň ählisi ýapyk, adam-garasyz, uzyn körek dälizde. Men iş gözläp geldim, sen bolsa öz iş otagyňa barýaň. Şol günem goýy gök reňkli köýnekdediň, etegi ýeri sypaýardy. Ýaşyň menden uly, ýöne men özümi argyn, göwün gülaby ýata suwa öwrülen eprut goja ýaly duýýardym. Üpül-süpül halyma sen kibi buýsanjaň (başgalara – ulumsy görnen) gözeli neneň bendi edenime henizem akylym çatanok. Indiki gezek, çabgasy kiparlan sentýabr agşamy görşenimizde sözümiz alşyp, agzymyz gyzyşyp gitdi, soňabaka arasyny üzmän gürleşip başladyk, ahyrynam sözsüz düşünişmegi öwrendik. Şoň üçinem goş birikdirmeli etdik. Ýogsam tanşanymyza bary-ýogy üç aý dolandyr. Ynamymyz şeýle pugta ekeni. Ahyryn özümiň ýaşdygymy duýdum. Seniňem ýüzüňe täsin mähir çaýyldy. Ähli zat gülala-güllükdi. Emma akymynyň ýoly baglansa, bahar bulagam batga öwrüljek eken. Üýtgewsiz bagtyň özi basym musallat bolup göründi. Bolsa-da, biziňki çüwdi. Men has uly düşewüntli iş tapyndym, senem köne işiňde güýmendiň. Özümizi bent urup saklap bolmaýan hyjuwlaryň akymyna goýberdik, her gije däli-teýper bolup bir-birege berildik. Rugsat aýymyzy gabatladyp, bilelikde uzak ýurtlara seýrana gitdik, deňiz kenarynyň ak çägesinde Güne çoýundyk, Stambulyň golaýyndaky adalaryň dar köçelerinde – sokaklarynda gezelenç etdik, geň-taň hytaý tagamlaryna seňrigimizi ýygyrdyk. Maşgala durmuşymyzyň ilkinji üç ýyly şüweleň bilen sowuldy. Ýöne biz henizem ikidik. Bileleşen goşa ýalňyzlyk. Lukmanlara ýüz tutduk. Esli barlagdan geçdik. Bejergi aldyk. Derman içdik. Ýene analiz tabşyrdyk. Peşew. Gan. Tohum… Ak ýektaýlylaryň näçesi uýat ýerimiz gördi. Ýylboýy çak edilen kesellerden gutulgy gözledik. Käýarym ýüregiň bulanaýsa dagy şol aýy süýji arzuwlarda geçirerdik. Emmä biz şonda-da ikidik. Çaklara keselem galmandy. Günümiz nesibä baglandy. Enelerimiz garşy-garşy gaýtalap duransoňlar, tebiplere ýüz tutduk. Biderek wagt ýitirdik. Duz ýaladyk. Ýene agzymyz bişdi. Bize Taňry gargandyr diýdik. Çaga eşigi satylýan dükanda kiçijik, gülkünçje köwüşleri synlap, ýylgyryşyň ýadyma düşýär. Dogran çagasyny köçä zyňýan küntiniňem gaýta-gaýta göwreli bolşuna gözüň gidip, janyň ýanyşam ýadymda. Gijelerine maňa gysylyp, aglardyň, menem seni sessiz köşeşdirip, ajy ýaňaklaryňy ogşardym. Käte özümiňem bokurdagym dolýardy, ýöne ejizligimi bukup, ýuwdunýardym. Dördünji ýyl geçdi, bäşinji… Gözýaşlaryň kepedi. Takyr ýaly gurap, şagraşyp galdyk. Dünýämizem takyr kibi çat açyp başlady. Ogullyk ýa gyzlyk almak kellämize-de gelenokdy. Perzendimiziň bize meňzemegini isleýärdik. Çagada meň şähdaçyklygym bilen seň görkanalygyň sazlaşmalydy. Dakmaga-da manyly, bir-birinden üýtgeşik at gözleýärdik. Ýöne Gündogdy, Ýazgeldi, Garýagdy, Ýagmyr ýaly atlary dakmajagymyz-a bilýärdik. Adam ady howa maglumaty bolmaly däl diýipdiň. Wagt biziň aňymyzy basgylanan ýoda mysaly torç etdi. Hatda nämeden nägiledigimizem, nämäniň hyrydarlygynda ýaşap ýörenimizem unutdyk. Öwrenişdik. Gezelençden sowaşdyk, göwün açmak, gülmek synanyşyklaryndanam ýadadyk. Ýaşaýşyň tagamy ýitdi. Ir örüp, suwa düşülse, ertirlik edinilip, işe gidilse, agşamlaryna günüň gurak täzeliklerini şamlyga goşup çeýnärdik. Bolany. Gijelerine-de