13:40

Gonambaşy -2/ romanyñ dowamy

5.

Amanýaz saňsar eýlesi-beýlesi bir gulaç çemesi ýuka tagtanyň ýüzüne gyzyl reňk bilen:
“Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup”
diýen sözleri gödeňsi hem tagaşyksyz ýazdy-da, ýazgyny göterip, “Ýylgynly” gonamçylygyna gitdi. Ony eltip, gabrystanlygyň alkymyndaky ýolaýrytda hyrawa biten igde agajynyň şaha bölen ýerinden çüýläp goýdy. Bäş ädim gaýra çekilip, kellesini gyşardyp, eden işini synlady. Kanagat tapdy.
Ynha, indi ötegçiler muny görmän geçmez. Harp tanaýan adam hökman okar. Goý, okasyn! Many alsyn! Adamyň irde-giçde boljagy şudur. Dünýäde näçe ýaşanam bolsaň, nä iş goparanam bolsaň, şu ýere geleňsoň, sen hiç kimsiň! Kim bolaňda-da bir gysym gum bilen gözüňi dolduryp, tümmegiňi ýasansoňlar, ýer astynda ýatan mör-möjeklere lukma bolarsyň, gözüň akyp, etiň çüýrär, bogunlaň ýazyp, süňk-süýekleriň sypar. Birbada ýatlasalaram, soňabaka ýagşydan-ýamandan adyň tutulmaz. Bir etjekleri, agtyklaň birine adyňy dakarlar, onam indiki gelin bolýanlar göwnese! Ana, wessalam, iş tamam!
Berdi sopy ýalylaryň “Iş tamam däl, esasy iş şol tümmekden soň başlanýar” diýjegi ikuçsyz. Olaryň pikiriçe, adam ölenden soň şu dünýelik iş gutarýar. Gabyr döwri başlanýar diýýärler. Dar gabryň içinde Müňkür bilen Nekir atly elleri gürzüli iki sany perişde öleni burça gabap, set-müň sorag berýärmiş. Aýdyşlaryna görä, günäli öten bendäň beden agzalaryna hem dil bitip, eýesiniň garşysyna gitjekmiş, ýüzüne durjakmyş! Onsoň perişdelerem gürzüsi bilen depäňden urup, tükeniksiz azap berjekmiş. Ýazygyň çökder bolsa, hatda gabyr hem gysjakmyş, gapyrgalaň bir-biriniň içinden geçip, çydap bolmaz derejede agyr jepalar çekjekmişiň diýen ýaly heňe gelmejek, gorkunç gürrüňlerem bar. Soňam, haçandygy belli däl, öz-ä wagty golaýlapdyr, Kyýamat gopmaly diýýärler. Ähli janly zatlar ölüp, ýaşaýyş togtamaly. Onsoň ölenleriň hemmesi direlip, asgyryp ýerlerinden turmaly. Pany dünýäde eden işleriň üçin Hudaýyň öňünde birme-bir hasap bermeli. Hasap berip bilmejekler üçin agyr azaplar bar. Lowlap ýanýan ot bar, Jähennem bar! Ýagşy adamlar üçin Jennet bar! Jennetde-de egsilmez eşret bar, tükeniksiz lezzet bar! Baky ýaşaýyş bar. Kän zat bar. Ýöne Amanýaz üçin bularyň käbiri jedelli mesele! Yrga gürrüňler! Elbetde, Amanýaz Hudaýsyz däl. Bihasap zadyň ýokdugyna-da ynanýar. Agyr günä eden adamlar üçin Dowzahyň, ýagşy adamlar üçin Jennetiň ýaradylandygyna hem müňkür gidenok. Pany dünýäniň synag edilýän bir düşelgedigi barada bolsa, kitaplardan telim gezek okap bildi. Synagyň kä netijesi şu dünýede belli edilýär, köpüsi bolsa, Kyýamat gününde aýan boljak! Onsoň bu zatlary o dünýä baryp görübermeli bolar. Häzir bolsa, Amanýaz tümmekden aňryny bilenok, hiç kimem bilenok, ondan bärsini bolsa, ana, hol ýazgy aýdyp dur. Oka-da, many al! Kädiňi işlet!
Oba tarapdan bir gara göründi. Gara birazdan ulalyp, iki elini arkasyna tutup, bir aýagyny ýempäbräk alyp gelýän Güýzmyrat aga öwrüldi. Ol golaý gelip, Amanýazyň salamyny alan dessine:
-Sapar gelmedimi? Annahalyň ogly Sapar? – diýip sorady.
-Bilmedim-dä. Men gelelim Sapar görnenok. Menden öň geçip giden bolsa biljek däl.
-Senden öň geçende-de traktory görünmeli ahyryn. Göze ilmez ýaly traktor kiçi zat däl-ä.
-Traktory bilen gelmelimi? Aý, ýok, traktorly bolsa görerdim.
-Gelmändir onda. Barjak diýipdi. Kerpiçleri, odunlary göçürmeli. Täze öwlüýä göçmeli. Sapara gaýrat edermiň diýsem, ýok diýmedi. Ynha, men agsak aýagymy süýräp, keremara geldim, o bolsa traktorly halyna henizem gelmändir.
-Geler, Güýzmyrat aga! Sapara belet, bor diýensoň, öwlüýäň tümmegini göçürmelem bolsa, arkan gaýyşmaz. Boýnuna alansoň, bitirmän goýjak gümany barmy?!
Güýzmyrat aga az-kem ynjalyp:
-Tilpunyň el-ýüzdemi? – diýip sorady.
-Tilpunmy? Tilpun-a şu günlükçe heleýe berendiris, Güýzmyrat aga. Atasy öýüne gitdi. Galpak toýa.
”Tilpun” diýilýän zadyň galpak toýa gidilende nämüçin äkidilýändigine akyl ýetirip bilmän, biraz duransoň, ol:
-Bi günortanyň garaňkysynda sen näme işleýäň bärde? – diýip sorady.
Amanýaz saňsar:
-Menmi? Menem öwlüýäň tümmegini sanamak üçin-ä gelmedim. “Ýylgynly” dolanam bolsa, gara ýeriň adam etinden doýmajakdygyny ötýän-geçýän bilsin diýip, bir işjagaz etdim. Hany, hol tagta seret! Bolupmy? – diýip, igde agajyna çüýlenen ýazgyny görkezdi.
Güýzmyrat aga jiňkerilip, görkezilen ýere seretdi.
-O näm-aýt? Hatmy?
-Hawa, okap gör hany?
-Gözüm kesenok. Näme ýazdyň? Tapmalysyň öz-ä. Özüň oka, hany!
Amanýaz okap berdi.
Güýzmyrat aga bir Amanýaza, bir-de ýazga seredip durşuna:
-Aýdym ýaly-la munyň? – diýdi.
-Hawa, aýdym edibem aýdýarlar.
-Indi? Näme etmeli muny indi?
-Hiç zadam etmeli däl. Geçip barýanlar okamaly. Okabam pikir etmeli. “Ine, adamyň soňy şü. Iň soňunda hemme kişi ýeriň aşagyna girmeli” diýip, geçen pikir eder. Soňuny ýatlar.
Güýzmyrat aga höwessiz:
-Ýatlar öýdýäňmi? – diýdi.
-Hawa, ýatlar. Ýatlamasa, bolmaz-a.
-Haý, näbileýin?! Gaýtam seň munyňy okap, geçip barýan aýdyma hiňlenäýmese.
-Hiňlenende näme? Aýyp zatmy? Esasy zat, okasalar, birem adamyň ahyrynyň puçdugyna düşünseler boldy-da.
-Bolmaz, inim, bolmaz! Öwlüýäň içinde aýdyma gygyryp otursalar, boldugymy? Bolmaz-a, be-e!
