13:48

Geň-enaýy Mary gyzlary

GEŇ-ENAÝY MARY GYZLARY

Iki sany gözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.
Dillerinde sözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.

Gör, ellerem iki sany,
Hakyt gyzyl reňkli gany,
Iki däl-de, birdir jany
Maryň gözel gyzlarynyň.

Aýak bilen ädimleýär,
Gaýnan suwa çaý demleýär,
Gulaklary ses diňleýär
Maryň gözel gyzlarynyň.

Atlary hem geňdir, bilgin:
Maral, Aýna, Jennet, Sülgün...
Gaşam iki (gördüm hol gün)
Maryň gözel gyzlarynyň.

Sesi inçe, ýognasam däl,
Alçagam kän, agrasam kän.
Içýäni suw, iýýäni nan
Maryň gözel gyzlarynyň.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/22168-ge-enayy-mary-gyzlary-barada.html. 04.02.2023ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 409 | Добавил: Bagabat | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 kungfuu  
1292
Sapa, oýun edýäňmaý dos?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]