düşege geçip, aramyzda boş ýer goýardyk. Dura-bara kakynyň tutup ugrady. Menem az gyzmalyk etmedim. Gabat gelen ownuk-uşak mesele çişirilip, uly dawa syrygyp gidýärdi. Bolgusyz gahar-gazap zerarly ojagymyz yrgyldaýardy. Aram-aram garpyşyga baryp ýetýärdik. Içiň tütäp, awy pürküp ugraňda, garamy saýlamakdan başga alajym galanokdy, onsoň ömürlik taşlap gidendirin öýdüp, yzymdan aglap oturansyň. Başga wagtam men dyzmaçlyk edip, ýaňagyňa şarpyk çalandyryn, onsoň sessiz-üýnsüz ýatylýan jaýa girip, içinden gulplanarsyň welin, gapyňy kakyp, özelenip durandyryn. Ahyrsoňy birek-birekden dynç almasak bolmady. Sen ejeňlere gidip, işden boşaşan günleriňi şol ýerde geçirýärdiň. Men bolsa şäheriň etegindäki mellek ýerimizde öz elim bilen jaý galdyryp başladym. Hepde ahyrladygy öýüň gowrup barýan sowuk diwarlaryndan gaçyp, şol ýere gidýärdim-de, assa-ýuwaşdan ullakan jaýyň binýadyny tutýardym. Mende gurluşygyň belli bir taslamasy ýokdy. Köýnegimi çykaryp, gulaklyk dakynyp, öz ugruna guruberdim. Bir gezek ejeňlerde uzak eglendiň. Eýgilikmikä diýip, jaň etdim. Bar zat gowy, ýene birki hepde ejemlerde boljak, işe-de bärden gatnaryn diýip, sowuklaç jogap berdiň. Ýöne men barysyna düşündim – bolup geçen soňky dawamyz sebäpli gaýdan dälsiň. Şol günem ýaman agyr göwnüňe degemsoň üstüme topulypdyň, menem teý-ahyr däliräp, janymyň ýangynyna seni ýere ýazypdym-da, köýnegiňi ýyrtyp, aşhanaň sowuk polunda zorluk bilen etjegimi edipdim. Urnup ýatan halyňa gözüňi mäkäm ýumup, ses-sedasyz agladyň, men welin tä soňlaýançam durmadym. Ýöne tiz badym ýatdy, dogrusy, neneň tiz bolanymy öz öňümde-de boýun almaga utanýan, sebäbi haçandan bäri birek-birege ýanaşmandyk, menem hiç mahal daşyndan keýpi-sapa gözlemändim. Jynsy durmuşymyz doly togtapdy. Boljak zat bolanyndan soň gymyldy-hereketsiz şol ýatan ýeriňde ýatypdyň, men bolsa myhman jaýa geçip, telewizoryň öňünde uklap galypdym. Ýoklugyňda ençeme wagt öýden çykman, petige garap ýatdym. Işe-de gitmedim. Bir aýlyk rugsada çykyp, hiç kese aýtman, mellek ýerimize gatnadym. Durkum-düýrmegim bilen jaýyň gurluşygyna berildim. Sen diňe ýok wagtym öýe barýardyň, muny kirýuwuçdaky gatan sementli eşiklerimiň tämizlenip, ütüklenip goýlanyndan, öýüňem gül-pürkülen ýaly arassa saklanyşyndan bilýärdim. Zähmet rugsadymyň wagty dolsa-da, edara barmadym, gurluşygy dowam etdim. Hernäçe janyksam-da, neneňsi tijensem-de, göwnüme, jaý kiçelip, gitdigiçe daralyp barýan ýalydy. Tejribesizligim, has dogrusy, emelsizligim zerarly, diwarlary suwaýançam, gerek ýerinde çüýi kakýançam tas her gün diýen ýaly elimiň ýaralaryny täzeleýärdim, dyrnaklarymyň aşagyna gan öýýärdi. Megerem, şeýdip öz-özümi ýörite jezalandyryn. Işde uzak wagtlap gara bermämsoň, elbetde, wezipämden boşatdylar. Gaýdyp edarada görünmedim, adamlardanam gaça durdum. Meni adamzat neberesi bilen baglaýan ýeke-täk ynsan – sen bolup galdyň, ýöne seniňem göze görünmeýän al-arwahdan tapawudyň ýokdy. Giçagşam myhman jaýdaky diwanyň üstünde, telewizoryň öňünde ýatan ýerimden beýleki otaglaryň gapysynyň kä açylyp-ýapylyşyny, aşhanadaky pessaýja şakyrdyny, suwuň akyşyny, işikdäki açaryň towlanyşyny, juda