Amanýaz saňsaryň çaky çykmady. Ol ýazgyny görüp, Güýzmyrat aga haýran galar öýdüpdi. Iň bolmanda “Oňarypsyň” diýerine garaşypdy.
-Şuny okan adamlaň bäşden biri şo zatlar hakda pikir etse-de, ýetik – diýip, Amanýaz ýene bir gezek eden işiniň ähmiýetini düşündirmäge synanyşdy.
Güýzmyrat aga esasan agsaýan aýagynyň haýal-ýagallygy bilen barypýatan perwaýsyzlyk görkezip, igdäň kölegesinde çökdi.
-Juk. Pikir etmezler! – diýdi. – Pikir edýän barmy indi? Soňuny ýatlaýan adam sen muny ýazmaňda-da ýatlar.
Amanýazyň bady gaçdy. Ol kem-kemden güýjeýän gaharynyň hetden aşmazlygy üçin igde agajynyň elýeterde sallanyp duran kiçeňräk şahasyny döwüp eline aldy. Oturyp, pudarlamaga başlady, çybygy ýalaňaçlady.
-Seň şu ýazanyň asly goşgudan dälmi? Şeýlemi? – diýip, Güýzmyrat aga birhaýukdan gyzyklandy.
Amanýaz körkeýp jogap gaýtardy:
-Hawa. Magtymgulyň goşgusyndan bir setir.
-Seň bu ýazanyňam boljak welin... Nememi, sen kän kitap okaýaň. Şü öwlüýäň gabadyndan geçip barýarkaň aýat okamaly diýibem goşgy barmy?
-Aýat okamaly diýip?
-Hawa. Aýat hakynda goşgy diýýän-dä. Aýdyma zowladyp geçme-de, oturyp, ölenleň ruhuna Gurhan oka diýýän goşgy ýokmy?
-Bilmedim-ow, Güýzmyrat aga.
-Bilmeli, Amanýaz, bilmeli! Ýazjak bolsaň, şolar ýaly zat ýaz. Geçip barýan oturyp, aýat okasyn! Eýse, erbetmi?
-Erbet däl.
-Ýogsa, öwlüýäň gabadynda oturyp, aýat okaýan adam azalyp barýar.
-“Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden” diýip ýazsam näder? – diýip, Amanýaz ýaşulyň göwni üçin kiçi dilden bärde teklip etdi.
-Goşgymy ol?
-Nakyl.
-Hany, goşgy ýokmy?
-Goşgy kän, Güýzmyrat aga. Meselem, ine, “Şirin jan aýrylsa tenden, Gum guwanar läşimize” diýip ýazsamam bolup dur. Manysyny tirseň, aglap oturmaly.
-Dur entek, Amanýaz, gaýtadan oka ýaňkyny. Howlukman oka!
Amanýaz ýerinden turdy. Elindäki igde çybygyny mazarlara garşy gezäp, bogazyny arçap, has täsirli bolar ýaly, belent sesde gaýtadan okap berdi.
Güýzmyrat aga dykgat edip diňlänsoň, ýüzüni gamaşdyryp:
-Juk. Munyňdan goşgy bolmaz! – diýdi.
-Nämüçin? Subut et, Güýzmyrat aga!
-Men, Amanýaz, ýaňkalaşmany halamok. Emma ýaňky okanyň ters manysy bardygyny aýdaýyn. Gum diýýäniň gara ýerdir-dä! Şeýlemi?
Amanýaz başyny atdy.
-Heý, gara ýerem bir adamyň läşine guwanarmy? Ýer ýaly pespäl zat ýokdur. Sen ony ölä guwanyp, heşelle kakýan içi güjükli edip görkezjek bolýaň. Adamyň asly toprakdan diýip eşitmediňmi? Özünden ýasalan zadyň ýene özüne gatyşyp gitmegi üçin toprak heşelle kakar öýdýäňmi? Kakmaz! Gaýtyb-a gynanar.
Bular ýaly gürrüň tapsa, Amanýazyň köhi gelýär.
-Sen onda, diýmek, goşga düşünmänsiň. Men ony saňa doly okap bereýin. Ýöne sen düşünjek bol. Terse alyp gaçma!
Güýzmyrat aga:
-Okama! – diýdi. – Geregi ýok. Manysyz, biderek zatlar!
Amanýaz kejikdi. Ýeri, gepiňi nädip düşündirersiň bu adama?!
Sesýetim aňyrrakdan, gonamçylygyň esasy girelgesinden başy bürenjekli bir aýal çykdy. Onuň yzynda töweregine gorky bilen ýaltaklap gelýän, ýaglygyny çümre daňynan ýaş gyz bardy. Aýal igdäň aşagynda oturanlary görüp, girelgede dem salym kürtdürip durdy.
Amanýaz esli aralykdan:
-Salawmaleýkim, ýeňňe! Zyýaratlar kabul bolsun! – diýip gygyrdy.
Aýal başyny atdy-da, yzyndaky gyza bir zatlar diýip, ekerançylygyň içi bilen oba garşy biýol ýöräp ugrady.
-Kim ol? – diýip, Güýzmyrat aga sorady.
-Jepbar mesiň heleýi.
-Ýanynda-da biri barmy?
-Gyzy bar.
-Bärde näme işläp ýör-aýt olar?
-Zyýarat edendirler-dä. Öwlüýä diýlen ýere erkekler-ä öli gömmek üçin gelýär, heleýlerem olaň ýasan tümmegine ýykylmak üçin zyýarata gelýär.
-Beh, zyýarat edip, näme, olar näme... Hany, haýsy mazara zyýarat edipmişler?
Amanýaza oýun gerek.
-Bilmedim, Güýzmyrat aga. Yzlaryndan gygyryp soraýynmy?
-Gerek däl! – diýip, Güýzmyrat aga elini silkeledi. Hüňür-hüňür etdi. – Bi heleýler-aý gorky-ürkünem bilenoklar-aýt.
-Gorkar ýaly näme bar, Güýzmyrat aga? Öliň tümmeginden gorkup ýörseň, bolmaz-a.
-Gorkjak bolsaň, dirilerden gork diýýärmiň?
-Aý, ýok, on-a diýjek bolamok.
Güýzmyrat aga gobsundy.
-Sen diýmeseň, men diýýän, dirilerden gorkmaly!.. Onsoň Jepbar mesiň habary barmyka bu zatlardan?
-Haý, Güýzmyrat aga, bejerdiň-ow. Jepbar mesiň özi iberen bolsa bildiňmi? Men heleýlerden eşidenimi aýdaýyn saňa. Jepbaryň şo gyzy gije düşegini ölläp turýarmyş. Onsoň dogtora görkezseler, anginasyny kesip aýyrmaly diýipdir.
-Nämesini kesip aýyrmaly diýdiň?
-Anginasyny. Bokurdagyň iç ýüzünde mäz bar. Sowuklap, çişip, ýuwdunaňda itiň gününi görkezýän mäzi bileňokmy? Angina diýilýär şoňa. Şony kesmeli diýipdirler. Oň üçinem, näme, birgiden pul gerek. Jepbarda-da pul ýok. Onsoň, ine, mazaly tümmekler bar, şolara ýykylyp, çynyň bilen ýalbarsaň, em bolar diýip özüň ýaly bir-ä öwredipdir. Mugt bolýar-da şeýtseň. Bar çykdajyň tümmegiň başujyndaky taýaga bir esgini daňmak.
Güýzmyrat aga Amanýazyň ýaňsysyny duýmady. Jepbaryň aýalynyň matany haýsy mazaryň başyndaky taýaga daňanlygy baradaky pikir onuň aňyny şeýle bir eýeledi welin, ol hatda Annahalyň ogly Sapara garaşyp durandygyny-da bir pursat unutdy.
-Güýzmyrat aga, sen duza dem salyp bileňokmy? – diýip, biraz wagtdan Amanýaz saňsar başga gürrüň tapdy.
