13:35

Ekspromt

Категория: Goşgular | Просмотров: 425 | Добавил: Haweran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 5.0/12
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nar / Goşgular - 22.04.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 13
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Soñky döwür şahyryñ şuñ ýaly bir täsinje goşgusyna garaşyp ýördüm. Birdemde jüp ýola okadym. Analiz etmek kelläme hem gelenok, goşgynyñ lezzetini almak analizden gowy. Belki bu subýektiw pikir, duygy bolmagy mümkin, emma bu özüme ýakyn.
Awtoryñ liriki gahrymany biri bilen söhbet edýän ýaly. Iñ soñky bentde hem liriki "men" söhbetdeşine gutarnykly bir söz aýdýar. Ol hem söhbetdesligiñ soñy goşgynyñ jemlemesi. Okyja ýetiriljek bolýan pikir.
Iñ gowy gören zadym, onki setir içinde bir ahwaly berip bilipdir.
Ekspromt bolmaly bu goşgy?!

0
2 Garayolly25  
1449
Ine, goşgy diýeniň şular ýaly bolaýsa. Owazly kapyýaly, her bendi aýyl-saýyl, akgynly şygyr setirleri bilenem gunt guýlan ýaly pikirleri berip bolýan eken-ä! Erkin goşgy diýen närsäniň "sapyndan" gaýym tutýarlar-da, häzirki ýaş şahyrlar goşgy döredýän diýýärler. Dogry, olar pikiri gowy berýärler. Emma, goşgylarynyň formasy okanda okyjyny bezikdirýär. Kapyýasyz, bogun ölçegine bap gelmeýän setirler biri-birine goşulup, okamak höwesine badak salýar.
Sag bol, Has Türkmen, şeýle goşgularyň höwri köp bolsun.

0
3 Baradin  
1465
Akgynlylyk ýok, täzeligem. Üýtgeşik pikirem ýok. Umumydan hem pes goşgy. Tejribeliräk goşguçylar duran ýerinde ýazýarlar şeýle bentleri. Awtora belki geljekde has gowy zat ýazar diýmek bilen, döredijilik üstünligini arzuw edýäris.

0
4 Gurgencli  
324
Irginsiz ýazyberse, ýazyberse seniň bellikleriňden dogry netije çykarsa Has Türkmenem günlerde bir gün şahyr bolar nesip bolsa :))
Şeýdip, entek bu ýagty ýalançyda galam ýöredip bilýändigiňi görkezip dur-how :)). Soňky gezek haçan saýtda goşgy goýanyň ýadymdan hem çykypdy :(

0
5 Gökböri  
136
Hiç zada düşünmeýän biri bilen ähli çekişmeler netijesiz bolýar. Başga söz bilen aýdylanda, düşünmeýän we edebi gymmaty boýunça hiç hili degerli zat aýdyp bilmeýän birini tankytlasyñam gelmeýär.
Edebi taýdan baha bermek - çuññur düşünmek we derňemek esasynda gurulmaly.
@Baradin agzanyñ teswirinde, diñe Baradin däl, umuman uly iliñ tersine gidip üýtgeşik zat aýtjak bolýan käbir tankytçysumaklaryñ tankydynda şu aşakdaky ýetmezçilikler duýulýar:

1). Şygyryñ prozasyna, manysyna, ýüzleýje alanda nämäniñ gürrüñini edýändigine düşünmezlik;
2). Sözleriň äheñini-sazlaşygyny, tempini we duýgur aýratynlyklaryny tanap bilmezlik;
3). Goşgudaky şekillendirmeleri özüçe düşündirmek we goşgynyň maksadyndan daşlaşmak;
4). Goşguda beýan edilen wakany öz durmuşy bilen bulaşdyrmak we düşündirişini şo tarapa gyşartmak;
5). Belli bir tema we sözlere garşy okyjynyñ añyndaky standart garşylyklar we bularyñ goşguda gabat gelýän mysallaryna negatiw garşylyk görkezmek;
6). Öte gowşak analiz edýändigiñi (has dogrusy analiz etmekden irdigiñi) we meselä nähili ýöntem çemeleşýändigiñi görkezmek;
7). İnhibition, ýagny añlamakda we duýmakda entek kemter gaýdýandygyñy görkezmek;
8). Berilýän edebi baha düşünmegiñ we çözgüdiñ üstünde bolmaly. Bolmasa ähli berilen bahalar ýalñyş bolar;
9). Öz garaşýan zatlaryñyzy goşgynyñ ýa şahyryñ üstüne atmak;
10). Goşgynyñ döreýiş tebigaty we funksiýasy hakynda ýeterlik bilmeýändigi sebäpli ýüzleý düşündiriş bermek.

