07:07

Gonambaşy -6/ romanyñ dowamy

22.

Ýazbibi gyzjagazyny emdirensoň, ýatyrmak üçin hüwdüläp otyrka uly eltisi Şeker geldi.
-Gyýw, hüwdini gowy aýdýan ekeniň-le, gyz! Telewiziriň sesimikä diýip girsem, özüň oguşýan – diýip, ol Ýazbibini ýüzüne öwmäge durdy.
Ýazbibi utanjyrap:
-Goýsana, gyz, oňaraýdyň sen-ä – diýdi.
-Waý-ý, Alla-a! Üýtgeşiksiz Baharyň sesi-dä. Toýa gatnap ýörmeli bagşy ekeniň-ä! – diýip, Şeker bäbegiň ýanyna bardy. – Azary ýokdur-a, ukusy oňatjamy?
-Ukusy gowy. Ýöne synçgylawygy tutýar, hi-iç tükedenok.
-Gökje sapak alyp, diliň bilen ölle-de, maňlaýjygyna ýelmäp goý, synçgylawuk gelmez.
Şeker bäbejigi göz-dilden gorasyn diýip, doňzuň dişini alyp gelipdir.
-Enneden aldym diläp. Doňzuňkylygy bir çynmy, gyýw diýdim. Ennä oýun gerek. Eşegiňki diýip gülýä. Alla bilsin, haýsy eýýamdan galan?! Gaty köne, çakyry çykypdyr... Gerekleseň, şüýem tapylýan artyp däl. Me, alaja iş-de, sallançagyňdan asyp goý! Ýitirip-gaçyraýma ýene. Enne diýilýän heleýe täretiň derman diýseň, şonam terezä salman bermez. Oňa men belet – diýip, ol kagyza dolangy köne doňuz dişini Ýazbibä berdi.
-Taňyrýalkasyn, gyz! Azar edinipsiň. Häli Näzik daýza-da bir digir gara kömür getirdi. Bir çümmük duz bilen şo kömüri matajygyň arasyna salyp tik diýdi. Sallançagyň ýüpünden as diýdi. Nirede goýdum, gyz, şony?
-O nämäň yrymyka?
-Bilmedim. Soraýmandyryn.
Şeker eglip, gyzjagaza lak atdy.
-Moşşyk gyz-a, poşşyk gyz! Lälik gyz-a, balyk gyz! Ulalýaňmy? Ejeňi emýäňmi? Dodajygyndan şuň, dodajygyň bar bolsun seň. Tüweleme, tüweleme, tüf-tüf-tüf! – diýip söýgüledi. Soň bäbejikden gözüni aýyrman, Ýazbibä ýüzlendi:
-Agynjak özüň edip ýasaýypsyň-da, gyz! Polada dagyn eger-eger meňzeýän ýeri ýok. Alla-a!
-Niresinden bilýäň, gyz, maňa meňzeýänini? Menem-ä uzak gün şuň ýüzüne seredip otyryn ýogsa.
-Burnuna seret, burnuna. Maňlaýynyň tüňňüligine näme diýjek? Gözem meňzeýän ýaly.
-Bu wagt-a çal gözdür, bildirmez – diýip, Ýazbibi aýtdy.
Gaýtmakçy bolup durka Şeker:
-Ýüzärlik tütetdiňmi? – diýdi.
-Hawa. Ysy ýokmy?
-Bar ýaly. Hazan, ys alşym gowy däl-dä meň. Onsoň nememi? Näme sorajak boldum, gyz? Ýüzärlik diýdim... ýüzärlik... Onsoň... Wiý, ana, düýe ýüň barmy?
-Ýok.
-Zyýany ýok, men häzir Şükür gyzylyň heleýinden alaryn-da, Zyba jandan iberäýerin. Şükür gyzyl sagylýan düýe alypdyr diýdiler.
-Düýe ýüňi näme etmeli?
-Ýassyjagynyň bir burçuna tikip goý. Göz degmezligi üçin. Ýaman niýetliden gorar ýaly.
Şeker gitdi. Salym geçmänkä onuň tokarja gyzy kinniwanja düwünçege düwülen düýe ýüňüni getirdi.
Enäniň perzende bolan bimöçber söýgüsi hem göze görünmeýän bela-beteriň näbelli gorkusy bilen Ýazbibi gyzjagazynyň ýassygynyň burçuna düýe ýüňüni tikdi. Gözmonjuk bilen dagdan agajynyň bölejigini iňňebagjykdan ötürip, dakdy. Alaja işip, Şekeriň getiren doňuz dişini sallançakdan asdy.
Agşamlyk ol telefonynyň düwmelerini bimaksat basyşdyryp, bir zatlara güýmenip, sust oturan Polada ýaramsaklyk bilen habar gatdy:
-Häli Şeker gelip gitdi. Şeker aýdýa, Enejany özüňe meňzedipsiň diýýä. Men-ä ony saňa meňzäpdir diýjek bolup ýördüm.
Polat başyny galdyryp, Ýazbibä alarylyp seretdi.
-Hany, gel senem seredip gör. Maňa meňzeýän ýeri barmy şuň? – diýip Ýazbibi teklip etdi.
Polat onuň göwni üçin ýerinden turup, bäbejigi synlady. Uklap ýatan gyzjagazyň eliň aýasy ýaly kiçijek, gyzylja ýüzünden özüne ýa Ýazbibä çalymdaş alamat tapmady. Onsoň başardygyndan mylaýym gürlemäge çalyşdy.
-Bu wagt uklap ýatyr. Oýaka, gözüne seredip biläýmeseň, tanar ýaly däl. Men-ä bilemok kime çekenini.
-Menem Şekere şony diýýän-dä. Uzak gün seredip, men-ä özüme meňzeş ýerini görmedim. Onsoňam bu wagt çal göz-ä bi. Gözünden tanatmaz.
Çagaň kimdir birine meňzäp-meňzemezligi baradaky gürrüň Poladyň derdine dert goşdy, galmaz güne saldy. Müňkürlik kenaryna agram berýän bulanyk suwly derýa kimin onuň gan damaryndaky hereketi çuslandyrdy. Polat köňlüni gümana berdi. Öz-özi bilen darkaş gurdy.
“Sen indi şu çagaň özüňkidigine ynamyň barmy? Özüňki däl bolaýmasyn?” diýip, içden bir ses gyjalat berýärdi.
“Ýazbibi hürri dogurmaz!” diýip, başga bir ses ynam bilen oňa garşy çykýardy. “Sen näme onuň içine girip çykdyňmy? Anyk bilýäňmi?”
“Anyk bilemok. Ýöne het edip bilmez, het edip bilmez. Ony etmek üçin gaty uly ýürek gerekdir.”
“Ony etmek üçin üýtgeşik ýürek gerek däl, jylawyny elinden aldyran islendik uzyn etekli edip biler. Sen bulaň nirede näme iş goparanyny nädip biljek? Şu çagaň atasy Jumadurdy bolsa bildiňmi?”
“Jumadurdy däldir. Ärli heleý nämüçin kesekiden çaga dogursyn?”
“Belki, ýöriteläp dogran däldir. Belki-de, kesekini ärinden beter söýýänligi üçin dograndyr.”
“Mm-bahh! Bolup bilmez diýjek däl. Ýöne Ýazbibi bitine gahar edip, ýorgan otlar ýaly sebäp göremok. Kesekä ýüregini berer ýaly men özümi ýigrendiremok. Ol meni söýýär öýdýän.”
“Şonda-da bir säwlik goýberip, Jumadurdydan çaga alan bolsa, hol ýatan bäbejigiň atasy sen däl-de, Jumadurdy bolaýsa, ana şonda nädersiň? Keseki biriniň çagasyna özümiňki diýip guwanar ýörermiň?”
“Eger-eger! Ömür guwanarynmy? Alaga-da, demligine ýapyşyp, dünýä gelmedik ýaly edäýerin. Kesekiň çagasyna özümiňki diýip, küşşüklär ýaly binamys derejä ýetemok”.
Şu pikirden elheder alyp, Polat aýňaldy. Oý-pikirlerindäki ýakymsyz zatlary Ýazbibi okap oturan bolmasyn diýýän ýaly ondan ýüzüni gizledi. Turup gitdi.

23.

Suraýyň getiren täzeligini eşidip, Jahan:
-Waý, Alla-a! – diýip, eliniň aýasy bilen agzyny tutdy. – Çynyňmy, gyz?
Eşiden zatlarynyň dogrudygyna göz ýetirenden soň ol birmeýdan dymyp oturdy. Ýuwaş-ýuwaşdan geňirgenmesi gahara öwrüldi.
-Bolaýypdyr. Asyl kemiň galmandyr. Maksadyňa ýeten ekeniň-dä – diýip, ol gyjytly gürledi.
Suraýdan ses çykmady. Ol ähli zada kaýyl gelipdi. Artykmaç gep-gürrüňi gyjalaty, käýinji bilen bile çekmäge taýyndy. Ýüreginde kiçijik umyt ýylp-ýylp edýärdi. Gatyrgansa-da, igense-de, Jahan ony agyr günde namut galdyrmaz. Özüni Suraýyň ornunda goýup görer. Porsy läbige çümüp barýan adamyň gözgyny halyna düşüner. Rehimi iner. Iň soňunda hökman bir çykalga salgy berer.
Jahan öwhüldedi. Uludan demini alyp:
-O ýer çekmiş etjegini edip, myrdaryny aşyryp, türmede otyrka men näme edeýin bu ýerde? – diýip, jibrindi.
Suraý bilmedim-dä diýen terzde egnini gysdy.
-Men gorkýan, Jahan! Özümi nirä urjagymy bilemok.
-Ozalbaşda akylly bolmaly ekeniň, jan jigi! Kime abraýdyr öýdýäň şu zatlar? Şu ýagdaýy kakam biläýse, näme diýjegini bilýäňmi?
-Onda men näme edeýin?
Jahan:
-Men-ä näme diýjegimem bilemok – diýip, gaharly çytyldy.
Suraý onuň ýüzünden: “Meni günäňe şärik etjek bolma! Jezaňy özüň çek!” diýen manyny okady.
-Gaty görme welin, Suraý, ýaman ýeňilkelle ekeniň. Sen bir ulugyz bolýan bolsaň, haýaň hany, uýadyň nirde? O sähne ýer çeken-ä oglan, ondan geňlejek ýok. Ýeri, saňa näme gerek?
Boljak iş bolansoň, Jahanyň iňirdäp oturmasy bolanok. Suraý igenç eşitmäge gelmedi, kömek sorap geldi.
-Ejem bu gün bolmasa, ertir biler. Oňa näme diýip jogap bereýin?
Jahan az salym oýurganyp oturansoň:
-Men saňa eneň dulunda dogur diýip biljek däl – diýdi.
-Aýyrtjak-la! Ýöne gorkýan. Nirä barmalydygyny, kime ýüz tutmalydygyny hem bilemok.
-Menem bilemok. Mugt etmejekdiklerin-ä aýdaýyn. Eslije tölemelidir.
-Gulakhalkamy satsam ýetermikä?
Jahan altyn ysyrgany içgin synlap:
-Ýeter-le – diýdi. – Öz-ä gadym teneçir eken. Arzan däldir.
-Jahan, sen alaý-da şuny. Näçä alsaň, şoňa al, içimdäkini aýyrdyp berseň bolýar.
Jahan ellerini daldalap:
-Ýog-eý – diýdi. – Geregme däl. Hany, pul bamy oňa? Ýok, ýok, maňa diýme. Pul bolanda-da bular ýaly işe gatyşyp bilmen.
-Jahan, jan dogan, kömek et. Senden başga kime arzymy aýdaýyn?
-Öýňüzdäkilere bildirmän nädip aýyrtjak? Abort diýilýän zat ýarym sagadyň işi däldir.
-Bilmedim-dä.
-Onsoňam abort edilensoň, çaga galmasy kynlaşýar diýýärler. Şondan soň önelgisiz bolýanam az dälmiş. Biz-ä, dogrusy, eşitmiş – diýip, Jahan gorkuly gürrüň etdi.
-Halys başym çaşdy. Nirä ýöreýänimi bilemok, Jahan. Ugran ugrum gapyşyp dur. Sen bir ýol salgy berersiň diýip geldim.
-Bu oýna meni goşma, Suraý! Men goşulmaýyn. Goşulan ýerimde günäkär bolaryn.
Şundan soň Jahanyň asla gepleşesi hem gelmedi.
Suraýyň tamasy çykmady. Jahan oňa çykalga salgy bermekden geçen, gaýta içiýangynly gürrüň etdi. Suraý: “Ol garasöýmezlik edýär” diýdi. Göwrede çaga galandygyny eşidenden soň onda Suraýa ýigrenç peýda bolandyr. Ähtimal, ol Suraýy Şalara rowa görýän däldir. Ähtimal, Suraýy öňünden çykana gözüni oýnadyp, gaşyny kakyp ýören bir ýeňles saýýandyr. Suraý başlaryndan sypyrylsa, kem görýän däldir. Şeýle bolmasa, ol iň bolmanda Suraýyň ysyrgasyny satyn alardy, çagany aýyrtmak üçin kime ýüz tutmalydygyny salgy bererdi. Suraý: “Şuň ýanyna gelmeli däldim, hiç zat aýtmaly däldim” diýdi.

24.

Amanýaz saňsar bazardan bir bogaz sygyr alypdy. Bahasy biamat däl. Kesesinden tohum gurnaty diýdirýär. Guýrugy ýere ýetip duran, dik şahly, kepbe ýaly daýawdan gelen, häsiýetli, owadan, sary sygyr!
Sygryň ozalky eýesi: “Musanyň sygry hem şundan enaýy däldir” diýip, muny bäri-bärde goýmady. Amanýazam ýaýdanyp durmady. Şapbat urup, söwdasyny etdi. Sygyr üç aýdan gulajyn göle berdi. Şondan soň, munuň ähli aýby açyldy duruberdi. Bu sygyr asyl özüni emýän bolsa, nätjek?! Amanýaz muny ilden ýaşyrjagam bolmady. Gaýta: “Entegem bu sygryň meň maňlaýymdan çykany oňat. Şükür gyzyla sataşaýan bolsa, ýelniniň süýtli wagty bolmazdy. Ikisi iki ýerden emip, göläni aç öldürerdiler” diýip, töweregi gülüşdirdi. Özem güldi. Emma gülküsi uzaga gitmedi. Sygyr Amanýazyň çekýän endişesine asla pitiwa etmän, maýyny tapdygy gaňrylyp, boýnuny süýndürip, dili bilen emjegini dolap alýardy-da, göwnübir emiberýärdi. Amanýaz munuň hiç çäresini tapyp bilmedi. Sygyr jellaplarynyň biri: “Boýnuna maşynyň tigrini geýdir, nädäýersiň bäş günden ýelniniň nirdedigini ýatdan çykaraýsa!” diýip, maslahat berdi. Amanýaz öwredişleri ýaly, ulagyň köne rezin tigrini sygryň şahyndan geçirip, boýnuna geýdirdi. Sygyr eýesiniň bu emelini ýokuş gördi, molady-molady-da, kellesini silkeläp, şahyny bulap, şo günüň özünde tigri boýnundan sypyryp taşlady. Başga biri: “Ýüpüni gysgarak edip daň, dili ýelnine ýetmesin!” diýip, emel öwretdi. Amanaz munam edip gördi. Peýda bermedi. Sygyr ýüpüni üzdi, boşandy, özüni emmek gylygyny taşlamady. Şeýdip, gölesini emdirse-de, bedresine suwytly süýt sagdyrmaýan bu sary sygyr Amanýazy tiz kejikdirdi. “Mundan mal bolmaz!” diýdi-de, ol muny satmak hyýalyna mündi. Bazara çykardy. Gölesi bilen bile alan bahasyna-da ýerläp bilmedi. Ahyrbazara golaý irip, ýadap, mal jellaplarynyň birine deger-degmezine satyp goýberdi. Onsoň hal-ahwal soraşaýyn diýip, mugallym hünärini alanam bolsa, hukuk goraýjy edarada işläp ýören, bazaryň gözegçi polisiýasy, talyp ýoldaşy Berdiniň ýanyna bardy.
Berdi iş otagynda sesini gataldyp, bir ýaşulynyň üstüne haýbat bilen azm urup oturan ekeni. Daş sypatyndan çen tutup, Amanýaz ýaşulyny bazaryň dilegçi gedaýlarynyň biridir diýip güman etdi.
-Ýer-ow, saňsar, barmyň-aý? Nireden çykdyň? – diýip, Berdi ýerinden turup, Amanýaz bilen tas gujaklaşyp diýen ýaly gadyrly görüşdi.
-Öten agşam ýaman erbet düýş gördüm, gardaş. Düýşümde seni masgaralap, işiňden aýyrýalar. Özi bulaşygrak düýş welin, bir ýerinde türmede dagam otyrmykaň diýýän. Ýüzüňdenem gar ýagýar. Ynjaljak gümanym barmy?! Öz-ä ölüp-ýitip gitseňem habar alanok welin, ýene deň bolmaýyn, saglykmyka, hany habar tutaýyn diýdim-de, ýöriteläp gaýtdym – diýip, Amanýaz gülmän-yşman ýalan sözledi.
Amanýazyň gürrüňine ynanmanlygy üçin Berdi:
-Onsoň o düýşüň üçin Hudaý ýoluna bir zat aýtdyňmy? Aýtmadyk bolsaň, mähetdel etme, aýt! – diýip, degişdi.
Amanýaz çynlakaý sypata girip:
-Açyk ýadyma düşenok welin, bir gara janly aýdaýdym öýdýän. Düýşümde-de siziň aladaňyzda how, men – diýdi.
Berdi ýaňsyly gülümsiräp:
- Eger aýdan bolsaň, ine, şu oturana beriber, kabul bolmajak gümany ýok, ebtine seret, sadaka çöpleýänçimiz şü – diýip, üm bilen ýaşulyny görkezdi.
Amanýazdan gep gutuljakmy? Ol ýaşulyny ýene bir öwre synlap:
-Düýşde aýdan sadakaňy düýşde bermelidir-ä. Huşa näme dahyly bar oň?! – diýdi.
-Beribersene, how, näme malyň egsilýärmi? Sen berme, men berme, näme bular aç ölmelimi? – diýip, Berdi ýaşula garşy elini somlady.
-Agzy açyk aç ölmez diýipdirler, bokurdagyny deşen rysgynam bir ýerden ýetirer, gardaş – diýip, dem salym dymansoň, Amanýaz saňsar başga zadyň gürrüňini etdi. – Hol gün gazetde okadym. “Ýer ala, ýurt ala”, nirdedigi takyk ýadymda däl welin, bir ýerde-hä tutuş ýurt boýunça ýekeje gedaýam ýok diýýä. Ummasyz baý ýurt bolarly. Emma gedaýsyz il göz öňüme gelenok. Heý, ynanarmyň şoňa?
-Gazet diýýän bolsa, ynanýan, çyndyr. Gazet hökümediň zady, ýalan ýazmaz. Sen, saňsar, birazajyk otur şu ýerde. Men şu ýaşulyň bellisini edeýin häzir. Onsoň-ň... – diýip, Berdi eline galam alyp ýazmaga häzirlendi.
Amanýaz geçip oturdy.
Berdi gep uruş äheňini üýtgedip, ýowuz görnüşde ýaşula ýüzlendi:
-Häzir ulag çagyrjak. Mölerme! Işim ýok, nirä gitseň, şoňa git, meň gözümden bir üýtge!
Ýaşuly mysapyr garaýyş bilen rehim edilmegini sorap, sessiz ýalbardy.
Berdi sorag berip, ýazyp ugrady.
-Adyň?
-Sähet.
-Familiýaň?
-Hakgyýew.
