16:09

Golf barada gyzykly maglumatlar

GOLF BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

Kim golfy söýýän bolsa, şolaryñ dykgatyna: 1-nji çukurjykdan 18-nji çukurjyga çenli aralyk 6,5 km.

* * *

Hasabata ynansañ, uly geleşikleriñ köpüsi oýnuñ dowamynda amala aşyrylýar. Işewürleriñ köpüsi golf oýnamagy gowy görýärler we oýnuñ dowamynda şertnamany jikme-jik maslahatlaşyp, soñra gol çekýärler.

* * *

Her ýyl Kanadada golfçylaryñ arasynda festiwal geçirilýär. Onuñ esasy tapgyrlarynyñ biri buzuñ üstünde golf oýnamakdan ybaratdyr.

* * *

Dünýä belli golf oýunçysy Jonni Karson meşhur adamlar bilen öz hususy golf meýdançasynda ýaryşmagy halaýar.

* * *

Bu oýun 600 ýyl ozal dörän hem bolsa, oýnuñ resmi düzgünleri 1754-nji ýylda tassyklanypdyr.

* * *

Golfyñ hakyky janköýeri Amerikanyñ Tehas ştatyndan Riçard Lýus bir ýylyñ içinde 11 müñ topy çukurjyga geçiripdir.

* * *

Iñ çalt tamamlanan tapgyr belli oýunçy Elis Millere degişlidir. Ol 18 çukurjugy bary-ýogy 86 minut 44 sekuntda geçmegi başardy. Bu sepgit 1997-nji ýyld hasaba alnypdyr. Şondan bäri bu dünýä rekordyny täzelemek hiç kime başardanok.

* * *

Golf topy üçin seki 100 ýyl ozal peýda bolupdyr. Oña çenli adamlar ony çägäni üýşürip, ýasapdyrlar.

* * *

Golf oýnuny söýýänler hakyly golf topunyñ üstünde 336 çukurjygyñ bardygyny bilýändirler.

* * *

1976-njy ýylda golf oýunçysy Bob Kuk taýagy bilen 42,75 metr aralykdan topy urup, çukurjyga salmagy başarypdyr.

Taýýarlan: Ogulgözel ŞAGULYÝEWA.

# zenankalby_2017
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 770 | Добавил: Мylayym | Теги: Ogulgözel Şagulyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Yusup  
50
Görräýmäne ýönekeýje oýun ýaly, ýöne millinlar seçilýän oýun

0
2 sanjar  
nahili oyun bu wacko wacko

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]