00:38

Geçmiş, haýyş...

GEÇMIŞ, HAÝYŞ...

Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr,
Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme.

Sahypasy täzelensin ömrümiň,
Kir-kimirden, goý, päklensin kalbymam.
Günler, süpür ajy ýatlamalary,
Ine, ýanan ýürek seňki! — Al munam!

Hawa, ýürek ýanan...
Häli-häzirem
Gözümi ýaşardýar hijran yzasy.
Söýenligim üçin jebir çekdim men,
Söýgim üçin berdi ykbal jezasyn.

Aýralyga çenli çydady ýürek,
A soň...
Soňam çydaberdi (neýlesin?!)
Ýöne bir gün güýz ýeline ykjadyp
Başyndaky täp-täzeje öýmesin,
Täze gelin sataşanda pete-pet,
Doňup galdy...
Soň uwlady ses edip...
Hatda, şol gün Günem, ýelem aglady,
Ýüregimiň ejirine esedip...

Her güýz gelip, köne ýaram gozgaýar,
Ýakan melek gelip girýär aklyma.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk saklama.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 436 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Русская песня / Goşgular - 12.02.2023
Они моих страданий не поймут / Goşgular - 15.01.2023
Из бездны / Goşgular - 15.01.2023
Çagaly öý / Goşgular - 04.01.2023
«Великий день Кирилловой кончины…» / Goşgular - 13.02.2023
Памятник / Goşgular - 28.01.2023
«Душно в городе! Как только…» / Goşgular - 07.01.2023
Sestra derýasy / Goşgular - 29.01.2023
«Мрачна моя тюрьма, – за крепкими стенами…» / Goşgular - 17.01.2023
«Не упрекай, что я смущаюсь…» / Goşgular - 03.02.2023

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Pegas  
98
Meňki tersine. biggrin

0
2 shahyr1964  
283
Sag bol, Sapa. Ajaýyp goşgy. Ýöne ikimiziň geçmişe saklama diýenimiz bilen çäklenýän bolsady

0
3 shahyr1964  
283
Meniň şu gün teswir ýazmaly günüm däl öýdýän, hiç zat hatda öz pikirlememem meniň garşyma gidýän ýaly. Goşgy gowy, söz ýok, ýöne özüm bir pikir ýöretjek boldum, bärde de bolmady, Haweranyň temasynda-da bolmady. Diýmek Meniňki bu gün çüwenok :-)

0
4 shahyr1964  
283
Onam edip gördüm, Haweran, bolmady. Aý, indi ol pikir tutdurmaz, ýöne erbet pikir däldi, seniň goşgyň hakynda gowy bir zatlar ýazypdym, Maňa eden täsirini ýazypdym. Arkaýyn bolaý, :-)

0
5 Мylayym  
83
"Men geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk saklama!" ....

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]