-Ä? O nähili dem? Çüfläp okalýan duza diýýäňmi? – diýip, Güýzmyrat aga aýňaldy.
-Hawa. Bi gaýraky Gädik işanyň okaýşy ýaly?
-He-eý, inim, elipden şermende ahyryn men. Bileňokmy? Ýa birinden duza çüfläp berýär diýip eşitdiňmi? – diýip, Güýzmyrat aga betgüman boldy.
-Ýok, eşdemok.
-Onda bi gürrüň nireden çykdy?
-Ýo-o, men başga zat diýjek bolýan. Bilýän bolsaň, ýaňky Jepbaryň heleýine beýdip, öliň tümmegini basgylap, elem-tas bolup ýörme-de, Güýzmyrat aga dem saldyr diýjekdim.
Güýzmyrat aga ilkinji gezek görýän ýaly Amanýaz saňsary ýiti-ýiti synlady. Onuň gep-gürrüňinden oýnudygyna-çynydygyna teý düşünip bilmänsoň, ýüzünden bir yşarat gözledi. Tapmady.
-Onsoň? – diýdi.
Amanýazyň: “Bir çümmük duza dem salyp ber-de, geleniň aklygyny al-da otur. Ana, aňsat eklenç!” diýesi geldi. Ýöne Güýzmyrat aganyň şübheli garaýşyndan heder etdi, onuň dilinden ýakymsyz bir zady eşidäýmeginden ätiýaç edip ýöwselledi.
-Ýa oňam ýörite okuwy-zady barmyka? Kynmyka? – diýdi.
Güýzmyrat aga bu barada belli-külli bir zat bilmeýändigi üçin, üstesine-de öňden beýle zady pikir etmänligi sebäpli ýaýdandy. Amanýazyň sowalyny jogapsyz goýmazlyk üçin umumy gürrüň etdi:
-Il her öňýetene derdini aýdyp, duza çüfledip ýörmez, inim. Il Güýzmyradyň kimdigini bilýändir. Biz ne awun bolduk, ne-de mawun.
“Awun bilen mawun nämekä? Agzy jäheksiziň ugralla aýdyp goýberen zady däldir. Aňyrsynda hökman bir gürrüň ýatandyr. Şu sözüň gelip çykyşyny öwrenmeli” diýip Amanýaz öz ýanyndan belläp goýdy. Onsoň:
-Ulurak öwlüýäleň müjewürlerem bir çümmük duzy kagyza dolap, pylança manada satyp otyrlar – diýip, gürrüňiň örüsini giňeltdi.
-Satýan däldirler, Amanýaz, hergiz baha kesýän däldirler. Her kim eçilenini berýändir. Sadagasy gitdigim, güýçli öwlüýäler... Galyň bende derdine dowa agtaryp barýar.
Amanýaz ters gürrüň etdi:
-Dowa agtarsa, agtarýandyr. Ýöne haýyr tapýan ýokdur. Hany, nep tapan barmy şolaň duzundan?
-Ilçilikdir, Amanýaz, kändir. Sen seresap bol, birden bir bela duçar gelip oturyberme. Hudaýdan gork!
Amanýaz Hudaýdanmy, ýa başa inäýjek başga bir beladanmy, gorkup, heder etdi. Şu gürrüňi başlanyna azajyk ökündi. Ol biraz dymyp oturansoň:
-Şo müjewürleň hemmesiniň eteginde namaz okabermeli päkdigine şekim bar. Menem eşitmiş welin, eklenç üçin oturýanam barmyş. Eýse, pul bolmasa, kim otursyn öwlüýäde? Müjewüri öwlüýäde pul oturdýar, Güýzmyrat aga, pul! – diýip, ol başga gürrüň tapdy.
-Dagyň-a bilemok welin, Amanýaz, şü duza çüflemek ata-baba bar zat. Galamasynam, dogar aýyň dördüne Gädik işan sadaka berýär, çakylyk etdiler, şoňa baramda sorap göräýerin.
-Güýzmyrat aga, sen heý, şu çaka çenli duza dem saldyryp gördüňmi?
Güýzmyrat aga “Ýaman kän sorag berýäň-aý” diýýän manyda alarylyp, Amanýaza kineli seretdi.
-Ýadyma düşenok.
-Ynanýaňmy özüň şo zada?
-Nämä?
-Ynha, men Gurhany ýat tutaga-da, müjewür bolup oturjak şu ýerde. Jebeliň duzundan bir haltany elimiň aşagynda goýup, kagyza dolap, dem saljak-da, zyýarata gelene berjek oturjak. Sen onsoň şondan haýyr taparyn öýdýäňmi?
Güýzmyrat aga Amanýaz saňsaryň sakgal goýberip, başyna selle orap, dondur mesi geýip, gonamçylygyň başynda müjewürlik edip oturan keşbini göz öňüne getirjek bolup, şunça jan etse-de, bolmady. Onuň hyýalynda barmagyny çommaldyp, gelene akyl öwredip oturan, kän gepleýän başga bir Amanýaz janlandy.
-Sen oba garşy ýörejek dälmi? – diýip, aladaly sypata girip, ol Amanýazyň soragyna jogap beresi gelmeýändigini ýaňzytdy.
-Ýörejek...
-Ýöreseň, ýüzugra Annahallara degip geç. Sapara aýt, garaşyp otyr diý. Güne kak boldy diý.
-Traktory döwlen bolsa nädeýin?
“Äý, dünýäni gapyşdyrdyň-aýt!” diýýän manyda Güýzmyrat aga gaharly elini silkdi.
-Traktory döwlen bolsamy? Döwlen bolsa, Şükür gyzyla aýt, eşegini araba goşup, bejit gelsin, odunlary bir äkidip bersin!
-Haý, näbileýin?! Şükür gyzyl edäýermikä? Mal bakýandyr ol.
-Eder, Güýzmyrat aga haýyş etdi diýseň, malyny taşlap gaýdar. Amanýaz, sen bulaşdyrma-da, ilki Annahallara bar!
Amanýaz gitdi.
“Muň kellesinde harasat kän, saňsar diýseň, saňsar, ady özüne şaplaşyp dur” diýip, Güýzmyrat aga oýlandy.
Saňsarlar tiresiniň döreýşiniň il üçin gülküli taryhy bar. Bularyň düýp atasyna Nazar diýer ekenler. Oglan mahallary Nazar bir baýyň öýdeniçeri bolupdyr.
Bir gün baý söwdasy küşat bolup, oba arasyndan on iki sany düýe alypdyr. Baýyň gum içinde sürüsi bolup, täze alan mallaryny şol ýere sürmekçi bolupdyr. Ol Nazary bir erkegiň üstüne mündüripdir-de:
-Yzym bilen baryber. Gyssanmagyn, gyssansaň, mallary bölersiň. Tükel elten ýeriň bolar – diýip tabşyrypdyr. Özem basypdyr ata gamçyny.
Nazar gyssanmandyr. Düýeleri yzyna tirkäp, peýwagtyna guma garşy sürüberipdir. Obadan çykyp esli ýöränsoň, boýnunda duran kişi amanatynyň jogapkärçiliginden ätiýaç edipdir, oturan ýerinden yzyna gaňrylaga-da, düýeleri sanapdyr. Görse, on bir düýe! Biri kem! Göze ilmez ýaly düýe kiçi-girim zatmy? Gaýtadan sanapdyr. Biri ýetmän durmyş! Zähresi ýarylara gelen Nazar çökermezden-zat etmezden, münüp oturan erkeginden syrylyp düşüpdir. Durup, barmaklaryny büküp, täzeden sanapdyr. Sanapdyr welin, laýyk on iki düýe! Nazaryň ýüregi ýerine gelipdir. “Ilki sanamda birini gören däldirin, ýalňyşandyryn. Bu bolýan zat” diýip, ynjalypdyr. Ýogsa, görüp-görmez ýaly iňňe däl, gözüňi dolduryp duran egriboýun äpet janawer.