Islendik çeper esere nähili düşündiriş bermeli:

1. İntentio auctoris - awtoryñ niýeti.
2. İntentio lectoris - okyjynyñ niýeti.
3. İntentio aperis - eseriñ niýeti.

Okyjy okaýan goşgusyna özüçe düşünse nädogry bolar. Çünki goşguda hökman köpmanyly, üsti örtülen öýjükler bolýar. Okyjy ýa tankytçy şol öýjügi öz duýgulary bilen dolduryp bilmez. Doldursa öte geçmeli-ekstremistik düşündirişleri ýazanyny özü-de duýman galar.
Jemläp aýdanymda, islendik şahyryñ goşgusyna baha bermek üçin onuñ hemme goşgularyny okap çykmaly. You are a stupid moron!
İntentional lectoris hemişe ara girýär. Okynynyñ düşündirişi, ýagny, okyjynyñ gözyetimi, ukyby, içerki dünýäsi şol goşga many çaýmaly. Şol sebäpli goşgy okyjy bilen dirilik gazanyp, ýaşamaga başlaýar. Ýagny, Alaýabyly Baradin, siz bu sowatsyzlygyñyz bilen hiç bir çeper esere kemçiligini ýa artykmaçlygyny görkezip - mynasyp baha berip bilmersiñiz.

0
6 Zöhre  
1396
Goşgy bet. Şu saýtda şygyra laýyk yekeje kommentem okap bilemok häzirki wagta cenli. Ýa öwýäler ýa bilgeşlin döwjek bolýarlar. Diñe şundanam halkymyzyñ ýagdaýynyñ nähilidigini görüp bolýar. Bir süri maldan gowy ýerimiz ýok, mertlerçe boýun alalyñ. Analizler pes. Tankyt - uly ylym. Şahsy güýmenje däl. Bellik edýän adam pikirini subut edip bilmeli, iñ bolmanda Gökböriñki ýaly. Çtoby öz pikirine garşy çykýanlaryñ agzyna probka dykmak üçin. Gaty pes obsuždeniýalary okaýañ welin saýta giresiñem gelenok, goşgy hakda pikiriñi aýdasyñam gelenok. Sebäbi halys gep tapmasa "öz pikirimi aýdýan" diýjek şeýle adamlaryñ ýazan teswiri razny kommentleri ýazjak agzalaryñ ünsüni sowýar.
Razny kommentler näme ücin gerek? Şahyryñ ýazan goşgusynda aýdylman galan pikiriñ üstüni doldurmak ücin gerek. Dürli pikirler şahyryñ pikiri bilen bir bitewi kompozisiýa öwrülýär. Netijede şahyr soñky ýazjak goşgusynda has başga hörpden gopýan täze pikirleri bilen gelmäge höweslenýär.

0
7 sylapberdimuhamov  
1428
Aýý.... bir edebiýatyñ gapysyndan jyklap bilmeýän biriniñ kommenti üçin daralyp-giñelip durmalyñ-da...
Aýdyp ýazyp goýberäýendir-de...
Biziñ bir dâli bagşymyz bardy dessany pozup aydýan. Seksualny ssenalar goşup dagy, şol dessanyñ bir ýerinde "Oglan halky wöşşük bolar soltanym" diýip. Beçe biraz oýnaklap bilýä, saçmalap bilýär.
Giñräääk boluñ!!!

0
8 Aziza  
917
Adamlar, bir goşgy ýa-da ýazar öwülse öwlüpdir. Oturyp bir pikir ediň. Bu sizi näme üçin birahat edýär? Diňe Has däl başga biriniň goşgusyna ýerlikli syn ýa-da teswir ýazman ýerden-ýere ursaňyz, agzyňyzyň paýyny alarsyňyz. Bäri siziň işdäňiz açylan wagty zäher saçjak meýdança däl. Has Turkmen ençeme ýyllap okyjylarynyň sarpa goýup gelen şahyry. Edip biljek zadyňyz barmy? Klassyky, standart bolmaýan özboluşly özüne mahsus şygyr dünýäsi bar. Ol-a şeýleräk orun tapdy. Bar bolsa, sizem galam oýnadyň. Sizem öwsünler. Ýa-da gowy maslahat edeliň, gidiň analiz etmäniň tärlerini öwrenýän sapak alyñ. Tokaý otlap at gazanmaň.

0
9 Haweran  
411
Dogry aýdýañ, Sylap. Giñ bolmaly. Indi jemläbersegem bolar:

Döredijilik dünýäsinde, edebiýat meýdanynda her kim özüniñ näjüre maldygyny, öz bahasyny gowy bilýär. Muña şu setirleri ýazyp oturanam, bilip-bilmän sagdan-çepden her öñýeten çopan-çolugyñ aýdanyny tassyklajak bolup wagyrdy turuzýanlaram degişli. Şoñ üçin öwül-döwül parhy ýok, bu zatlaryñ hiç kime hiç bir babatda peýdasy-da ýok, zyýany-da.
Alla kimi nähili ýaradan bolsa, kime nädereje ukyp-başarnyk beren bolsa, şonam ulanar, şonuñ çäginde-de bildiginden ýazar geçer... Hiç kim hiç kimiñ ýerini tutanok, elinden çöregini alyp iýenok. Ozalybetinde her kimiñ öz rysgy, çeýnemeli çöpi, ýaşamaly ömri, geçmeli ýoly, etmeli işi-missiýasy bar.

* * *

Bu jadyly dünýä-ala meýdan set müñ biziñ ýaly gelip-geçip giden mallary gördi...
Dogry, bolup biler: akgynlylygy ýokdur, täzeligem, üýtgeşik pikirem. Umumydan pes goşgudyr, ylalaşýan. Şuny ak ýürekden aýdýan, söz oýnatmak üçin däl. Ýöne men pikirimi şeýle beýan edesim, okyja şu görnüşde hödürläsim geldi. Her aşpeziñ nahar bişirişi aýry bolýar. Her kimiñem öz halaýan nahary aýry. Meniñ nahar bişirip bilşim şeýle! Iýesiñ gelmese, halamasañ, nämüçin halamandygyñy, niresinde suwunyñ, duzunyñ kemdigini ýa artykdygyny, nämäniñ goşulmandygyny ýa goşulmaly däl zadyñ goşulandygyny jikme-jik aýt, delilillendir. Ýöne "püff, bu nahary" diýme. Ras, diýýäñmi, bul eýýäm öz pisligiñ alamaty, diñe hemmetarapaýyn öz pesligiñi görkezeniñ galar.

* * *

Sylapberdi Muhamow, Gyzylgül Annagylyjowa, Şyhmyrat aga şygyry ilkinji bolup okap, ilkinji oñyn seslenme ýazanlaryñ biri boldy.
Elbetde, islendik zat babatda bir zat göwnüñe ýarasa, oña minnetdarlyk bildirmek, sag bolsun aýtmak tebigy zat ahyryn. Allanur öz pikirini aýdanmyş diýip, oña garşy çykjak bolmak-ony uly iliñ tersine gitmekde aýyplamak ýa-da oñ okyja gümürtik (maña-ha düşnükli) we esassyz pikirine çapak çaljak bolmak nämä gerekdi? Ýa-da Sylapberdiniñ, Gyzylgül gelnejäniñ, Şyhmyrat aganyñ pikirlerinden öwgi ýokundysyny gözlemek kimiñ peýdasyna? Bir zada gowy diýmek öwgi, erbet diýmegi döwgi hasaplaýarsyñyzmy? Bu barada bilip-bilmän saýtyñ myhman depderinde-de samrap oturanlar bar.

0
10 Haweran  
411
* * *

Soñky döwür kän görünenogam welin, @mango diýip bir agza bar. Saýda okan islendik zady barada pikirini aýdýar, bellik edýär. Ylalaşsam, dogry hasaplasam, käte sesimi çykarman düzedýärin, kämahal ylalaşýandygymy aýdýan. Ylalaşmasamam, özümkiñ dogrudygyny delillendirdirýän. Dogry, oñam gözüniñ görýän zadyna (ýöne hemme zat biziñ görýän zatlarymyzdan ybarat däl ahyry!) we öz pikirleniş dünýäsine esaslanyp, ýalñyş netijä gelýän ýerleri az bolmaýar, meselem, pert-pert jogap berseñ gaharlanýandyr, tankydy bellige takaty ýokdur öýdýär, ýöne netijesi ýalñyş bolsun, dogry bolsun - tapawudy ýok, birje gezegem biderek zatlary ýazmady.
Ne şahsyýetiñ bilen işi bar, ne goşgudaky şahsyýetiñ bilen. Derdi - okan zady, derdi öz pikiri. Arassa dünýäsi bar.
Şolar ýaly on sany agzany @baradin ýaly ýaly ýüz sany agza çalyşjak däl.

* * *

Şu ýerde saýt ü.n edilen işleri agzanda magtanmak ýaly kabul edýän käbir agzalara ýaramajagyny bilsemem, öñem birnäçe gezek agzamaly bolan hakykatymy agzamaly bolýaryn: Hudaýa şükür saýtyñ ýöräp oturanyna eýýäm bäş ýyl boldy, aradan geçen şunça wagtyñ içinde hiç bir okyja-hiç bir agza "pylan zat ýazyñ, ýazmañ, pylankesi öwüñ, pylankesi ýamanlañ" diýilmedi, emeli teswirlere, agza köplügine, sana kowalaşylmady. Diñe giñ gözýetimli, pikir alşyp we garşydaşynyñ pikirine hormat goýup bilýän agzalary toplamaga jan etdik. Kimdigine garamazdan hiç hili hantamaçylyksyz hemmeleriñ eseriniñ şu ýerde paýlaşylmagyny, toplanylmagyny, gelen şeýle agzalaryñ hasabyna hemmämiz jem bolup, gory giñ-çuñ edebi saýty emele getirmegi, halkymyza muzdasyz hyzmat etmegi baş maksadymyz edip goýduk.

* * *

Elbetde, bu asylly maksada işleýän ýerine, özleriniñem işinde we durmuşynda ýeterlik iş-aladasynyñ kändigine garamazdan, abyrsyz uly tagallalar eden, ummasyz uly materiallary toplaşan, özlerinde bar zady paýlaşan, saýty saýt eden, ellerinden gelen hyzmaty gaýgyrmadyk ýoldaşlar - Begli Gowşakowyñ, Orazgül Kemendirowanyñ, Serdar Ataýewiñ, Döwran Agalynyñ, Gülälek Akmyradowanyñ, Kakamyrat Ataýewiñ, Allaýar Çüriýewiñ, Metbugatda işleýän köp sanly ýazyjy-şahyrlaryñ, žurnalistleriñ, Dil-edebiýat we Golýazmalar institutynyñ, Taryh we arheologiýa institutynyñ işgärleriniñ... salgysyna näçe minnetdarlyk bildirsemem az bolar. Başgalar eserlerini paýlaşsyn diýip, başgalaryñ eserlerini paýlaşjak bolup, öz ýazmagy meýilleşdiren birgiden zatlarymy kör etdim, ýazmadym (görnüp duran şu hakykaty görmezlige salyp, "görip" diýip ýazsalar, gülmän durmak mümkin däl). Şuña sarp edilen wagtymy, saglygymy, maddy çykdajylary-ha hasaba-da goşamok (bu zatlary dilime çolamak niýeti bilen aýtmaýşym ýaly, hiç kimden öwgä, haýsydyr bir bähbide hem garaşyp etmedim, etmäge mejbur edenem bolmady, gaýtam, saýta zyýan ýetirjek, ýapdyrjak bolup oña-muña, eýlä-beýlä çybşyllanlaram tapylman durmady, olar ýalylary öz netine-päline tabşyrdyk, kimdigini bilsegem bilmezlige saldyk, biz diñe öz dogry hasaplan işimizi etdik, şeýdibem olary ýeñdik). Men şahsy durmuşymda-da, işimde-de, öýde-de ümsümligi halaýan adam. Hiç kimiñ gözüne ilmezligi, hiç kimiñ wagyrdysynyñ meni bimaza etmezligini isleýän. Hiç kimden saýlanjak bolma, at-şöhrata kowalaşma diýen ýaly howaýy pikirler-ä ýele ýanymdanam geçmedi. Redaksiýalaryñ hem dört gapysy elmydama açyk, haçan barsañ, bir zat ýazyp äkidibilseñ, çap edýärler. (Ählisiniñ janlary sag, başlary dik, işleri rowaç bolsun!) Ýöne nämüçindir maña şu taýynyñ mähellesi, okyjysy gözüme yssy görünýär. Ulagymy satanym bäri, gatnaýan marşrutym - öý bilen işiñ arasy, ol-a metbugat eken, iki ädimlik markete-de gidesim gelenok. Muña ýaltalyk diýip düşüniñ, men-ä bilemok... :)
Muña garamazdan ýaşuly-ýaşykiçi tapawudy ýok, saýta ýazýan zatlaryny paýlaşmak üçin çagyrylanda, özleri kürtdürip durmakdan beter, geljekleriñem aýagyna badak atan, saýt we biz hakynda bolar-bolmaz gep-gürrüñleri ýaýradanlaram boldy, hatda özi gelip, öz ýazýan zadyny paýlaşýanlaryñ arasynda-da, oña-muña gep berip: "saýta barsañ diñe administratoryñ göwnüni awlap barmaly, gyz-gelin bolub-a asla bararlyk ýok, gowy oglan däl şol..." diýip ýörenlerem bar.
Hemme zat eşdilýär, bilinýär-ä. Bilinmän galjak zat barmy. Ýöne men-ä bu zatlara gülüp geçäýýän. Hernäçe pespäl bolmaga çalyşsamam, olara jogap berip, agyz sanaşyp, olaryñ derejesine düşerden özümi belent hasaplaýaryn (Bu barada ýeriñ giñinde - "Gündeligimde" ýazaryn).

0
11 Haweran  
411
* * *

Miweli baga daş atylarmyş. Diýmek, saýt - miweli bag. Hudaýa şükür, bir adam ýaly bolup onlarça ýazyjy-şahyryñ eden hyzmaty, bitiren işi ýerine düşdi. Halkymyz, okamagy halaýan ildeşlerimiz, ötegçiler bu "miweli bagyñ" miwesinden iýip-peýdalansa, başga armanymyz ýok. Ol-a öwgi eken, hatda sag bolsuna-da garaşamok.
Şu saýtda eden bir hyzmaty üçin minnetdarlyk bildiremde, bir ildeşimiziñ aýdan sözi hiç ýadymdan çykanok: "...Biziñ häzirki egbarlan ýagdaýyndaky bilim we medeniýet ulgamynda, telewideniýede edýän işlerimizden has tutumly iş - siziñ bu saýtyñyz. Men bu eden kömegim üçin senden hiç zada hantama däl. Wagt geçer, belkäm, men ölüp giderin, ýöne saýt ýöräp dursa, häzir mekdep ýaşyna ýeten çagajygym internete girer, ikimiziñ tanamaýan başga-başga çagalarymyz ýetişer - olaram internete girerler, saý-sebäp bilen saýtyña girerler, toplanan materiallar bilen tanyşarlar, okarlar, peýdalanarlar. Goý, nädogry çeşmelerden, başga ýurtlaryñ, başga dilleriñ saýtlaryndan öwrenenden, õz ene dilimizde - türkmen dilinde ýöreýän saýtdan öwrensinler. Maña şol ýetik!" diýipdi. Öwgä mätäçdirin öýdýänleriñ hemmesine ýüzlenýän: Maña-da şol ýetik!
Ne saýt üçin, ne döredijiligim üçin ýeke agyz öwgüli söz aýdylmagyny islämok. Isleýändir öýdýän bolsañyz, ol eýýäm siziñ öz pikiriñiz, şeýle zady siz isleýänsiñiz! Öz ýüzüñizi görýän aýnañyzdan özgäni gözlemäñ, haýyş edýärin!

* * *

Ýene bir hakykaty gynanç bilen agzamaly bolýaryn: saýt ilki açylanda, agza bolmazdanam islendik okyja erkin teswir ýazmak mümkinçiligi döredilipdi. Ýeri bolsa-bolmasa hemme zada düşünýänden-janyny ýakýandan bolýan, "bizde nämüçin o bolanok, bu bolanok..." diýip zeýrenýänler bar. Saýt derejesinde "ýeri, hemmelere erkinlik berseñ neneñ bolar, niçik bolar, geliñ, synap göreliñ" diýdik welinim... daşyndan gelip beýlesinden goýberjegini agzyndan goýberýän, her hili bolar-bolmaz zatlary ýazýan bolgusyzlaryñ hetdi-hasaby bolmady. Ýazylýan teswirlere ýüzüñ çydar ýaly däl. Kim sögüp gidýär, kim syçyp...
Agza boljak, ýazýan zadyny paýlaşmak isleýän ýoldaşlara asyl maý berenoklar, gaýtam, olary ürküzýärler, gaçyrýarlar. "It eýesini, pişik bikesini tanamady". At yzy it yzyna garyşdy. Netije: halkymyza çäksiz erkinlik bolmaýan eken. Durmuşda-da şeýle. Asyl "edeniñi et, aýdanyñy aýt" diýseñ, ildeşlerimiziñ arasynda elden-aýakdan çykyp, dünýäniñ hiç bir halkyça-da, hatda itiçe-de boljak däl adampisint mahluklar az däl. Bir damja garaýag bir gazan süýdi zaýalaýar diýýärler. Şolar ýaly ýoknasyz mahlugyñ biri saýty bulamaga, başga ak ýürekli agzalarymyzy ürküzmäge, pikirini ýazmakdan gaça duruzmaga ýeterlik bolýar. Allatagala hem garynjanyñ bilini bilmän bogmandyr...

* * *

Soñ agza bolanlardan başgalara teswir ýazmak mümkinçiligi çäklendirildi. Gulagymyz dyndy, siliñ suwy sowlan ýaly boldy. "Az bolsun, uz bolsun". Bize diñe öz pikirini aýdyp, garşydaşynyñ pikirine takat bildirip, hormat goýup bilýän giñ dünýägaraýyşly adamlar gerek.
Hudaýa şükür, assa-ýuwaşdan munuñ netijesini hem aldyk: indi diñe ýurdumyzyñ çäklerinde däl, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyzyñ-da hasabyna edebi saýtymyzda şeýle agzalar barmak büküp sanardan köp.

* * *

"Tankyt gözel gyz däl, ony hemmeler söýenok" diýselerem, tankyt ediñ, biziñ isleýänimiz tankyt. Hemmeleri, şol sanda meni-de (men nä ilden artykmy?) tankyt ediñ. Ýerlikli, awtora bir zat berip bilýän öwredijilikli tankyda depämiziñ üstünde orun bar. "Balyga suw ýaly gerekdir tankyt". Ýöne ilki bilen tankydyñ nämedigini bir biliñ.

0
12 Remezan  
1397
Giriñe-penjäñe, eliñ aýasy, ýene gowy getirilen ýakymly setir: "Salam ber ýakymly agras güýzüñe"... Duýgy çym-para eräp, täzeden döredýär. Höwri köp bolsun!

0
13 Aydogdy  
1407
Goşga söz ýok. Sadaja manyly.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]