09:09

Gitler nähili öldi?

GITLER NÄHILI ÖLDI?

İñlis ýazyjylary Saýmon Dansten we Jerrard Williams "Gök böri: Adolf Gitleriñ gaçyşy" ("Ceрый волк: Бегство Адольфа Гитлера" / “Grey Wolf: The Escape of Adolf Hitler”) atly bäş ýyllap bile ýazan kitabynda uruşda ýeñlendigine doly göz ýetiren Gitleriñ ýerasty gaçybatalgasyndaky gizlin tunnelden "gezýäni" Ýewa Braun bilen bile gaçandygy öñe sürülýär. Kitapda aýdylmagyna görä Gitler özüni öldürdi diýilýän wagtdan soñ ýene on ýedi ýyl ýaşapdyr we iki gyz çagasy bolup, 1962-nji ýylyñ 13-nji fewralynda sagat 15:00-da Günorta Amerikada aradan çykypdyr.
Adolf Gitler we Ýewa Braun resmi taryhyñ habar berişi ýaly 1945-nji ýylyñ 30-njy aprelinde öz janlaryna kast etmändir, gaýtam olar Argentina gaçypdyr. Ol ýerde Gitler Ýewa öýlenýär we Ýewadan iki gyzy dünýä inýär. Ýewa Braun bolsa 2000-nji ýyllara çenli ýaşapdyr.
Gitleriñ we Ýewa Braunyñ ölümine degişli sud-medisina ekspertizasynyñ hiç hili delilnamasynyñ ýokdugyny aýdýan Jerrard Williams hususanam Staliniñ, Eýzenhaueriñ we FBR-iñ başlygy Huweriñ Adolf Gitleriñ ölendigine kepil geçýän anyk maglumatyñ ýokdugyndan habarlarynyñ bardygyny öñe sürýär.
Günorta Amerika Ikinji jahan urşundan soñ nemes faşistleriniñ gaçybatalgasyna öwrülipdi.

• Taryh ýalan sözleýärmikä?

Taryh Gitler bilen Ýewanyñ 1945-nji ýylyñ 30-njy aprelinde Berlinde öz janlaryna kast edendigini, soñra olaryñ jesetleriniñ ýakylandygyny ýazýar. Olar 30-nji aprel güni bir otaga girip içinden gulplaýarlar we ilki Ýewa içi sionidli kapsulany başyna çekipdir, zäher sanlyja sekuntda bedene ýaýraýar, yzyndan Gitlerem sionid içýär we sapançasyny sag çekgesine diräp atýar. Öz wesýet edişi ýaly Fýurerbunker bagynda jesetler bombalaryñ emele getiren çukanagynda goýulyp ýakylypdyr...
Gitler muny sowet goşuny tarapyndan jesediniñ tapylyp, köpçüligiñ öñünde goýulaýmasyn diýen ätiýaç bilen edenmiş.
Ýazyjy Entoni Biwor şeýle ýazýar:
"Staliniñ Gitleri itden beter ýigrenýärdi. Meniñ pikirimçe ol Gitleri ele salan bolsa, ony edil gul ýaly eline-aýagyna zynjyr urup we kapasa salyp Moskwanyñ köçelerinde aýlamak islärdi".
Hawa, Gitleriñ we onuñ ýaşaşýan aýalynyñ özüni öldürenliginiñ anyk delili ýok. Olaryñ bilelikde öz janyna kast etdi diýilýän ýerzemininiñ içinde tunneliñ üstünden barylypdyr we bu ýerzemini üç günläp gabawda saklan sowet goşuny ýerzeminiñ duran ýerini ýer bilen ýegsan etdi.
Sowet komandowaniýesi Gitleriñ we Braunyñ ýanyp giden meýitleriniñ tapylandygyny hem-de olaryñ dişinden şahsyýetiniñ anyklanandygyny mälim etdi. Muña garamazdan orta atylan deliller kanagatlanarly däldi. Bu beýannamalara Staliniñ özem ynanmandyr, olam Gitleriñ ölmän, nirädir bir ýere sumat bolandygyna ynanýan eken. 
Gitleriñ kömekçisi Heýnz Ling ilkibaşda Gitleriñ we Ýewanyñ jesetleriniñ hut öz gözegçiliginde ýakylandygyny aýdypdy. Emma ol beren bu beýannamasyndan birnäçe hepde geçensoñ ortada Gitlere degişli hiç hili jeset görmändigini, diñe palasa çolanan iki sany näbelli jesediñ ýerzeminiñ daşyna çykarylandygyny görendigini boýun aldy.
Ýokarda agzalan kitabyñ awtorlary S.Dansten bilen J.Williamsyñ aýtmagyna görä, 1945-nji ýylyñ aprel aýynyñ soñky günlerinde Gitler ýeñlişiñ gutulgysyzdygyna doly göz ýetirip, nähili ýol bilen gaçyp boljagyny meýilleşdirmek bilen bolupdyr.
Öñde üç ýol bardy: birinjisi sowet goşunyna boýun egmek, ýöne bu masgaraçylykly netije bolup, munuñ hem özi hem ideallary üçin kabul edip bolmajak zatdy. Ikinji ýol özüñi öldûrmek, üçünjisem gaçmakdy. 
Gitleriñ gaçyş meýilnamasyny Gestaponyñ başlygy Genrih Müller örän inçelik bilen we ýüze çykyp biläýjek iñ bir ownuk detallaryny ünsden düşürmän işläp düzüpdir.
Müller Gitler we Ýewa Braun öz janyna kast eden ýaly görnüş bermek üçin iki sany jeset tapýar hem-de ol jesetlere geýdiriljek eşiklere çenli ýedi ölçäp bir kesýär. Soñra Gitler bilen Ýewa gijäñ birmahaly ýerzeminiñ tunnelinden daşary çykarylýar. Olaryñ ýanynda Ýewa Braunyñ dogany German Fegeleýn hem bar eken. Mülleriñ ýörite saýlap alan tejribeli uçarmany Piter Baumgart gaçgaklary alyp uçuşa taýýar ýagdaýda duran "Junkers-52" uçarynda Berlinden towsa göterilýär. Olar ilki Daniýa, soñra Ispaniýa gonýar, Ispaniýada häkimiýet başynda oturan diktator general Frankonyñ Gitler üçin ýörite taýýarlap goýan uçary bilen Kanar adalaryna uçulýar. Mundan soñ suwasty gämiler arkaly ýol aşylýar. Şeýdibem olar Argentinanyñ paýtagty Buenos-Aýresden 500 km daşlykda ýerleşen Nekoçeýa portunda labyr taşlaýar. Gitler Patagoniýa ýerleşensoñ, tä ölýänçä Argentinadan çykman ýaşaýar.
"Doñzuñ ölse-de hor-hory ýatmaz" diýlişi ýaly, ol ep-esli wagt faşistik hereketiñ gaýtadan aýaga galmagyna garaşýar. Arzuwynyñ paşmajagyna doly göz ýetirensoñ, Çiliniñ serhedine golaý bir ýerde, And daglarynyñ etegindäki gizlin howluda, adamlaryñ gözünden uzakda ýaşap başlaýar. Gaçgaklykda geçiren on ýedi ýylynda Ýewa Braundan iki gyzy dünýä inýär.
Dünýä taryhynyñ iñ ýowuz basybalyjysy, on millionlarça adamyñ ölümine sebäp bolan Adolf Gitler 1962-nji ýylyñ 13-nji fewralynda 73 ýaşynda Argentinada aradan çykýar.