Onsoň öňden barýan erkegi çökerip, münüpdir-de, ýoluny dowam edipdir. Birazdan janyny barlap görmek üçin ýene-de oturan ýerinden düýeleri sanapdyr. Ýene on bir çykypdyr. Ýene düşüp sanapdyr. Düşüp sanasa, eýesi guramyş, on iki diýýä.
Münüp gelýän erkegini sanamalydygy teý üşügine gelmänsoň, saňsarlaryň düýp atasy şol gezek gaty kösenipdir. “Beh, bu nämüçin beýdýär-aý? Ýaňam on birdi. Indem on iki, ýola düşemsoň, ýene on bir bolaýsa” diýip, elheder alypdyr, aljyrapdyr. Ahyrynda halysalla göwnelaýyk tükelläp bilmänsoň, öňden barýan erkegiň owsaryny eline alypdyr-da, pyýada gidiberipdir. Gidip barýarka-da gözi yzynda diýýä. Zol-zol gaňrylyp, sanap barýamyş. Hasabyny dürs çykarmak üçin pyýada ýöremeli bolandygyna dagy birjigem ökünmändir.
Şeýdip, säher bilen ýola çykan Nazar heleý öýlesi bolanda zordan barmaly ýerine ýetipdir. “Muňa näme bolduka? Ýaman köp eglendi-le. Eýgilikmikä?” diýip, bir ýerde durmaga karary ýetmän, zowzuldap ýören baýa dagy barmysyňam diýmän, baran dessine ýarty bedre suwy başyna çekipdir.
Diňe şondan soň:
-Baý aga, mallaryňy sanapjyk alaweri! Şulary tükellejek bolup, tas şehit ölüpdim – diýip, uludan demini alypdyr.
Göwnüne mojuk zatlar gelen baý geňirgenipdir. Sebäbini sorapdyr.
-Düýäň üstünde oturan ýerimden sanaýan welin, edil arwah kakan ýaly, biri kem çykyp dur. Düşüp sanaýanam welin, dogry on iki sany. Ä-äý, hasabym çykman, ýaman heläk bolandyryn. Ahyry münüp-düşüp, münüp-düşüp ýadamsoň, pyýada gaýdyberdim. Maňa näme, ýitirmän, gaçyrman başbitin gelen ýerim bolýar. Malyň tükeldir, baý aga, arkaýyn sanaber – diýip, Nazar çyny bilen jogap beripdir.
Öýdeniçerine ozaldanam mazaly belet bolansoň, baýyň gahary gelmändir. Gülüpdir.
-He-eý, saňsar! – diýipdir.
Ondan bäri ýedi-sekiz arka nesil çalşypdyr. Şunça wagtyň dowamynda saňsarlaryň döreýiş taryhy baradaky gürrüňiň ýoýulan bolmagy-da mümkin. Ýöne düýp atalarynyň Nazardygyny we şoňa meňzeşräk bir wakanyň bolandygyny saňsarlaryň özleri hem boýun alýar. Bu taryhy keýpiniň kök wagty Amanýaza aýtdyraýsaň!
Güýzmyrat aga “Saňsarlar tiresiniň içinde Amanýazdan başga çorbaň ýüzüni ýaglap biläýjek kim bolup biler?” diýen pikire gümra bolup otyrka oba tarapdan Saparyň traktory göründi. “Wah, gel-ä, jan inim! Gaýrat ed-ä!” diýip, ol ýanynda hiç kimiň ýokdugyna garamazdan, nämüçindir daşyndan seslendi.

6.

Köp çagaly maşgalalarda öýüň körpesi ir ýetim galýar.
Poladyň alty uýasy bilen iki agasy bar. Polatdan soňam bir oglan bäbejik dünýä inipdi, ýöne oňa bary-ýogy bir ýyl ömür berlen ekeni. Kakasy dokuz çagany kündük ýaly aýalyna goýup, göç etmek üçin gözüni ýumanda Polat entek oglandy.
Agalary öýlendi, rysgy aýrylanyp, uçurym bolan guş kimin, özbaşlaryna höwürtge edindiler. Duzy-nesibesi çekip, wagty gelende gyz uýalary ýat ojaga imrigip gitdiler. Çöpi gaty uzakdan berilmänligi üçin bir ýelli gün ejeleri hem körpe oglunyň deňli-derejeli bolanyny görüp bilmän, ýel atyna atlandy. Doganlarynyň hersi bir ýerden tapylyp geldi-de, üýşüp, legzeban bolmasalar-da, legze kakyp, saç ýaýyp, öten günleriň, sowlan döwranyň, dolanmajak baharyň agysyny aýdym edip aýtdylar, ýas tutdular. Poladyň ýerden ýeke çykan ýetim däldigini gaýta-gaýta nygtadylar. Muny tassyk edýändikleriniň delili hökmünde başga bir sähetli gün şagalaňy peselip, çolaran öýde iki egninden demini alyp, başyny aşak salyp, külembike barmagyny dişläp, sust oturan Polada Ýazbibi diýen birini tapyp getirip, höwür etdiler. Höwür etdiler-de, biraz eglenip, köwejekleşip, hersi öz ojagynyň aladasy bilen sypba sypyrylyp gidiberdiler.
Polat bilen Ýazbibem täze maşgalanyň binýadyny tutup başlady. Bir-birine çak edişlerindenem gowy düşünişdiler. Ýykylmazlyklary üçin söýenişdiler. Bir-birini ynjytmakdan gorkýandyklary üçin gaty-gaýrym diýişmediler. Gaty-gaýrym diýişmäge sebäbem ýokdy. Ownuk-uşak sebäpleri bolsa tüýs wagtynda gelip ýetişen yşk muhabbeti ýuwup, ýaýardy, döremedik ýaly ederdi. Entek wysalyna gowşup ýetişmedikleriň söýgüsinden tapawutlylykda ýaş çatynjalaryň kalbynda dörän yşk közi ejirsiz bolýar. Üstesine-de, perzent höwesi olaryň alys ýola ugran arabasyna tekge berýär. Ýazbibi adam çagasyny dünýä getirmäge sebäp bolmak üçin gün-günden gabarýardy. Buýsanç bilen gyzarýardy, ozal başyndan geçirip görmedik süýjümtik hem nätanyş duýgularynyň uç-gyraksyz giň asmanynda pel-pelleýärdi. Ganat ýaýýardy. Gyzyklydy. Hemme zat gül ýalydy. Dünýe düzüwdi. Bagt gülüp bakýardy.
Ynha, indem säher bilen goýun gözli bir gelin Poladyň ömrylla garaşmadyk, ýatanda-turanda oýuna gelmedik ýürekbulanç gürrüňlerini tapyp geldi. Sähel salymda ulugyz ýaly ýuwaş, derýa ýaly giň, uly aladasy, ünjüsi bolmadyk Polatdan galagoply, yzgytsyz, gözi gyzaryp, ýüzi agaran başga bir adamy ýasap gitdi.

* * *

“Indi näme etmeli?” diýen sowal jylawsyz aty eýersiz münüp, Poladyň beýnisinde ula goýberilen ýaly, ýüzin salyp ugrady. Beýnisini dar görüp, gan damarlarynda aýlandy. Her ýerden bir jogap tapyp, oňa-da kanagat etmän, atasynamy, babasynamy çeken damarlarynyň çydamyny ölçäp çykdy. Henize-bu güne çenli nädibem bolsa oňşuk edip gelen paýhasy bilen döwdeş boldy, darkaş gurdy.
“Öldürmeli! Diňe öldürmeli! Bogup öldürmeli! Çapmaly! Asmaly! Nädibem bolsa, öldürmeli! Ýoguna ýanmaly!” diýen gorkuly pikire ýesir düşdi.
