17:21

Gonambaşy -5/ romanyñ dowamy

18.

Ýazbibi iňňildäp, gymyldap, sokjap-sokjap emip ýatan, mürşüjek, gyzylja ýüzli, janlyja zatda gudrat görýärdi. Ol ilkinji perzende bolan gyzgyn mähriň öň başyndan geçmedik täsin bir hyjuwy bilen bäbegi söýgüläp başlady. Poladyň edişi ýaly bäbegiň jynsyna garap durmady, küýi-köçesi, pikiri-duýgysy gyzjagaza geçdi. Ýogsa, onuň özem oglan bäbejige garaşýardy. Arada uly eltisi Şeker gelip: “Gyýw, ýaman hor-la sen. Iýýäňmi bir zatlar? Bokurdagyňa bir seretgin. Ýüzüňem ýakal-ýakal. Besse-besse. Garalypsyň. Häý-ý, diýseň, diýmeseň, baýarmykaň öýdýän. Ogul dogurjagyň ýüzi däl-ä ýüzüň. Gör-de, duruber! Gyzyň bolar, baýarsyňyz” diýeninde-de ondan öler ýaly gaty görüpdi. Ynanmandy. “Göwün islegini aýdýar. Oglum däl-de, gyzym bolsa gowy görjek bi. Özi bassyr bäş gyz dogurdy. Ogly ýok. Içi ýanýar. Şoň üçin şeýdýär. Nesip bolsa, meň oglum bolar, top ýalyjak, akja!” diýipdi. Arzuw edipdi. Häzir ol Şekeriň çakynyň dogry çykanlygyna gyýylyp durmady. “O tula köp bilýä, ýüzüňe seredip, içiňdäkiň kimdigini aýdyp otyr” diýdi.
Eltileri Ýazbibiň daşyny galladylar. Öň bilýänligine garamazdan, gundamany, arlyk çalyşmany, sallançaga salyp, ýanap emdirmäni öwretdiler. Göz degmez ýaly sallançagyna ony-muny dakyşdyr diýip tabşyrdylar. Gulajygy agyryp, azar berse, süýt damdyr, emi-ýomy şo bor diýip sargyt etdiler. Ýatmasa, diňmese, allalaber, hüwdüleseň ýatar diýdiler.
Ýazbibi hüwdini iki aý mundan öň öwrenip goýupdy. Ondan öňem bilmeýän zady däldi. Birmahallar ejesiniň jigilerini sallançaga salanda aýdýan hüwdileri ýadyndady. Basym dünýä inmeli perzendi üçin olaryň içinden iň oňatlaryny saýlap-seçýärdi. Ýeke wagty ýygy-ýygydan sesini barlap görmek üçin hüwdä hiňlenerdi.

Allan-allan apaýyn,
Üstüňe mahmal ýapaýyn,
Begres, mahmal üşetse,
Ýüpek ýorgan ýapaýyn.
Huwwa, huw.

Sen-sen meniň geregim,
Üzülmeýän ýüregim,
Süňk içinde ýiligim,
Suw içinde sülügim.
Huwwa, huw!

Bir gün, göwresindäki çaga jan giren döwürleri hüwdä hiňlenip, labzyny barlap otyrka Näzik ejäniň geleninem görmedi. Ol gapydan giräýen ýerinde diňşirgenip biraz duransoň, geňirgenme bilen:
-Ýazbibi, aýu, Ýazbibi! – diýip, özüniň gelenini bildirdi.
Gapyl galan Ýazbibi çym-gyzyl boldy.
Näzik eje duzmy, burçmy diläp, möhümini aýdansoň:
-Menem ilki-ilkiler gelin bolup geläýen wagtlam hüwdi öwrenjek bolup, baý, iş edinendirin-ä – diýdi. – Arasynda uly eltimiň bäbegini allalaýardym. Ýöne özüňkini eliňe alaňsoň üýtgeşik bolýar. Hüwdini dagyn asyl özüň düzüberer ekeniň.
Kim bilýä, çynmy, ýalanmy, Ýazbibini utandyrmazlyk üçin diýen bolmagy-da mümkin.
Ynha, indi şol arzuwyň hasyl boldy. Ilkinji bäbegiň eliňde. Öň diňlejek ýokdy, geňlän bardy, indi diňlejek bar, geňlejek bolmaz. Näçe hüwdiň bolsa, aýdyber, Ýazbibi! Bagt hakda-da aýdyma hiňleniber, Ýazbibi! Bagtam daşda däl ýaly. Diňe Poladyň kalbyna giňlik aralaşsa bolýar.