J.Williams we S.Dansteniñ kitaplarynda gürrüñ berilýän Gitleriñ gaçyş kyssasyna köpler garşy çyksa-da awtorlar Ýozef Mengele we Adolf Eýhmann ýaly müñlerçe nemes nasistleriniñ Amerikada täze durmuşa başlamaklary muny ýalana çykarmaga esas döredenok. Munuñam üstesine ortada ýanan jesetleriñ barlygyna garamazdan, görkezilen jesetleriñ Gitleriñkidigine we Ýewa Braunyñkydygyna ynanmak kyn. Sebäbi bu boýunça açyklanan deliller gümürtik we ynandyryjy däl. Jesetlerden galan süñkleriñ näme bolandygy bolsa gitdigiçe syrly tapmaça öwrülip barýar. Sowet marşaly Georgiý Jukow bu barada şeýle diýipdi:
"Gitleriñ ölümi bilen baglanyşykly bilýän zatlarymyz geñ-tañsy tötänliklere esaslanyp delillendirildi. Biz häzirem Gitleriñ jesedine anyk kesgitleme berip bilemzok. Belkäm ol Berlinden gaçansoñ, bir ýerlerde gizlenen bolmagam ahmal. Gözleglerimiz bizi şeýle netije çykarmaga mejbur edýär".
General Berzarin hem "Meniñ pikir edişime görä, Gitler Ýewropanyñ bir ýerlerinde gizlendi. Hatda Frankonyñ ýanynda bolup çykaýmagy-da ähtimal" diýipdi.
Russiýanyñ "Правда" gazeti hem Gitleriñ köpleriñ pikir edişi ýaly Ikinji jahan urşunyñ soñky günlerinde, Berlin zabt edilmeginiñ öñ ýanynda öz janyna kast etmändigi barada maglumat berdi. Rus döwlet arhiwinde Gitleriñki diýip görkezilen süñk böleklerini öwrenen amerikaly hünärmen Nik Bellantoni kelleçanagyñ kyrk ýaşly adama degişlidigini aýtdy. Emma Gitler "öz janyna kast etdi" diýlen wagtynda 56 ýaşynda eken. Bellantoni hususanam süñk bölekleriniñ inçedigine ünsi çekip, onuñ zenan süñküdigini hem-de Ýewa Braunyñky diýip görkezilen süñk bölekleriniñem oña degişli däldigini subut etdi.
1948-nji ýylda Gestaponyñ başlygy Müller hem bu barada käbir zatlary aýdypdy. Ol hemişe Gitleriñ ýanynda saklanan dublýorynyñ sanjym arkaly essini aýyldandan soñ, kellesinden atylandygyny we Gitleriñ suwasty gämä münüp, Germaniýadan gaçandygyny mälim etdi.
2011-nji ýylda aýan edilen FBR-iñ öñki gizlin resminamalarynda hem Gitleriñ Argentina gaçandygy barada maglumatlar bar eken. Maglumat şu terzde berlipdir: FBR-iñ 752 sahypaly gizlin resminamalarynda 1945-nji ýylyñ 30-njy aprelinde Gitleriñ öz janyma kast etmändigi nygtalýar. Birnäçe amerikaly Gitleriñ ölendigine ynanman, FBR-iñ şol wagtky başlygy J.Edgar Huwere hat ýazýar. FBR-iñ Los-Anželesdäki bölümi bolsa 1945-nji ýylyñ 21-nji sentýabrynda şu belligi galdyrypdyr:
"Gitler we onuñ iñ ynamdar elli adamy Berliniñ eýelenen gününden 10 gün geçensoñ, iki sany suwasty gämi bilen Argentinanyñ günorta kenarýakasynda labyr taşlady. Murtuny syran Gitler bir baglyk howluda gizlenip ýaşaýar. Bronhial astma we gastrit keselinden ejir çekýär.”

# Esas: S.Dansten & J.Williams "Gök böri: Adolf Gitleriñ gaçyşy" kitaby we internet maglumatlary.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 987 | Добавил: Нawеran | Теги: Taryhy şahsyýetler | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]