20:16

Gezsem, jahany görsem

GEZSEM, JAHANY GÖRSEM

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň millilige, halkylyga öwrülen ajaýyp döredijiligini okan her bir türkmen özüniň gahrymançylykly geçmişini, şu gününi,we geljegini görýär. Türkmeniň Gahryman ogly, Hormatly Prezidentimiziň beýik şahyryň döredijiligine uly sarpa, hormat goýýar. Her ýyl şahyryň doglan güni uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilýär. Ony dilleriniň senasyna öwren, goşgularyny ýatdan bilýän, ony saza salyp uly joşgun bilen ýerine ýetirýän türkmen halkyny diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen onuň ölmez-ýitmz goşgulary dünýä halklarynyň dillerine terjime edilýär. Dürli ýurtlaryň okyjylary dünýäniň köp halklarynyň dilini, medeniýetini öwrenip ony öz döreliliginde ussatlyk bilen görkezmegi başaran Magtymguly Pyragynyň goşgularyny uly höwes bilen okaýarlar.Oňa uly sarpa goýýarlar. Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew: ‘’Magtymgulyny diňe bir türkmen poeziýasynyň däl-de eýsem dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasap edýäris’’diýip,uly baha berýär.
Biz öz makalamyzda jahankeşde şahyr Magtymguly Pyragynyň Hindistan-hindi halky bilen baglanyşykly ýazan eserleri barada gürrüň etmekligi makul bildik.

Hak ugrunda gurbandyr,
Janym, döwletim, malym.
Köňül ýola rowandyr,
Hindistanda hyýalym.

Bu setirleri okan her bir türkmen;

Köňül istär gezsem dünýä älemi,
Ganatym ýok uça bilmen, neýläýin!
Okyr men, görer men ençe kelamy,
Manysyny saça bilmen, neýläýin!

- diýip ganaty-harajaty bolan bolsa bütin ýer ýüzine aýlanmagy, ol erdäki täsinlikleri görmegi arzuw edeniň Magtymguly atamyzdygyny derrew aňsalar gerek. Ýöne ol arzuwlar diňe bir Magtymguly Pyragynyň arzuwy bolman bütin türkmen halkynyň arzuwydy.
Magtymguly Pyragynyň syýahat etmegi söýen adam bolandygyny ýokarky setirlerden başga-da:

Köňül aýdar keşt edip
Gezsem jahany görsem.

Ýa-da:

Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwliýäler ummany
Ol Rumustany görsem.

Dogrudanam, Magtymguly öz bilimini artdyrmak, gözýetimini giňeltmek, saparkeşdelik arzuwlaryny kanagatlandyrmak üçin köp ülkelere syýahat edýär.
Ýigrimi ýaş töwereginde ylym, hakykat gözlegine çykan ýaş ýigit günbatardan gündogara tarap süýşüp barýan kerwenlere goşulyp ýola düşýär. Merhum alym ,profesor Mäti Kösäýewiň belleýşi ýaly Magtymguly Pyragy Dehistan, Maşady-Misseriýan ýaly düzlükleri yzda goýup, Şähri-Jürjena, Şähri-Yslam, Nusaý, Änew, Abiwerd, Mäne-Çäçe, Saragt, Dendanakan, Maru-Şahu-Jahan, Kişmeýhana, Amul şäherine barýar. Şeýle hem Halaçdaky ‘’Idris Baba" medresesine, soňra Buhara şäherine gidip ol ýerde Gögeldaş medresesinde okap ýören wagty Sirýadan ýörite çagyrylyp getirilen Hury Kazym Ibn Kahyr bilen dostlaşýar. Hury Kazym Ibn Kahyr Magtymguly Pyragynyň hem halypasy , hem-e ýakyn syrdaşy bolýar. Olar Buharada bolup geçýän hadysalar – jebir-sütemleri, hilegärlikleri, ahlak bozgaklyklaryny gözleri bilen görýärler. Şondan soň iki dost niredesiň Hindistan diýip ýola rowana bolýarlar. Olar Hindistanyň Kaşmir şäherinde we onuň töweregindäki obalarda bolup gelýärler. Magtymguly hindi topragyna ,onuň ajaýyp sypatyna haýran galýar. Näçe ýurt görse-de şunuň ýaly ajaýyp toprakly ýeri görmändigini, onuň hudaý tarapyn hindilere berlendigini "Ýaryň ýagşysyn’’ goşgusynda şeýle belleýär:

Binamysy dertden aman eýlediň,
Baran jaýyn meýlis-mekan eýlediň,
Durna, gaz mesgenin umman eýlediň,
Hindige bagyş eýläp ýeriň ýagşysyn.

Gadymy beýik halyklaryň biri bolan hindi halkynyň medenýeti hem gadymydyr. Olaryň halkyň durmuşyny ýaşaýşyny tebigatyny görkezýän hekaýalary, powestleri, romanlary dünýäniň köp ýurtlarynda okalýar. Ol eserler türkmenler tarapyndan hem giňden okalýar. Beýik klassyk şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň köpüsinde Hindistanyň durmuşyny, tebigatyny taryplamagy ýöne ýerden däl.
Taryhdan belli bolşy ýaly, Hindistanda XV-XVI asyrlarda türki kowumlar tarapyndan magollar dinasiýasy gurulýar. Ony esaslandyran Muhammet Babyr bolupdyr. Babyryň yzyny onuň ogly Humaýum, onuň yzyny Ekber şa dowam etdirýar. Magollar dinasitiýasynyň gurulmagynda asly türkmen Baýram hanyň uly roly bar. Baýram han türkmen klassyk edebiýatynyň esasy wekilleriniň biridir. Onuň ogly Awdyrahym han hem şahyr bolupdyr. Olar türk we pars dillerinde ajaýyp diwanlar galdyrypdyrlar. Hindistanyň premýer ministiri Jabaharlal Neru özüniň “Hindistanyň açylyşy” diýen işinde Baýram hanyň we onuň ogly Awdyrahymyň edebiýatda, medeniýetde köşkde bitiren işlerine uly baha berýär. Baýram han we onuň ogly Awdyrahym diňe özleri goşgy ýazmak bilen çäklenmän , şol döwrüň meşhur adamlaryny hem töwereklerine ýygnapdyrlar. Olaryň arasynda türki halklaryň şahyrlary hem bolupdyr.
Ynha, türkmen-hindi doslugynyň gadymy döwürlerden bäri gaýdýandygyny taryh görkezip dur. Bu zatlaryň ählisi Magtymguly Pyragynyň ünsüni özüne çekipdir. Masgtymduly hindi topragyna ikinji gezek hem gitmek üçin taýýarlyk görüp başlaýar. Hindi topragyny ýene bir gezek görmek, şeýle hem söýgüli ýaryndan aýra düşeni üçin öz ýüregine teselli bermek maksady bilen gitmekçi bolýandygyny “Hindistanda hyýalym” goşgusynyň bir bendinde şeýle diýýär:

Janym ataşa saldym,
Nar içinde men galdym,
Yşkdan ýaradar boldum,
Lukman soramaz halym.

Emma ýaş ýigidiň uzak uzak ýerlere gitmegine kakasy Döwletmämmet Azady garşy çykýar. Şonda Magtymguly:

Utanardym, syrym paş eýlemezdim.
Paş ederin, habar alsaň, Azadym!
Ýüz köý geler, geçer her gün bu başa.
Köňül istär, sapar kylsak, Azadym!

- diýip ýüzlenende Azady öz oglynyň gitmezligini isläp:

Jepa urma özüň çagyr möwlämy,
Arzuwlama hany, begi soltany,
Besdir bize ol taňrynyň bereni,
Azdyrma köňlüňi gitmegil oglum!

Ýa- da:

Garakçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr
Ölermiň ýitemiň, gitmegil Oglum!