Käte bir ýerden wehim ýetişip, Polada ertirki gün bolaýjak zatlary ýatlatdy:
“Soň nätjek? Bu zatlaň soňam-a bardyr. Özüňem-ä aman galdyrmazlar. Oňarypsyň, hak edipsiň, asyl etmelisi şo diýmejekleri belli. Sülçi diýdi, türme diýdi, oglan başyňa pylança ýyl tussaglyk... Ganhor adynam ömürboýy ýanyňda göterersiň. Bigünä halyňa soňsuz ezýeti neneň çekersiň?”
Ýöne Polat uçguryna gaýym däl zenan bilenem-ä bir ýassyga baş goşup bilmez.
“Onda, iň gowusy, aýrylyşmaly! Ganam gerek däl, pyçagam. Goh-galmagalsyz, ümsüm aýrylyş-da, dyn. Kow! Ýeke günem saklama! Häziriň özünde düwünçegini düw-de, goşuny ýagyrnysyna daňyp, ugradyp goýber. Ýok, ugradyp goýberme. Öýlerine eltip gaýt. Ene-atasyna ýagdaýyny aýt. “Anha, gyzyňyz, maňa beýle heleý derkar däl, kime berseňiz, beriberiň, menden-ä talagyny aldy, goltugymda ýylan saklap biljek däl” diý. Götinogry tutjak bolsalaram, sözüň gury däl, ýüzüne wazladyp basjak bar. Hemmesini üýşüräge-de, meseläni Aý dogan ýaly et”.
Soň näme? Başga birine öýlenäýsinmi? Kime? Kim bolanda-da, öýüňe keýwanylyk etjek uzyn etekli tapdyrman durmaz. Ýöne, ine, bi il-güne näme diýjek? Nirede näme gep-gürrüň barka diýip, heşelle kakyp, tomaşa garaşyp ýatan adamlara näme diýmeli?
Bir-birinden kyn sowallara jogap agtaryp ýörkä Polat beýnisiniň bir künjünden akyl gürrüň tapdy:
“Dur entek. Gyssanma! Kowmaga her haçanam ýetişersiň. Hany, bi Ýazbibi näme diýýär? Sen ilki onam bir diňläp gör-ä”.
Polat ony diňlese, diňlär welin, birden bu gürrüňler çyn bolup çykaga-da, aýby açylan Ýazbibem ýüzüni sallap, sesini çykarman otursa, ana, şonda näme etmeli?
“Ondakyny onda görübiris” diýip, Polat ahyry paýhasa gulak asdy.
Öýe giren dessine ol Ýazbibini burça gabady. Hemle urmady. Sowukganly bolmaga çalyşdy.
-Düýn ejeňlerden geleňde kimiň maşynyna münüp gaýtdyň? – diýip, ol asuda sowal berdi.
Poladyň adaty bolmadyk çynlakaý gürrüňi, agras keşbi Ýazbibini geňirgendirdi. Ol sowala gönümel jogap bermegiň ýerine:
-Ony nämüçin soraýaň? Näme boldy? – diýip sorady.
-Gerek. Düşünişmeli zat bar.
-Kireý edip ýören birini tutup gaýtdym.
-Kim ol?
-Goňşymyz. Sag tarap, duldegşir goňşymyz.
-Ady?
-Tanamaýaň ony. Jumadurdy.
-Hm-m, dogry... Onsoň?
-Näme onsoň?
-Näme gürrüň etdiňiz onsoň? Ýolda? Gelýärkäňiz?
Ýazbibi ýakasyny tutdy.
-Toba! Hiç zat. Näme gürrüň etmeli?
Dogrudanam, olar näme gürrüň edip biler? Eger hälkije gelniň diýýänleri çyn bolsa, elbetde, olaryň döwletli gürrüň etmejekdikleri düşnükli. Ýuwan sözler, suwjuk samahyllamalar, çylkasyz gülküler, nakys hereketler... Polat Ýazbibiniň bigäne erkek kişi bilen ulagyň içinde ýeňles, süwümsiz gürleşip oturan keşbini göz öňüne getirjek bolup kösendi.
-Ýolboýy agzyňyza suw alan ýaly, gürleşmän-zat etmän gaýtdyňyzmy?
-Gyýw, kim näme diýdi saňa?
-Ýazbibi! Gepi başga tarapa sowma! Göniňden gel-de, näme gürrüň edeniňizi aýt maňa.
Ýazbibi ýadyna saljak boldy.
-Üýtgeşik gürrüň etmedik. Hal-ahwal soraşdyk. Dymyp oturmazlyk üçin ol-bi ownuk-uşak gürrüňler...
-Hm-m, dogry... – diýip, Polat köpmanyly dymdy.
Ýazbibi ýagdaýy aňdy. Kimem bolsa biri Polady gepden doýrupdyr. Ol nämedir bir zatlar diýmelidigine, diňe soralan zada jogap berip otursa, agyr ýüküň boýnuna galyp barýandygyna düşündi. Eýse, garşylyklaýyn hüjüme geçibermedi, kanagat etdi, biraz garaşaýyn diýdi.
-Onda düýn şoň maşynyna münüp gaýdanyň çyn-da?
Polat Jumadurdynyň adyny tutmagy ýokuş görýän eken. Ýazbibi muny aýal duýgurlygy bilen şu wagt aňdy.
-Hawa, çyn, hä, münmeli dälmi? – diýip ol Poladyň özüne sorag berdi.
Hawa ýa ýok diýip jogap bermegiň ýerine Polat hetjikläp öňki soragyny gaýtalady:
-Onda sen şoň bilen gaýdanyňy doly boýnuňa alýaň-da?
Ýazbibi geňirgenme gatyşykly ätiýaç bilen:
-Hawa – diýdi. – Münüp gaýtdym. Öýüň gabadynda-da düşüp galdym. Kireýinem töledim.
-Aldymy onsoň? Kireý puluny aldymy?
-Hawa aldy. Kireýkeş puldan ýüz sowar öýdýärmiň? – diýip, Ýazbibi parahat gürrüň etdi.
-Nememi, özi pylança pul ber diýdimi? Kireýiňi töle diýdimi?
-Diýenok. Özüm berdim. Mugt getirmejegi belli.
-Puluň gerek däl, düşüber-zat diýmedimi?
-Ýo-ok.
“Ýalan sözleýär. Kireý beren däldir. Berjek bolsa-da, ol alan däldir” diýip, Polat güman etdi. Islemeýän hem bolsa, ýalan sözi tassyk edýän alamaty gözläp, Ýazbibiniň ýüzüne-gözüne içgin syn etdi. Degerli alamat görmedi.
-Polat! Men hakda kimiň näme diýenini aýt. Asmandan alyp, toslama aýtmaýanyňy bilýän. Düşündir, men düşünemok.
-Düşünip aňyrsyna geçýäň sen. Düşünmezmiň? Meni gepletjek bolma.
Ýazbibi näme diýende gowy boljagyny bilmän, dymdy.
“Hälkije gelniň otly köýnek geýip, gübür-gübür tutaşmasynyň jany bar ekeni. Ine, şol Jumadurdy diýilýän haramzadanyň ulagyna münüp gelenini öz dili bilen aýdyp otyr. Çyn ekeni” diýip Polat oýlandy. Ol Ýazbibiniň Jumadurdy bilen halaşanyna şübhe etmedi. Her hal magadyna ýeteýin diýdi, şeýtmese, ynjalmajagyny bildi. Ýöne nädip? Ýazbibi dogrusyny aýdar öýdýärmiň? Aýtsa, aýtmasa, soraman, bilmän, meselä nokat goýup bolmaz.