* * *

Poladam guljagaz taparys öýdüp garaşýardy. Ýöne gyz bäbejige-de darygyp durmady. Ejesini ýatlady. Entek başlary ýaş. Ýol uzak. Oglan bäbejikleri hem bolar. Oňa-da kakasynyň adyny goýmaly bolar. Bu zatlar entek öňde.
Häzir onuň aňynda ýene-de Jumadurdyly gürrüň at salyp ugrady. Otursa, kese ýykdy, tursa, synyndan çekdi. Ähli zatdan sowatdy. Ýüzi agraldy. Gözüne argyn gam indi. Bäbekhanadan getirilen güni gyzjagazyna-da ýasama ýylgyryş bilen höwessiz garady. Üstesine-de bu zatlary kesesinden bildirmejek bolup, dert-azara galdy. Kösendi. Içine saldy.
Oturyp-oturyp, ol Jumadurda-da gaýybana ite diýmezini diýdi. Tanamaýanam bolsa, henize çenli bir gezek görmedigem bolsa, ony duşman okundy, hyýalynda näbelli bir keşbi göz öňüne getirip, oňa Jumadurdy diýip at berdi, onuň bilen uruş etdi. Ýok, uruş etmedi, aman-zamanyny bermän, ony essi aýylýança ýençdi. Soň onuň üçin agyrdan agyr ölüm jezasyny gözledi. Ölüme höküm etmezinden öň: “Ine, deýýus, haramzada, ölmänkäň görüp git, seňem aýalyň çermegine gaýym däl, öňýeten bilen dünýäň keýpi-sapasyny paýlaşýar, haramlyk edýär” diýip, Jumadurdynyň dogumly, goýungöz gelninden ýurtýykan loly ýasady. Soňundanam öz-özüne: “Ýok, bu namartlyk bolýar, gelni bilen näme işiň bar? Näme etseň, özüne et” diýip öwüt berdi. Onsoň hyýalynda Jumadurdy bilen täzeden döwüş etdi. Nämüçindir her gezek onuň keşbini göz öňüne getiren wagty işdeşi Akmämmet ýadyna düşdi. Munuň sebäbi hökmünde Polat: “Akmämmedem Jumadurdyň taýy” diýip, öz ýanyndan netije çykardy.
Akmämmediňem tüýsi bozuk. Gözi iliň heleýinde. Del uzyn etekli görse, süňňüni saklap bilenok. Görmegeý zenan bolup gözüne ildigiň hökman bir ýuwan gürrüň tapar. Iň erbet ýerem, tapan puluny ýeňles zenanlara harç edýär. Telek iş edýändirin öýdenok. Erkek kişileriň hemmesi şeýle bolmalydyr diýen düşünjä uýýar.
Bir gezek Poladyň ýigrimi bäş ýaşap, henize-bu güne çenli del etek galdyryp görmändigini eşidende, Akmämmet kes-kelläm ynanmady. Gözlerini gyrpyjykladyp, Polada boýdan-başa şübheli seretdi.
-Ynanamok. Birinji gezek eşidýän. Beýle bolmaga haky ýok.
-O nämüçin haky ýog-aý? Ine, haky bolsa, bolmasa, men şeýle. Iliň heleýi azaryma däl. Öýlenmäkämem netimi bozan däldirin. Öýlenemsoň-a asylam.
Akmämmet gara çyny bilen:
-Subut et, Polat, subut etmeseň, ynanman. Hiç kimem ynanmaz. Boljak zady aýdaňog-a sen – diýdi.
-Subudam etjek däl, ynandyrjagam boljak däl. Nätseň, şeýt – diýip şol gezek Polat gaharly jogap beripdi.
Şol gezek Akmämmediň oňa ynanmadyk bolmagy-da mümkin. Ýöne bardy-geldi ynanaýan bolsa, Polady hiç bir zadyň alnyndan bolmadyk, dünýäň aýşy-eşretinden mahrum, emelsiz, gyz-geliniň sapaly gujagynyň hözirinden binesip, gezip ýören bir san hasap etjegi belli zat. Akmämmet nähili pikir edende-de Polada bildirýän ýeri ýok. Goý, ol näme diýse, şony diýsin! Onuň üçin Poladyň päkligine gara sürtüljek gümany ýok. “Özüňe degişli däl zada el urubermek bolmaz. Hapalanarsyň” diýen ynanç henize çenli mizemändi, onuň arassalygyna gara tegmil degrip bilmändi.
Ýazbibiniň Jumadurdy bilen baş goşup biljekdigi baradaky pikirlere meçew berip ýören Melgun ahyry amatly pursady goldan bermedi, Poladyň şol ynanjynyň kastyna çykdy. “Ar al! Al aryňy! Köýdürme!” diýdi. Nädip ar almalydygynyň ýoluny salgy berdi. “Hanha, Akmämmet bar. Bar şoň ýanyna. Tapyp ber diýseň, ýüksüner öýdýäňmi? Bar. Ýüregiňi buz ýaly et. Keýpden çyk. Sür. Aryňy al!” diýdi.
Polat ýaýdanmady. Oslagsyz peýda bolan ar almak hyýaly ony Akmämmediň ýanyna eltdi. Islegini beýan etdi. Niýetini beýlekilerden ýaşyrmak üçin pessaý gürledi.
Akmämmet oňa ýene şübheli seredip:
-Çynyňm-ow, ýa senem adam oýnajak bolýaňmy? – diýdi.
-Çynym, çynym.
-Hany, bi sen mundan öň ýaman arassadyň-la? Etegimde namaz okabermelidir diýen ýaly edýädiň-ä?
-Hawa welin, täzelikde köpeldik-dä. Ýagdaýy özüň bilýäň. Ýaňy dogran heleýiň ýanyna baryp bolaýýarmy?
-Hä, hawa, siz köpelensiňiz-ow, dogry. Nememi, şu günmi?
-Hawa, şu gün. Işden soň. Hiç kim bilmesin ýöne. Diliňe berk bol. Senden-ä geň görmezler welin, biläýseler, menden aýyp-syn etjek kändir.
-Ýasy ýanyň ýerde bolsun!
Hakykatdan hem Akmämmediň ýanynda bular ýaly işiň müşgili ýok eken. Ol telefonyny çykardy-da, kimdir biri bilen iki agyz gürleşip, meseläni şo bada çözdi oturyberdi.
Işden soň gitdiler. Bagyň içindäki kafe bardylar. Akmämmet iki sany gelin çagyran ekeni. Olaram uzak garaşdyrman geldiler. Dört bolup, stoluň başyna geçdiler. Gelinleri ozaldan tanaýanlygy üçin, üstesine-de bular ýaly meýlisi günde-günaşa görüp ýörenligi sebäpli Akmämmet degişme bilen gelişdirip, beýemçilik etdi, biri-biri bilen tanyşdyrdy. “Ýanyňdaky uzyn boýly gelni saňa niýetländirin” diýen manyda Polada üm berdi.
Uzyn boýly gelinem, öňden öwredilip goýlan bolara çemeli, ýat ýataga düşen mal ýaly ýadyrgap, aljyrap, otluçöp çeýnäp, bir elini jübüsine sokup, beýleki eli bilen ýeňsesini gaşap, äm-säm bolup duran Poladyň edil gapdaljygyna baryp gondy. Gülümsiredi. Näz bilen towlanjyrady. Poladyň göwnüni awlamak üçin, onda nähilidir bir duýgulary oýarmak üçin her dürli bezm etdi. Bälçiredi.