-Hemişelik ýaşaýan ýeriň?
-Belli ýaşaýan ýerim-ä ýok.
-Aslyň şäherlimi?
-Ýok.
-Haýsy obadan?
-Aktakyrdan.
Şu ýerde Amanýaz başyny galdyryp, ýaşula tiňkesini dikdi-de, gürrüňe goşuldy:
-Haýsy Aktakyrdan?
Sähet dommarylyp, Berdä seredip oturyşyna Amanýaza jogap berdi:
-Ýekeje Aktakyr bar. Şü ilerki Aktakyr-da.
Berdi Sähedi ýalan sözde tutulandyr öýdüp güman etdi, gürrüňe gop berdi:
-Eh-hä, ýeri!
-Beh, nätdiň-aý muny?! – diýip, Amanýaz geňirgendi. - Aktakyryň nireräginde oturýaň? Kimleň ýanynda?
Sähet biraz oýurganyp:
-Sen saňsarlardanmy? – diýip, Amanýazyň özünden sorady.
-Hawa, şolardan. Ýöne sen-ä Aktakyrdan däl.
Berdi ekezlendi. Oturan ýerinden gylaw alyp:
-Ýaşuly, ýalan sözläniň üçin aýratyn jeza berjek häzir saňa – diýdi.
Sähet oňa pitiwa etmedi, hakydasyny dörüşdirip, az salymdan Amanýazyň kakasynyň adyny tapdy oturyberdi:
-Sen Ýagmyr saňsaryň oglumy?
-Hawa. Behh... Kim-aý sen? – diýip, Amanýaz çyny bilen haýran galdy.
Sähet geçmişiň bir sahypasyny ýadyna salyp:
-Kakaňdan sorap gör, çaga wagtyň kel balnysdan kim bilen bile gaçdyň diýip sora, aýdar – diýdi.
Amanýaz gaşyny çytyp, ýuwdundy:
-Kakamyň ýanyna gitsem, hökman soraryn. Ýöne edil häzir-ä oň ýanyna gitmek pikirim ýok. Sebäbi bärde biraz işim bar.
Berdi çyny bilen gaharlanyp, Sähede azgyryldy:
-E-eý, aňkasy aşan haýwan! Muň kakasynyň ýogalanyna bäş ýyl boldy.
-Alty ýyl – diýip, Amanýaz düzediş berdi.
Sähet:
-Men bilmändirin – diýip, ökünçli dillendi. – Duz kessin, Ýagmyryň ýogalanyny bilemok. Men türmeden täzelikde geldim.
Amanýaz gyzyklanyp:
-Hany, sen özüňi tanatsana! Kimlerden borsuň? Aktakyrda aga-ini, garyndaş-hossar kimiň bar? – diýip, sorady.
Sähet gürrüň berdi. Aktakyra degişli ýerlerini aýdanda ýalan sözlemedi. Tussag edilmeginiň sebäplerini biraz üýtgedip, ýuwmarlap gürrüň beren-de bolsa, barybir Berdiniň muňa gahary geldi.
-Düzüw adam bolsaň, iki gezek oturyp çykmaga hakyň ýok. Seň, ýaşuly, aslyň bozuk. Ynha, bahana bilen obadaşyňy gördüň, indi hoşlaş. Men häzir ulag çagyrjak.
Berdi ulag çagyrmaga ýetişmedi. El telefonyna jaň geldi-de, kimdir biri ony gyssagly bazaryň ulag duralgasyna çagyrdy.
-Ýaşuly, gurduň gündiz uwlady. Derrew ugra şu ýerden! Gaýdyp bazara toýnagyň düşenini görmäýin! Çalt bol, çalt! – diýip, ol Sähedi gyssady.
Amanýaz turmakçy bolup, gozganjyrady. Berdi onuň egninden basdy.
-Sen oturyber. Men häzir gelýän. Iş-dä. Iki sany oglan uruşýar diýip jaň etdiler. Häzir şolary alyp geleýin. Kän eglenmen.
-Ýok, gardaş, sen arkaýyn işiňi ediber. Kömek gerek bolsa, aýt! Bolmasa-da, men gaýdaýyn. Esasy zat, janyň sag, başyň dik ekeni. Indi ynjaldym – diýip, Amanýaz degişdi.
Howul-hara hoşlaşdylar. Berdi süýem barmagyny gezäp, Sähede azm urdy:
-Eşidýäňmi? Gözüme görünme, görünseň, heziliňi alaryn!
Onsoň papagynyň gaşyny basyp, çagyrylan ýere garşy eňdi.
Belanyň wagtlaýynça-da bolsa, başyndan sowlanyna süňňi ýeňlän Sähet gapydan çykan ýerinde Amanýazy saklady.
-Onsoň biziň jaýymyzda kim ýaşaýar indi? – diýip sorady.
-Ajap ýeňňe ýaşaýar – diýip, Amanýaz jogap berdi.
Sähet ör-gökden geldi.
-Be-e, ol entegem dirimi? – diýdi.
-Öldi diýseňem boljak. Diňe demi gelip-gidýär. Käte künnük ýaly bolup, tamyň kölgesinde oturardy. Soňky döwürler-ä tüneginden çykanok. A sen beýdip ýörmän, oba barmaly ekeniň-dä. Ýurduňyza eýelik etjek dälmi?
Sähet uludan demini alyp:
-He-e-eý, Ýagmyryň ogly! – diýdi. – Giň ýeriň gürrüňini edýäň. Men indi gutaran adam. Meňem diňe demim gelip-gidýär. Sag bykynyň çişse, gowy däl diýýärler. Bagrymda bir bela-ra bar. Hi-iç maza berenok. Ine, çişip durandyr.
Amanýaz bir alamat görmekçi bolýan deý onuň garnynyň sag tarapyna garady. Sähediň köne penjeginiň üstünden hiç zat saýgarmady.
-Agzyňdan gan gelse-de, erbet. Men düýn gan gusdum.
-Sen, how, beýdip ygyp ýörseň, bir ýerde ýykylyp ölüp galarsyň. Kim ýygnasyn seni?! Oba bar, ölmänkä Ajap ýeňňe bilen razylaş! – diýip, Amanýaz göwnüne geleni diline getirdi.
-Men oba barmasam, “Ýylgynlyda” jaýlamazlar öýdýäňmi? Ine, şäherde öldüm-dä? – diýip, Sähet Amanýazyň asla garaşmaýan sowalyny berdi.
-Juk. Jaýlamazlar. Seň bu ýerde öleniňi kim bilsin? Onsoňam “Ýylgynlyda” indi hiç kime ýer ýok. Obada, näme, adamlar ölýän däldir öýdýäňmi? “Ýylgynly” doldy. Indi öňki doňuzýatagyň ýerinden täze öwlüýä açyldy.