Polat şu meseläni gozgamagyň ebeteýini tapmady. Has dogrusy, ýaýdandy. Heder etdi. Nikaly ýanýoldaşynyň geçmişde kimdir biri bilen uly ile metgi bolup, söýüşendigi barada soramak üçin Ýazbibiden utanmady, çekinmedi, eýse, ony “hawa söýüşdim” diýiläýmegi ähtimal jogabyň gorkusy basdy.
Ol Ýazbibiniň:
-Etegiňde biderek daş göterip ýörme-de, aýdaý, Polat! – diýen galagoply sesine aýňaldy.
Ahyry aýgyt etdi:
-Aýtsam, şo düýnki bilen araň bar ekeni. Men ony bildim. Aýtdylar. Gyz mahalyň şoň bilen söýüşeniňe çenli aýtdylar. Ýalanam bolsa, aýt!
Ýazbibi elini agzyna ýetirip, içini çekdi.
-Ýalan! – diýdi.
Ýalan bolsa, elbetde, Poladyň jany aram tapjak. Ýöne edil şu wagt Ýazbibi hudaýlygyny sözledimi? Bolmanda-da ol Poladyň göni iki bäbenegine seredip: “Hawa, çyn şol-a!” diýäýmez. Ýa diýermi? Diýmez, diýmez. Het edip bilmez. Häliden bäri kä ýerde, kä ýerde özüniň bardygyny duýduryp ýatan müňkürlik damary hem üstünden akýan ganyň tizligini artdyryp, Poladyň garjaşyk beýnisinde bu pikiri tassyklady.
-Ýalan bolsa, onda bu gürrüňler nireden çykdy? – diýip, ol Ýazbibiniň esasan ýüzüne dikarynlap, gaýta-gaýta seretdi. Şeýdip, onuň ýüzünden hakykaty okasy geldi.
-Toba! Men näbileýin nireden çykanyny. Sen tapyp geldiň bu gürrüňi. Sen bilmeli.
-Ýazbibi! Samsyklyga salma, eşidýäňmi? Ugrunda bolmasa, gürrüň ýaýramaz. Kime gerek bi gürrüň? Sen maňa dogryňy aýt!
Hamana, bu gürrüňler il arasynda ýaýrap, iki adamyň başy çatylan ýerde özi barada ýakymsyz, masgaraçylykly gürrüňler edilýän ýaly, Ýazbibi agyr aladanyň astynda galdy. Nähak ýere ynjydylyp, kemsidilen çaganyňky ýaly duýgular peýda bolup, onuň zenan ejizliginiň çydamyna agram berdi. Tap getirip bilmän, gözüne ýaş aýlady. Ol eýýämhaçan dolup, balkyldaýan owasyny sylman:
-Myjabat! – diýip janyýangynly gygyrdy. - Şul aýdýanlaň hemmesem töhmet! Seň şu zatlara ynanyp ýörşüňe içim tüteýär.
Ýazbibi aglan mahaly owadan bolýar ekeni. Onuň gözýaşyny ilkinji gezek görýänligi üçin Polat muny şu wagt bildi. Mundan öň ol aýallaryň agysynda nämüçindir köplenç şermendelik görýärdi. Käbir aýallaryň agyny üstüne abanan howpdan sypmak, sowulmak üçin ulanýan pirimidir öýderdi. Garşysynda duranyň asgynlygyny duýanda köplenç adamyň ýüregine ýumşaklyk inýär, dözümsiz bolýar. Meger, aýal diýlen jemende şol ýumşaklykdan, dözümsizlikden peýdalanmak üçin al salýandyr, hilä ýüz urýandyr. Häzir Polat Ýazbibiniň gözýaşyndan hile, pirim gözledi. Tapmady. “Şoň üçinem ol owadan görünýändir” diýip pikir etdi. Şoň üçinem ol aýal diýlen jynsa oňly düşünmeýändigine akyl ýetirdi.
Poladyň Ýazbibä ynanasy geldi. Kim ýalan sözlese-de, näme al salsa-da, gözýaş çyndyr, arassadyr. Ýöne şol gözýaşyň özi ýasama däldir-dä hernä? Içine girip-çykaýmasaň, bu millete düşünmek çetin. Seň göwnüň muny düýn duluňa geçirip, bu günem tanaýsam diýýändir. Ýo-ok, tanaýmarsyň, ömürboýy bir ýassyga baş goşup, tanabiljegiňem gümana. Hususan-da şular ýaly meselede. Bularyň ýüz-müň sany hilesi, sapalagy bar. Şeýtanam şulardan sapak alýarmyş. Polat özüni aýal mekirligine gurban bolup barýan aw saýdy. Hopukjak boldy. Onsoň ol esasy urgy hökmünde Ýazbibä şu sözleri diýdi:
-Sen şu wagt aglan bolýansyň. Aglap gutulaýaryn öýdýänsiň. Ýöne bolşuň şu bolsa ömürboýy aglarsyň. Gözüň agydan başga zady görmez. Gözüň gurar, gözýaşyň gutarar, ýöne agyň tükenmez.
Polat özüniň asudalygyna geň galdy. Şeýle parahat hem çynlakaý äheňinden özi gorkdy.
-Bolşum nähili, aýt ahyry, aýt.
-Seň bolşuň menem, özüňem diri ýakjaga meňzeýär.
-Indi sen maňa ynanman, ile ynanýaňmy? – diýip, Ýazbibi agy arasynda Polatdan sorady.
-Ýazbibi, şumjarma, eşidýäňmi, şumjarma! Maňa gelmeziňden öň şoň bilen araňda näme bolan bolsa, gizleme, aýt. Meni köseme, özüňem kösenme.
-Nämäni aýdaýyn men? Özümden toslap tapaýynmy? Bolmadyk zady boldy diýip, ýalan sözläýinmi?
-Hudaýlygyňy aýt!
-Aýtdym-a ýaňy, ýalan şo eşiden zadyň. Kimem bolsa biri ikimiziň günümizi bulamak üçin ýüregiňi çişiripdir.
-Günümizi bulap, ýüregimi çişirip... – diýdi-de, Polat hapa sögündi. – Nämä gerek, kime gerek? Oňa peýdasy näme?
-Kim şol?
-Kim bolanda näme?
-Onda men näme edeýin? Çörekden ant içeýinmi? Ynanjakmy şonda?
Ine, saňa şert! Çörekden ant içjek diýýär. Näme jogap berersiň? Eger ant iç diýseň, içer, onsoň ynanmaly bolarsyň, Ýazbibiň arassalygyny boýnuňa almaly. “Ýok, ant içip oturma! Barybir ynanamok” diýseňem, yrsaradygyň bolmazmy? Polat näderini bilmän durka Ýazbibi garnyny gujaklap, ýerinden galdy-da, äriniň küýüne-köçesine gelmejek başga gürrüň tapdy:
-Ine, şü göwrämdäki çagamdan ant içsem, ynjalarmyň? Ýedi aýlyk çagamdan geçýän diýsem, şonda ýüregiň ýerine gelermi?
Ynjalarmyka? Ynjalmasa gerek. Barybir antly gürrüň Poladyň badyny aldy. Onuň öňünde “Hany, indi bulaň haýsyna ynanmaly? Hälki dogumlyja gelnemi ýa gaşyňda ýarym ýaş bolup, heniz dünýä gelmedik perzendinden ant içjek bolup duran Ýazbibä?” diýen anyk sowal keserdi. Bulaň haýsam bolsa bir-ä ýalan sözleýär, beýlekisem dogrusyny aýdýar. Ýöne haýsynyňky dogry? Kimiňki ýalan? Hakykat nirede?
-Bolýa, bar seňki dogry, saňa ynandym diýeli. Ýöne sen pikir edip gör, şu gürrüňi maňa ýetireniň maksady näme? – diýip, Polat antly meseleden sowulmak niýeti bilen köne heňine tutdurdy.
Ýazbibi agysyny goýdy.
-Polat, kim tapanam bolsa, şo gürrüň dereksiz. Meni şoň bilen ýüzleşdir! Ýüzleşdirip bilermiň?
Poladyň başy çaşyp ugrady. Şol bir wagtyň özünde-de Ýazbibiniň sözlerinden az-kem kanagat tapdy. Nätanyş gelniň: “Ýör, görkez şo heleýi, wazladyp, ýüzüne basaýyn!” diýip, çişip duran gaharly keşbi gözüniň öňünden üç hatar geçip gitdi. Ol hyýalynda nätanyş gelin bilen Ýazbibini ýüzbe-ýüz oturdyp: “Hany, ýüzleşiň, ýüzleşýän bolsaňyz!” diýdi. Gelin ýöwsellik etmedi, içikdiriji sözleri suňşuryp, hapa baryny dökdi. Ýazbibem pes oturmady. Siňekden goranýan ýaly ellerini daldalap töhmet diýdi, subut et diýdi. Bularyň ýüzleşmesi gitdigiçe dartgynlaşyp, ahyry saçýolda baryp ýetdi. Nätanyş gelniň gepi-sözem, hereketlerem rüstem göründi. Ol garşydaşynyň aman-zamanyny bermän, düýt-müýt edip barýar. Ýazbibiniň döwüniň pesligi kesesinden görnetin. Şonda-da ol aman dilänok, dyrjaşýar, garşylyk görkezýär, gapdaldan biri gelip, kömek etse kem görmeýän ýaly. Polat goşulanok, ajymtyk ýylgyryp, bularyň darkaşyna tomaşa edýär.
Hyýaly söweş soňlanman galdy. Poladyň jübi telefony jyňňyrdady. Başlyk jaň edýän ekeni. Telefony alyp, gürleşdi. Başlygy ynjalman, habar tutaýyn diýipdir. Polat ýalan bilen çyny garyp, lukmanyň ýazyp beren dermanyny içýändigini, ýagdaýynyň gowulaşýandygyny, ertir işe çykjakdygyny aýdyp, telefony goýdy. Birsellem dymdy. Höwessiz sorag berdi:
-Onda şol Jumadurdy diýilýän bilen öňde-soňda araňyzda hiç hili gep-gürrüň, eýle-beýle bolmadymy?
Ine, şu sowala jogap bermek üçin Ýazbibi görnetin kürtdürdi. Polat muny bada-bat duýdy-da, Ýazbibiniň ýalan sözläýmeginden ätiýaç edip, dessine:
-Gizleme, hiç zady gizlemän, göniňden gel! – diýdi.
-Indi häzir dogrymy aýtsam, sen maňa ynanarmykaň, Polat? Ynanmarsyň.
-Ynansam-ynanmasam, sen maňa dogryňy aýt.
Ýazbibi ýaýdandy. Galpyldysy artdy.
-Jumadurdy maňa birki gezek lak atdy.
-Haçan?
-Mekdebi gutaraýan uçurlarymyz.
-Onsoň?
-Birki gezek lak atdy. Menem içinden çykmaz ýaly edip, sögdüm. Näme diýip jabjynanym ýadyma düşenok, ýöne erbet ýüzüni aldym. Şondan soňam girsem-çyksam, ýiti-ýiti seretmesini goýmady. Ýüz bermedim. Ýigrenýänimi bilsin diýip, gaharly hüňürdedim. Adamyň ýüzüne dogrulyp, seni ýigrenýän diýip bolanog-a. Şoň üçin her gezek gabat gelende ýüzümi kürşertdim. Onsoň menden gowy söz eşitmejegini ýuwaş-ýuwaş bilendir-dä, tamasyny tala daňdy. Gaýdyp golaýyma gelmedi. Meni görse, sowlup geçdi.
Polat Ýazbibä şübheli garap:
-Başga bolan zat ýokmy? – diýip sorady.
-Juk...
-Onda nämüçin oň maşynyna mündüň? Başga kireý edýän ýokmy? Ala-böle şony tutup gaýtmaňda...
Ýazbibi Poladyň sözüni soňlaryna garaşmady:
-Jan dogan, şo zatlar meň kelläme-de gelenok. Şu wagt şu gürrüň çykansoň, ýadyma düşýär. Kireýkeş gyrylmandyr. Kän. Ýola çykybam gaýdyp bilýän. Ejem kösenip ýola çykma diýip, şony görüp geldi. Men näbileýin bi gürrüňleriň çykjagyny.
Polat muňa kes-kelläm ynanmady.
-Goýsana, how, erteki otarmaňy! Näme meň maňlaýyma samsyk diýlip ýazylypmy?
-Polat, ursaňam, öldürseňem, ynansaňam, ynanmasaňam, bar bolan zat şo.
Adam käte öz daýanç nokadyny berkitmek maksadyna eýerýär-de, durmuş ýörelgesininiň hanjakdygyny beýlekilere hem aýyl-saýyl görkezmek üçin melgun göçgünliligine bendi bolýar, şeýle pursatlarda ol diýmesiz zatlary hem ýaýdanmazdan-zat etmezden, ýeňillik bilen diline getirýär, göwnüniň islemedigini edip goýberýär. Polat bilniksiz albaýa düşdi, säwlik etdi, özüniňem garaşmadyk gürrüňini aýtdy:
-Oň üçin urup-sögüp oturman. Kowar goýbärin. Kime heleý bolsaň, şoňa bol. Maňa-ha gerek zadyň ýok.
Ýazbibem beýle gürrüňe garaşman ekeni. Ol aňk bolup birhowa dymdy. Dagy näderini bilmän aglamjyrady.
-Onsoň o ýerýuwdanyň süýkenmesine men günäkärmi? Men näme etmeli onda o şeýtse?
-Maňa bildirenok seň näme etmelidigiň. Nätseň, şeýt. Maňa sen tetelli heleý gerek däl.
Polat gazap atyna atlananyny aňdy. Yza tesmejegini bildi.
Ýazbibi aýgytly gepledi:
-Sen yrsaraýaň, Polat, şu wagt, bilýäňmi?
-Şu öýden gerek zadyňy alyp, gidip bilýäňmi ýa özüm çykaraýynmy?
-Gidip bilýän – diýip, Ýazbibi hem gaharly äheňe geçdi. – Dur diýseňem, durjak däl.
-Onda gözümiň öňünden çaltrak üýtge!
Äriniň hökümli gepine biperwaý garaýan sypatda Ýazbibi ýuwaş deprendi. Sesini çykarman, sandygy dörüşdirip, düwünçegini düwdi. Polat sözüni yzyna gaýdyp alar, ýaňky diýenlerini hem gaharyna aýdandygyny boýnuna alar, bagyşla diýer diýen umyda maýyl bolan ýaly eglendi. Aýasy bilen gözýaşyny sylyp, haýal gozgandy. Ysgynsyz hassa kimin ýüzüni aşak salyp, gowuşgynsyz ädim urdy. Gapydan ok ýaly atylyp çykmady, işigi wawwasy bar ýaly emaý bilen ýapdy. Şeýdibem gitdi.

7.

Jüwlüksiz bolmaýşy ýaly, bazar gedaýsyz hem oňmaýar.
Sähediň dilegçilik etmek üçin çöken ýerinde orta ýaşlaryndaky bir golak gedaý bilen kellesi saňňyldap, elleri üznüksiz sandyrap duran akyly şikesli ýigdekçe oturýan ekeni. Ol maýyp ýigdekçe-hä bir ýerde kän durubam bilmeýän ekeni, biraz durup, özbaşyna samyrdap, aýagynyň äden ugruna gidiberýär. Esli mahaldan aýlanyp gelip, biraz eglenip, ýene bir ýerlere ugraýar. Ol gezme gedaý ekeni.
