20:54

Gelerin

GELERIN

Toýa barýan, dünýäm, elimde gül bar,
Howlymyz çemenzar, baharyň ülşi.
Elmiň aýasy deý gülli sähralar,
Aklym haýran edýär, sämedýär seri,
Ýazlaryň gelşi.

Maňa mahsus gezendelik, ezizim,
Umman aşmakçy men, hanha bar gämi.
Bahar gelip, gül getiren bu barlyk,
Iňňän meňzeş, läläm, seniň dünýäňe.

Gelerin men, barýan, dünýäm, alysa,
Ýollar alys, başa düşendir ak gar.
Şo:l gardan azajyk düşüpdir daga,
Bagbanlaşdyk, menzil aşdyk birneme,
Ekdik, dikdik, ýazdyk, bol hasyl aldyk...
Sered-ä, bu günem çar tarapymyz,
Bagy-bossanlyk.

Mähirli bakyşlaň hakyda-aňda,
Ömre daýanç, boz bakyşly jerenim!
Garaş, dünýäm, bu gün umman aşsam-da,
Mähre suwsan gözleň göresim gelip,
Basym gelerin.

Abdylhalyk JUMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 369 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Halyk Jumat | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]