GARA {Y}ŞYK
Tümde tapmaça çözüp gördüňizmi? Suratly tapmaça ýa-da labirint? Synanyşmaň, barybir bir şem ýakmasaňyz kyn bolar. Suratly diýýänim pazl, iňlisçe `puzzle` diýlip ýazylýar. Onuň ýekeje parçasy galypdy, soň tapmaça tamamlanar. Gaharyň möwjese gözüň ak ýeri hem gara görkezýän ýalydyr. Häzir Ilamanyň elindäki sumkasam gara reňkli, gözüniň garasam. Şu wagt öýden çykdy, daşarsy bolsa asuda güýz güni. Topragyň jomartlyk eden käbir ýerlerinde gülem görünýär, gara güller. Sebäbi Ilamanyň seredýän bar zady gara öwrülip barýar; doly saralyp ýetişmedik ýaprakly agaja bakdy, bir çetden garaldy. Arçalara nazaryny uzatsa, olaram şeýle; otlar, ulaglar, jaýlar… Ýene bir zat aýdaýyn, häzir ol bir ýerik barýar, gitjek wagtynda öňünden nämeler çykjagyny bilenok, özüne aýdaýmaň, birazdan size aýdaryn…
***
Men ony hezil edip urdum. Sebäbi oňa gülmegi özüm öwredipdim. Menmi – Ilaman. Elim ýadamaýança ýumruklap lütüm çykdy. Gara baglan owadan gözlerimi bukman çem gelen ýerinden eňterip duran wagtym, Ataş sarynyň ýüzi gandan gyzarar öýtsemem durmadym. Sebäbi meniň söýgülimiň üstünden güleninde şu ýüzi juda ýigrendim. Ýüzüniň her ýerräginde üçden-dörtden gögerip ugran düwürtiklerini el bombasy kimin ýaryp, jaýryk-jaýryk bolan ýerlerine duz sepesim gelipdi. Ah, Aýjahan, men kimi urýaryn…
Onunjy klasda şu wagt; geçen hepde şu ýenjip duran Ataş sarym, meniň içimden ýanyp-tutaşýan Aýjahanym bilen halaşyp ýörmüş. Oglanlaryň arasynda Aýjahanyň eline jaň etdi. Ol näzik gyzam sumkasyndan telefony çykarjak bolup öňündäki daşy görmän büdredi, tas ýykylýady, utanjyndan ýapyşyp ýetişdi. Bu bit topbak, wiý, bir topbak oglanam onuň üstünden güldüler. Göýä, Ataş sary ony entirekledipdir. …Bar güýjümi ýygnap, ýaňky söýgülimiň öňünde ýatan daş bilen Ataşyň maňlaýyny gowy edip ýardym. Gan çüwdürim kimin atylyp çykdy-da, gülenleriň barynyň üstüne syçrap, olaryň akja köýneklerini garaltdy. Menem Aýjahanyň aýagynyň aşagyna Ataşy düşek edip serdim… Gamçymy zordan gynyna dykdym-da, bir söýgülime birem bu samsyklara dişimi gysyp, gözlerimi biraz inçeldip seretdim. Gülüberiň bakaly…
Bir hepde soňam üýşüp futbol oýnadyk. Bir topuň yzyndan on dört bolup ylgadyk, has dogrusy on üç bolup ylgadylar. Men bolsa garşydaş toparymyza düşen Ataşyň yzyndan ylgadym. Patdyk-putduk edip top oýnajak bolşy dagy näteňet. Maňa şu wagt bu gülekleriň oýny gyzykly däl. Top geldi, ylgap ýanyna bardym-da, bilgeşleýin ýykylan boldum. Şu ýeterlikdi. Soňam ýerimden galdym-da, itekledim, olam ýykyldy. Hezil edip urdum. Sebäbi oňa gülmegi öwredýärdim.
***
Iki ýyl öň bir tanşy Ilamany çoçgara çolaşdyryp, bar puluny alypdyr-da, indem gaçyp ýören eken. Görüp otursa, şol tanyş hemmänem stol tennisiniň topy kimin elinde tarkyldadyp gezýänmiş.
Indi size aýdaýyn, ulagyna müner-de Atabaýew köçä çykyp, sag tarapa dogry sürer. Özem kellesinde bir hyýal bar ýaly, juda agyrdan alýar. Şeýdip ilkinji swetoforda durar. Gara ýanansoň dowam eder. Sagynda bir çagajyga gözi düşer. Dogry, elindäki şaryň reňki gara. Ilaman oňa seredende gara reňk ýaşyla öwrüler. Ýene bir zat aýdaýyn, duran wagtym aýakgabymdan bilmänem bassalar gaharym gelýär.
Azajyk sürer-dä säginip, markete girer. Ol ýerden çakmak alyp çakyp görer. Birinji alany gowy ýanmaz. Üçünji alany göwnüne jaý bolar. Çilim bolsa ulagynyň kiçijik tekjejagazynda gizlin. Kassa gelip boýalan sary saçly gyza ýomak atan bolar1. (1Aňansyňyz, hemme zat garalan mahaly nämüçin bu kassaçy gyzyň saçy sary? Dogry, ýöne onuň saçynyň hakyky reňki gara. Soňra özi boýapdyr). Birden säginerde içindäki tutaşýan ýangyny üçin kiçijik suw alar /çüýşesi/. “Alawymy söndürmäge tutuş marketiň içindäki suwlaram ýetmez” diýip degişse-de, gyz oňa düşünmän “Hehe” diýen bolar.
Ýene ulagyna münüp, ýoluna dowam eder. Swetoforyň gara çyrasy gözüni ýumar, goňur açar. Hiç kime aýdaýmaň, ýolda birki gezek telefonda-da gürleşer. Size bir zat aýtjak, aslynda bolsa iki mesele bar. “Amallar niýete görä” bolman tersine bolsa, Ilamanyň gözleriniň reňki neneň bolardyka? Ikinjisi bolsa, “Almany ýolman ýola çykma!”.
Alty ýyl mundan ozal Aýjahany nähili söýşüni ýatlanda elleri çalaja agyryp gider. Bar syryny paş edende, pagyş-para bolan ýüreginde öwüşgin saçýan duýgular öçüpdi. Diline gelen bar süýji sözleri bilen gyzyň mawy gözleriniň öňünde bugaryp gitdi. Bu gelip geçer welin, Ilaman ýoly uzatmak üçin çepe sowlar-da, daşrak ýoldan sürer. Uzagrakda oglanlar top kowalap ýörler, gara otuň üstünde. Şonda çala ýylgyrar.
Size gürrüň berip otyrkam Ilaman şularyň baryny ýaşady. Gazediň habarlary ýaly hemmesini okap çykdyňyz. Barmaly ýerine ýetende elindäki hälki gara sumkasyny alyp düşdi-de, on iki gatly jaýyň dördünji gatyna ädimläp çykdy. Bu ýerde iki ýyl öň ýüz müňüniň patasyny alan tanşy bukulyp ýaşaýar. Gapysyny kakdy, kellesi göçgünli ýagdaýda, aňk-taňk bolup duran hilegär tanşy açdy. Ýylgyryş ýasap salam berdi-de, içerik garaňky öýe girdi Ilamanam. Sumkasyndaky bäş ýüz müňüni tanşynyň töweregine dökdi. Marketden alan çakmagy bilen kellesindäki tümlügine şem ýakmak üçin olaryň baryny tutaşdyryp, pazlyň soňky parçasyny emaý bilen ýerleşdirdi. Gapyny ýapdymy ýapmadymy seretmedim, goňur gözleri bilen yzyna, ýoldaky ýaşyl şarly çagajygyň ýanyna gaýtdy.
Seýran OTUZOW
07.07.2018.
|