Polat päkize gelin görjekdi. O diýeni bolmady. Akmämmediň çagyran gelinleriniň ikisiniňem sypaty-syraty daşyndan göräýmäge hiç neneňem däl welin, olaryň gepi-gürrüňi, özlerini alyp baryşlary turuwbaşdan Poladyň göwnüne oturmady. Ilki bilen kellesine: “Beh, bulaň öýi-öwzary, äri, çagalary, ene-atasy, dogany-zady ýokmuka? Ýa bularam ar almaga çykanlarmyka? Ärden ýanýan azmy? Ine, sen heleýiň tütünsiz oduna ýanyp, ne günlere düşüp ýörsüň?” diýen pikir geldi.
Bir-birine duzsuz gep atyşyp, nakys-nakys gülküleri bilen bular derrew Polady ýadatdylar. Esasanam boýy kelte, tyňkyja gelniň suwjuk gürläp, Akmämmedi gujaklap oturyşy, aýal adama gelişmeýän ýeňles hereketleri, üstesine-de ýylan ýaly owsun atyp, haýasyzlyk hem nebsewürlik bilen özüne gyýa-gyýa bakmasy teý maňzyna batmady. Arak-şeraba meýillidiklerini bilensoň-a, Polat olary birazajyk ýigrendem. “Bular ärden ýanan däl-de, ärini ýakan haramy! Bular heleý eşigini geýen ýylan! Ahmal bolsaň, sokjak, zäherini pürküp, awusyny endamyňa ýöretjek alahöwren! Başga zat däl” diýdi. Kesesinden seredeniňde allanäme bolup görünýän bu gelinleriň şu güne çenli pylança derýaň suwuny içip, ýene şonça güzere inmäge häzirdikleri barada pikir edende işdäsi tutuldy. Asyl şular ýaly hapysa durmuşdan hözir gözleýän çermeksizler bilen bir saçagyň başynda oturany üçin özüni ýazgardy. Ýene-de agyzdan galan nahar ýadyna düşdi.
Şu ýerde şular ýaly pes adamlar bilen oturmak, iýip-içmek, keýpi-sapa etmek isleginiň bireýýäm zym-zyýat bolanyny bilse-de, Polat turup gaýdybermegiň ebeteýini tapmady. Şol ikarada-da Melgunmy, kimmi, bir-ä: “Indi giç. Indi tursaň, masgara borsuň. Otur gömül-de!” diýip pyşyrdady. “Bolýa oturaýyn – diýip, Polat bialaç netijä geldi. – Ýöne hapa bulaşmaly däl. Jähenneme gitsin, pul sorasalar, ýüzüňi çytma, ber, ýöne keşdiň çekmeýän zady dadyjy bolma! Agyzdan galan tagama meýil etme! Agyzdan galan nahary, goý, Akmämmet iýsin! Akmämmet horan. Akmämmediň mädesi iri. Sen mundan öňem hapa suwa ýuwunyp ýören däldiň. Arassa bol, Polat, arassa!”
Ol bu ýere gelmesiniň asyl sebäbini ýada saldy. Ar alyş! Heý, şundanam bir ar alyş bormy? Heý, şular ýalam bir gürrüň bormy? Kimden ar aljak bolýaň? Ýazbibidenmi? Ýeri, onsoň Ýazbibiň ýanyna baryp: “Şeýle-şeýle işler etdim, aýşy-eşret bilen keýp çekdim, göwün solpymdan çykdym, senden arymy aldym” diýjekmi? Ýok-la, ýok, beýle diýip bolmaz-a. Ol bu zatlary aýdyp, Ýazbibini odukdyrmak üçin etjek bolanog-a. Ýazbibä aýtsaň, bulaşar, bujurygy artar. Onda nähili ar alyş bolýar bi? Ar alyş däl-de, akylsyzlyk bolaýmasyn? Bar, küdümiň teýine gitsin, ar alyş diý-de, hasaplaý, ýeri, şondan soň ynjalarmyň sen? Hiç zat bolmadyk ýaly gezip bilermiň? Jumadurdyly gürrüňi unudyp bilermiň? Polat: “Unudyp bilmerin” diýdi. Ýanynda oturan uzyn boýly gelniň gujagyndan myrat tapmajagyna düşündi. Nädibem bolsa, arassalygyna magat göz ýetirýänçä Ýazbibini bagyşlap bilmejegini, şol sebäpli böwründäki sanjynyň, köňlündäki ünjüniň ýom-ýok bolup gitmejegini, egsilmejegini, ynjalmajagyny boýun aldy. Şu ajy hakykat onuň hesretini artdyrdy.
Poladyň keýpsizligini, meýlise garyşyp-gatyşyp gidibermeýändigini ilki bilen Akmämmet aňdy. Ol ýasama şohluk bilen:
-Şol çekinjeňligiň-aý. Hany, ýüzüňi açsana! Nädýäň-aý, Polat? Beýtm-ä! – diýdi.
Gelinlerem Polady gürletmäge ilgezik boldular. Uzyn boýly gelin:
-Utanjaňrak öýdýän. Bolmasa, dili açylyşar ýaly, elli gramjyk içäýmeli eken – diýip, bulgur uzatdy.
Polat siňekden goranýan ýaly, iki elini daldaladyp:
-Ýo-ok, içemog-a men, içemok – diýdi.
-Onda bir zatlar gürrüň ber-dä. Degişmejik aýt, gelinleri güldür – diýip, Akmämmet Poladyň başarmajak zadyny aýtdy. Birdenem bir zat ýadyna düşüp:
-Oh! – diýdi. – Arada Annaberdi agany nädip tok urduranyňy aýtsana! Ha-ha-ha!
Başga wagt bolanlygynda aýtsa, aýdardam welin, häzir Poladyň gürrüň bilen, gülki bilen seri ýokdy. Bu zatlary Akmämmediň özi oňaryşdyrybermeli welin...
Polady çykgynsyz pursatdan telefony alyp çykdy. Ol daş çykyp gürleşdi. Agasy kiçiräk bir iş bien jaň edýän ekeni. Gürleşip bolandan soň Polat agasyndan gelen jaňy kyn ýagdaýdan gutulmak üçin bahana öwürdi. Çytyk ýüzüni öňküden-de beter eňşetdi. Aljyraňňy, galagoply görünmäge çalyşdy. Aňyrdan çalt-çalt ýöräp gelşine:
-Akmämmet! – diýdi.
Sesi çak edişindenem beterräk çykan bolmaly, Akmämmet allaniçigsi bolup, tasap gelýän Polady dikarynlady.
-Akmämmet! Siz oturyberiň. Men gitmesem, bolanok. Jaň etdiler.
Akmämmet:
-Beh, eýgilikmi özi? – diýdi. Onuň Polada şek-şübhesiz ynananlygy görünip dur.
-Eýgilik däl öýdýän. Bilmedim. Gaty gyssagly ýet diýdiler.
-Be-eý, näme bolduka? Eň onda. Durma! – diýip Akmämmet ony gyssady.
Polat jübüsinden pul çykaryp durşuna:
-Hawa. Dogry. Eňmeli. Gyzlar, aýyplaşmarsyňyz-da – diýdi.
Akmämmet onuň puluny almady.
-Ýygna puluňy. Özüm tölärin – diýdi.
Akmämmet hiç zat aňmady, gelinlerem aýyplaşmady. Çoçgara çolaşman, sag-aman baş alyp çykanlygy üçin Poladam ýeňil dem aldy.
“Ýagşam bir ar aldyň. Häý, sen-ä...” diýip, ol ýolda gelýärkä özüne igendi. Ertir işe baranda Akmämmediň berjek sowallaryna jogap agtardy. Bardy-geldi Akmämmet: “Hany, nädýäs? Şu gün işden soň gidýäsmi? Düýnkije gelinem-ä garaşyp oturandyr. Jaň edeýinmi?” diýäýse, nähili bahana tapmaly boljakdygy barada oýlandy.

19.

Bazar polisiýasynyň gözüne ilmezlik üçin Sähet gezme gedaýlyga ýüz urdy. Bazary hatar-hatar syryberdi. Ýüzi öňküsinden has açylyşdy. Gezme gedaýçylyk oturanyňdan has düşewüntli ekeni. Söwdasy küşat bazarçylar gysylyp duranok, käte eslije teňňäni eçilip goýberýär. Sähet berlen puluň mukdaryna garap duranok, kim näme berse, ýüzüni sowanok, kisesine urup, dileg edip aýlanyp ýör. Ýöne gezme dilegçilik ýadadýar ekeni. Käbir hatarlar şeýle bir köp adamly welin, Sähet bäri çetinden girip, aňyrsyna çykýança ähli ysgyn-mydary gaçýar. Onsoň hähini almak üçin oňaýlyrak ýere geçip çökýär. Demini dürsäp, täze hataryň bir ujundan girýär.
Bir gezek onuň ýoly aýlanyp-dolanyp, ozalbaşky oturyp dilegçilik eden ýerinden düşdi. Özi-hä ünsem etmedi welin, ol ýerde golak gedaý oturan ekeni. Golak Sähedi görüp:
-Däli! Eý, däli! – diýip gygyrdy.
Özüne diýilýänini bilse-de, Sähet eşitmezlige salyp gidiberdi.
Başga bir gezek, ýene şol ýere baranynda ilki bilen ýene golak gördi. Sähede gözi düşen dessine ol:
-Taýak bir dälini ýola getirmiş – diýip aýdyma gygyryp başlady.
Ötegçileriň biri:
-O-how, pul her zat etdirjeg-aý. Biý-ä aýdyma zowladyp ugrady. Kellesi üýtgän-ä däldir-dä? – diýip, degişdi.
Başga biri bolsa:
-Içendir işigaýdan – diýip, seňrigini ýygryp, geçip gitdi.
Sähet bolsa, pitiwa bermän, derrew ol ýerden daşlaşdy.
Bazaryň tüýs gyzan wagty güwläp duran mähelläniň içi bilen elini serip, dilegçilik edip barýarka Sähet tas ahmal galypdy. Öňden aldyrany bar ýaly bolup, iri süňkli, etli-ganly, gaşlary çytylyp duran agyr ýüli polisiýa işgäri ýetip gelýän ekeni. Gazaplylygyndan çen tutup, ol muny hol günki gözegçiniň Berdi diýýän polisiýasydyr öýdüp çaklady. Gapdala çekilip, ýüzüni kese sowdy. Daýaw polisiýa Sähede asla ähmiýet bermän, howlukmaç geçip gitdi.
Bazarçy aýallaryň ikisi söwda-satyklaryny ýatlaryndan çykaryp, edil Sähediň öň ýanynda hyşy-wyşy edişdiler. Olaryň haýsydyr bir ogry we nämedir bir ogurlanan zat baradaky üzlem-saplam gürrüňleri Sähediň gulagyna degdi.
Birdenem bazaryň gowry edil suw sepilen ýaly bolmasa-da, mese-mälim ýatyşdy. Aýallaryň käbiri ýakasyny tutup, içini çekdi. Satýan-alýan ähli kişi bilesigelijilik hem tomaşa bilen bir tarapa bakdylar. Sähedem olaryň sereden ugruna ýüzüni öwürdi.
Aňyrdan ýaňky geçip giden daýaw polisiýa işgäri bir ýigdekçäniň bilguşagynyň arka tarapyndan ykjam tutup, südenekledip gelýän ekeni. Tot-tozana bulaşan çepiksije ýigdekçäniň burny ganapdyr, gözüniň aşagy gögeripdir, ýüzi dyrnaçaklanypdyr, köýnegi ýyrtylypdyr. Ol sag eliniň goşaryny çep eli bilen saklap gelýär, hallan atdyrmajak bolýar. Dodagyny berk ýumup, dişlerini gysýar. Ýüzünde bolsa ýiti yza çekýän adamyň aglamazynyň öň ýanyndaky keşbi bar.
Ýüregi ýuka aýallaryň biri dözmezçilik bilen:
-Adamlar ýaman zalym bolupdyr. Edil beýdip uraýmaly däl ahyryn. Mundan soňam ýaňky süýräp barýan eýini ýetirse, neresse tanar ýaly bolmaz. Nebsim-janym agyraýdy – diýdi.
Başga bir aýal gahar bilen derrew jogabyny berdi:
-Gowu-da. Kim oňa ogurlyk et diýýär?! Eýse, öňüňdäki zadyňy ogurlasalar, janyňa ýakarmy? Nebsiň agyrarmy? Agyrmaz! Garagyny akdyrmaly olar ýalyň. Asyl aýagyny döwüp, bazara inmez ýaly etmeli! Hm-m...
Ýüregi ýuka aýal munuň gaharynyň garşysyna gitmäge ýaýdanyp:
-Wah, juwanamerk! Iliň zady bilen nä işiň bar? Beýdip ile ryswa bolup, jowranyp ýöreniňden dilegçilik edeniň müň paý gowy dämi? Boýnuňdan torba asyp gedaý gezeniň ibaly dämi? – diýip, çepiksije ýigdekçä gaýybana igendi.
Haýsy tarapa ýörejegini bilmän duran Sähet içinden: “Dogry – diýip, onuň bilen ylalaşdy. – Dilegçilik erbet zat däl. Gowy zadam-a däl welin, ogurlyk edeniňden-ä oňat”.
Ogra gahary gelip, hum ýaly çişip oturan aýal gürrüňdeşine gedaýçylygy maýyp-müjrüp bolan adamlaryň etmelidigi, ýaňky ýaly iliň jübüsine gözüni dikýän ýeksurun deýýuslary türmede çüýretmelidigi ýa-da çöle çykaryp, tüp yssyda ýandak ýatyrtmalydygy barada tükeniksiz gürrüňe başlady.
Sähedem aýagynyň äden ugruna tarap mytdyldap ugrady. Kese hatarlaryň birine girip:
-Hudaý ýoluna beren sadakaňyz kabul bolsun! - diýip, mydyrdap başlady. Başlanam şoldy welin, zorruk sesli bir pyýada:
-Ahaw, sende utanç-haýa bolmazmy? Aram-aram aýlanýan ýeriňi üýtged-ä. Ýaňyrak çöpläp gitdiň-ä bärden. Beýtme ahyryn – diýip, bar badyny aldy.
Sähet şu hatara girenini ýadyna saljagam bolman, hyrra yzyna döndi. Bäş ädim ätmänkä arkasyndan ýaňky zorruk ses täzeden eşidildi:
-Haý, gäbi azypdyr-a muň. Nirä aýlananyny-aýlanmadygyny bilmese nätjek?! Ha-ha-ha! Oýun etdim-eý, ýaşuly, bärik aýlanmadyň-a bu gün. Gel, yrsgyňy taşlap gitme!
Sähet gaýtadan dolanmady, içinden zorruk seslä paýyş sögündi-de, başga hatary syryp ugrady. Hataryň aýgujyna çykyp, eýýämhaçan usurgap mejaly gaçan göwresine dem bermek üçin aşak oturdy. Polisiýa gözegçisi geläýmänkä turaýyn diýen hyýala münen wagty bir aýal üstüne abanyp:
-Ой, ой! Боже мой! Сахат! – diýdi.
Sähet başyny galdyryp, elini gözüne kölegeledip, seretdi, birbada onuň kimdigini ýadyna salyp bilmedi.
-Sähet. Sähet dälmi sen? Не узнал меня?
Aýal dyzyny epip, onuň çat maňlaýynda çökdi. Tolgunmakdan hem duýdansyz peýda bolan begenç duýgusyndan ýyldyraýan mawy gözlerine, güne gaýzygan ýüzüne dowamly bakyp, Sähet gartaşan, wagtyndan öň garran we biraz bili bükülen Zeýnebi, şo-ol birmahalky, ilki başdaşy Zeýnebi tanady. Tanap, ajy ýylgyrdy.
-Hawa-la, men. Men-le. Üýtgäp gidipsiň, Zeýnep! Tanamajak boldum – diýip, üzlem-saplam gürledi.
Zeýnep, ähtimal, sandyraýan barmaklaryny gizlemek üçin Sähediň penjeginiň ýeňindäki tot-tozany kakyşdyryp oturyşyna:
-Sähet! Nä günlere düşäýipsiň, Sähet-t?! – diýdi. Şonda onuň dodaklary kemsidilen çaganyňky ýaly kemşerdi, gözüniň owasy ýaşdan dolup, kenaryna sygmady, ýoda ýasap, aşaklygyna gaýtdy.
Sähediň hykga damagy doldy. Ol gepläbilmän biraz oturansoň:
-Galmaz güne düşdüm, Zeýnep! – diýip, eşdiler-eşdilmez hümürdedi.
Zeýnep hamsygyp, eliniň aýasy bile gözýaşlaryny süpürdi.
-Nirelerde bolduň şu wagta çenli? Seni tanar ýaly etmändirler-ä, Sähet! Kim seni beýtdi? Nämüçin?
Sähet kynlyk bilen ýuwdunyp, iki egninden dem aldy.
-Şeýle boldy-da. Maňlaýyma şumlukdan başga zat ýazylmandyr öýdýän. Men nädeýin, ýazgytdan gutulyp bolýarmy näme? Ýazgydym ýaman ekeni, Zeýnep!
-Hany, birmahalky syçrap duran Sähet nirede? Gözi ýanyp duran, dabanyndan ot çykýan, keýpi daş ýarýan Sähet hany?.. Ýaşdyň, güýçlüdiň, gujurlydyň, gülkiň ýere-göge syganokdy. Hany, o zatlar, hany? Waý, waý, waý-eý, muň bolaýanyny! – diýip, Zeýnep eňredi.
Nakyslygy daşyndan bes-belli bolup duran iki sany diktumşuk jahyl bularyň ýanynda dem salym aýak çekdi. Olaryň biri:
-Heý, heý, o nämüçin gül ýaly maşgalany agladyp dursuň? Hany goýdur sesini, köşeşdir derrew! – diýip, Sähede ýalandan hemle atdy.
Sähet ýüzüni ajadyp, kynlyk bilen ýuwdundy.
Oglanlar wahahaýlaşyp gülüşip, geçip gitdiler.
-Men seni ýaman kän gözledim, Zeýnep. Sen ölensiň öýdüp ýördüm.
-Ölerinmi? Hudaý diý!.. Sen soňam türmä gitdiň gerek? Men daş gulakdan eşitdim.
-Türmede-de saňa garaşdym, Zeýnep. Bir gezegem habar tutmadyň. Uzak gijeler ýatman, sen hakda pikir etdim. Senden başga meň kimim bar?
-Ozalbaşda dek gezmeli-dä, Sähet. Sen kän gorsandyň. Kän kakabaşlyk etdiň – diýip, Zeýnep igendi.
-Sen ýöne oňarmadyň, Zeýnep. Şo ärsumagy meň ýerime salyp, oňarmadyň.
-Ol indi ýok. Öldi – diýip, Zeýnep gussaly seslendi.
“Oň öleni bilen käşgä ýaňadan ýaşap bolýan bolsa! Hemmesini täzeden başlap bolsa!” diýip, Sähet pikir etdi.
-Indi nirede ýatyp-turýaň? – diýip, Zeýnep gyzyklandy.
-Çem gelen ýerde. Indi meň boljagym bolaýdy öýdýän, Zeýnep!
-Ужас! Какой ужас! Ozalky Sähede meňzeýän ýeriň ýok. Diňe gözüň öňki Sähediň gözi. Menem şu wagt seni gözüňden tanadym.
-Sen meni entegem ýaş oglandyr öýdýäň. Bizden döwran geçdi, Zeýnep. Garradyk indi. Adam garrasa, gözünden başga ýeri üýtgeýärmiş.
Birmahallar özüne juwan ömrüniň bir parçasyny bagyş eden, mährini mährine gatan, ýaşlygyň gaýtalap bolmaýan üýtgeşik sapasyny paýlaşan, soňam täleýi ters gelip, tussaglykda garran, bili bükülen bu ýeke ýigidiň mysapyr halyna Zeýnebiň ýüreginiň bir ýerleri jigläp gitdi. Näme iş goparanam bolsa, şu çaka çen nirede gezenem bolsa, başdaş ýoldaşynyň uzak ýyllardan soň düşen waý gününe agysy tutdy. Ol zenan dözmezligi bilen Sähediň tamakin bolup oturan sözlerini diline getirdi:
-Bu ýerde beýdip oturma, Sähet! Tur, gideli. Meňkä gideli. Men indi ýeke özüm ýaşaýan. Öňki jaýy bir otagla çalyşdym. Pul gerek boldy, Sähet. Durmuş agyr...
Bu sözler derhal Sähedi goltugyndan göterip, aýak üstüne galdyrdy. Onuň ýüzi ýagtylyp, süňňi ýeňlän ýaly boldy.
-Menem beýleden gelelim bäri dek ýatamok. Uzak gün bazarda. Gedaý diýseňem boljak, dilegçilik edýän. Ganymatja gazanýan. Adamlar oňat-la. Eçilýärler. Ýöne ýarawlygymyň ugry ýok. Garnymyň sag tarapy gyzýar. Käýarym çişýär, ine, şu ýeri – diýip, Sähet ýolda barmagy bilen görkezip, üzlem-saplam gürrüň berdi.
-Sag tarapda, edil gapyrgaň aşagynda bagyr bar – diýip, Zeýnep aýtdy.
-Hawa, bagyr bar. Bagyrda bir kemçilik bar.
-Sakgal-murtuň dagy, Hudaý bilsin, haçan päki görüpdir?! Çalarypsyň, Sähet. Garrapsyň.
-Garradym. Garrylyk erbet zat.
-Penjegiňem oda atsaň, tütejek letde däl. Jalbaryňam şeýle. Mende täzä berimsiz ýaman oňat penjek-balak bar. Reşit pahyrdan galan. Saňa şaplaşaýsa gerek.
-Reşit kim?
-Ärim-dä. Ölen ärim... Ой, сколько лет, сколько зим? Ай-яй-яй, Сахат! Ужас!
Uzak ýyllaryň aýraçylygyndan soň bir-birine başdan geçen zatlary ýekän-ýekän gürrüň bermek, derdinmek, zeýrenmek, iç döküşmek ýaly islegleriň yzyna düşüp, olar bazardan çykdylar.

20.

Belanyň beteri öňde eken.
Suraýyň ozaldanam galagoplygy ýetik dünýesinde aýan bolan soňky derdeser öňki şumlugyň çakam bolmady. Göwresinde çaga galandygyny bileninden soň ol öwhüldäp, elewräp, otly köýnek geýiberdi. Oslagsyz peýda bolýan we islenilmeýän hakykat hemişe ajy bolýar. Onuň bu ýowuz hakykata birbada ynanasy gelmedi.
Suraý “Gyran degen, halys was-wasy bolupdyryn” diýdi. “Şular ýaly mojuk zady göwnüňe getirmeli dälmiş, göwnüňe getirseň, çyn bolaýýarmyş” diýdi. Şeýdip, urgusy güýçlenen ýüregini köşeşdirmek isledi. Öz-özüni aldajak boldy. Emma hakykaty göwün islegiňe görä üýtgedip bolmaýar.
Aýbaşy görünse, ähli şübhesi zym-zyýat boljakdy. Suraý barmak büküp, hasap edip gördi. Hasaby çykmady. Aýbaşy döwrüni bulaşdyrýandyryn öýtdi.
Täzelikde peýda bolan kelle agyrysyny, gyzgynynyň ýokarlanmasyny biwagt ýolugan dümewe ýordy. Ukusy bozulyp, işdäsi peseldi. Süňňüne nätanyş argynlyk aralaşdy, ysgyn-mydary gaçdy. Onsoň bularyň hemmesine şo dümew sebäp bolýandyr diýip çaklady.
Şonda-da, az-kem iňkise gitse-de, ýürek bulanmasyna Suraý başda parhsyz garady. Ýakar-ýakmaz bir zat iýendirin diýdi. Emma kalbyna aralaşan gorky ony terk etmedi. Gaýta gitdigiçe wehimi artdy. Ikindinara aşhanada nahar atarmakçy bolup durka ýanan ýagyň ysyna aňyrsy bärsine geldi. Çym-gyzyl bolup, gözüni ýaşardyp, ögedi. Üstesine-de bu ýagdaýy kesesinden duýdurmajak bolup, kösendi.
Sowujak, şorja bir zatlar tamşanaýsa, ynjalarly göründi. Duza ýatyrylan barmak boýly kiçijik hyýary iýip görensoň, duldegşir goňşulary Ýazbibiniň gelin bolup gelen mahallary agzy bimaza bolup, duzlanan kelem iýip ýöreni ýadyna düşdi. Öz-özüne: “Aş saýlaýan heleý ýaly, bolup ýörşüň gursun!” diýdi.
Göwrede düwünçejigiň emele gelendigini inkär edere esas galmady. Iki günden soň başy aýlanyp, dowamly ýürek bulanmasy zerarly gury ögäp duran Suraý ahyry göwreliligiň ilkinji alamatlaryny boýnuna alyp, içini tutdy.
“Wah, sataşman geçen, ýer ýuwdan! Nireden sataşdyň maňa?! Saňa duçar bolan günüme lagnat bolsun! Meni nä günlere saldyň? Hudaýym, türmede çüýräbilsediň!” diýip, Şalara gargyndy. “Ynha, indi tüýs bolaýdy. Ýüzügara kemiň galan däldir. Öz aýajygyň bilen tora girdiň, ymyklyja gapana düşdüň! Muň üçin ilki bilen özüňi günärtle. Maňlaýygara, işigaýdan, bedibagt!” diýip, özüne käýinip, maňlaýyny ýumruklady.
Suraýyň küýüne ilki bilen çagany aýyrtmaly diýen pikir geldi. Şalaryň şu gün ýa ertir boşap gelmejekdigi belli zat. Günä geçilşige çenli ýene bäş-alty aý möhlet bar. Onça wagtlap düwünçejik şo durşuna durmaz. Öser, ulalar, jan girer. Suraýyň betbagtlygyny mazamlap, gitdigiçe gabarar. Suraý ene-atasynyň ýüzüni ýere salar. Olar biabraý bolar. Gyz halyna garnyny gujaklap ýören Suraýy adamlar näletlär. Suraý entek gözden düşenok. Häli onuň syry ile äşgär däl. Häzir aýny pille! Çagany aýyrtmaly. Soň giç boljagy görünip dur.
Çagany aýyrtmak üçin eslije pul tölemeli bolsa gerek. Suraýda lomaý pul-a ýok. Nireden bolsun?! Gulagynda uly bolmadyk altyn ysyrgasy bar. Mekdebi gutaran ýyly ejesi äberipdi. Şony “Ýitirdim, tapamok” diýäge-de, degerliräk baha bilen pula öwrüp bilse, Suraýy uly dertden gutarmazmy? Çagany aýyrtmak üçin näçeräk pul gerekkä? Birem kime ýüz tutmaly?
Iň gorkuly ýeri, bu zatlary hiç kim bilmeli däl. Ýaşyryn etmeli. Ejesi aňsa, nähili gopgun turjagy näbelli. Kakasy dagy bilmesin! Biläýse, ýagty jahandan irişdäňi üzüber! Suraý ahmyr bilen: “Ozal allanäme günüm bardy. Indi o hezil döwrüň tepbedi okaldygy boldumyka?” diýip, gaýgysyz-gamsyz geçen günleri ýatlap, aglady.
Eýse, gözýaş döküp oturanyň bilen başa düşen ýagdaýyň düzeljek gümany ýok. Abraý gerek bolsa, häzirden gamyny iý! Ýaşasyň gelýän bolsa, wagt ýitirme! Suraý: “Ýaşasym gelenok! Irdim. Öljek, gyran degen!” diýdi. Emma ölmegem ýeňil-ýelpaý iş däl. Durmuş datly bolmasa-da, jan – şirin! Adam hele-müçük müşgillige janyny gurban beräýmez! Aslynda adamy ýaşaýyşa imrindirýän esasy zat – süýji jandan jyda düşmegiň muşakgaty bolsa-da ahmal. Ýaşamaga tekge berýän beýleki zatlar bolsa, adamlar tarapyndan soň oýlanyp tapylandyr we bahanadyr.
Häzir pelsepe otaranyňdan haýyr ýok. Nädibem bolsa, göwredäki düwünçekden dynmaly! Suraý Jahanyň ýanyna gidermen boldy. Jahan oňa çagany aýyrtmagyň ýoluny salgy berer. Ähtimal, näçeräk pul gerekligini-de bilýändir. Belkäm, altyn ysyrgany Jahanyň özi satyn alar?! Şeýtse, uly kömek boljak. Şalar bilen Suraýyň arasynda bolan işleriň käbirinden eýýäm onuň habary bar. Goý, bolan işleriň hemmesini bilsin! Suraý onuň ganybir jigisi sebäpli şu günlere düşüp ýör-ä.

21.

Ikindinara ota gideýin diýip durka Amanýaz saňsaryň ýanyna Berdi sopy geldi.
-Ýer-ow, sopym, gel, nesibäň gaty güýçli seň. Ýene biraz gijiräge galan bolsaň, meni derýa boýundan gözlemeli borduň – diýip, Amanýaz oragyny alan ýerinde goýdy.
-Diliňe siňňil çykan ýaly, namazlyga münüp-münmänkäm sopy diýip lakam goýduň. Ana, indi uly il sopy diýýär – diýip, Berdi sopy ýalandan öýke etdi.
-Haý, sen-ä hezzet ýaraşmaz ekeniň. Men-ä seň tüňňi lakamyňy sopa çalyşdym, minneti menden çek, näme ahun diýdiresiň geldimi?
-Oýun edýän-le. Diýiber. Näme diýseňiz götärin. Arakyň ýaly, özüňden toslap erteki ýasamasaň bolýar.
Amanýaz saňsaryň ili güldürip, gürrüň bermegine görä, bir gün Berdi sopy namazyny okap bolupdyr-da, iň soňunda iki egnine salam berjek wagty diýmeli sözleri ýadyna düşmändir. Onsoň ol namazlykdan düşmän, oturan ýerinden:
-Äşe! – diýip, aýalyna gygyrypdyr.
-Näme-le bir? Ýüregim-ä ýardyň! – diýip, aýaly tisginipdir. Ol Berdiň yzynda oturan ekeni.
-Äşe, şü biziň guýymyzy gazyp beren ussaň ady kim? Gök göz ussa bardyr-a şäherde oturýan? – diýip, Berdi sorapdyr.
-Rahmatullamy? – diýip, Äşe-de soraga sorag bilen jogap beripdir. – Ýeri, bu ikarada Rahmatullany nämetjek?
-Eddil özi, Äşe! Rahmatulla şol... – diýipdir-de, Berdi sopy iki egnine salam beripdir:
-Essalamu Aleýkum Rahmatulla! Essalamu Aleýkum Rahmatulla!
...Amanýaz gümmü-sümmi etdi.
-Menem ilden eşidenimi aýdýan, how. Ugrunda bolmasa il bir zat diýmez-ä – diýdi.
-Ilde gep köp, Mekgede arap! O zatlar hiç-le, men şo diýýän kitabyňy sorap geldim. Dini rowaýatlar ýazylan kitabyňy.
-Sen nä kitap okabilýäňmi? – diýip, Amanýaz geňirgendi.
Amanýaz saňsaryň bir bahana tapyp, kitaby bermän goýbermeginden ätiýaç edip, Berdi sopy sözüne ýalan goşup, howlukmaç gürledi:
-Hawa, okabilýän. Mekdebi zybrym bäşlige gutardym-a. Arapçanam öwrenip ýörün.
Berdiniň şu gürrüňine Amanýaz müňkür gitdi.
-Be-e, arapçany öwrenýän bolsaň-a, tüýs maňa gerek adam ekeniň. Mollaň kim? Menem öwrenjek bolýan welin, kynmy? – diýip ol ýeser sorag berdi.
Berdi sopy ýöwsel jogap gaýtardy:
-Molla nämişlesin?! Özbaşdak öwrenýän.
Onsoň ol Amanýaz saňsaryň başga bir kyn sowal beräýmeginden ätiýaç edip, derrew sözüne düzediş berdi:
-Dogrymy aýtsam, indi öwrenjek bolýan. Arabyň diliniň bir kyn ýeri bar, ilki harplaryny tanamaly. Ýogsam, dilini öwrenjek gümanyň ýok. Her harpynyňam pylança hili ýazylyşy bar. Özem, biler bolsaň, tersin ýazylýar. Sagdan çepe ýazyp gitmeli. Onsoň okaňda-da tersin okamaly-da.
Amanýazyň köne türkmen ýazuwyny baryp-ha ýokary okuwda okap ýören uçurlary öwrenendigini, üstesine-de ol ýazuwyň harplarynyň galapyn arap elipbiýi bilen meňzeşdigini Berdi sopy nireden bilsin?! Şoň üçin ol bu gürrüňe Amanýaz agzyny açyp, aňk bolar öýdüpdi. Amanýaz aňk bolmady. Köpmanyly ýylgyryp, çaga sowalyny berdi:
-Onda, diýmek, arapçany öwrenen tersokan bolýar ekeni-dä? Beýle bolsa, maň-a geregi ýok. Sen onda, diýmek, tersokan boljak bolýaň-da?
-Adyň özüňe şaplaşyp dur. Saňsar kemiň ýok. Ýeri, tersokan küje, arapça öwrenmek küje?
Amanýaz ýalandan mönsüredi:
-Özüň aýdyp otyrsyň-a tersin okamaly diýip.
-Bolman näme? Okalanda ters okalýar. Ýöne tersokan başga zat.
-Onda tersokan diýip kime aýdylýar? – diýip Amanýaz heçjikledi.
-Bilmedim. Ol başga zat, düýbünden başga zat.
-Hany, onda ilki sen öwren. Men soň senden öwrenäýerin. Gurhany arabyň öz dilinde okap göresim gelýär. Ýogsam, pata-töwire barylanda okalýan aýatlary bilşimiň kän bir ugry ýok.
Berdi sopy, garaz, öwrederin diýip bilmedi.
-Weý, aýat ýat tutmak üçin arabyň hatyny öwrenip nätjek? Mende düşnükli hatda ýazylan aýatlar bar, şolary bereýin. Hezil et-de, ýat tutuber. Seň dagyn ýatkeşligiň gowy ahyryn.
-Ýatkeşligim-ä ýaman däl.
-Ynha, men şu günler Ýasyny ýat tutup ýörün. Ýaman uzyn. Uzynam bolsa, gerek-dä. Okasaň, sogaby kän diýýärler. Ine, öljek bolup ýatan adama-da kyrk ýasyn okap berýändirler.
Şu ýerde Amanýaz süýem barmagyny çommaldyp:
-Dur-r! – diýip, gygyrdy. – Kim aýtdy muny?
-Weý, hökman biri aýtmalymy? Ine, häli-şindi onda-munda görüp-eşidip ýören zadymyz. Çaky, sen kyrk ýasyndan habaryň ýog-ow?!
Amanýaz gülümsiredi:
-“Eşegiň gulagyna kyrk ýasyn okan ýaly” diýib-ä kän eşidýän.
-Eşege nämüçin okalýanyny bilemok. Ýöne ölübilmän ýatany aýgyt edýär diýýärler. Ýa aňryk, ýa bärik...
- Ýa eşegiň gulagyna ýasyny kyrk gezek okasaňam, peýdasy ýok diýildigimikä?
Şu ýerde Berdi sopy özüni has-da sowatly görkezmek üçin aç-açan ýalan sözledi:
-Ýok, ýasyny kyrk gezek okamaly diýildigi däl. Ýasyn süresi kyrk aýatdan ybarat. Şoň üçin kyrk ýasyn diýilýär. Eşegiň ýasyna düşünjek gümany barmy?
-Ana, sopym, ýalňyşdyň. Ana, öz diliň bilen çöňňeligiňi aýtdyň. Aý-ow, pekge, iliň ýanynda bir aýdaýma muny. Ýasyn süresi kyrk aýat däl, segsen üç aýatdyr.
Berdi sopy aljyrap:
-Dur entek. O nähili segsen üç? Sen näbilýäň? Sen näme Gurhan okaýaňmy? Ýasyny nirden bilýäň? – diýdi.
-Mende Gurhanyň türkmençesi bar, şondan bilýän.
-Türkmençesi dogrudyr öýdýäňmi? Ýalňyş bolmasyn? Sen arapçasyny oka, arapçasy dogrudyr – diýip, Berdi sopy ters dawa etmekçi boldy.
-Häý, sen-ä bar okan namazyňy ürküzen gurbagaňa çalyşjak bolup dursuň. Beýtm-ä! – diýip, Amanýaz gatyrganjak boldy. Onsoň Berdi sopy üçin başga bir kyn sowal berdi:
-Hany, onda eşegiň gulagyna kyrk ýasyn okan ýaly diýen gürrüň nireden çykdy? Şony aýdyp ber!
Berdi sopynyň sesi naýynjar çykdy:
-Onçasyny bilmedim-dä. Özüň aýdaýmasaň!
-Bolmanda-da, bilmeýän bolsaň, özüm aýdyp bermeli borun. Diňle onda, kyrk ýasyn diýen gürrüň Çingiz handan gaýdýar. Çingiz hany bilýäňmi? Çingiz hanyň söweş wagty berk berjaý edilýän kyrk sany düzgün-tertibi bolupdyr. Söweşe girilmänkä mongol goşunlaryna şol kyrk düzgün-tertibi ýatladýar ekenler. Mongol dilinde “ýasa” diýip bir söz bar. Ýasa düzgün-tertip, kada-kanun diýen manyny aňladýar. Onsoň ol biziň dilimize kyrk ýasyn diýip geçipdir. O-ol Gurhanyň “Ýasyn” süresi bilen bi diýýän kyrk ýasynymyň köpride galtaşýan ýerem ýok.
-Dogry-y. Beh... Aý, biziň näme, bilýän zadymyz barmy? Indi öwrenjek bolýas – diýip, Berdi sopy ylalaşdy.
-Ýasawul diýip eşitdiňmi? Kada-kanuna seredýän adama ýasawul diýilýär. Şo-da mongollaryň ýasa diýen sözünden gelip çykandyr – diýip, Amanýaz pikirini berkitmek üçin täze delil getirdi.
-Amanýaz, sen tüweleme! – diýip, Berdi sopy ony ýüzüne öwmäge başlady. – Köp bilýäň. Biz-ä saňa boýun. Seň bilýänleriňi öwrenjek bolsak, bu dünýä ýene bir gezek gelip gitmeli bolarys.
Amanýaz onuň öwgüsine onçakly ähmiýet bermän, dowam etdi:
-Sopym, gaty görme welin, şindiki mollalar bismillasyz süräň bardygynam bilenoklar.
-O nähili? Gurhandamy?
-Dagy nirede bolsun!
-Amanýaz, küpür gepleýäň. Haky ýok. Kelläňi işled-ä, heý, Allaň kelamy bismillasyz bolarmy?
-Şu gidişiňe gitseň, senem şo elipden şermende mollalaň biri bolarsyň. Sebäbi okaman-zat etmän, pal atýaň-da. “Toba” süresini okap gördüňmi?
-Juk.
-Juk bolsa, öýüňe git-de, Gurhanyňy açyp gör.
Berdi sopy:
-Beh, dogrudanam? Anykmy? – diýip sorasa-da, Amanýazyň ýalan sözlemeýändigine ynamy artdy.
-Anykla-da göräý.
-Anyklaryn. Sen aýtsaň, dogrudyr. Amanýaz, sen dagyn şu ylmyň bilen namazlyga münüp, wagyz edip, oba ymam bolmaly ahyryn. Iliň üýşmek-çaşmagyna ýarabilseň, armanyň näme? Berlen düwünçegi beýläňe basyp, otur Hudaý diý-de! Sogab-a o dünýäňi oňarar, düwünçegem bu dünýäňi.
Amanýaz özüni iliň öňüne düşüp ýören takwa kişiniň sypatynda göz öňüne getirjek bolup, kösenip otyrka Berdi sopy:
-Hany, şo kitabyňy alsana! Hezil edip, okaly-la bizem – diýip, howlukmaçdygyny ýaňzytdy.
Amanýaz kitaby çykaryp berensoň:
-Ynha, kitap! Ýyrtma, ýitirme, hiç kime berme! Birem yzyna haçan getirjek? Maňa anyk wagtyny aýt! – diýdi.
-Amanýaz, meni kän gyssama! Göni üç gün. Şondan artyk saklaman.
Kitaby goltugyna gysansoň, Berdi sopynyň ökjesi ýeňledi.
-Kepeniň jübüsi ýokdur-eý, sopy, bilýäňmi? – diýip, Amanýaz daşlaşyp barýan Berdiniň gulagyna ýetäýer ýaly sesde gygyryp galdy.

* * *

Berdi sopy gijara gaýtadan geldi. Ol içeri girmän, daş işikde aýak üstünden:
-Amanýaz! – diýip gygyrdy.
Amanýaz hä berdi.
-Häli yzymdan kepen diýip gygyrdyň welin, hiç düşünip bilmedim.
-Şony biläýeýin diýip geldiňmi?
-Äý, geçip barýadym-da, ýadyma düşüp sowlaýdym.
-Kepeniň jübüsi ýok diýdim. O dünýä gideňde kepene çolaýarlar. Başga zat berenoklar. Boş gidýäň. Eger bir zat äkidip bolýan bolsa, kepene jübi tikerdiler diýjek boldum. Ýalňyşmy eýse?
-Seňem käbir gürrüňleň edil it ýandakdan böken ýaly. Menem näme manysy barka diýip, kellämde müň pikir aýladym. Häý, saňsar! – diýip, Berdi sopy elini salgap, köçä garşy ýöneldi.
Amanýaz:
-Şu sözi nädogry ulandyň-eý, tüňňi! Itiň ýandakdan nähili bökýänini bilýäňmi? Aýdyp bereýinmi? – diýip, onuň yzyndan gygyrdy.
-Soň aýdyp beräý. Şu wagt ýaman howlukýan – diýip, Berdi sopy gyssanmaç ýöräp gitdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 386 | Добавил: Haweran | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Gala -2: Hakyda - 10.02.2024
Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala / roman - 08.02.2024
Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024
Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024
Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024
Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Hakyň didary / roman - 28.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]