08:54 Gije gözelligi / goşgular | |
GIJE GÖZELLIGI
Aý-aýdyňdy. Asman syryp öýmesin, Daranýardy mele saçlarnyň taryn. Ýalkymy Zemine nur berýän Aýyň, Jemaly aňk edýär barlygyň baryn. Asman agraslygyn unudyp, görkün Güjeňleýär Zemin köňlün eredip. Älemi ýaradan bu gözellige, Otyr Arşyň kürsüsinden seredip. Bar zat gowulykdy. Dünýä dem alýar Gujagynda ruhy tämiz agşamyň. Bulutly gijäni kän görüp aran, Zeminem unutdy ahmyryn, gamyn. ■ GITJEKMI? Sen neçüýn gitmekçi bar zady taşlap, Yzda goýup ýetilmedik wysaly. Solugşan ýüzüni oda daladan, Orta ýolda alakjadyp ykbaly. Ýene dünýe çal görünýär gözüme, Jadyly ýylgyrşyň maňa dälmidi?! Bagymda ýüzüni sallan güllere, Syrly bakyşlaryň täsin halmydy?! Syndyryp bolmajak mermer daşyndan, Ýüregimde dikilipdir heýkeliň. Şowsuz synaglara meni dözmedik, Şemalam sypaýar bolup seň eliň. Bagt hakda aýdym aýdyp gijeler, Garamadym kän jepaly yza men. Goý, aýdylan rowaýatlar sen hakda, Hakykatlygyna galsyn mizemän. Nämälim geljekden men taýa ýollan, Sawçylaryň bolsun işi oňuna. Bar zady birkemsiz soňlajak welin, Sen ýeteňok ertekimiň soňuna. ■ GARAŞ MAÑA Garaş maňa... Asman bilen Zeminiň, Duşuşýan ýerinde goýup haýany. Zemin agraslygy siňen süňňümi, Bilýäňä sarç duýgulardan aýanmy. Garaş maňa... Sallançagynda dünýäň, Üwre bir pursatlyk bat berip yşkda. Oka, köňlüm teşne yşk dogasyna, Haka aşyk bolan derwüş deý keşpde. Garaş! Irkilende baglar meýmiräp, Dymanda tebigat ürküp tümlükden. Bir-birin kötekläp aran bulutlar, Sojaplar aglanda dynan deý ýükden. Gaýtarma gelin deý messan ýörişli. Sallanyp dolan Aý çykanda daňa. Senem daňyň süýji düýşüne girip, Garaş, garaşypdym, garaşýan saňa. Gunça AMANSÄHEDOWA. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |