16:08 Gelnalyjy | |
GELNALYJY
Ylahydan buýrukdyr ol, Depe saçyň düýrükdirer. Öň barana baýrakdyr ol, Hannasy örtär gelnalyjy. Ýel düşende ýeňil kellä, Tizlik ýeter bir ýüz ellä. Diýýän görmedim: «Ýa, Alla!» Emgege tartar gelnalyjy. Toý tutýanlar ünjä galar, Haýal süren puja galar. Sesi özünden gijä galar, Reaktiw motor gelnalyjy. Görnensoň-a sowup bolmaz, Swetofora sygnyp bolmaz. O tizlikde gowluk bolmaz, Ýap-ýasy eder gelnalyjy. Mal janawer sowulmasa, Kysmaty onuň kalbasa. Senem sylamaz, alňasa, Howp bile hatar gelnalyjy. Täze nysak tapýa tütjar, Üstünden ellilik seçer. Äjit-mäjitmi, harteçjar, Ondanam beter gelnalyjy. Zogun çalyp otly gelýä, Gelnalyjy has batly gelýä, Tormoz beren bagtly bolýa, Alňasap öter gelnalyjy. Peýkam sypyp gaýtdy ýaýdan, Adam bary ýaýdan-ýaýdan. Sürerler içip «awudan», Ýyl-ýyldan beter gelnalyjy. Bagt düşende bijäme, Toýy ýaňzytdym ejeme. Diýdi: «Görsedim kejebe, Myrada ýeter gelnalyjy». 28.01.1991 ý. «Aşgabat agşamy» gazeti. | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |