07:42

"Giç berilen lälik ogul meslikden..."

"GIÇ BERILEN LÄLIK OGUL MESLIKDEN..."

Giç berilen lälik ogul meslikden
Çabalanýar, aşyr atýar, bögürýär.
―Köp gülen bir sürçer diýlişi ýaly,
Şum ajaly tutluşyga çagyrýar.

Indem barýar agaç atyn säpjedip,
Ýapynjasy çapgyn ýele galgaýar.
Aýazyň gamçysy ýüzlerin çawlan,
Uly çille sojap-sojap aglaýar.

Täleý humaryndan bişeýtel çykan,
Ýükçi ataň bolsa süňňi agarýar.
Saly suwda çagşan garyp enäniň
Dyza çykdy şor bagtyna ýagan gar.

Muhammetöwez ARRYKOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 424 | Добавил: Edebiýatşynas | Теги: Muhammetöwez Arrykow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
1
1 Garaýolly  
27
Tasirli shygyr

1
2 puo  
292
мбахх...говы языпдыр

1
3 Garaýolly  
27
Biz gosbgyda'nogtasyz yaramaz hasiyetiñ netijesini goryaris.

1
4 Garaýolly  
27
Ajaly tutlushuga cagyrmak-munuñ ozi oz mazaryñy ozuñ gazmak bolyar. Ata. Enañ ,, gozlerini yolda goyup" didaryny iki didara gowshuran perzent edebiñ-ekramyñ shayolundan sowa dushyar. Gic gelip, ata-enesini gam-gussa apatyna ducar edip gidyar.

1
5 Garaýolly  
27
Bikemal ogul yapynjasyny yele galgadyp, agac ata munup baryar. Onuñ jismi-jesedi gidip baryar welin, her nicik-de bolsa, perzen ayralygynyñ ruhy azaby ata-enañ kalbyna pure-pur dolup gelyar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]