-Ejem “Ýylgynlyda” jaýlanypdy. Çalaja ýadyma düşýär.
-Dagy-dugyň-a bilmedim welin, ýurduňa eýelik etseň, oňat boljak. Galanynam gör özüň. Oba gitseňem, düş yzyma. Men-ä ýöredim.
Amanýaz saňsaryň garasy ýitýänçä Sähet onuň yzyndan seredip durdy. “Beh, bir zad-a soraýyn diýip durdum welin, Şeýtan dilimden kakyp aldy-da” diýip, ol unudan zadyny ýadyna saljak boldy.

25.

Şol gün öýleden soň Amanýaz saňsar Güýzmyrat aga duş gelip, Sähet barada gürrüň berdi. Ýaşuly ony ap-aňsat tanady.
-Käte ýadyma düşýär şo. Bizden-ä kiçiräk bolmaly. Men ony ölendir öýdüp ýördüm.
-Ölmändir. Ýöne bu gün-erte öljegi görnüp dur. Bagry gutarypdyr. Gan gusýan diýýä.
-Häý bedibagt-eý! – diýip, Güýzmyrat aga çyny bilen gynandy. – Özüni gaty şalpaň tutan eken-dä. Indi nä hyýala münüpdir? Oba geläýsem diýýärmi?
-Ýo-ok. Öläýmese, oba geljege meňzänok. Ýöne ölsem diýdi, obada jaýlarlarmyka diýdi. Men näme diýendir öýdýäň? Şu wagt täze öwlüýä açdyk diýdim, şoňa gyssagly gonambaşy gerek, edil häzir ölübilseň, bagtyň çüwüp, Aktakyryň taryhyna girýäň diýdim. Ha-ha-ha!
Amanýazyň bu gürrüňleri Güýzmyrat aganyň ynjalygyny gaçyrdy. Eger bu saňsaryň diýýänleri çyn bolup, Sähet bu gün-erte öläýse, onam oba getirip, jaýlamaly bolaýsa, iş pyrryk! Ol täze gonamçylykdaky ilkinji mazar boljak. Onsoň Şükür gyzylyň aýdyşy ýaly, adamlar gonambaşy hökmünde ilki jaýlananyň adyny gonamçylyga dakyp oturyberseler, tüýs bolaýjak! Sähet gedaý diýlip, hudaýuran biriniň ady galsa! Ömrüni bipeýan ötüren işigaýdany gonambaşy edäýseler, ýeri, nädersiň?!
-Ýagdaýy egbar diýdiňmi? – diýip, ol halys mazasy bolman, Amanýazdan sorady.
-Gaty egbar! Ozal-a Hudaý işidir welin, ýüzi bu dünýäň adamsynyň ýüzi däl. Uzak syňsyraklar öýdemok.
“Kim ölse-de, arassa, oňat adam ölewersin! Heý, Sähetdenem bir gonambaşy bolarmy?” diýip, Güýzmyrat aga aladaly oýlandy.
Güýzmyrat aganyň ynanjyna görä, öňýeten ölini gonambaşy edäýip bolmaz. Gonambaşy bolmagyň öz şertleri bar ahyryn. Ölüler direldilip, asgyryşyp, ýerlerinden turanda gonambaşy yzynda duranlaryň öňüni çekip, Haşyr meýdanyna barmaly. Hasap-hesip edilýän wagty Allatagala bendesiniň ýazygyny gonambaşynyň hormatyna bagyşlap biler diýen ynam şu gün tapylan toslama däl, ata-baba bar zat.
Aslynda-ha gonambaşy öwlat nesli bolsa oňat görlüpdir. Adamlar öwlat çagasynyň beýlekilerden göze görünmeýän artykmaçlygynyň bardygyna ynanypdyrlar. Eger öwlat nesli ýok bolsa, onda eteginde namaz okabermeli, güýçli ahun-pirler gonambaşy edilipdir. Gonambaşynyň ýazykly bendeleriň günäsiniň ötülmegi üçin Allatagaladan merhemet dilejekdigine ynanypdyrlar. Allatagalanyň rehim-şepagatynyň çägi ýokdur. Öz söýen gulunyň hormatyna onuň yzyndaky bendeleriň günäsini ötüp biler. Merhemet eder. Şoň üçin adamlar Hudaýyň merhemetini gazanyp biljek hatyraly gonambaşyň bolmagyny isläpdirler. Meselem, Gädik işan ýaly adamlar gonambaşy bellenipdir. Eýse, Haşyr güni Gädik işanyň yzyna düşüp, Hudaýyň huzuryna barybilseň, armanyň näme? Ata-babasynyň gurbany bolaýyn, Gädik işanyň aňyrsy ýanyp duran öwlat. Sadagasy gitdigim, işan agaň özem o dünýesini gazanan adam. Allatagala olar ýaly adamyň dilegini boş gaýtarmaz. Gonambaşy diýeniň, ana, şolar ýaly bolmaly!
Emma adamlaryň birentegi ilki jaýlanan adam gonambaşy bolmalydyr öýdüp ýalňyşýar. Gonamçylyga-da özüçe at dakyp goýberiberýär. Eýse, şü täze gonamçylyga ilki öleniň adyny daksalar, ýagşymy? Birden ilki bolup uzyn etekli biri öldi-dä, şonda nädersiň? Aýal-ebtadyň adyny dakyp oturyberjekmi? Bi görlen-eşdilen zat däl-ä. Aýal adamyň adyny, ynha, sygyra, düýä daksa bolar, ýöne öwlüýä dakyp bolmaz-a. Herki zadyň ýeri bar. Amanýaz saňsary gepletseň, “Onda bi ilerki derýaň ýakasyndaky “Gyzbibi” näme?” diýip, ters dawa tutdurýar. Hawa, “Gyzbibi” bar. Ýöne ol hasap däl. Ol ýeke mazar.
