08:36

Geljegi gören romanlar

GELJEGI GÖREN ROMANLAR

Käbir açyşlary ylmy-fantastiki žanrda eser döredýän ýazyjylar öňünden çak etdimi ýa-da açyşlar şol eserlerden ylham alnyp döredildimi, muny anyk bilmek köplenç halatda bize başardanok.
Ilki bilen Jonatan Swiftiň «Gulliweriň syýahatlary» kitabyndan gürrüňe başlamak isleýärin. Kitap 1726-njy ýylda çap edilýär. Gulliwer äpetleriň we girdenekleriň ülkesine syýahat edýär. Laputa adasyna baranda bolsa, ençeme alyma duş gelýär. Şol ýerdäki astronomlar Marsyň töwereginde hereket edýän iki sany hemra hakynda gürrüň edýärler. Kitabyň ýazylmagyndan 150 ýyl soňra, ýagny 1877-nji ýylda hakykatdanam Marsyň töweregindäki hemralaryň üsti açylýar. Olar Fobos we Deimos.
Meri Şelleý «Frankenşteýni» ýazan wagtlary, 1818-nji ýylda heniz organ transplantasiýasy edilmeýärdi. Bu kitabyň çykmagyndan 5 ýyl soňra, 1823-nji ýylda ilkinji gezek Germaniýada organ oturdylmasa-da, dokuma transplantasiýasy amala aşyrylyp başlandy. Organ oturtmak bolsa şondan 100 ýyldan soň mümkin boldy.
Ylmy-fantastiki žanrda eser ýazmaklykda iň meşhur ýazyjylaryň biri bolan Žul Werniň «Aýa syýahat» atly kitabynda gürrüňi edilýän «kosmos ýelkenleri» NASA tarapyndan «Halley» atly guýrukly ýyldyzy öwrenmek maksady bilen 2010-njy ýylda ýasaldy. 1889-njy ýylda çap bolan kitabynda-da birgiden açyşlardan laýyk bir müň ýyl soňky döwri – 2889-njy ýyly hyýal edýär. Hekaýadaky gahryman «fonotelefote» atly enjamyň kömegi arkaly aýaly bilen wideo arkaly habarlaşýar. Bu häzirki wagtdaky «Skype» programmasyny ýatladýar. Kitapda adamlaryň has çalasyn geýim-gejim geýmeginde ýardam etjek «mehaniki geýdiriji» bolsa häli-häzire çenli oýlanyp tapylmady.
Kredit kartlarynyň peýda bolmagyndan 63 ýyl öň, 1888-nji ýylda Edward Bellamy «Geçmişe bakyş» atly utopiki romanyny ýazýar. Romanyň gahrymany 113 ýyllyk uka gidip, 2000-nji ýylda oýanýar. Şonda adamlaryň söwda edenlerinde nagt puluň deregine kredit kartlaryndan peýdalanyp başlandygyny görýär.
2013-nji ýylda ilkinji oturtma aýagyň ýasalmagyndan 41 ýyl öň Martin Kaidin «Saiborg» atly romanyny ýazýar. Romandaky astronawt gahrymanymyzyň uçar çaknyşygyndan soň ýitiren bir golunyň, aýagynyň we gözüniň deregine alymlar oňa robotik aýak hem-de aýryp-dakyp bolýan kameraly göz oturdyp, ýarym adam, ýarym robot bolan «Saiborga» öwürýärler.

Terjime eden: Ýazgül KAKAGELDIÝEWA.
Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 615 | Добавил: Durdyyewа | Теги: Ýazgül Kakageldiýewa | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]