12:05

Geliň bilelikde dowam etdireliň!

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 708 | Добавил: Şirhan | Теги: Şirhan Allaberdiýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024

Teswirleriň ählisi: 14
1
1 Gumlygelin  
8
@Şirhanyñ başlan işine baş goşmaga hetdimiz bolmaz wacko

1
2 Şirhan  
49
@Has, "Taýyn bolsa,oňaý şoň bilen. Seslenjek ýokdur" diýýäňmi? tongue

1
3 Şirhan  
49
@Gumly gelin,gelneje beý diýmäň.Sizem öz fantaziýaňyza görä yzyny ýazjak boluň. Isleseňiz goşgy bilenem ýazyp bilersiňiz biggrin

1
4 Мylayym  
83
Selimiň Marala gözi düşenden özüni ýitirip, aljyraňňy haly başyndan geçirdi. Nädip beýle bolmasyn?! Jany-teni bilen söýen gyzyndan göwni galyp, aýralykdan soň, birnäçe ýyl görüşmändiler. Olar asla görüşerisem öýdenokdylar. Sebäbi, dünýä deňäp ýören Maralynyň söýhüsine dönüklik edip, ata-enesiniň diýenlinden çykmajak bolup, aýra düşenini, Selim özüne kemlik bilip, kineli halda gezip ýördi.
Maral bolsa, indi yzda galan Selimli geçmişini unudyp, ata-enesiniň göwni diýip, kakasynyň dostunyň baýlygyna göz dikmek bilen, onuň ogluna dirmuşa çykypdy. Ol ýerde-de, "Ärim almady, Älem almady" diýleni boldy-da, yzygiderli dowam eden gowgaly durmuşyndan irip, atasy öýüne dolanyp gelipdi...
Selim Marala sataşmak bilen ol gyzyň ýüzünde gussa alamatynyň barlygyny, oňa şunça ýyllardan soň, tötänden sataşylan duşuşygyň täsirinde ýylgyrmak alamatyny görmedi.
Ikisi-de bir bada bir-birlerine seredişip durdular. Muňa Selimiň Maral baradaky, Maralyň bolsa, Selim baradaky içgepletmeleri sebäp boldy...
Birhaýukdan soň, Selim dymyşlygy bozup: -Maral?- diýdi-de, Marala sorag nazary bilen, oňa habar gatdy...

1
5 Мylayym  
83
Maral ýalňyşyna düşünýärdi. Baýlyk-bolelinlik. Islän ýeriňe eliniň ýetip durjagy barada aladalanyp, ejesi ony barly ýere bereni bilen, bagty çüwmese bolmajagyna gözi ýetensoň, ata-enesiniň-de gyzlarynyň ykbalyna aglaýandyklary gyýylyp, gyz kemsinmekden ýaňa Selimiň ýanynda söz bilen däl-de, diňe göz bilen düşündiräýesi gelip, dolugypdy.
Selimiň: "Maral?" diýen sözüne ol tisginen ýaly boldu-da, ýaňaklarynda saklanan göz ýaş damjajyklaryny gizlejegem bolman, sülük barmaklary bilen sylyp goýberdi...
Selimiň keýpi gaçdy. Ol:
-Gurgunmysyň, Maral?! -diýdi-de, daş-töweregine garanjaklady.
-Bu toý siziňkimi? Sen näme üçin aglaýarsyň? Hal-ahwalyň gowumy?- diýen soragyna Maral:
-Şükür, men gowy. Hawa, jigim öýlenýä-diýip, jogap berdi we bolup dirşundan utandymy, ol:- Ýetmeýän zadyňyz bolsa, aýdarsyňyzda- diýip, ýuwaş-ýuwaş gelip başlan myhmanlaryny garşy almana bosaga tarap ýöneldi.

1
6 Мylayym  
83
Toý başlandy. Selim adatdakysy ýaly mikrafony eline aldy-da:-Bir...bir...üff...bir...iki...üç...-diýdi-de, mikrofonyň işleýline göwni ýeten soň, gürlemäne başlady. Ol elbet-de, gürlese gürleýärdi. Ýöne Maralyň gözýaşly dymyp durmagy onuň ýadyna düşende oýlanmakdan ýaňa ýalňyşyp, başga zatlar samrabermeginden howatyrlanyp, ünsüni näçe sowjak bolsa-da, toý tamamlanýança aýňalyp bilmedi. Ol Maralyň durmuşy hal-ýagdaýy barada gyzyklanasy geldi. Ýöne bu wagtlar onuň ýeri däldigi welin, köre mälim.
Selim toýuň baryşynyň dowamlylygynda şol öz ýüreginde yza goýan Maralyny synladygyça Marally geçen ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, aýdym aýdýan bagşydan Maralyň ýanynda hiňlenýän käbir aýdymlaryndan birki sanysyny gyz üçin aýtdyrypdy. Göräýmäne myhmanlar bilen başagaý ýaly görünýänem bolsa Maral, Selim ikisine degişli bolan aýdymlara gulak salanda, onuň ýüregi lerzana gelýärdi. Toý keýpi bolman soň,Maralyň tans etmäne-de gyzygy bolmady...

1
7 Мylayym  
83
Yzyny dowam etjek barmy? Jemlemä çenl-ä entek uzagrak bolar.

0
8 Şirhan  
49
@Mylaýym,tüweleme! Boljak ekenä ynha ýazyberseň. smile

1
9 Şirhan  
49
@Sahypjemal, tongue hany dowamynam ýazda.Toýda näme işläp ýörkä ol biggrin

1
10 Gumlygelin  
8
Maral Selime:
-Näme geñ galýañ.Toý diñe dirilere degişlimi.-diýip,jogap berdi.
Selim aýak üstünde zordan saklanyp töweregne ser salyp başlady.

1
11 Şirhan  
49
@Gumlygelin,gelneje "döwli" ýerinde goýmaň ahyryn,yzynam ýazyberiň smile

1
12 Gumlygelin  
8
Selim toýda tans edip ýören gyzlara gözi düşende doñup galdy.
Tans oýnaýan gyzlar misli ýerden pessaýlap uçýan kebelekleri ýada salýardy.Çûnki tans oýnaýan gyzlañ aýagy ýere galtaşmaýardy....

1
13 Şirhan  
49
Şu mowzuga işjeň gatnaşan agzalaryň ählisine minnetdar! Işleriňizde rowaçlyk,döredijiligiňizde üstünlik hemraňyz bolsun! Ýakyn günlerde hekaýaň dowamyny goýaryn nesip bolsa.

0
14 Мylayym  
83
Köpçülikleýin, bir-birlermiziň ýazanlarymyzy dowam etdirip gidiberenimizde, gyzykly bir heka bolmagy ahmaldy welin, gynansak-da, agzalar aktiw däl ekenler.( Meniň pikirimçe gyzykly bolardy şeýdilende) Tama çykmady (
Hekaýanyň orginal görnüşiniň dowamyna garaşýas!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]