Ir döwürler derýanyň joşup, çasly akýan mahaly goňşy obalaryň birinden bir gyz suwa gark bolupdyr. Hossarlary onuň gark bolanyny bilmändirler, suwdan däl-de, gury ýerden gözläpdirler. Has takygy, gyz biri bilen gaçyp gidendir diýip güman edipdirler. Assyrynlyk bilen ondan-mundan sorag-ideg edipdirler, ýer ýykyp gözläpdirler. Emma şunça ot-elek urunsalar-da, derek tapmandyrlar. Gyzyň uly ýeňňesi bir düwünçek aklyk bilen palça-da ýüz tutupdyr. Gözden uçan baldyzyna ne döw çalanyny jikme-jik aýdyp berse, baýragyň ulusynyň entek öňdedigini aýdypdyr. Palçy aklygy az görmändir, baýragyň uludygyna-da güman eden däldir. Eýse, onuň gurrasy duşmandyr, paly pak çykypdyr. “Ýitigiňiziň bitiniň burnam ganamandyr. Sabyr ediň! Basym bir ýerden habary geler. Töwellaça garaşyberiň!” diýipdir. Gyz bolsa iki-üç günden soň Aktakyryň ileri tarapynda suwuň ýüzüne çykypdyr. Adamlar ony derýaň kenaryna çykarypdyrlar-da, “Şehidiň gabry onuň meýdiniň tapylan ýerinde gazylmalydyr” diýşip, şol ýerde depin edipdirler. Elbetde, gyzyň hossarlary birnäçe günden soň bu habary eşidipdirler. Patasyny alypdyrlar, aş-suwuny beripdirler. Ýöne mazary göçürjek bolmandyrlar. Ýat obadan akyp gelip, şehit ölen gyzyň mazaryna il derrew at tapypdyr: “Gyzbibi”!
Bir gezek saý-sebäp bilen Güýzmyrat aga “Gyzbibiniň” gabadyndan ötüp barýarka ýeke mazaryň başujuna dikilen agaja daňylgy köpsanly mata böleklerini gördi. “Derdine dowa isläp, gelýän kän ekeni” diýip pikir edipdi. Ähtimal, gelýänler şypa tapsa, tapýandyr, bu Allanyň erkindäki zat. Emma mazarda ýatan gyz gonambaşy däl, sebäbi onuň töwereginde başga mazar ýok. Güýzmyrat aganyň aladasy täze gonamçylyk. Täze gonamçylykda ýeke mazar bolmaz, adamlar saglyk bilen ölüp dursa, munda jaýlanan kän bolar. Diýmek, köpüň öňüne düşer ýaly gonambaşy gerek.
Amanýaz saňsary diňleseň, şu pikiriň özi-de gülkünç. Onuň düşünjesine görä, gonambaşy Hudaýdan häki bir delalat isläp tapylan zat. Hudaý bilen bendesiniň arasynda hiç hili araçyň geregi ýok. Hudaý öz bendesini araçysyz hem gowy tanaýandyr. Sen deýýus adam bolsaň, gonambaşy elli iki dileg edende nä, Allatagala deýýusa öz jezasyny bermez öýdýäňmi? Gepiň gysgasy, gonambaşyly warsaka ynanmak – öz-özüňi aldamak.
Amanýaz şu zatlary edil o dünýä gidip gelen ýaly, gözi bilen görüp gelen ýaly aýdýar. Elbetde, o saňsar okumyş, gije ýatman kitap köküni okaýarmyş. Ajyksa, aýaly nana derek eline kitap tutdurýarmyş, onsoň ol şo kitaby okap gutarýança garnynyň açlygyny ýatdan çykarýar diýýär. Bolup biler, eger Şeýtanyň kitabyny okamaýan bolsa, gowy iş edýär. Emma ki namaz-rozasyz gezip ýören Amanýazyň janygyp gürrüň berýän zatlaryna Güýzmyrat aga ynanyp baranok. Ýeri, sen okuwly adam, düşünjäň zor, Allany tanajak bol ahyryn. Hakyň ýoluny tutmadyk adama Güýzmyrat nädip ynansyn?
Bir gezek ol Amanýaza şuny diýibem gördi.
-Güýzmyrat aga, Hudaý diýilýän zat adamyň ýüregindedir. Sandygyňy arassa sakla. Bolany. Eger sen sandygyň hapa bolup, gije-gündiz namazlykdan düşmän oturaňda näme peýda görjek? Hudaý o zatlary görmeýändir öýdýäňmi? – diýip, Amanýaz eňek bermedi.
Elbetde, Güýzmyrat aganyň jedelleşesi gelenok. Şol gezek ol:
-Seňkem bir hasap – diýipdi.
Amanýaz bolsa pikirlenmezden-zat etmezden, muny ylalaşyk diýip hasap etdi.

26.

“Indi şu çagaň atasy kim? Menmi ýa däl?” diýen sowal üznüksiz gaýtalanyp, Polady ber-başagaý etdi.
Bir gezek Ýazbibi arlyk ýuwmak üçin daşaryk çykan mahaly ol bäbejigiň endamyndaky göm-gök damarjyklardan öz ganynyň akýanyny ýa akmaýanyny saýgarjak bolýan ýaly, esli wagt seredip durdy. Gyzjagazyň özüne meňzemeýändigini delillendirip biljek göze dürtülip duran alamat gözledi. Çal göz çaganyň mürşerip duran gyzyl ýüzi Poladyň kalbyndaky şübhäni ne-hä ýalana çykardy, ne-de tassyk etdi. Kiçijik ynsan sessiz sorag alamatyna öwrüldi. “Kim men? Hany tanajak bol! Kimiň neslidigimi biljek bol!” diýip, ýeser sorag berip başlady. Ýeri, nädip bilersiň?
Munuň ýeke-täk dogry jogabyny diňe Ýazbibi bilýär. Ähli hakykat Ýazbibä aýan. Ol Polada dogrusyny aýtsa, diňe hudaýlygyny sözlese, mesele Aý dogan ýaly boljak. Ýöne dogrusyny aýdaýar öýdýäňmi? Aýtmaz. Aýtjak gümany barmy? Eger hakykat Poladyň güman edişi ýaly bolaýanda-da, Ýazbibi: “Hawa, şu çagaň çyn atasy Jumadurdy” diýmez. Gatyrak gyssaberseň, gözüni sykar oturar, ýöne syryny açmaz, açsa, bu zatlaň soňy bar, soňy!
Polat Ýazbibini saman astyndan suw goýberip ýören saýdy. Nähilidir bir gümürtiklikde aýplady. Sallançakda ýatan bäbejigiň öz bilinden dörändigine şübhesi artdy. O gyzjagaz öýe şatlyk, bagt getirmegiň deregine hasrat alyp geldi.
Ýazbibi içýan! Ol Polady oslagsyz sokdy. Ýazbibi bala zäher gatdy. Indi zäheri alaga-da, eline berip, ony köçä çykaryp kowaýmasaň, alaç ýok. Ýok, kowsaň, bolmaz. Elin eltip, enesiniň duluna dykyp gaýtmaly. Goý, öz zäherini özi datsyn! Öz guran gapanyna özi düşsün! Pälinden tapsyn! Nätse, şeýtsin! Şonda Jumadurdyň goýun gözli gelni hem Polady gezip ýören gury san hasap etmez, onuň ärsumak däldigine, ar-namysy bilýändigine göz ýetirer. Aslynda Jumadurdyň gelniniň Polat baradaky düşünjesiniň hajaty ýok. Esasy zat, baly zäherden arassalamaly. Polat öňdengörüjilik bilen: “Etmelisi şu. Ýöne başarman. Başa barjak zat däl” diýdi.
Eýse, onuň kesekiniň çagasyna ýal bermäge, özümiňki diýip, söýmäge, guwanmaga islegi ýok. Islegem ýok, hakam! Ulaldygyça Jumadurda meňzäp barýan çagany, ýeri, nädip söýersiň? Binamyslyk, wejeralyk, masgaraçylyk!
Özüni galmaz güne salandygy üçin ol Ýazbibini näletledi.
Polat ýüregini bire baglady. “Asylam men gyz bäbejige garaşamokdym, oglum bolmajak bolsa, gyz boldy nä, bolmady nä?!” diýdi. Gyz diýeniň bagyň saýasy ýaly bir zat. Gün depeden aşansoň, kölege durmaz, ýokarlygyna süýşer gider, daşlaşar, başga ýere saýa salar, saňa saýasy ýetmez. Ýöne, ine ogul diýeniň, başgaça. Ol öýüň öresi! Ojagyň ody! Ogul seniň dowamatyň! Poladyň ejesimi, agalarymy, ýa başga birimi, “Oguldyr döwletiň başy” diýýärdi.
Gyzjagazy öldürip dynmaly! Diňe şondan soň rahatlyk bolar. Ýazbibiniň birneme lägirmegi mümkin, o-da özünden görsün! Häzir esasy zat, bäbejigiň demligine ýapyşan wagty Poladyň eli sandyramasa bolýar. Sandyrasa, başarmaz!
Ýazbibi abanyp gelýän howpy syzan dek esli wagt gyzynyň ýanyndan aýrylmady. Poladam hiç amatyny tapmansoň, bäbege gijäniň birmahallaryna çenli ýaşamaga bialaç pursat berdi. Ol daňa golaý çala saýgardýan tümlükde töwekgellik etdi, ýassygyny ajala öwrüp, çaganyň agzyny-burnuny howadan kesdi. Gyzjagaz demsiz-düýtsüz bolýança elini aýyrmady. Ýerine geçensoň, çaga ölüm getiren ýassyga başyny goýasy gelmedi, goluny ýassandy. Onsoň tä Ýazbibi oýanyp, tirsegine galyp, sowan we gatap ugran kiçijik jesedi gujagyna gysmak üçin sermenekläp tapýança, tapansoňam zähresi ýarylan ýaly ýürekýargynç gygyryp başlaýança azap çekip, garaşdy, edil ukudaky ýaly birsydyrgyn dem alyp, oýa ýatdy.

27.

“Sypaýyçylyk bilen ejeme Akmyrat daýymlar gelibersin, men razy diýäýsem, bolmazmy?” diýen pikir Suraýa al salyp ugrady.
Ejesiniň aýdyşyna görä, Akmyrat daýysy iň bolmanda ýene bir gezek geler. Eger Suraý göwnese, Ogulgülem uzak tykyrap durmasa gerek. Kakas-a baýaky. Bular ýaly meselede Amanýaz jylawy gep-gürrüňsiz Ogulgüle berýär.
Eýsem-de bolsa, Akmyrat daýysynyň henize çenli şäher görmedik “gyzdanam gylykly” diýilýän sada ogly Suraýyň aýbyny biler öýdýärmiň? Uzyn etekli görse, gyzaryp, ýüzüni ýerden galdyryp bilmeýän utanjaň oglanyň ilkinji gijede Suraýyň müýnüni aňmaga üşügi ýetermi? Suraýyň ozalam bir güzere inip, başga derýaň suwundan dadyp görendigini aňşyrmaga ukyplymyka? Eger aňaýsa, şol gün kyýamat gopdy biläý. Eger aňar öýdýän bolsaň, onda beýle işe töwekgel bolma! Ýöne şo gije, diňe ýekeje gije emelini tapyp, asgynjaň ýeriňi hile bilen örtüp bilseň, ömürylla-da bilmez. Emel gytmy?
Suraýyň ýagdaýyny bir-ä Jahan bilýär, birem Şalar. Jahan-a diline bekdir, bular ýaly meselede onda-munda ýaňrap, hata goýbermez. Şalaram edil häzir-ä türmede. Boşap gelensoňam akyly gözünde bolar. Suraýyň kynlyk bilen ýola düşen arabasyny agdarmaga hyýal etmez. Hudaýym, Şalar gursun! Aslynda Suraýy çoçgara çolaşdyran Şalar dälmi? Bilse, uly biabraýçylygyň başyndan sowlanyna ol şükür etmeli. Gyza gytçylyk barmy näme, Suraý bolmasa, ýene biri. Maňlaýyndakyny görer-dä.
Suraýam bu zatlary maňlaýyndan görmese, başga alajy ýok. Akmyrat daýysynyň ogly bilen geçirmeli ilkinji gijesi oňa tümlükde däli derýaň üstünde gurlan insizje paýapyl bolup göründi. Yraň atyp duran ol paýapyldan diňe mekru-al bilen geçmeli. Emeliň bolmasa, geçjegem bolup oturma, pikiriňe-de getirme! Ýalňyşyňy ýaşyrmaga hiläň bolmasa, paýapyldan dikbaşşak kelemenläp gaýtjagyň ujy ýeke. Emma abraý bilen o kenara özüňi ataňsoň, zowal ýok.
Ejesi aýtmyşlaýyn, Akmyrat daýylary guraýak, kemyrsgal, ertirligini elenip, öýlänligini ölüp tapýarmyşlar. Olaryň öýünde ala-böle Suraýa bol-telki ýaşaýyş garaşyp duran däldir. Gelin bolup baransoň, sülmüräp, uzak oturmaz. Meýdan işine gitmeli bolsa gerek. Otag diýdi, pagta ýygymy diýdi, mal-garaň oty-çöpi... Eňibermelidir. Suraý: “Goýberen säwligimiň jebri şümükä?” diýdi.
Adam başy – daşdan gaty! Ol-a ýetde-gütde durmuş ekeni, başyna düşse, adam pahyr has agyr günüň keşigini çekmäge-de döz gelýär. Suraýam kysmatyna kaýyl bolar. Ýöne şu şermende haly bilen nädip daýylarynyň ýüzüne seredip biler? Keseki tohumdan dünýä inderjek çagasyny olara nä ýüzüne görkezsin? Elbetde, olar öz gany gatyşmadyk bäbejige bigäne biriniň dahyllydygyny gümanam etmezler. Söýerler, küşşüklärler. Ýagşydan-ýagşy at dakarlar. Emma Suraý neneňsi haýa bilen olaryň begenjine şärik bolsun? Bi är boljak işigaýdan damarynda Şalaryň gany akýan çaga oglum ýa gyzym diýen halaty Suraýyň ýüzi üýtgäp gyzarmazmy, bozarmazmy, tisginmezmi? Ýa soňlugy bilen öwrenişer gidermi? Edip oturan pikirleri Suraýy gorkuzdy.
Ony ýadawlyk basdy. Usurgady. “Gyran degen, beýdip ýaşanymdan ölenim gowy dämi?” diýen pikir masgaraçylykdan gutulmagyň başga bir ýoluny salgy berdi. Asyl görüp otursa, Suraýyň ýüzügara bolmazygy üçin ýeke-täk ýol galan ekeni – bu dünýäň eşretinden geçmeli! Eşreti barmy diýsene ýumrulmyş hazan alanyň?! Ýigrimi ýyl ýaşap, Suraý, heý, eşret diýilýän zady gördümi? Görjek bolsa, şu çaka çenli görerdi. Mundan aňyrda hezillik bardyr öýtme. Görjegiň görgi bolar, çekjegiňem ezýet. Sen bir bagty küle çöken bolduň! Seniň ornuň, biler bolsaň, ýeriň üstünde däl, ýeriň astynda! Seniň ornuň hol kybladaky täze gonamçylykda! Täze gonamçylykda ilkinji bolup gabra girmek, belki, saňa nesip etjekdir. Mert durup, janyňa gyý, öl, şu gün ölübilseň, eglemezler, ertirden gijä galman, tümmegiňi taýýar ederler. Eýse, ol bu pikirden gorkmady, gitdigiçe oňa maýyl boldy. Başa düşen betbagtlykdan gutulmagyň ölümden gaýry ygtybarly usulyny görmedi. “Ölüp gutulsaň, kaýyl bol!” diýdi.
Nädibem bolsa, kösenmän, jany gynaman öljek bolmaly. Suraý gulpagyny tasadyp ýören mahallary Selim agaň Şasenem atly bir gyzy öz janyna kast edipdi. Şasenem daňdanyň ümüş-tamşynda üstünden bir bedre nepýagy guýupdyr, ýogyn tanap bilen özüni köçäň ýakasynda dikilen tilagaja sarapdyr. Soňam otluçöp ýakypdyr welin, gürpüldäp, wägirýän gyzyl oda öwrülipdir. Ýöne Şasenem bada ölmedi, keselhanada üç günläp iňläp ýatdy, ezýet baryny çekip öldi.
Ýok, Suraýa beýle ölüm derkar däl. Onuň şindiki görýän görgüsi azmy?! Beýle işe baş goşubam ölüp bilmän kakynyp, silkinip ýatjak bolsa, nä azary, ne derdi! Janyňdan ireniň çynmy, gulaç boýy ýüpden sallan-da, tapyr-tupur asylyp öl! Jany artyk gynap nätjek, çala hyrk edersiň, demiň sogrular. Onsoň senlik iş tamam. Onsoň sen bu dünýäň adamsy däl. Jesediňi gaýgy etme, soňraky işi yzyňda galjaklar eder.
Bassyrmada kakasynyň goýun soýan wagty ulanýan ýüpi bolmaly. Amanýaz saňsar ol ýüp bilen damak çalmazdan öňinçä goýny güýlerdi, soňam agaçdan asardy. Goýny göteren ýüp Suraýy hem göterer. Suraý ejizlemese, ýüp ejizlemez. Ýöne haçan, näwagt ölmeli? Onsoňam nireden asylyp öljek? Ana, şulaň bellisini etmeli.
Wagty anyk. Daň atmazynyň öň ýany – ukyň süýjäp, bala dönen çagy “gyýw” diýjek gara tapylmaz! Tüýs ölüm pillesi! Päsgel berjek ýok.
Ajal bilen ýüzbe-ýüz bolmak üçin Suraý mal ýatagyny amatly saýdy. Goýun agylynyň üstüne atylan pürsleriň birinden ýüpi aýlap geçirse, aýagynyň aşagyna bedräni düňderip goýsa, ýüpden boýnuny geçirensoňam, bedräni aýagy bilen depip goýberse...
Suraý ýüpden asylan jesediniň hallan atyp duran suratyny göz öňüne getirip, höwessiz geňirgendi. Hemişeler şular ýaly elhençligi oýuna getirmäge-de howatyr ederdi. Häzir bolsa, öz ölüminiň taslamasyny çyzyp otyr. Masgaraçylykdan gutulmak üçin ol bialaç şu ýoly saýlady. Tohum-tijiniň abraýyny gaçyrmazlyk üçin ajala gol bulaýar. Neneň edip, ol bu karara gelip bildi? Suraý: “Başga çäräm galmady” diýdi.
Daňa golaý ol aýgyt etdi. Sessiz ädim urup, juda seresaply daş çykdy. Gündizki gizläp goýan ýerinden ýüpi çykaryp, ýaltaklap, mellegiň aýagujyndaky mal ýatagyna ýöredi. Bedräni almak üçin eglip durka agyldaky dört sany goýun ör turup, tapyrdaşdylar. Garaňky burça dykylyp, aýak üstünde durdular-da, ýokarky pürsden ýüp geçirjek bolýan aljyraňňy gyza seredişdiler.
Suraýyňky bolmady. Pürse eli ýetmän ber-başagaý bolup durka duldegşir goňşularynyň öýünden çykan çirkin sese tisginip, endamy jümşüldäp gitdi. Poladyň gelni Ýazbibi yzyny üzmän, möňňürip aglaýardy.
Kimdir biri häliden bäri özüni sessiz synlap duran ýaly, Suraý aljyrady, gyssandy. Ýazbibiň sesine il örmänkä ýüpi gapdaldaky bedäň astyna oklady-da, bedräni alan ýerinde goýdy. Howlukmaç işige ýöneldi. Daş işikde ejesi pete-pet gelip:
-Nireden çykdyň, gyz? Bi goh näme? – diýdi.
-Bilmedim. Ýazbibiň sesi öz-ä. Tas ýüregim ýarylypdy.
Ogulgül böwrüne doňuz diňini salyp, biraz diňşirgenip duransoň:
-Wah-eý, Ýazbibiň bäbejigi üýgäýipdir öýdýän – diýdi.
-Wah-eý! – diýip, Suraýam gynandy.
-Bar, gyz, beýdip digdenekläp durma-da, suw iç, gorkansyň! – diýip, Ogulgül bimahal ses çykan tarapa gidip barýarka Suraýa tabşyrdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 395 | Добавил: Haweran | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024
Gala / roman - 08.02.2024
Hakyň didary / roman - 28.02.2024
Janserek / roman - 13.03.2024
Gala -5: Maksat - 12.02.2024
Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024
Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024
Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]