Magtymguly kakasyna “Meger gitsem halkyň göwni hoş bola” diýip diňe öz peýdasy üçin gitmeýändigini aýdypdyr. Magtymguly her gezek Hindistanyň köp şäherinde – Deli, Agra ýaly uly şäherinde bolupdyr.
Biziň köpümiziň bilşimiz ýaly Hindistanda Täçmahal diýlip atlandyrylan bir mawzoleý bar. Ol görenleriň aklyny haýran edýär . Täçmahal mowzoleýi beýik dostlugyň netijesinde gurlupdyr. Ony Jahan şa özüniň bimahal dünýäden öten asly türkmen gyzy bolan aýaly Nurjahanyň hormatyna gurdurypdyr diýen maglumatlar bar.
Şeýle belent-belent ymaratlar jahankeşde şahyryň nazaryndan sypmandyr. Onuň goşgularynda atlary ýekän-ýekän agzalýar.
Dogrudanam.diniň däp-dessurlaryň, diliň aýry-aýry bolmagyna garamazdan hindi-türkmen dostlugy özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýandygy Magtymgulynyň döredijiliginde äşger görmek bolýar. Onda hindi halkyna bolan hormaty çäksiz. Şahyr "Içinde" goşgusynda her halkyň özüne mynasyp gylyk-häsiýetleriniň bardygyny görkezip şeýle diýýär:

Tokaýlar bir zaman peleňsiz olmaz,
Hindi jandan öter,pilinden galmaz,
Gazak geçi söýer,goç,gäwmiş almaz,
Mekany bolarmyş çöller içinde.

Magtymguly "Jan içinde’’ atly goşgusynda Hindistanyň tebigatyna, guş-gumrularyñ häsiýetlerine belentdigini aýdyp:

Durna aýdar uçar men,
Bagdak suwun içer men,
Gyş Hindistan göçer men,
Läle-zaran içinde.

Ýa-da:

Gumrular owaz bilen,
Tawus işi näz bilen.
Kaknus guşy saz bilen
Şol Hindistan içinde.

Magtymguly söýgi temada ýazan goşgularynda-da Hindistany, onuň tebigatyny gözellerini ýatlaýar:

Gyzyl diýsem-gyzyl, al diýsem-al sen,
Hindistanda- şeker, Bulgarda-bal sen,
Yşk bilen açylgan bir täze gül sen,
Ýusup-Züleýhanyň taýy, gözel sen.

Magtymgulynyň jahankeşde şahyr bolandygyny "Terk eýleme bu mekany" atly şygrynda:

Gördüm men bir mekan ary,
Kylmyşam bihet nisary,
Hemra kyldym bazygäri,
Ýortup gezip Hindistany.

Magtymguly Hindistandan gaýdandan soň Azerbeýjanyň Nuh welaýatynda hem bolupdyr. Ol bu ülkede seýil edip, ol ýerdäki geň-enaýy zatlary görüp gaýdandygyny "Ýaýlahlary bar’’ diýen goşgusynda belläp, şeýle diýýär:

Sapar edip barsak Nuşah mülküne,
Köňül isläniň dek ýaýlahlary bar,
Seýran etsek gunçasyna, gülüne,
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.

Elbetde, şeýle goşgulary şol ýurdy gören adam ýazyp biler. Goşgyny şahyr "ýaýlah’’, "oýnah’’, "awlah’’ ýaly azerbaýjan gepleşiginde düzüpdir. Bu hem beýik şahyryň şol halkyň dilini oňat bilýändiginiň şaýadydyr.
Magtymguly şahyryň ýörelgesinden ýörän şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz şahyryň Hindistan baradaky pikirlerini, hindi halkynyň ýaşaýyşlaryny, tebigatyny, gözelliklerini taryplap onlarça eserler döretdiler.
Hawa, Magtymguly Pyragydan, ondan öň hem Baýram handan we onuň ogly Abdyrahmandan gaýdýan türkmen-hindi dostlugy Berkerar döwletiň Bagtyýarlyk döwdünde - Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk edýän döwründe mizemez we edebi boldy.

Amansähet ANNASÄHEDOW
Aşgabat şäheriniň Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 221 | Добавил: Amansähet | Теги: Amansähet Annasähedow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]