05:44

Geniými ýa-da döwürden öñe geçip giden telbe / dowamy

1895-nji ýyly Westingauz dünýäde iň uly Niagara GESini işe düşürdi. Bu ýerde Teslanyň gudratly generatorlary işläp durdy. Şo wagt oýlap tapyjy uzakdan dolandyrylýan mehanizmler üstünde iş alyp barýardy. Ol Medison-Skwer-Garden aralykdan durup gaýykjyklary dolandyrýardy. Adamlar muny jadygöýlige ýordular. Teslanyň tejribe otagynda bolanlar onuň howada energiýadan peýda bolan şar görnüşli şöhläni nädip elinde oýnadýany we çemodanyna salyp goýýanyny gorky bilen ýatlaýardylar. 1898-nji ýylda Tesla tejribe otagy ýerleşýän binanyň üçegine kiçijik enjam ornatdy. Bir azdan soň bütin bina silkinip başlady. Adamlar gorkanyndan köçä atylyp çykdylar. Teslanyň öýüne tiz wagtda polisiýa we žurnalistler ýetip geldiler. Emma ol enjamyny öçürip we ýok edip ýetişipdi. Soňrak bolsa ol žurnalistlere “Bruklin köprüsini bir sagatda bozup goýmagym mümkindi” diýipdir. Ol hat-da dogry gelýän wibrator bolsa, Ýer şaryny hem böleklere bölüp goýbermek mümkinligini aýdypdyr.

Kolorado Springsde Teslanyň tejribe geçirmegi üçin ullakan mis şar ornadylan minara guruldy. Bu ýerde alym uzynlygy 4 metre çetýän ýyldyrym döretdi. Töwerege uçgunlar syçrady. Otlary hem düýpleri bilen tok urdy. Adamlary gorka salan bu tejribe hem ýöne ýere geçirilmändi. Minaradan 30 kilometr uzaklykda şo bir wagtyň özünde 200 sany elektrik lampoçkasy ýanyp durdy. Elektrik togy simsiz, ýer arkaly geçirilipdi.

Iň soňunda, Kolorado Springsdäki tejribeler ýerli elektrostansiýadaky generatory işden çykardy. Nýu-Ýorka gaýtmaga dogry geldi. 1900-nji ýyly Tesla bankir Jon Pirpont Morganyň buýrugy boýunça Bütindünýä simsiz elektrostansiýasyny gurmaga girişdi.

Long-Aýlend adasynda depesinde ullakan mis “tarelka” –uzadyjy ornadylan 57 metrli minara guruldy. Minaranyň esasy 36 metr çuňlukdady.1905-nji ýylda ilkinji synag amala aşyryldy. “Tesla müňläp kilometr uzaklykdaky asmany ýagtyltdy” diýip gazetlar ýazýardy. Simsiz energiýa uzadyjy ikinji minarany Tesla Niagara şaglawugynda gurmakçydy. Emma bu meýilnama diýseň uly serişde talap edýärdi. Şu sebäpli meýilnama amala aşman galdy.

1893-nji ýylda –Markonidan bir näçe ýyl öňräk birinji tolkun uzadyjy radioenjamy döreden bolsa-da, ol Morgana aragatnaşyk däl, energiýany simsiz uzatmaga köpräk gyzygýanyny aýdypdy. Emma Morgan munuň peýda getirmejekligini aýdyp, oňa kän üns bermedi. Birinji Jahan uruşy başlandan soň bolsa, Amerika hökümeti minaranyň duşmanlar tarapyndan peýdalanylmagy mümkinliginde howatyrlanyp, ony partladyp goýbermäge karar etdi. Şu şekilde Teslanyň dünýäni simsiz baglamak hakyndaky arzuwy puja çykdy.

Şundan soň Tesla patentlarynyň bir bölegini 15 million dollara satdy. Puluna bolsa Nýu-Ýorkda özüne tejribe otagyny gurdy. Ol ýene açyşlar üstünde işledi, patent yzyndan patent satyn aldy. Onuň tejribeleri rowaýata öwrüldi. Hat-da, 1908-nji ýylky Tungus meteoriti hadysasyny hem ol bilen bagladylar. Edil şo hadysa ýüze çykan wagtda Tesla ullakan mukdardaky energiýany howa arkaly uzatmak boýunça tejribe geçirýärdi. Tungus partlamasyndan bir näçe aý öň ol meşhur syýahatçy Robert Piriniň Demirgazykdaky ekspedisiýasynyn ýoluny uzakdan durup ýagtyldyp bermegi yglan edipdi. ABŞ Kongressiniň kitaphanasynda onuň Sibirdäki adamsyz ýerleriň kartasyny soranlygyny tassyklaýan haty saklanmagy Tungus meteoritine onuň gatnaşygynyň barlygy hakdaky takmynlary peýda edipdir.

