02:38

"Gel, gowsy baryny başlaly başdan"

"GEL, GOWSY BARYNY BAŞLALY BAŞDAN"

"Gel, gowsy baryny başlaly başdan"
Aşyr Hanow


Gel, gowsy baryny başlaly başdan,
Ýoklap gussalaryň düýni-ertesin.
Ýalňyzlygy aýryp, synlaly bile
Geçen bagtly günleň kinolentasyn.

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Syryp dünýämiziň gamgyn buludyn,
Ýöne urýan ýürek kiçidir welin,
Söýen ýürek köp zatlardan uludyr.

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Ýeke ýalan bolsa, biz ony bogsak
Çaga bolşuň bilen begendir meni,
Şatlygy-da undyp barýaryn, ýogsa.

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Besdir, aýralyga bolmaýyn şahyr
Seni men dek,
menäm sen dek ykbalda
Ömürboýy, indi söýjek ýok ahyr.

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.10
Категория: Goşgular | Просмотров: 216 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Süleýman2203  
1541
Gaty gowy goşgy eliňe saglyk

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]