22:53

Gerçek

GERÇEK

(Mekdep mugallymy, uruş weterany, podpolkownik Aba Mämenowy ýatlap)

Ýeňiş bilen öýne dolandy esger,
Köp ýyllap hatardan galmady işläp.
Geçen urşuň agyr yzasy ýatyr,
Onuň bedeniniň aşagyn dişläp.

22 sany gurşunly esger,
Wah diýmedi jebirli ýaşasa-da.
Mekdep ýaşlarynyň hossary boldy,
Köpüň adamydy, sadady sada.

Hatar-hatar orden medally gerçek,
Geýinerdi söweş gören şinelin.
Bu gün togsanyny arka atypdyr,
Gowşuryp oturanok Diýarda elin.

Diri taryh ýaşap ýören esgerler,
Gören soňlar ok-däriniň tüssesin.
Öwrenýäris ýow gaýtaran pederden,
Watan goramagyň beýik nusgasyn.

II.

...Bu gün gerçek täzeledi dünýäsin,
Üzüm çybygyndan ýolunyp düşdi.
Heläk boldy ahyr tendäki okdan
Daşyna hossarlar, deň-duşlar üýşdi.

Galdymyka arman gerçek kalbynda,
Agtyk, çowluk gallap otyr daşyny.
Bäş ýyl haýyp geçdi uruş ýyllary
Alyp gitdi juwan ýaşlyk ýaşyny.

Göz öňümde, düşeginiň üstünde,
Surat dälde, sungat bolup ýatyşyň.
Bir günde müň ýola ýat edýän adyň,
Gursagymy ýaryp barýar ataşyň.

Gursagyňda ýanan oduň öçdümi,
Ýadyňdan çykdymy ajap pursatlar,
Ýaşlyk tozan bolup geçip gitdimi,
Pellehana ýetmän galan dek atlar.

Bogup barýar demligimden ýapyşyp,
Seniň ýoklugyňa heniz ynam ýok,
Asmandaky bulutlaram dagady,
Uruş ýok, jenjel ýok,
ýöne esger ýok.

Eziz adyň müň mertebe gaýtalap,
Dagy sökdüm, çöli sökdüm perişan,
...Manyly ömrüňe guwanýan esger,
Bagtyýar durmuşda bagtly ýaşan.

Amansähet ANNASÄHEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 144 | Добавил: Haweran | Теги: Amansähet Annasähedow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]