1926-nji ýylda ol Waldopf-Astopiýa we Nýu-Ýorkdaky tejribeotaglaryna radiomaçta ýerleşdirdi. Alym radiomaçta arkaly näbelli signallary kabul edýärdi. Bu signallaryň başga planetadan gelenini takmyn edipdirler.

1931-nji ýylda Nikola Tesla köpçülige syrly awtomobili görkezdi. Ol gymmatbaha limuziniň dwigatelini alyp taşlady we elektromotor ornatdy. Soň kapot içine kiçijik gutyjyk goýdy we motora birikdirdi. „Indi energiýa bar“ diýen Tesla awtomobile oturdy we ýöretdi. Awtomobiliň tizligi sagatda 150 kilometre ýetdi. Maşyny bir hepde synady. Gutyjykdaky tok çeşmesi bolsa gutarjak bolmaýardy. Jemlenenler onuň jadygöý ekenligini aýdandan soň, Tesla gahar bilen gutyjygy çykaryp aldy we tejribe otagyna alyp gitdi. Bu gutynyň nähili ýasalanlygy we nämäniň hasabyna işläni häzire çenli syr bolup gelýär.

Tesla ölüminden bir azrak öň 400 kilometr uzaklykda durup, 10 müňe ýakyn samolýoty ýok etmäge ukyply „ajal nuruny“ döredenligini yglan etdi. Amerikanyň DARPA agentligi 1958-nji ýylda onuň taslamasy esasynda „ajal nuruny“ döretmek üçin iş başlapdyr. Emma 1982-nji ýylda tejribeleriň netijesizligi we uly serişde sarp edilenligi sebäpli taslama goýbolsun edilipdir. Tesla açan gapylar. Ikinji jahan uruşy başlanmagyndan öň ol ABŞ harby-deňiz ministrliginiň gizlin taslamalary üstünde iş başlady. Bu taslamalar duşmany ýok etmek üçin uzaklykdan durup energiýadan peýdalanmak,wagty dolandyrmak ýaly taslamalardy. “Filadelfiýa tejribesi” diýip at alan meşhur waka onuň gatnaşmagynda başlanan.

Nikola Tesla bu tejribede ynsanlar gurban bolmagy mümkinligini öňünden bilipdir we enjamy gaýtadan taýýarlamak gerekligini talap edipdir. Emma uruş ýagdaýynda muňa wagt hem serişde hem ýetmeýärdi. Teslanyň ölüminden on aý geçenden soň Amerika harby floty gämileri radara görünmeýän etmek barada tejribe geçirdi. Munuň üçin “Eldrij” esminetsine Teslanyň generator kömeginde radara täsir berýän “elektromagnit köpürjik” ornatdylar. Tejribe wagtynda garaşylmadyk hadysa ýüze çykdy. Gämi diňe bir radara däl, belki-de ynsan gözüne hem görünmeýän boldy. Munuň üstesine-de, gämi duran ýerinden ýüzläp kilometr uzaklykda peýda bolup, soň ýene Filadelfiýadaky baza gaýdyp geldi. Gämi Filadelfiýadan Norfolka “baryp-gelýänçä” onuň içindäki adamlar bütinleý däli bolup galypdyrlar. Olary bejermek üçin uzak wagt hereket etdiler, emma peýdasyz boldy. Şondan soň bu taslama goýbolsun edildi.

Tesla 1943-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda garyplykda aradan çykdy. Onuň bar emlägi dürli taslamalary amala aşyrmak üçin sarplanandy. Teslanyň ölümi hakynda habar tapmagy bilen FBI ýörite bölümi ol wepat bolan myhmanhana otagyny barlady. Nikola Tesla degişli bolan ähli ýazgylary we çyzgylary alyp gitdiler. Onuň jesedi ýandyryldy we küli salynan guty Nýu-Ýorkdaky Fernkliff gabrystanyna goýuldy.

Nikola Teslanyň käbir golýazmalary entek hem tapylmandyr. Käbirleri bu golýazmalary onuň özi ýakyp goýberen diýip takmyn edýärler. Çünki zamanyndan diýseö öňe geçip giden alymyň açyşlaryna adamzat entek taýýar däldi.

@Bay.men

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 405 | Добавил: Yusup | Теги: Bay.men | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 jumagylyjovao  
88
Gyzykly,täsirli,peýdaly material. Sag boluň!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]