Golak welin barypýatan görip bolup çykdy. Içigara, dünýäni bir özüm tutaýsam diýýän hannas ekeni. Ol şu uly bazaryň mähellesiniň berýän ownuk pullaryny gysgandy. Gedaýçylyk bir özüne degişli ýaly, Sähediň sen-men ýok, gelip dilegçilik edip başlabermesine erbet boldy. Içi tütedi. Ýalynsyz ýandy. Sähet ony bada-bat duýsa-da, pisint etmedi.
Golagyň sabyr-kanagaty tükenip, bolmajysy boldy. Ol penjeginiň boş ýeňini galgadyp gelşine Sähede hemle atdy:
-E-eý, tur bärden! Git, başga ýerde otur! Bu ýerde men oturýan!
Sähet golaga çala nazar aýlady-da, onuň ýöwselligini ýüzünden okady. Ýöne diýýämiňem diýmedi.
-Meň yrsgyma dawa etme! Saňa diýýän, eý, gatan gurbakga! Eşdeňokmy? – diýip, golak azm urdy.
Gatan gurbakga diýip, eýýäm lakam hem ýelmäp ýetişdi. Sähet şonda-da sesini çykarmady.
Onsoň garaw görerin öýden däldir-dä, golak golaý süýşüp, onuň böwrüne hütledip depdi.
-Tur! Saňa diýýän, tur! – diýdi.
Sähet turmady. Oturan ýerinden çala gozganyp, golagyň aýagyndan çalyp tutdy-da, bar güýji bilen dyzap siltedi. Golak göwresini saklap bilmedi. Ýykyldy. Agzy gum garbady. Ol ýatan ýerinden:
-Kömek ediň! Urýalar! Men inwalid! – diýip gygyrdy.
Kimdir biri golagy aýak üstüne galdyrdy. Bir wäşi adam degşip:
-Häýt! Çüşş! Ýuwaşrak boluň! Uruşsaňyz, polisýa aýdaryn – diýdi.
Başga biri:
-Iki gedaý uruşýan bolsa, diňe meslikdendir. Bulara gowja düşýär. Göterinip bilenoklar – diýip, gaharlandy.
Sähet bu adama içinden hapa sögündi. “Meslik bilen görübilmezçiligiň parhyny bilmeýän haramzada” diýdi.
Adamlar gülümsireşip, kinaýa bilen ýomak atyşyp, perwaýsyz geçip gitdiler.
Bazarçy aýallaryň biri söwdasyny goýup, bulara seredip duran ekeni.
-Indi şu uly bazary iki bolup paýlaşyp bileňzokmy? Eşek satyp, ýer alan ýaly hamana – diýip, ol esasan golak gedaýa igendi.
Golak ýagdaýa düşündi. Soň dyzap durmady. Ýeke eli bilen üst-başynyň tot-tozanyny kakyşdyryp, hol beýleräge geçdi.
-Maýyp adama rehim ediň! Ýarty adama sadaka beriň! Aýdan-diýeniňiz kabul bolsun! Döwletiňiz artsyn! – diýip, gedaýçylyk etmäge durdy.
Ahyrbazara ýakyn golak gedaý gaýtmakçy boldy. Ol Sähediň kän bir golaýyna gelmän:
-Ýaşuly! – diýip haýbat atdy. – Ýaşuly! Hälkije edenjäň üçin jogap bermeli borsuň.
Sähet munuň üçin darygyp, çekinip durmady.
-Kime jogap bermeli? – diýdi.
-Jogap soranlarynda bilersiň kimedigini.
-Hawa? Indi?
-Men inwalid. Sen inwalid adamy urduň. Bilýäňmi şony?
-Urub-a uramok. Ýöne uruldym diýip hasap edýän bolsaň, bar, şol ekeni-dä. Onsoň?
-Ýaşuly, meň arkamda hökümet dur. Bilýäňmi seni näderler?
-Näderler?
-Türmede çüýrederler.
-Onsoň?
-Önsöňň! – diýip, golak Sähediň agzyna öýkündi. – Türmäň nämedigini bileňok sen. Men ýaly maýyby uranyň üçin o taýda nädýänlerini bilsediň!
Golak bir zatlary göz öňüne getirip, gözlerini ýumdy, hyrçyny dişläp, arman bilen başyny ýaýkady.
Sähet içinden: “He-eý, golak bedibagt! Türmäň nämedigini bilmeýän boldummy indi? Iki heleýi urup, seň o diýýän ýeriňde ýigrimi ýyldanam kän oturdym. Zeleli ýok, gaty gitse, sen üçünji boljak ekeniň-dä. Seňem heleýden üýtgeşikligiň ýok ýaly. Erkek eşikli heleý! Golak heleý!” diýip pikir etdi. Daşyndan başga zat diýdi:
-Onda nämüçin dursuň? Bar hökümede aýt-da, basdyr.
-Basdyraryn. Näme basdyrman?! – diýip, golak gylaw aldy.
-Basdyryp bilmersiň.
-Basdyraryn. Çüýrederin.
-Başarmarsyň!
-Başararyn. Öň-ä birini basdyrypdym – diýip, golak öwündi.
Sähet “Ýalan sözleýär” diýdi. Ynanmady. Dem salym dymyp:
-Ýagşam bir iş edipsiň! – diýip kinaýaly hüňürdedi. Soň agras, çynlakaý keşbe girdi-de:
-Ýöne, han ogul, seni urmag-a däl, öldüräýsemem, meni basmazlar. Oň üçin ýasy ýanyňy ýere taşla-da, ýaman arkaýyn bol! – diýdi.
Sähet şuny şeýle bir arkaýyn sypata girip aýtdy welin, golak birgeňsi gorky bilen üşeriliberdi. Sussy basylyp, gürrüňdeşine soragly seretdi.
-Sebäbi meň däli hatym bar – diýip, Sähet ýalan sözledi.
-Bolanda näme?
-He-eý, jüýje, dälileri türmä basanoklar. Bileňokmy şony? Etjek zatlary, birki hepde dälihanada ýatyrýarlar.
-Onsoň sen näme, dä-däli diýip näme, öňüňden çy-çykany nemedibermeli, u-urubermelimi? – diýip, golak sakawlady.
-Öňümden çykany uruberemok. Ýöne göwnüme degeni – Sähet süýem barmagyny bogazyna süýkedi. – Pyhk edip goýbermäge-de hakym bar.
Golagyň hezili gaçdy.
-Göräýeris. Däli bolaňda nä, edeniňi edibermelimi, hm-m, dälinem gördük, dolynam. Men şu bazarda ýedi ýyl bäri oturýan. Elimi aldyralym bäri oturýan. Beýle sen bu günki gün däli bolup, şahyňy bulap, hojaýynlyk satyp... Şahyňa kakjak ýokdur öýdýäňmi? Gerek bolsa, şahyňy döwäýmezlermi? Öňem sen ýaly gatan gurbakgaň biri meň ýerimi eýelejek bolup, şermendelik edipdi şu ýerde.
Yzyna seretmän, baý, gaty gaçandyr-a! Gaçar ýaly etdim-dä. Şolam ilki herrelen bolupdy. Şoňam özüne göwni ýetýädi. Sen şondan artykdyryn öýdýäňmi özüňe? Kim-ow sen? Hä, kimdirin öýdýäň özüňe? Bolaňda näme däli? Däli bolsaň, özüň üçin däli. Bildirýän ýeri ýok – diýip, ol gidibem bilmän, golaýa-da gelibilmän, esli aralykda durup hüňür-hüňür etdi. Soň geçip barýan biriniň uzadan ownuk puluny jübüsine salyp, Sähede-de eşitdirip, uzyn-uzyn dileg etdi. Alkyş okady. Kän eglenmän, Sähediň ýanyndan daşlaşmak bilen boldy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 397 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024
Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024
Gala -2: Hakyda - 10.02.2024
Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024
Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]