03:59

Gargalara gülki bolan bilbil men...

GARGALARA GÜLKI BOLAN BILBIL MEN...

Ýaşamadym il ýaşanja şekilli,
Mekanym Ýer bilen Aýyň arasy.
Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli,
Sen söýen kalbymyň orhideýasy!

Gargalara gülki bolan bilbil men,
Sorap görseň: barypýatan güňmüşim.
Şu görnüşe - şol gülümsiz geldim men,
Olar üçin suwotu-da gülmüşin.

Gussalaram meň üstüme hekgerdi
Ýol ýitirdim.
Ýitdi durmuş matlabym.
Owazymy ýerdäkiler ýek gördi,
Doga bilen arşa gitdi hatlarym.

Hiç bir ýagtysy-da gerek däl - Günüň,
Ýetik - bolsa, her bir aýtjak sözleň şem.
Dünýäm sowuklygna gamlanma, Gülüm!
Dogabitdi sowuk bilen öwrenşen.

Duýgularym ykmanda deý gezmesin,
Dowam etjek ýalňyzlygyň ýolun kes!
Dyman ýürek yşga joşup sözlesin,
Yşgyň bilen kapasaňa salsaň bes!
Категория: Goşgular | Просмотров: 142 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]