22:12

Garaşyň! / hekaýa

GARAŞYŇ!

Ýüregim bimaza edip ugransoň wraçlara görünmegi makul bildim. Kesellileri hasaba alýan keltejik aýal bir bölek kagyzy elime tutdurdy.
- Aňyrky gaýyş tutulgy gapa baraýyň!
Görkezilen gapydan giriberjek bolamda, garagözelek ak ýektaýly gyz:
- Ýaşuly, garaşyň! - diýdi. Men ýuwdundym-da, yza tesdim. Penjireden daşaryk seredip, bir salym gezmeledim. Onsoň ýene gaýyş tutulan gapyny çekermen boldum.
- Gyzym...
- Ýaşuly, size garaş diýildi ahyry! - Ahyry ýektaýly gyz agzyny gyz agzyny-burnuny towlaşdyrdy. Oturan ýerinden gobsunan ýaly etdi.
Men ýene bir sagatlap, elýuwulýandan damýan damjalaryň jülpüldisine gulak salmaly boldum. Soň ýene ýüregi bir baglap, gapyny itdim.
- Gyzym, men...
- Ýaşuly, men dokumentleri tertibe salyşdyrýaryn. Görmeýärsiňizmi? Garaşyň!
Men sakgalymy sypalaşdyryp, gapynyň daş ýüzünde gezim etdim. Goňşy otagda bir keltejik adamynyň dişini soguryşlaryny synladym. Soň daşardaky baglaryň ýapraklarynyň şygyrdysyna gulak asdym. Ýene mukytlyk bilen gapyny itdim.
- Gyzym, indi meniň ýüregimden başga dyzymam...
Ýektaýly gyz ökjeli köwşüni tyrkyldadyp ýerinden galdy. Gahardan ýaňa dym-gyzyl boldy:
- Gör-ä bu adamlary, çestnoýe slowo?! Işlemäge goýmaýarlar. - Gyz stoluň üstünde ýatan sürmeli gapyrjagyny aldy-da, sumkasyna oklady. Aýasynda gizlenip duran aýnajygyna seredip, gaşlaryny sypalaşdyrdy.
- Garaşyň, ýaşuly! Garaşyň sözüne düşünmeýärsiňizmi?!
Şundan soň gulagym hiç zat eşitmedi. Men ýuwdundym-da koridoryň bir çetine çekildim. Irkilipdirin. Birdenem ol gyz ökjeli köwşüni tyrkyldadyp daş çykdy. Deňime geldi.
- Ýaşuly, garaşyň, deri keselleri dispanserinden jaň geldi. Men gitmeli.
Penjireden wraç gyzyň dolmuş kaddyny synladym. Ol messan basyp "Geýimler" magazinine girip gitdi.

Daňatar AGAÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 06.04.1984 ý.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 159 | Добавил: Haweran | Теги: Daňatar Agaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]