18:22

Geýilýän geýimler türkmenler arasynda

GEÝILÝÄN GEÝIMLER TÜRKMENLER ARASYNDA

Orus bizi almazdan owal, şu geýilýän geýimleriñ birisi hem ýokmuş, hemmesi üýtgeşik geýimdir. Emma her bir tüýsli täze geýim çykan wagtda: ''Ony geýmek dürs däldir'' diýip aýdarlar we ony geýgen adamny köp aýypladylar we aýdardylar: ''Öz dini(ñi) üýtgeşdirdi'' diýip. Weli biraz wagtdan soñra şol akmak gürrüñi çykaran adamlar ýüzüne gara çekip, utanman, eýmenmän, geýimleri(ni) ýakymly görüp geýýäler.
Ilki wagtlar kaloş, mesi geýmekni hem günä diýip aýdandyrlar. Imdi kaloşny, mesini hem kim tapsa, derrew geýer. Günä diýip aýdandyrlar. Imdi kaloşny, mesini hem kim tapsa, derrew geýer. Günä diýen adamlar hem öñünden geýer utanman, hyjalat çekmän. Utançsyz, bihaýalygy bilmezler günä-sogap diýip çykararlar. Eger günä-sogapny, Şerigatny ýagşy bilsek, biz ㅡ türkmenler yza galmazdyk. Eger başga geýimleri geýmek günä bolup (dogrusy: bolsa) türkmenleriñ özünden çykan ýeke geýim hem ýokdur. Ýalañaç garyplar ýaly ýalañaç gezmelidir.
Bizden çykan gyrmyzy köýnek we gyrmyzy dondur. Ol matalaryñ hem ýüpegi, köplenç, başga memleketden gelýändir.
Gyrmyzy köýnegi we gyrmyzy dony türkmenler tä ýyrtylýança ýuwmazlar olaryñ reñki gider diýip. Onda hem biz ㅡ türkmenler ony parh etmän, gyrmyzy don bilen gyrmyzy köýnek etmek (bolmalysy: edinsek), dünýäde başga armanymyz ýokdur.
Bir gyrmyzy aýal köýnekniñ bahasy on bäş manat bolur. Eger şu pullarga özümizge arassa çitlerden we mawutlardan köýnek-balak, geýimlerimizni täzelesek, gyrmyzy köýnek-balakdan müñ mertebe ýagşy bolardy.
Aýallarymyz we erkeklerimiz çit köýnek-balakny geýmekni aýyp bilerler, emma olaryñ kiriniñ we deriniñ ysyndan ýanlarynda oturyp bolmaz, ony hiç parh etmezler. Çit geýim geýmekni günä bilerler, emma hiç kim utanmaz: musulmançylyknyñ iñ parz işi arassaçylykdyr. Geýim arassa bolmak (dogrusy: bolmasa), ten hiç wagt arassa bolmaz we öz geýimlermizni hapa saklamaklyk köp kesel getirer adamga.
Köpümiziñ dulumyzda bir gysym un ýokdur. Emma gyrmyzy don we ýigrimi-otuz manatlyk telpek alarmyz. Emma şol geýimlerimiziñ hiç jana ýakymy ýokdur, zyýandan başga. Eý adamlar! Janyñyzga haýpyñyz gelsin! Ýakymly geýimlerden geýiñ! Bakmañ akmak adamlaryñ sözlerine!

Muhammetguly ATABAÝEW.

''Ruznameýi Maweraýi Bahri Hazar'', 07. IV.1915 ý.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 377 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Muhammetguly Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]