diňşirgensem, hatda çaga agysynam eşidýärdim, ýöne bu sesler başga, menden has uzak, amanat dünýäde ýaňlanýan ýalydy. Şol owazlaň astynda bahym uklap galýardym, telewizoram daňa çenli agzyny gymyldadýan sessiz adamlary görkezip durandyr. Bir gün jaýyň daşyny rejeläp ýörkäm, Günüň gözýetime çöküp, garaňky gatlyşanynam duýmandyryn. Ine, şonda hiç ýere gitmegiň manysy ýok, şu ýerde, içine zowwam ýel urnup girýän jaýda ýatybersemem bolar diýen netijä geldim. Bu pikiri şeýle ýeňillik bilen kabul edip bilşime özüm geň galdym. Öýe ertesem, ondan soňky günem köwlenmedim. Senem meni gözläp, basga düşmedik borly. Hatda jaňam etmediň. Ýanymdaky sowalgamy harçladym. Iýere zadym galmady. Açlygam duýamokdym. Kädaýym goňşy mellekleriň birinden almajyk ogurlap iýýärdim, emma olam işdämi açanokdy. Güne ýanan tenim garalyp gitdi, endamym saň-gaty. Ýaşy näbelli, akylyndan azaşan, bimaksat wagşylara meňzän bolmagym ahmal. Şeýdip günümi geçirdim. Bu şertlere halys uýgunlaşypdyryn, başga durmuş göz öňüme-de gelmedi. Käte seň pikiriňi edýän. Belki, geleriňe garaşandyryn. Mümkin, seni gabanandyryn, gaýtam ýitenime begenýändir diýip çak edendirin. Şeýle bolsa, hasam gowy diýip, gaharly hümürdäp ýörendirin. Kelläme şuňa meňzeş hyýallar gelenem bolsa, saňa ony ömrylla aýdaryn öýdemok. Emma sen ahyr bir gije geldiň. Öňümde oturyp, gözüme dikanlap seretdiň. Indi men saňa näme diýeýin? Salam? Bagyşla? Seni küýseýän diýeýinmi? Ýok, durmuş aýdym däl. Bu samsyklyk. Maňa diňe hyrçymy dişläp, gözüňe seredip oturmak galdy. Ýadaw hem mylaýym ýylgyryş bilen torbajygyňdan iki eplenen kagyzy çykardyň. Duýdansyz galpyldap gitdim, gijäniň sowugy bada-bat süňňümi gagşatdy. Saňňyldap oturşuma kagyzdakyny okap başladym. Onda iki hatar öýjüge bölünen tablisada, gury lukmançylyk dilinde göwreliligiň möhleti, «düwünçegiň» agramy, ýagdaýynyň «kadalydygy» baradaky maglumatlar görkezilipdir. Başymy galdyryp, saňa bakanymda, agyr bir zadyň damagyma tegek bolanyny duýdum. Seni mäkäm gysyp, bagryma basasym geldi, şol bir wagtyň özünde-de endam janymyň derdigine, gara kirdigine utandym. Birdenem ýüz keşbiň eräp-akyp başlady – özüm bilmezden, gözümi ýaşdan dolduranyma düşündim. Aýaga galjak bolanymda, yşarat bilen sakladyň. – Dur entek… ýene bir zat bar… Torbadan beýleki kagyzy çykaryp gowşurýançaň, öz başyma samrap oturdym öýdýän. Ýüzümde gatap galan samsyk ýylgyryş bilen ondaky ýazga göz gezdirdim. Okap oturanymyň manysyna aň ýetirýänçäm, bu ýerliksiz syrtaryş eslije wagt dodagymy terk etmedi. Hatda: – Maňa dogry düşün – diýip sowuk-sala gepläp başlaňda-da, ýylgyrşymdan dynyp ýetişmändim. – Bilýän, edil beýderin öýden dälsiň, ýöne… bolan zatlardan soň… Näme jogap berenimi bilemok. Ýeke agyz dil ýarmadyk bolmagymam ähtimal. Ýöne şol pursat ebeteýsiz çaga eliniň çeken ajap suraty göz öňümde janlanany ýadymda. Ol ýerde üçimizem bar, daşymyzam çal bulutly asman, ýaşyl baýyrlyk, gür baglyk. Ýeke haýyşym: Goý, ýanymyzda köp penjireli, beýik üçekli jaýyňam suratyn çeksin. Her kimiň ýaşasy geljek, hemmäni bagtly etjek ullakan, owadanja jaý. Maksat BÄŞIMOW. | |
|
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |