01:23

Garaşsyz Watan goýnunda

GARAŞSYZ WATAN GOÝNUNDA

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebirsliginiň berk binýadydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki bedew batly gadamlary Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan parasatly döwlet syýasatynyň, şeýle-de hem sebitiň we dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlaryň oňyn netijelerini äleme äşgär etdi. Berkarar Watanymyz geçen sanlyja ýylyň içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniyetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda aýratyn hem daşary syýasatda uly ösüşlere beslenip, dünýä derejesindäki abraýyny has hem belende galdyrdy. Ähli döwletleriň durnukly, durmuş-ykdysady ösüşini we rowaçlygyny hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyny, parahatçylygyny hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasatynyň esasy ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy möhüm syýasy wakadyr. Çünki bu merkeziň açylmagy bilen Türkmenistan ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde BMG-nyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenleriň parahatçylyk ýollaryny ulanyp, iň kyn meseleleri hem çözendikleri taryhymyzyň dürli döwürlerinde öz beýanyny tapandyr. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseriniň 31-nji sahypasynda türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan bir mysal getirýär: «Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary — gunlar Han hökümdary bilen (Hytaýyň taryhynda örän güýçli bolan imperiýalaryň biri) birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyran „Ahdi-peýman şertnamasy“ diýip atlandyrylan şertnamany baglanyşýarlar. Şol şertnamada geljek nesillere arkama-arka ähdi-peýmana wepaly bolmak teswirlenipdir.» Alym Arkadagymyzyň eserinde belleýşi ýaly: «Bu mysal türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygyna şaýatlyk edýär».

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etmegi türkmen medeniýetini, taryhyny öwrenmäge giň ýol açdy. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiyasyna gelmegi türkmen alymlaryny täze ylmy gözleglere we açyşlara höweslendirdi. Hormatly Akademik Prezidentimiz Ylymlar akademiýasynda eden çykyşynda «Ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurduň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynyň esasy şerti bolup hyzmat edýär» diýip belledi.

Ylym-bilimi kitapsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr. Kitaplar döwürleriň, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýän bilimler çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly «adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemlän kitap durmuşyň aýnasy, beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanýar». Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplaryň her biri Türkmenistana düşünmegiň özboluşly açarydyr, milli medeniýetiň we halkymyzyň däpleriniň baý dünýäsi boýunça tanyşdyryşydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplaryň her biri türkmeniň ruhy dünýasini özünde jemleýär. Kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşydyr, okuwçylar, talyplar, alymlar we külli türkmen halky üçin gymmatly gollanmadyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýangyç-energetika syýasaty döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek bilen, milli ykdysadyýetimizde batly depginli ösüşleriň gazanylmagyna ýol açýar. Bu ulgamda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginini çaltlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny difersifikasiýalaşdyrmaga we pugtalandyrmaga, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadydyýetini pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiz sagdyn durmuşyň, sportuň, ruhubelentligiň, döretmegiň we gurmagyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen geçirilýän «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, welosiped we ylgaw ýaryşlary türkmen sportunyň şöhratyny täzeden dünýä has-da meşhur edýär.

Döwlet baştutanymyz jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmek, milli gymmatlyklary wagyz etmek, türkmen halkymyzyň adatlaryny we däp-dessurlaryny gorap saklamak boýunça köp taraply işleri amala aşyrýar. Gahryman Arkadagymyz milli medeniýetimiziň iň gowy däp-dessurlarynyň ösdürilmegine we dowam etdirilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär. Däp-dessurlarymyzyň durnuklylygy hem üýtgewsizligi netijesinde türkmen medeniýeti dünýä medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär. Alym Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserde «Ene dili» barada aýratyn bellenilip geçilipdir. Islendik jemgyýetiň ýa-da milletiň esasy daýançlaryndan biri öz ene diline eýe bolmagydyr. Milli medeniýeti goramagyň şerti öz ene diliňi ýitirmän saklamakdyr. Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserinde bu mukaddeslikleri birleşdirip şeýle ýazýar: «Döwletli iliň ene dili hem ýaşaýar. Ene dili halkyň ruhy dowamatydyr.»

Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ajap eýýamyna tarap ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir» diýen ynsanperwer syýasatynyň datly miweleriniň gadyr-gymmaty baş baýramymyzyň golaýlan günlerinde göwünlerimizde ýokary ruhubelentlik duýgusyny döredýär.

Garaşsyzlyk biziň milli buýsanjymyz, ösüşlerimiziň ak ýoly, bagtymyzyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk toýumyz biziň ruhubelentligimiziň baýramydyr.

Ahmet ANNABERDIÝEW
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh institutynyň uly ylmy işgäri.

# watan_2018

Категория: Publisistika | Просмотров: 578 | Добавил: Нawеran | Теги: Ahmet Annaberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]