03:40

Geçirimlilik

GEÇIRIMLILIK

"Gursakda agyr daş göterip ýörmäň,
Adamlar, bagyşlaň birek-biregi!"
Didarberdi Allaberdiýew.


Dagyň gaýasyndan bir agyr daşy,
Göterip bilmesek, goýýarys ýerde.
Käte göwne degip, bolsak-da asy,
Öýke-kine edip, galýarys derde.

Dagyň daşyndan-da bir agyr daşy,
Gursakda mydama göterip ýörüs.
Bir söz üçin undup dogan-gardaşy,
Eden hatamyza ökünip ýörüs.

Bagyşlamak – mahsus bolan mertlere,
Mertleriň mertligi şundadyr meger.
Adam kaýyl bolup ähli şertlere,
Hak sözüň alnynda başyny eger.

Käte göwne degýäs ýalňyşlyk bilen,
Soňam galyp ýörüs derdi-hyýala.
Ýamanlygy ýeňsek ýagşylyk bilen,
Mertebämiz mydam bolar zyýada.

Saba-säher bir kineli söz däl-de,
Seni adamlaryň mähri oýarsyn.
Ekeniň orulýan gadym dünýäde,
Ýagşylykdan başga näme goýarsyň?!

Geçirimli ýaşa, bagyşlap ýaşa,
Şeýle häsiýetler dünýäň diregi.
Bu sözi kalbyňa nagyşlap ýaşa:
«Adamlar, bagyşlaň birek-biregi!»

Akmyrat REJEBOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 497 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
-1
1 Елена_Прекрасная  
462
Bagyşlap bilmeýänler näme etmeli?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]